“Mersedes-Benz” elektrik öndürip bilýän we elektrik awtoulaglarynyň hereket energiýasyny ýylda 20 müň kilometre çenli ýokarlandyrmaga ukyply bolan täze boýag hödürledi. Boýagyň galyňlygy bary-ýogy 5 mikrometr (inedördül metr üçin ortaça 50 g) bolup, onda innowasion örtügi ulanylýar we Gün panelleri ýaly işleýär. Bu barada "New Atlas" habar berýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, tehnologiýanyň mümkinçilikleri, esasanam, güneşli sebitler üçin uludyr. Boýagyň netijeliligi 20% bolup, zäherli ýa-da seýrek toprak elementlerini öz içine almaýar, şeýle-de ol ekologiýa taýdan arassadyr. Önüm öndüriji statistika salgylanyp, Los Anjeles ýaly güneşli şäherlerde ortaça awtoulag eýesi üçin örtügiň daşarky zarýadlary doly energiýa çalşyp biljekdigini öňe sürýär. Şereketiň esaslandyrylan şäheri bolan Ştutgartda sürüjiler günde ulagly ortaça, takmynan, 52 km ýol geçýärler, şonuň üçin boýagdan alynýan elektrik energiýasy herekete zerur energiýanyň 62%-iniň öwezini dolup biler. Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy ultramelewşe şöhleleriň we çyglylygyň täsirinde energiýa öndürijileriň zaýalanmagynyň öňüni alýan fotoduýujylykly boýagyň üstünde reňkli gorag gatlagynyň ulanylmagydyr. Işläp düzüjiler perowskit materiallaryny “suwuk görnüşde” ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, beýleki hünärmenler perowskit elementleriniň barlaghanada gowy netijeleri berýändigine garamazdan, hakyky şertlerde ulanylanda çydamly däldigini, ultramelewşe şöhleleriniň we ýagşyň täsiri astynda peselýändigini belleýärler. "Mersedes" bu örtügiň gönüden-göni ulagyň süňňündäki böleklerine sepilip bilinjekdigini we zyýanly elementlerden goramak üçin ýokarsyna reňkli boýag örtüginiň ulanyljakdygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, nanobölejiklere esaslanýan ýörite boýag Gün energiýasynyň 94%-ini geçirip biler diýip, ixbt.com ýazýar. Elektrik awtoulaglaryndan başga-da, bu tehnologiýa binalara we beýleki zatlara energiýa berip, gurluşykda hem amaly ornuny tapyp biler.