Alymlar ýene üç ýyldan Arktikanyň deňiz buzunyň eräp gutaryp biljekdigini aýdýarlar. Geteborg uniwersitetiniň barlagçylaryna salgylanýan Daily Mail neşiri bu howa bilen bagly çynlakaý netijelere getirer diýip habar berýär. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ýyl Arktikadaky deňiz buzunyň iň az meýdany 4,27 million inedördül kilometre deň boldy. Deňeşdirmek üçin, 1979-njy ýyldan 1992-nji ýyla çenli bu görkeziji 6,86 million inedördül kilometre barabar bolupdy. Klimatolog Selin Heuze we Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň dosenti Aleksandra Ýan ilkinji buzsuz tomus möwsüminiň garaşylyşyndan has ir geljekdigini düşündirýärler. Olaryň çaklamasy geljek 9-30 ýylyň içinde bu günüň gutulgysyzdygyny görkezýän 300 kompýuter simulýasiýasyna esaslanýar. Modelleriň dokuzysy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberine garamazdan, munuň 2027-nji ýylda bolup biljekdigini görkezýär. "Şol gün Demirgazyk buzly umman adatdakysyndan has köp ýylylygy özüne siňdirip biler we bu deňiz buzunyň emele gelmegini kynlaşdyrar" – diýip, Heuze mälim etdi. Barlagçylar Arktikadaky buzuň ýitmeginiň dünýä ummanynyň derejesine täsir etmejekdigini duýdurýarlar, sebäbi deňiz buzy eýýäm suwdadyr. Şeýle-de bolsa, bu ekstremal howa hadysalaryna, şol sanda Günorta Ýewropada howanyň adatdan daşary sowamagyna we demirgazyk sebitlerde tokaý ýangynlarynyň döremegine sebäp bolar. Öňki barlaglar 2030-njy ýyllarda Arktikanyň buzunyň ýitip gitjekdigini çaklaýardy, ýöne soňky modeller bu möhleti ep-esli gysgaltdy. Alymlar geljekde boljak üýtgeşmeleriň ekoulgamlaryň we ilatyň uýgunlaşmagyny talap etjekdigine ynanýarlar.