Hyundai 2026-njy ýylyň modeli hökmünde hödürlenen Palisade wnedorožniginiň täze nesli barada maglumatlary aýan etdi. Satuwlar 2025-nji ýylda başlanar. Awtoulag täze dizaýna we dokuz ýolagça niýetlenen interýere eýe boldy diýip, Motor1 habar berýär. Awtoulag Santa Fe we Creta modelleri ýaly, piksel stilinde, ýöne biraz salykatlyrak äheňde bezeldi. Daşky aýratynlygy öňünde LED zolagynyň bolmagyndan ybarat. Ulag ulaldylan teker bazasyny aldy, indi ol, takmynan, 3 metr töweregi boldy. Model 21 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr. Bagažda tekerleriniň doly hereketlidigini tassyklaýan HTRAC nyşany ýok bolsa-da, modelde onuň boljakdygy kepillendirilýär. Interýeri hem esli özgerişlikleri başdan geçirdi. Täzeliklere 12,3 dýuýmlyk iki ekran we ruluň ýüzündäki geçirişi saýlaýjy girýär. Oturgyçlaryň arasynda goşmaça ýer döretmek üçin üýtgedip bolýan uly tirseklikler bar. Täze Hyundai Palisade 2025-nji ýylyň ortalaryna satuwa çykarylar.