hemmäňize salam. meniň gowy görýän goşgularymyň biri. gaññalyñ boýunda-tejende galdy meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat hasrat bolçylykdy,hezillik gahat şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. däriler ýanýardy,ys köpelýärdi gidýänler gidýänden has köpelýärdi toýlar azalýardy ýas köpelýärdi meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. söýüşmek düşmejek ýalydy ýada emma söýgi diýen jadyly zada höküm etmez hiç hili kada heniz ýigit wagtym heniz gyz wagtyñ diýerdim: "geregim,çen boldy oýlan! ähli boýdaşlaryñ başlary boglan" sen diýerdiñ:"garrap barýarmyñ oglan? äwmañ öz bagty bar, sabyryñ öz bagty!" boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy goýnuñdan urardy tümlügiñ ysy demiñden kükrärdi müñ gülüñ ysy meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. kem-kemden golaýlap lebiñe lebim çabrap başlanda demiñe-demim näz bilen iterdiñ:"hany edebiñ? söýgi bulaşmazmy edep az wagty ?" oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap leb gadagan wagty-olam bir hasap ýöne beýle hasap düşmezdi añsat: hasap ýitýän eken dyzba-dyz wagtyñ. çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? (çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !) gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak, keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ sagatlar tiz geçdi,tiz geçdi şeýle, ýañja-da guşlukdy,bolupdyr öýle. sen diýdiñ:"pylan jan,gaýdaly öýe, ýigdiñ öz wagty bar gyzyñ öz wagty
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
-
sahett
13 years ago
- jana gosgy bu gosgy edil wagt masyny yaly goni gecmise sapara akidyan.sagjabola
-
ALADIN
13 years ago
- @littil sag bol dost,bu goshgyñ käbir topbaklaryny Batyr M (çapaý) bet aýdym edip aýtýar
-
littil
13 years ago
- size ýaran bolsa bolýa. meniň özümem kerim g. goşgularyny gowy görýän.
-
Abadan
13 years ago
- dogry aý ýarymdan dolandyň
sen soň
öň meňkidiň weli, meňki däl
onsoň…
şonda men diýipdim: “sen bagtly
bolsaň,
hem-ä meniň bagtym,
hemem öz bagtyň”.
$ahyryn yurekde galyan gosgularynyn biri.
-
Bahbit
13 years ago
- Ýap-ýañjady mata sumkany gola alyp
Mekdep gapysyndan ätlän gunlerim
Bu gun bolsa juwanlary wasp edýär
Bir wagtky harplyk sanan dillerim
Ýa$lygym ýa$lygym eziz ýa$lygym
Ýene bir gezejik dolanmazmyñ yzyña
Seniñ beýle tiz gecýäniñ sebäpli
Indi ser salmak kyn dü$ýär yzyma
-
Bahbit
13 years ago
- Öz-öziñi tanamak ücin kiciräk anketa
Ir bilen oýanýañ öýiñ ýerbe-ýer
Keýpiñ kök,janyñ sag,hudaýa sükür
Goñsyñdan bir dertliñ nalasy gelýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Öýiñdäki ajap sapa hakdamy
Ýa $ol dertlä gerek $ypa hakdamy
Ynha bir edara.baslygy-dostuñ
Ikinizde icerde"kikirde-kikir"
Gapyda kyrk adam garasyp otyr
$onda name hakda edersin pikir
Doslukdaky täsin gudrat hakdamy
Ýada i$ikdäki nobot hakdamy
Saklandy gapyñda kerpicli masyn
Masynyñ safýory bir ogry mekir
Ýarpy bahasyna al suny diýýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Jübiñe bähbitli arzan hakdamy
Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy
Ynha et dukany satyjy goñsyñ
Saýlap secip sana bir budy ceker
Yzyndaka bolsa gaty oñurga
$onda name hakda edersin pikir
Öziñe edilen lezzet hakdamy
Ýa ili cürkeýän ülpet hakdamy
Barýar köce bilen maýyp weteran
Dine maýybam däl bir gözem sokur
Sen bolsa wolgaly dazlap barýarsyñ
$onda name hakda edersiñ pikir
Öz ornuñ öz parhyñ wolgañ hakdamy
Ýa wolga ýetiren pälwan hakdamy
Merhum sahyrymyz Kerim Gurbannepesow
-
Bahbit
13 years ago
- Öz-öziñi tanamak ücin kiciräk anketa
Ir bilen oýanýañ öýiñ ýerbe-ýer
Keýpiñ kök,janyñ sag,hudaýa sükür
Goñsyñdan bir dertliñ nalasy gelýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Öýiñdäki ajap sapa hakdamy
Ýa $ol dertlä gerek $ypa hakdamy
Ynha bir edara.baslygy-dostuñ
Ikinizde icerde"kikirde-kikir"
Gapyda kyrk adam garasyp otyr
$onda name hakda edersin pikir
Doslukdaky täsin gudrat hakdamy
Ýada i$ikdäki nobot hakdamy
Saklandy gapyñda kerpicli masyn
Masynyñ safýory bir ogry mekir
Ýarpy bahasyna al suny diýýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Jübiñe bähbitli arzan hakdamy
Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy
Ynha et dukany satyjy goñsyñ
Saýlap secip sana bir budy ceker
Yzyndaka bolsa gaty oñurga
$onda name hakda edersin pikir
Öziñe edilen lezzet hakdamy
Ýa ili cürkeýän ülpet hakdamy
Barýar köce bilen maýyp weteran
Dine maýybam däl bir gözem sokur
Sen bolsa wolgaly dazlap barýarsyñ
$onda name hakda edersiñ pikir
Öz ornuñ öz parhyñ wolgañ hakdamy
Ýa wolga ýetiren pälwan hakdamy
Merhum sahyrymyz Kerim Gurbannepesow
-
Bahbit
13 years ago
- Ilkinjin mugallymym Nurýagdy Agaýewe
"A"
35-nji ýyl.Senýabryñ 1-i
Güýzüñ ilki güni.Iñ ajap pasyl
Ýadymdan cykanok henize cenli,
Sonky deme cenli cykmazam asyl
mekdebin deregne- kiciäk kepbe,
partanyn deregne -ýasama stol.
Her stol basynda-dört sany caga,
(kabirinde bä$ hem bolmagy ahmal).
Her cagan elinde-ýönekeý galam,
her cagan elinde-suratly "Harplyk".
Göýä özimiz hem harplan öninde
düzil$ip oturan düsnüksiz harpdyk
harp bizi tananok,biz bolsa harpy
harp bize seredýär,biz bolsa harpa...
Onýancada birden garaja kepbän
gyzylja gapysy acyldy jarka.
Ätledi gapydan bir uly adam
(ýasyny hasaplap otursam indi.
Uly bolup görnen sol uly adam
on ýedäde ýetmän ekeni sindi.)
salam diýip ýüzimize seretdi.
Biz bolsa. Hiczady görmedik caga.
Nehä jogap berdik, ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga.
Hemmämiz ankaryp ýüzüne bakdyk
(ýyljyraklap bize seredýär olam).
Önümizde bolsa suratly harplyk
ýenede üc depder, ýene bir galam
-
Bahbit
13 years ago
- ilkinji salamy sondan öwrendik
salamy ozalam bilýärdik weli
salam diýen sözin uly manysyn
ilki öwredipdi mugallym dili
ilkinji edebi sondan öwrendik
edebi ozalam bilýärdik weli
edep diýen zadyn uly manysyn
has aýdyn edipdi mugallym dili.
Ilkinji "A" harpy sondan öwrendik
A harpy ozalam bilýärdik weli
A diýen harpdan son N-nyn bardygyn
ilki öwredipdi mugallym dili.
Watanyn basyna is dü$ende güni
moskwan üstüne cökende bulut
biz ücin ilkinji bol$y ýaly
ýenede gitdi ol ilkinji bolup.
Gidisi,gidisi-gelmedi gaýdyp
ýasyny hasaplap otursam indi.
Onunjy klasly nazar oglymyn
ýasynada ýetmän ekeni sindi...
Kerim gurbannepesow
-
Tourist
13 years ago
- Sag bolung gowy gosgular yazypsynyz
-
littil
13 years ago
- bahbit sposiba temany bezäniň üçin.
-
ependi
13 years ago
- yash wagtym duzupdim bu goshgyny onnan son gor nace wagt gecipdir
-
littil
13 years ago
- ependi indi seniň agtyklaň yşga düşüp başlandyr. seniň ýaşlygyň öwerlik bolmandyr.
-
ependi
13 years ago
- yok men sallaha
littil 13 years ago- şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
seretsem toraňňy urup dur perwaz
“aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
görmändim saýamyň
beýle ýaz wagtyn!”
derýa hem seslendi: “etmäň ätiýaç
siz ekast etjege taparyn alaç.
siziň kimin birek-birege mätäç
görüpdim ne derýa,
ne tekiz wagtym”.
asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
gygyrdy: “siz juda mynasyp jübüt.
ýöne weli gyşa galaýma ýigit
miwe ýetişdimi
ýygna güýz wagty!”
tokaý bürgüdinden alyp ak pata
gyşa galmazlygy edipdik wada
ýa sen sada boldyň ýa-da men sada
birden tupan gopdy
dünýäň ýaz wagty
atdylar maşyna. ses etdiň aglap
topuldym. çekdiler golumdan towlap
bir menzile gitdim yzyňdan ylgap
gök kürtelem bolsaň
entek gyz wagtyň…
bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
üç gujak örümsaç, on gujak akyl-
şunça hazynany bir kürtä bukup,
ýitdiň gözlerimden
daňyň saz wagty.
…dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň
öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň…
şonda men diýipdim: “sen bagtly bolsaň,
hem-ä meniň bagtym,
hemem öz bagtyň”.
şobada ýüzüňde göründi ünji
gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
soň gaçdy dördünji, onsoň bäşinji…
şoldy iň mert wagtyň,
hem ejiz wagtyň…
“içerde otyrsam – ýüregim gysýar.
daşa çyksam – asman depämden basýar”.
şu goşgyň henizem bagrymy kesýär,
tas şahyr bolupdyň
çuwal gyz wagtyň.
tas şahyr bolupdyň. bordyňam, belkem.
şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
ýene gaýdyp gitdiň. sowaşdyň kem-kem,
şonda-da kuwwat sen
her ýalňyz wagtym…
kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
çagalaň başyna sag bolsun başy.
ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
gijä öwrülmezmi
oň gündiz wagty?
çümdürse eliňe ýekeje tiken,
şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
çekmedik ýitirer
özeziz wagtyn).
ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
dogsa-da ýüz ýylda bir gezek doglar,
onda-da säheriň
iň tämiz wagty…
…arada aýlandym tejen ýerlerne,
ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
geçirdim bir gije,
bir gündiz wagtym.
gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.
bir tapmadyk zadym öňki ýerinde –
meniň ýigit wagtym,
seniň gyz wagtyň.