30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba alnyşyna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de konsullary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda esasy üns ýurduň migrasiýa ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine gönükdirildi. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) resmileşdirmek hem-de bermek ulgamy barada bellenilip geçildi. Şunuň bilen birlikde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalary döwrebaplaşdyrmak işlerine üns berildi. Brifingiň ahyrynda tanyşdyryş wideoşekiller görkezildi hem-de gatnaşyjylary gyzyklandyrýan soraglar boýunça netijeli pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→