Tesla dünýä bazarlarynda kapitalizasiýasyny rekord tizlik bilen ýokarlandyryp, dünýäde iň çalt ösýän kompaniýalaryň birine öwrüldi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol 38,1% gymmatlap, 1,1 trln dollara ýetdi diýip, investing portaly habar berýär. Bazaryň başga-da birnäçe iri oýunçylaryna bazardaky ornuny berkitmek başartdy. Mysal üçin, ýetip gelýän baýramçylyklar bilen baglanyşykly optimizmiň netijesinde Walmart öz kapitalizasiýasyny 12,9% ýokarlandyrdy. Indi dünýäde iň uly lomaý we bölek söwda ulgamlarynyň birine eýe bolan kompaniýanyň bahasy 743,5 mlrd dollara barabar. JPMorgann Chase transmilli maliýe konglomeraty 12,5% ösüş görkezdi, kapitalizasiýa bolsa 703 mlrd dollara ýetdi. Bölek söwdanyň ösüşinden peýdalanyp, Amazon hem öz bazar bahasyny 11,5% artdyrdy, indi Jeff Bezosyň kompaniýasynyň bahasy 2,2 trln dollara deň. Visa 8,3% ösüş görkezip, bahasyny 617,5 mlrd dollara çenli artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, bazaryň käbir iri gatnaşyjylary kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mysal üçin, Taiwan Semiconductor Manufacturing Company (TSMC) ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Hytaýa ösen mikroshemalary ibermegi bes etmegi talap edendigi baradaky habarlaryň esasynda bahasynyň 5,1%-ini ýitirip, 793,5 mlrd dollara çenli peseldi. Emeli aň pudagynda öňdebaryjylaryň biri bolan Nvidia hem ösüşini haýallatdy. Noýabr aýynda kompaniýa bahasyna +3,9% goşdy we bu oktýabrdaky 9,3%-den ep-esli pesdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir