Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 20 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi. Habarda bellenilmegine görä, hasabat döwründe jemi 310,9 müň daşary ýurtly söwda we täjirçilik maksady bilen goňşy ýurda gelipdir. Şonuň 21,03 müň sanysy Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda sanawyň ikinji ornuny eýeläpdir. Sanawyň birinji basgançagynda bolsa Owganystanyň (281,2 müň) ady getirilýär. Ýeri gelende bellesek, mundan ozal 2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 780 milllion amerikan dollaryna golaý bolandygyny habar beripdik. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň barha işjeňleşýändigini görkezýär.