Metin Günaýyň baştutanlygynda özbekçe hem türkçe Mendirman Jelaleddin (özbekçe: Mendirman Jaloliddin) türkçe bolsa ''Sähralygyň Arslany Jelaleddin'' (Bozkır Arslanı Celaleddin) ady bilen Türkiýanyň Atv kanalynda 21.05.2021-nji ýylda ekeranlaşdyrylan köpbölümli kinofilmi kän bir tomaşaçylaryň gyzygyny gazandyrmadymyka diýýärin. Kinony özbeksiz, türkleriň özleri düşüren bolsa has gowy bolardy. Sebäbi kinofilmde özbek medeniýeti janlandyrylýar we ol döwürde intek özbek diýilýän zadyň pyntygam dünýä inenokdy. Türk medeniýetinde bolsa gowy bolsa-da bolardy welin artistleri hem ol diýen göwnüňi suw içirenok.
Jelaleddiniň heleýi dagy Jelaleddiniň ejesi ýaly bolup görünýär. Ullakan ýüzli, eginlek, daýaw zenan bar garşyňda... Ýöne kinoda bir halan zadym Jelaleddiniň ejesi Aýçiçek hatyny türkmen aýalynyň keşbine gaty meňzetdim. Muhammet şa hem özbek tahýaly, zatly... Ondan kinony düşürmedik bolsalar gowy bolardy...
Beý diýsemem diýýän welin ýokdan gowy ýöne şol kino... :)
Dagam çykaryp bilmedik kinoňy türkler bilen özbekler çykararda.
Bizem bir gün taryhymyza eýe çyksakdyk!

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir