Men içýän, ogurlyk edýän, zyna bilen meşgullanýan, adam öldürýän, namaz okamok... garaz, edýänim günä. Sebäbi şulary etmek meň ýazgydymda bar.
A bir goňşym içenogam, iliň hakynam iýenok, 5 wagtyna namazyny hem sypdyranok, ýetim-ýesirlere kömek edýär, garyplara sadaka berýär... garaz, edýäni diňe sogap işler. Sebäbi bu işleri etmek goňşymyň ýazgydyna ýazylan.
Indi menem, goňşymam öldük. Kyýamat magşarda ikimizem soraga çekilmeli. Men-ä eden günälerim üçin dowzaha, goňşymam jennede höküm edilse...
Bu ýerde iki sany jogap bolup biler:
1. Allatagala - adalatsyz
2. Öz ýazgydyny adamyň özi ýazýar
Indi meň pikirim:
Allatagala hijem adalatsyz däl. Ol adalatly, merhemetli. Men ikinji jogaby dogry hasaplaýan.
Ýazgydy adamyň özüniň ýazýanlygy bilen ylalaşmaýanlar, ýokarky mysalyma sizem jogap beriň hany?!
MYSAL ÜÇIN:
-
soho
1 year ago
- menem ashaky mowzukda shuny dushundirjek boldum, garaz dushunen dushunya...
-
Khanture
1 year ago
- Alla adamyň ýazgydyny şol adamyň niýetine, häsiýetine gorä ýazýar, iradesini erkini hasaba alyar.
-
Khanture
1 year ago
- Öz ýazgydyny özi ýazyp bilýänler! Men size bir teňňe berjek! We 100 gezek teňňäni oklaň, 100-sindede ,,sifr" tarapyny düşüriň. Diyjek. Sebabi oz yazgydyny ozun yazyp bilyan bosan, 100-sindede sifir dusurip bolyar, shemal garshylygyny we el hereketlerini hasaba alsak we yazgydy ozumiz yazyp bilsek, biz 100 gezekdede tennanin sifr tarapyny dusurip bileris.
-
Khanture
1 year ago
- Emma Yazgyt biz dalde Alla tarapyn yazylan bolsa 100 synanyshyng pacti 50-sinde sifr dusher!
-
Pegas
1 year ago
- @Jeksparro, goňşyma şol zatlara düşüner derejede akyl we erk beripdir, maňa bermändir. Onda-ha ýene bulaşýar bu logika. Allatagalanyň adalatyny sorag astyna almaly bolarys.
-
Jazeera
1 year ago
- Oz yazgydyny ozin yazyp bilyan ona hic hili gep-soz yok. Emma belli bir yazgytlaryny uytgedip bolmayar her nace jan edip ylgasanam, hereket etsenem...
Sen zyna is et,ogry bol,adam oldir- Sen sol guna islerini taslap bilyana... o mysallar bilen yazgydy denemek yalnysyrak oydyan pikirimce...
-
Jeksparro
1 year ago
- @khanture, manny-kaşa teswriňe özüň bir düşünýäňmaý 🤮
Ýüregim bulanýar sen teswir ýazsaň!?
-
Pegas
1 year ago
- @Khanture, mowzukdaky mysalyma doly jogap däl munyň.
-
Khanture
1 year ago
- Ya bolmasa futboldaky penalti. Men derweza 100 gezekdede gol urup bilmerin. Men shol derwezede duranyn haziyetini mun bileyin shemal garshylygyny we ayyagymyn umuman butin bedeniming hereketini dogry edeyin. 100 gezekdede gol salyp bilmeri. Alla bize beyle super ideallygy yazgydymyza yazmaz
-
Pegas
1 year ago
- @Jazeera, hawa, taşlap bolar, eger taşlamak ýazgydyma ýazylan bolsa. Ýene-de şuňa gaýdyp gelýäs-dä)
-
Jeksparro
1 year ago
- @Pegas, Akylsyzlyk edýäniň günäsi üçin Allatagalanyň Adalatyny nädip soraglajak!?
-
Pegas
1 year ago
- @Jeksparro, näme üçin Khantureň garşysyna beýle gödek ýazýaň? Sowatly adamyň hereketi däl munyň.
-
Pegas
1 year ago
- @Jeksparro, akylsyzlygy maňlaýyna ýazany üçin soraglajak.
-
Jeksparro
1 year ago
- Berilen akyly ýerlikli ulanyp bilmeýäniňe Allatagala günäkärmi!?
-
Jazeera
1 year ago
- @Pegas men diyjek bolyanym Kop zady uytgedip yazgydymyzy ozimiz yazyp bilyas. Yone "UYTGEDIP BOLMAYAN" yazgytlaram bar. Esasy sony diyjek bolyan.
-
Ulugyz
1 year ago
- :-/
-
Ulugyz
1 year ago
- Bulam bujarlyk
-
Jeksparro
1 year ago
- Pegas 1 minute ago
@Jeksparro, näme üçin Khantureň garşysyna beýle gödek ýazýaň? Sowatly adamyň hereketi däl munyň.
Khanture 6 minutes ago
Öz ýazgydyny özi ýazyp bilýänler! Men size bir teňňe berjek! We 100 gezek teňňäni oklaň, 100-sindede ,,sifr" tarapyny düşüriň. Diyjek. Sebabi oz yazgydyny ozun yazyp bilyan bosan, 100-sindede sifir dusurip bolyar, shemal garshylygyny we el hereketlerini hasaba alsak we yazgydy ozumiz yazyp bilsek, biz 100 gezekdede tennanin sifr tarapyny dusurip bileris.
Şu teswire düşünjek bol!? Onsoň täzeden ýazaý!? 😁
-
Pegas
1 year ago
- @Jazeera, dogry. Meň şu barada aýratyn pikirimem bar. Ony agşamrak ýazaryn. Bu wagt telefonyň zarýady dynjak-dynjakda...
-
Khanture
1 year ago
- @Pegas men diyjek bolyanym Kop zady uytgedip yazgydymyzy ozimiz yazyp bilyas. Yone "UYTGEDIP BOLMAYAN" yazgytlaram bar. Esasy sony diyjek bolyan.
Menem tenneli mysalymda shuny diyjek boldumda...
-
soho
1 year ago
- @Jazeera, "uytgedip bolyan we uytgedip bolmayan yazgyt" diyyanin birhilirak dami
-
Jazeera
1 year ago
- @Khanture dogry we sada mysal bilen dusindirmeli... men dusindim diyjek bolyanyna yone kynyrakda bir gezek okap dusinmek
-
Ulugyz
1 year ago
- Soho meselem
Uytgedip bolyan yazgyt: ol sen elinde
Uytgedip bolmayan yazgyt: ol sen durmusyna tasir edip bilyan adamlan elinde
-
Khanture
1 year ago
- @Jazeera sada dildede dushundirjek bolyan bolmayada :(
Dogry men biraz gowy dushundirip bilemok boyun alyan!
-
Panturkist
1 year ago
- Gowy logika, gowy sorag, ýöne ýerlikli çekişmek hasam gowy bu barada.
-
Khanture
1 year ago
- Matrissa filmini goreninguz barmy? Men Yazgyt hekaya diyip blog acdym. Blogda shol filmin gzilin habaryny acyga chykarmaga synanshdym.
-
Ulugyz
1 year ago
- Panturkist, gownun yetmese senem oz pikrini yazay senkinem bileli
-
Jazeera
1 year ago
- @Jazeera, "uytgedip bolyan we uytgedip bolmayan yazgyt" diyyanin birhilirak dami
@soho ASLA BIR HILI DAL!
Uytgedip bilyan ogry, adam oldir, zyna is et. Sen duzelip bilyan elinden gelyan zat.
HEMMAN yazgydynda yazylan dash etsin ALLAJAN olim guni sony uytgedip bilenoga sen mysal ucin. Ya-sen okuwa girjek boldyn nace synashsykdan sonam hemme edilen hereletlerden sonam bolmady. Ana uytgedip bolmayan yazgyt.
-
Khanture
1 year ago
- Goýalyňow özi şu meseläni. Pygamberimiz (s.a.w) ýazgyt baradaky temalardan gürleşmekden gaýtarypdyr.
-
Wonderfull
1 year ago
- Muhammet (sav) pygamberimiz bir ýaş oglana şeýle diýýär: Allahdan başga zatdan gorkma çünki. Şu ýerde ýüzi sana ýamanlyk etjek bolsa-da Allah islemese bolmaz. Eger ýer ýüzi Saňa ýagşylyk etjek bolsa-da Allah islemese bolmaz diýýär. Biziň yazaydymyz Allaň elinde. Yone dogry yoldan ýöräp yoremezlik özümize bagly. Çünki Allah Tagala bize erkimizi elimize berdi. Biz ahyryyetde günä işläp wah bilmän etmedim diýip bilmeýäris. Aslymyz ýerinde, erkimiz elimizde. Diňe söýgüden däldirin dali mejnunyn wah bilmän etdim , erkim elimde däldi diyse günäsi geçiler diýýär. 😊
-
Wonderfull
1 year ago
- Harp we söz ýalňyşlyklary bar. Özüňiz düşüniň gayrat edin.
-
Adalat19
1 year ago
- Adamlara bitewi bir zat hökmünde seretseň hiç haçan nämäň nämedigine düşünmeýäň. Adamyň diňe ruhy dünýäsi bir näçe böleklerden durýar. Adamda ruh bilen aň bar. Adamyň ruhy edil borot ýaly diňe öňe ýöreýär, zyna edesi gelse edýär, arak içesi gelse içýär, garaz edil çaga ýaly soňyna bakman diňe edesi gelýän zadyny edýär. Ruhdan başga adamyň aňy bar, aň bolsa öz dünýäsinde ýaşaýar. Adamyň aňy ruh ýaly gös göni ýörenok, adamyň aňy ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýär, emma aňyň ruha erk etmäge güýji ýetenok. Iň esasy maksat ruhu düzetmek, adamzat dogry işleri awtomatik usulda eder ýaly etmek. Adamyň ykbalyny şol ruh diýen zat çözýär, Beýik Allah adamyň ruhyna görä, (düýp nýetine görä), ykbal ýazýar. Başgaça aýdaňda adamyň öz ruhy oň ykbalyny ýazýar. Adamyň ruhyna üýtgeşmeler girizmek üçin betbagytçylyklar hökman gerek, oňa biz ykbal synaglary diýýäs. Adam öz durmuşynda gowy işleri edip biler, aram aram ölünçä diňe gowy işleri hem edip biler, emma ol işleriň barsy adamyň aň derejesinde edilýär. Mysal üçin adam dowzaha düşmekden gorkyp gowy işleri edýär, ýa-da öz gözünde özini beýgeltmek üçin gowy işleri edýär. Bularyň barsy ýalňyş, adamzat gowy işleri diňe öz ruhynyň erki bilen etmeli, adam özini hiç bir zatdan satyn aljak bolmaly däl. Şu zatlary nähili geň bolsada Markiz De, Sadyň filosofiýasy düşündirýärdä. Ol folosofiýa şeýle: Eger men bir adama kömek etsem, meň kömek eden adamym maňa bergili bolýar, şeýle dälmi? Hakykatda bolsa bar zat tersine, maňa kömek eden adam maňa bergili, sebäbi maňa kömek eden adam, meň üstim bilen öz ruhyny galdyrdy, maňa pul töläp özine gowy duýgylary satyn aldy, ol duýgular bolsa şeýle, —men adamlara kömek edýän, men gowy adam, diýmek men jennede düşerin?
Adam öz edýän gowy işlerini dowzahdan gorkyp, ýa-da başga adamlaryň gözünde beýgeljek bolup, ýa-da Ýokardaky Kuratyra gowy görünjek bolup etmeli däl. Adam gowy işleri edende, hamala başgaça işler ýok ýaly etmeli. Gowy işleri etmek bolsa, adamyň düýp teýine ýazylan bolmaly, Beýik Allah hemişe dowzah bilen gorkyzyp durmaly diýen zat ýok.
Kerimi Kurany kim bir näçe gezek okan bolsa, bir zada übs berendir, hamala Kuranda iki sany Şahsyýet adama ýüzlenýän ýaly bolýar. Bir şahsyýet Allah hökmünde diňe gowy işleri et diýýär, ikinji şahsyýet bolsa Men (Allah) rugsat bermesem sende gowy işlere isleg hem döremez diýýär. Meň pikirimçe Kerimi Kuranda adamyň iki sany şahsyýetine ýüzlenilýär, biri adamyň aňy, ikinjisi bolsa adamyň ruhy.
Ýokardaky soraga gysgajyk jogap, adamyň ykbalyny Allah ýazýar, ýöne adamyň ruhyny terbiýelemek maksady bilen ýazýar, has dogrysy adamyň özine görä biçýär, eger adamyň ruhy üýtgese, ykbal hem üýtgeýär. (Adam gowy işleri özini satyn almak üçin edip başlany hasap däl). Eger Zeminiň güýçleri adamy terbiýeläp bilmese, onda "plan B" güýje girýär. Adamy azajyk dowzahda gowurmyşlamaly bolýar, ol ýer bolsa ýaman çalt adamy dogry ýola düşürýär.
-
Jeksparro
1 year ago
- Adalat-19, düşündirişiňe göwnüm ýetdi...
-
Korolewa
1 year ago
- Adalat19 agzañ yazanlarny bellap alayyn)
-
maksat00
1 year ago
- Ýazgyrly meselä meniñ dūşūnşim:
Bir adam eline galam, depder alyp dagyñ çūr depesinde otyr. Dagyñ daşynda demir ýol. Iki sany otly biri-birine garşy barýar. Ýañky adam dagyñ çūr depesinde wakany synlap duran. Otlylaryń çaknyşjagyny bilip, boljak wakany depderine ýazýar.
Edil şonuñ ýaly Allah adamyñ dogulanyndan tä dūnýäden gaýdýança, nähili ynsan boljagyny bilip ýazgydyny ýazyp goýan. Allah islese 8 mlýard adamyñ ählisini, @Pegasyñ goñşysy ýaly adam edip ýaradybam biler we onuñ ýanynda hiç-hili kynçylygy ýokdur. Ol diñe akyl-huş berip erk-ygtyýary adamyñ özūne berýär. Adam gowlugy, erbetligi özi saýlaýar.
Jeksparro 1 year ago- 1-ä Jogap. Allatagala Adama akyl berdi.
2-ä Jogap. Allatagala Adama akyl berdi.
Şol akyl ýok bolsa sen islendik ýagdaýda Jenaýatkär bolup Dowzaha düşersiňdä...