ABŞ-nyň NorthPoint Development kompaniýasy Pensilwaniýa ştatynyň Hýezl-Taunşip şäherçesiniň ýaşaýjylaryny iri maglumat merkeziň gurluşygyna razy etmek üçin her birine 10 müň dollar tölemegi teklip etdi. Emma bu tölegler ýerli ýaşaýjylaryň taslama bolan garaýşyny häzirlikçe üýtgetmedi. Bu merkezi Pokonо sebitinde, takmynan, 526 gektar meýdany eýeleýän ýerde gurmak meýilleşdirilýär. Teklip edilýän 10 müň dollarlyk töleg sebitdäki köp maşgalanyň ortaça bir aýlyk girdejisinden ep-esli ýokary bolsa-da, ýaşaýjylar maliýe öwez pulunyň özlerini biynjalyk edýän esasy meseleleri çözmeýändigini aýdýar. Ýerli ilat enjamlaryň üznüksiz işlemegi zerarly dörejek sesden, suwuň we elektrik energiýasynyň köp sarp edilmeginden, kommunal hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagyndan hem-de desganyň golaýyndaky gozgalmaýan emläkleriň bahasynyň pese düşmeginden howatyrlanýar. NorthPoint sebit üçin has giň möçberli maýa goýumlaryny hem teklip etdi. Kompaniýa 15 ýylyň dowamynda mekdepleri, gaýragoýulmasyz gulluklary we infrastrukturany ösdürmek üçin 120 million dollara çenli serişdeleri gönükdirmäge taýýardygyny duýdurdy. Her bir ýaşaýja aýratynlykda töleg geçirmek maglumat merkezler pudagynda adaty bolmadyk çemeleşmedir. Kompaniýalar, adatça, ýerli häkimiýetler bilen salgyt girdejileri we jemgyýetçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda ylalaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde taslamanyň öňünde çözülmedik administratiw päsgelçilikler hem bar. Ozal Hýezl-Taunşipiň häkimiýetleri ýerden peýdalanmagy düzgünleşdirýän zolaklaşdyrma talaplary sebäpli, taslamany ret edipdi. Soňra bolsa maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn togtama girizildi.