Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi. Pakistanyň telewideniýesi, iňlis we urdu dillerinde gepleşik alyp barýan merkezi döwlet teleýaýlymy, ýurduň öňdebaryjy hususy teleýaýlymlarynyň biri bolan «Hum News», şeýle hem «Diplomatic Insight» neşirini öz içine alýan birnäçe habar agentligi we onlaýn habar serişdeleri öz web saýtlarynda we sosial media platformalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we şu mynasybetli geçirilen dabaralara bagyşlanan reportažlary hem-de maglumatlary çap etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär. Reportažlarda pakistanly tomaşaçylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklar barada maglumat berildi. Çeşmäniň bellemegine görä, Pakistanyň köp sanly görnükli jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, raýat jemgyýetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri Yslamabatdaky Türkmenistanyň ilçihanasyna tüýs ýürekden gutlaglaryny iberip, Türkmenistanyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we depginli ösdürilmegini arzuw etdiler. Mundan ozal Yslamabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan wideofilmiň görkezilendigi barada habar beripdik.