Haram adamlara bir nokada ýygnanmak bolmaýar, eger olar barybir ýygnanaýsa, diýmek uly heläkçiligi garaşybermeli. Haramlygyň bir nokada jemlenende heläkçiligiň bolýanyny, iň birinji gezek bize Mukaddes kitaplar görkezdi. Şol ady belli ýok edilen şäherler, Sadom we Gamorra. Beýik Ýaradyjy haramlygyň üýşen ýerini ýok edýänligini görkezdi, emma biz bu zatlary köneleriň ertekisi ýaly kabul edýäs. Hakykatda welin bu mehaniz edil sagadyň mehanizmy ýaly ygtybarly işleýär we biziň günlerimizde öziniň bardygyny görkezip durýar. Beýik Ýaradyjy Sadom we Gamorradan soň hem, örän köp şäherleri weýrat etdi, emma ol heläkçilikler barada entek Mukaddes kitap çykanok, belki Kerimi Kurandan soň asmandan injek kitaplaryň birinde, soňky ýok edilen şäherler peýda bolar? Weýran ediji güýji köp adamlar Hudaýyň gazaby diýip düşünse aňsat bolýar, men welin özüm tehnik bolanym üçin, bar zady mehanizmlar görnüşde göz öňüne getirmegi gowy görýän. Göz öňüne getiriň, asmanda bir ýerde uly bir ýarag bar, ol ýaragyň ady hem "Jebraýylyň jebri". Ol ýaragy raketalar toplymy, ýa-da uly lazer hökmünde göz öňüne getiriň. Indem ol ýarag herekete geçer ýaly nämäň gerekdigi barada oýlanyp görüň. Ýaragyň esasy nyşany haramlyk we ýaramaz duýgylar. Eger haýsam bolsa bir şäherde haramlyk we azgynçylyk belli bir prosentdan ýokary galsa, şol şäher hökman ýok edilýär. Bu düzgün biziň döwrümiz üçin hem adalatly. Iň bärkisi 1948-nji ýylda Aşgabadyň haraba öwrülmegi. Ondan başga ýaňy ýakynda käbir şäherleriň we etraplaryň haraba öwrülmegi haramlygyň çenden aşa ýokary galmagyny aňladýar. Edil adyny tutyp aýdyp durjak däl, ýöne bary-ýogy 5-10 ýyl mundan öň, bir şäheriň ýer bilen ýegsan bolanyna biziň ählimiz şaýat boldyk. Şol ýeri şertli belgi bilen şäherçe-N diýip belläli. Eger gowja derňeseň şol N şäherçede küntüçiligiň we jelepçiligiň örän ösendigine göz ýetirseň bolýar. Mukaddes kitaplardaky şäherleri näme üçin ýok etdiler? Beçewazlyk üçin, jelepçilik we küntüçilik üçin. Beçewazlyk üçin irde giçde Ýewropaň ýumruljagy göze görnüp dur. Ýöne Jebraýylyň jebri işe girer ýaly Ýewropa azajyk prosent ýetmeýän bolmaly? Umuman alaňda bar zat ýönekeý, eger belli bir ýerde haramlyk çenden aşa artsa, diýmek şol ýeri ýok edilýär, hökmany suratda ýok edilýär. Ilki başda göräýmäne Jebraýylyň jebri diňe şäherdir etraplara bakdyrlyp goýylan ýaly bolsada, hakykatda bu beýle däl eken. Haram adamlaryň jemleşen islendik ýeri ýok edilýän eken. Mysal üçin gark bolan titanik gämisi hem Jebraýylyň jebriniň işi. Ondan başga samalýotlaryň heläkçilikleriniň köpsüne seredip görseň örän geň bir zada göz ýetirseň bolýar. Mysal üçin samalýoda şol bir hünärli adamlary mündirseň samalýot köplent heläkçilige uçraýar. Samalýoda futbol komandany mündürmek howuply, sebäbi futbolistlaryň haramlygynyň derejesi belli bir prosentdan geçmegi ahtimal we Jebraýylyň jebri şol bada işe girýär. Eger fotbol komandany awia heläkçilikde ýitirmejek bolsa, olar bilen bile samalýoda hökman bir iki sany halal adam mündürmeli. Bir döwletiň deligasyýasyny bir howa gämisine mündirmek hem howuply, sebäbi şäherler üçin adalatly düzgünler howa gämisi üçin hem adalatly. Döwlet delegasyýalarynyň bir howa gämisinde heläkçiligi uçrandyklary az däl. Hakkeý boýunça (ýa-da başga bir sport) komandaň we ekstrasenslaryň bir samalýot bolup ýok bolany belli zat. Eger maňa ynanmaýan bolsaňy wikipediýany açyňda, howa gämileriň heläkçilikleriniň taryhyny ýekeme ýeke okap görüň. Eger ýaltanman şeýle etseňiz, taryhda şol bir hünärli adamlaryň bir howa gämisine münip heläk bolandyklaryna göz ýetirersiňiz. Hünärleri deň adamlaryň içgi dünýäsi hem deň bolýar, eger hünär adamy haram işlere iterýän bolsa, diýmek şeýle hünärli adamlaryň bir nokada jemlenmegi howuply. Sebäbi ýokarda Jebraýylyň jebri haram adamlardan dynmaň pursadyna garaşyp dur. Ýöne haramlardan dynylanda iň esasy düzgün, daş töwerekde halallaryň bolmazlygy.
Haram adamlar bir nokada ýygnansa, ýa-da Jebraýylyň jebri...
-
Khanture
3 years ago
- @adalat19 gowy Tema. Sodom we Gomorra shaherleri we sm wakalardan ozal pygamberler duydurysh beripdi. Emma Muhammed s.a.very dan song sheyle helakcililikden ozal duydurysh bolupmydy? Sebabi Muhammed s.a.v sonky pygamberdi.
-
TrustORG
3 years ago
- Punkt naznacenyanam indi kurana baglajak bolyañyzmy?
1948 Ashgabat weyran boldy, diymek Turkmenler pis ekenidä? Señ aýtýanyñ shoña baryar.
-
Jazeera
3 years ago
- Punkt naznacenyanam indi kurana baglajak bolyañyzmy?
Name ucin hemme zadyn ahli yerini din bilen baglansykly etjek bolyalarka ?
-
Xyivenia
3 years ago
- Menem @TrustORG agzanyn aydan zatlaryny aytjakdym ona nahili dusunmeli indi?
-
Adalat19
3 years ago
- @TrustOrg 1948-de aşgabatda diňe türkmenler ýaşanokdy, ol wagt ruslar we başga milletler kändi aşgabatda....
-
Adalat19
3 years ago
- Punkt baznaçenýaň bardygy seň teswiriňden soň ýadyma düşdi. Ähli zady Kerimi Kuran bilen baglanşdyrman başga näme bilen baglanşdyraly? Daş töweregimizde bolýan zatlary şol kitapdan başga düşündirip biljek başga zat ýok.
-
Adalat19
3 years ago
- @Hantöre, her bir adama, her bir maşgala, her bir şähere we her bir bir ýurda çäre görmezden öň duýduryş berilýär. Ýöne düşinjek adama berilýär, düşünmejege bereniň.peýdasy ýok...
-
Гость
3 years ago
- Adalatyň aýdýanlarynda-da jan bar.Şol wagtlar Aşgabatly aýallar hatda süýde suwa düşüp başlapdyrlar
-
Wonderfull
3 years ago
- Adalatyň aýdýanlarynda-da jan bar.Şol wagtlar Aşgabatly aýallar hatda süýde suwa düşüp başlapdyrlar
Estağfurullah!!!
-
TrustORG
3 years ago
- Wonderfull4 hours ago
Adalatyň aýdýanlarynda-da jan bar.Şol wagtlar Aşgabatly aýallar hatda süýde suwa düşüp başlapdyrlar
Estağfurullah!!!
Obañ heleýleriniñ gepini etmesene, 41-45den soñ ashgabat indi ozuni diklapdi.
-
TrustORG
3 years ago
- @TrustOrg 1948-de aşgabatda diňe türkmenler ýaşanokdy, ol wagt ruslar we başga milletler kändi aşgabatda....
Indi ruslar gunakarmi oña, ya ruslar diyip milletparazlyga undeyañmi? Kurandada beýleki dinlere gyya bakmaly yada beyleki dine uyyanlary Alla jezalandyrar diyen yeri yok. Soñam shol diyyan Ruslaryñ uyyan Biblesi hem gokden inen 4 kitabyñ biri ahyryn. Ya senem ondan habaryñ yokmy?
-
TrustORG
3 years ago
- Khurhanu e Kerip ýada Keramatly Kitap (Mukaddes kitap), Hole Bible - Keramatly Kitap (Mukaddes kitap), biraz arhiw dörseñ we taryha ser salsañ bilerdiñem wolin, emma 4 kitabyñ adam "Mukaddes kitap" bolyar, prosta bashga dillerde
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bah, jebrayylyn yaragy gowy dal eken))) Russiyadaky ruslary oldurman Ashgabatdaky ruslary yok edyar))) Adalat19, toslama tapanda ynanar yaly gowja toslama tapsana. Meselem, Indonesiada 2000-den gowrak halk yashayar, ol yere jebrayylyn yaragynyn oky yetmaka guyji gachyp tasir edijiligi yitip yok bolup gidyarmika))) 5.45 mm AK-74-in okunyn 3150 metrden gechmeyshi yaly)))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mundan 5-10 yyl haysy shaher yer bilen yegsan boldy? Adyny name uchin gizleyan? Onsanam ony hemmelerin bilyanini nireden bilyan? Bilmeyan zadyna name uchin guwa gechip gurleyan? Meselem men bilemok, mana ayday ol shaheri? Shaheri tanamasam bu maglumatyna nadip ynanayyn?
-
Гость
3 years ago
- Meň pikir edýänim boljak bolsa baş harpy B bolmaly
-
Adalat19
3 years ago
- Baş harpy "G" bolmaly
-
Jeksparro
3 years ago
- TrustORG
@TrustOrg 1948-de aşgabatda diňe türkmenler ýaşanokdy, ol wagt ruslar we başga milletler kändi aşgabatda....
Indi ruslar gunakarmi oña, ya ruslar diyip milletparazlyga undeyañmi? Kurandada beýleki dinlere gyya bakmaly yada beyleki dine uyyanlary Alla jezalandyrar diyen yeri yok. Soñam shol diyyan Ruslaryñ uyyan Biblesi hem gokden inen 4 kitabyñ biri ahyryn. Ya senem ondan habaryñ yokmy?
______________
Hristiýanlar öz dini kitaplaryny üýtgedip ýazandyklaryndan habaryň ýokmy!? Onsoňam bärde hristiýan Ruslaryň bardygy hakda gürrüň gidenok, haramçylygyň çenden aşa ýetjek derejesine ýetip weýran bolşy hakda gür gidýär...
-
Jeksparro
3 years ago
- Гость 13 hours ago
Adalatyň aýdýanlarynda-da jan bar.Şol wagtlar Aşgabatly aýallar hatda süýde suwa düşüp başlapdyrlar
Süýde suwa düşenleriň gadymy Şährislamda bolandygyna eşidipdim, Aşgabatda bolupdyr diýendiklerini senden eşitýärin....
-
Adalat19
3 years ago
- @Jekserçe, Süýde suwa düşmek, azgynçylygyň iň soňky nokady diýýärler, ýöne näne üçindigine men düşünemok.
-
Jeksparro
3 years ago
- @Adalay19, süýdi içmäge tapanoklar, suwa düşýän bolsalar mesligiňem alamaty bolaýýar. Ony aýtsaňam ''Ak zat alnyňa ýagşy'' diýýärler...
-
Adalat19
3 years ago
- @Jekserçe, süýde suwa düşmek uly jelepçilik bilen küntüçilikden alamat bolmagy hem mümkin, süýde esasan aýallardan başga kim düşsin?
-
Jeksparro
3 years ago
- @adalat19, şu wagt tenlerini ýa ýüz reňklerini agartjak bolýanlar köplenç gyzlar welin oglanlaram bar şolar ýaly....
Hatda erkekleriň spermatozoidini ýüzlerine çalýanlar bar. Ýüzüňi gowlaýa diýişip....
Jazeera 3 years ago- Eger ýaltanman şeýle etseňiz, taryhda şol bir hünärli adamlaryň bir howa gämisine münip heläk bolandyklaryna göz ýetirersiňiz.
Belli bir hunarli adamlar sol bir howa, suw gamilerine munse olam helakcilige ducar bolsa bu Jebrayylyn jebrimi? Men pikirimce bu zatlar koplenc gurnalan bolya... Ya belli bir gamide yekeje ya - da birnace yok edilmeli adam(lar) bar bolsada son ucinem bu yasama oyunlar gurnalyp biler. Sebabi olary yok etmek ucin sondan ansat yoly, pursatlary bolmayar. Bular kop dokumetal kinolarda kan gormek bolya. Dine Jebrayylyn jebri diyip din tarapdan seretmek hem umaman nadogry. Ol adamlar bilen "yokardakylaryn" dalde yerdakilerin kopirak meseleleri bar.