Şikaýat kazyýeti TikTok-y ABŞ-nyň çäginde gadagan etmek baradaky kanuny kanunalaýyk diýip hasaplady. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. Kompaniýa bu çözgüdiň 170 mln amerikaly ulanyjynyň hukuklaryny çäklendirýändigini aýtdy, ýöne kazyýet milli howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşmegiň zerurdygyny nygtady. Indi TikTok bu çözgüt bilen baglylykda Ýokary kazyýete şikaýat etmek isleýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, kanun nädogry maglumatlara esaslanýar we söz erkinliginiň çäklendirilmegine getirer. Hünärmenler programmanyň geljeginiň täze saýlanan Prezident Donald Trampyň syýasatyna bagly boljakdygyny belleýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen saýlawdan öňki kampaniýasynda ol ýeňiş gazanan ýagdaýynda sosial ulgamyň ýurtda gadagan edilmezligi üçin çäreleri görmäge wada berdi. Ýöne köpler onuň bu meselede Kongresse garşy çykjakdygyna şübhelenýärler. Belläp geçsek, gadagan etmek ýa-da TikTok-y mejbury satmak baradaky kanun 19-njy ýanwarda güýje girmeli, Tramp hem 20-nji ýanwarda Ak öýe dolanyp, resmi taýdan wezipä girişer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir