"Kyrkyna çenlä gidiber, täze gelin bolup bärde gezip ýörme. Il gün näme diýer. Çiledenem çykaňok" diýip, ejem gaýynlarym bilen menini şol zannyýamanlaryň öýüne ugratdy...
Baryp hiç kime üns bermedim. Öz jaýyma girip, çykman oturdym. Nahar üçin işdämem ýokdy başga zada-da höwäsim ýokdy. Ykbalyň maňa beren almytyna gynansamda, kakamyň bu dünýede ýokdygyny ýatlap bagrymy daglap aglaýardym. Kakam bilen çagalykdaky pursatlary ýatlap, kä ýylgyrýardym, kä-te bolsa ýalňyşlyk bilen ynjydan günlerimi ýatlap özüme käýinýärdim. Şol günler täzeden dolansa, arman giden yza gelenok... 
Gaýtmakam, öňki otagymyň diwarynda duran maşgala bolup düşen suratymyzy alyp gaýtdym. Gujagyma alyp aglap ýatyp galypdyryn. Esli wagtdan soň sarsyp, turdym. Turamda elimde surat ýokdy. Göni gapdalyma garanjaklap suraty gözläp başladym. Ýatamda gujagyma alyp ýatandygymy gowy bilýärdim. Onda biri alan bolmaly. "Indi şol suratada eýe çykypdyrlar, gany zaýalar" diýip, söwünip aýaga galanymam şoldy welin, diwarda asylan surata gözüm düşdi. "Baryp, suraty alaýyn, diýsem surat epeý ýokarda". Muny bu ýere kim asdy diýen pikir. Kelläme geldi. Görnüşe göre uzyn boýly biri asypdy. Daýanjyň boýy surata ýetjek derejede uzyn. Elbetde, onda şol asypdyr. Yzyma öwrülüp, ýatan ýerime seretsem ýassyk bilen ýorgan durdy. Surat aladasy bilen olara ünsem bermändirin. Olaram Daýanç üstüme atan bolmaly.
Gahardan, gaşym çytyldy. Gapam şol wagt açylaýdy. Daýanç eli saçakly geldi. Gahar bilen gygyryp:
-Albassy, sen meniň suratymy näme üçin diwara asýaň. Saňa as diýen boldymy ýa-da, üstüme bir zat ýap diýen.
Başyny saldap, " Bagyşla" diýen şekilinde ýüzüni öwürdi. Duran ýerinden gymyldaman gaýgyly ýüzi bilen başyny aşak egdi.Boluşuny görüp, ýüregim ezildi. Hamala garşymda günä işlän çaga bar ýaly. Ýüregiň ýumşamaz ýaly däldi. Üstüne gygyranyma öküne bildim.
 Elindäki saçagy ýere goýup, diwar tarapa uzandy. Suraty aýyrjak boldy. Aslynda suratyň şol ýerde durany meniň üçin kem däldi. Ýerde durandan ýokarda durany has gowy. Bu ýagdaýy bildirtmejek bolup:
-Degme, degäýme surata. Olara siz gany zaýalaryň elleri degmesin.
 "Bolýar" diýip, başyny egip durdy. Soňam saçaga elin uzadyp, "Nahar iýjekmi" diýip, el herekedi bilen düşündirdi.
-Iýjekgä, siziňem bokurdagyňyzda galsyn- diýip, bir gyrada dyzymy epläp başymy goýup, oturdym.
 Daýanç naharyň başyna oturdy. Bäş minut soň üsgürip başlady. Başda üns bermedim welin ýagdaýy barha agyrlaşdy. Başymy galdyryp görsem, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar. Ylgap baryp arkasyna kakdym. Üsgürip, üsgürip kükregini deşip gitdi. Saçakdaky duran suwy alyp içirdim. Üsgürmesi biraz köşeşsede gowlaşyberonky. Aldygyna suw içirip, arkasyna kakýardym. Ahyryn köşeşip, özüne geldi.
Hiç zat bolmadyk ýaly ýüzüme seredip, soňra ýylgyrdy. Barmagyny galgadyp haýbat atyp başlady. Asyl görsem "Bogazyňyzda galsyn" diýen sözüm ýerine düşdü-di oturuberdi. Menem onyň çaga ýaly ýagdaýyny görüp, gülmän durup bilmedim. Hezil edip gülemden soň, elini galgadyp "Nahar iýäý" diýip, ýalbardy. Onuň özüni alyp barşy, menini gahar gazapdan ýumşadypdy. Esli wagtdan bärem garnym açdy. "Haçana çenlä iýmän gezjek" diýip, nahar iýmäne oturdym.
"Bu oglanda näme günä bar. Ähli zada maşgalasy günäkär. Göwnünde zat ýok. Erbet adam bolan bolsa, toý güni ýanyma gelerdä. Belki duýmazdymam". Daýanjy synlap, bu pikirlere gümra bolup gidipdirin. 
"Doýduňmy, doýan bolsaň töwhir galdyrjak" diýip, hereketleri bilen düşündirdi. Ýygnaşdyryp saçagy alyp gideýin diýsem "Özüm äkiderin, sen ýat" diýip gitdi. Ukymy men ozaldan alypdym, diwara ýaslanyp oturdym. Kakam ýadyma düşüp ýene aglaýardym. Hasrat menini içi içine alyp, çykaýyn diýseňde göýberenakdy.
 Asmanam garalyp başlady. Daýanjyň şol gidişi. Halys iç gysgynçlykdanmy ýa başga zatdan bilemak Daýanjyň gelerine garaşýardym. Iç gysgynçlykdan jaýyň içine tukatlanyp aýlanýardym.
 Daýanç geldi. Ony görüp, ýylgyrdym. Hamala bütin dertlerim giden ýaly ýeňledim. Olam meni görüp ýylgyrdy. Soňam sagada seredip, sandygyň üstunde duran düşekleri ýere atdy. Men birhili howatyrlanyp başladym. Görüp otursam, düşek biradamlyk eken. Birini bärrekdän, birini bolsa aňyrrakdan ýazdy. Soňra elini görkezip "Seniň düşegiň şol" diýdi. Ýylgyryp ýerime geçdim. Äpişgeden düşýän, aýyň yşky otagy gowy aýdyňlatýardy. Islendik zat görünýär. Menem içime ah çekip, ýene şol gam-gussama dolandym. Gözümden ýaşymy akdyrýardym. Birine içimi dökesim gelip Daýanja ýatyp ýatmadygyny soradym. Olam kellesini maňa öwürip ýatmandygyny habar etdi. Oňa näçe gündür hiç kime aýdyp bilmedik duýgularymy aýtdym. Kakamyň habarynyň agyrdygyny, seniň maşgalaň maňa beren ülpetini, sojap-sojap aýtdym. Olam bile derdimi çekişýärdi. Muny ýüz gussasyndan aňmak mümkin.
Şol günden soň, ýüregimem giňäberdi. Ahyryn birine içim döküp ýeňläpdim.Günlerem geçip durdy. Maşgaladan hiç kim bilen gürleşmän soň, daşaram öýiň içem Daýançsyz iç gysgynçdy. Nämede bolsa, güýmeýärdi. Olam her gün bir üýtgeşikligi tapýardy. Käwagt aýlanmana äkitýärdi, käwagt doňdurma getirip ýalňyz goýmajak bolup elinden gelenini etýärdi.
Günler dowamynda hem, men oňa ysnyşyp başladym. Ony söýüp, bagt saýdym. Indi bolsa, hakyky är aýalam boldyk.Günler dowamynda-aýlar, aýlar dowamynda-ýyllar gelýär. Bir ýyldan gowrak wagtymyzam geçipdi. Ähli zada öwrenşdim. Maňa diňe Daýanç bolsa bolany, galany bilen işim ýokdy.
Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar...

Dowamy bar.
(Nesip bolsa indiki bölüm jemleýji bölüm bolar.)

Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir