Emori uniwersitetiniň amerikan alymlary wirusa garşy derman serişdesi bolan "Lenakapawir-iň" kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny tamamladylar. Onuň ýylda iki gezek geçirilýän sanjymlary kesele garşy göreşmegiň adaty usullarynyň netijelerinden ep-esli ýokary bolup, AIW-den (adamyň immuno ýetmezçilik wirusy) goramakda 99% täsirlidigi görkezildi. Gözlegiň netijeleri "New England Journal of Medicine" žurnalynda çap edildi diýip, naked-science.ru ýazýar. Synaga Peru, Braziliýa we ABŞ ýaly sekiz ýurtdan 3265 adam gatnaşdy. “Lenakapawir-i" alan 2179 gatnaşyjynyň arasynda diňe ikisine (0,1%) kesel ýokuşdy. Deňeşdirme hökmünde bellesek, "Truwada" tabletkasyny gündelik ulanmagy talap edýän 1086 adamdan dokuz adama (0.8%) kesel ýokuşdy. Gözlegçiler: "Ýylda iki gezek alynmagy talap edilýän bu täsirli sanjym netijeli derman serişdesi bolmak bilen birlikde, lukmançylyk kömegini almakda kynçylyklary başdan geçirýän adamlar üçin gaty möhümdir" diýip belleýärler. Häzirki wagtda maglumatlar ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrligine geçirildi. Bu tassyklanylsa, derman serişdesi 2025-nji ýyla çenli bazara çykyp biler. Dermanyň belli bir ýaşda we jyns toparynda täsirliliginiň öň synagdan geçirilendigini bellemelidiris. Soňra synaglar ir bes edildi, sebäbi derman 100 göterim netijäni görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir