hemmäňize salam. gadym zamanlarda bir patşa bar eken. bu patşa aragy gowy görýän eken. günlerde bir gün patşa hemme wezirlerini ýanyna çagyryp, "kim meniň aragymy taşladyp bilse ýarty baýlygymy şoňa berýän" diýipdir. bir wezir nädip taşlatmaly diýip pikirlenip barýarka derwezesi açyk jaýa gözi düşýä. bu howlyň içinde bir owadan gelin bir ýere seredip kä aglaýa, käde gülýä. wezir bu geline düşünmän derwezeden kellesini uzadyp: "girmek bolýamy"- diýip gygyrýa. bu gelin: "meniň şu ýagdaýym bilen ylalaşsaň geliber"- diýip gelin weziri öýüne salýar. wezir öýüne girse öňünde iki sany mazar bar. wezir birhili bolup gelinden soraýa,"bu mazarlar näme?". gelin muňa hemme zady gürrüň berip başlaýa: "men kiçiräkgäm enem-atam ýogalýa. men erkek doganym bilen galdym, doganym günde içip gelýädi. bir gün gije gelip doganym meniň düşegime girdi. men gorkup sesimi çkarmadym. ertesi irden men muňa aýtdym, bu bolsa namys edip özüni asypdyr. menem hiçkime bildirtmejek bolup muny şutaýda jaýladym. günler, aýlar geçdi doganymdan meniň çagam boldy. men ony metjidiň öňýnde goýup gaýytdym. men ýeke özüm ýaşaýadym, şo bir günler. aradan 20-ýyl geçdi bir gün ýaba suw almaga baramda atly bir owadan oglan geldi. bu meni günde şutaýda görýädi. bir gün bu maňa gowy görýänini aýytdy. men oň diýýen zadyna utandym. men ullakan aýal ol bolsa ýaşajyk oglan. biz bu bilen toý tutdyk. toýuň ertesi güni beýik ullakan jaýda oglandan başga hiç kim ýokdy. men muňa seniň eneň-ataň ýokmy diýdim. oglan meniň ýüzüne seredip: "meniň ejem men bolamda meni metjidiň öňüne taşlap gidipdir, meni öweý atam alyp ulaldypdyr, häzir bolsa atam aradan çykdy" diýdi. men oglana men onuň ejesidigini aýytdym. oglum bolsa namys edip özüni asdy. ine bulam oglumyň mazary". wezir geline seredip "onda sen näme üçin kä aglaýaň käde gülýäň" diýýä. gelin "men çagakam menim maşgalaly, çagaly bolaryn diýip arzuw edýädim. şo zatlar ýadyma düşse gülýän. öz başymdan geçen zatlary ýatlap aglaýan" diýipdir. wezir gelini köşeşdirip köşge gelýär, we patşa hemme zady gürrüň berýä. patşa bu bolan zatlary eşidip aragyny taşlaýa. oglanlar arak gowy zat däldir, sizem şoňa ýanaşmajak boluň.
Hekaýa...
-
Bahbit
13 years ago
- Berekella littil. Örän terbiýeleýji hekaýa. Esasanam alka$lary.
-
angel91
13 years ago
- dogry aydyanyz bahbit!
-
zagajkis
13 years ago
- hekaya gowy eken. dusekli zatly.
-
littil
13 years ago
- göwniňize ýaran bolsa bolýa.
-
AHAL
13 years ago
- ay bolmajak zatlay
-
magnit
13 years ago
- manyly hekaýa eken!
-
littil
13 years ago
- ahal bolmanam bolan zada hekaýa diýilmeýä.
-
Maykl
13 years ago
- Salam littil, sagja bol manyly hekaya. "Arak adamy yoldan cykarya".
-
jeyn91
13 years ago
- way mun yzy yokmy? yzy yaman gysga boldula, mena gyzygyp okayadym welin sony gysgajyk gutaryp gitdile ay bolyala hekayan un sagja bol doss
-
Auditor
13 years ago
- Littil ajayyp hekaya
-
idealman
13 years ago
- bolan zatlara hekaya diyilyar littil!a sen bunyn rowayat!yagny kabir yerleri toslanyp tapylan.terbiye un gowy,emma gaty fantastika
-
Ayjagash
13 years ago
- Manyly hekaya eken. Sag bol littil.
-
Ayshegul
13 years ago
- oran govy terbileyiji hikaye yone gaty gynanchly...
angel91 13 years ago- Salam Littil! oran gowy hekaya eken!