Salam agzalar we myhmanlar! Soňky wagtlar şu maşgala degişli ýagdaýlar barada köpüräk gyzyklanyp başladym :D Aýratynam, "bal süýji, baldanam bala süýji" diýen ýagdaý :P Öňem Maşgala bagty üçin altyn kanunlar/ündewler ady bn aýratyn mowzuk açypdym. Garaz, ýokardaky ýagdaýlar boýunça giňişleýin pikir alyşsak gowy bolaýjak ýaly agzadyr myhmanlara! Elbetde, gowudan gowy we peýdaly pikirleriň ýazylmagy saýasynda. Men aşakda 1 hekaýany paýlaşjak siziň bn. Maşgalada çagalarymyza berilmeli übs barada. Ilkinji okamda, men-ä sesli aglamasamam, gözümden ýaşlar gelipdi we aglapdym. Sizem bu babatda öz paýhasly we peýdaly pikirleriňizi bildiräýseňiz! Sag boluň!
Türkmen_maşgalasy
-
ata
15 years ago
- Türkmen maşgalasy atly ýerde-de köp sanly degişli maglumatlar bardyr, ol ýere-de seredip bilersiňiz!
Indi gezek sizde :D
-
Watanchy
15 years ago
- gaty gowy hekaya eken, edil agladym-a diymayin, yone gaty tasirli. name uchidnir shu wagt (yalngyshmayan bolsam awtor) Tashli Gurbanowyng "Gyzyl bagul" nowellasy yadyma dushdi, shol yerdaki meselede shunga menzeshirak, yone has hem gynanchly.kopingiz bilyan bolmaly,mekdep programmasynda-da bar ,klasymyz bilenem okapdyk...
-
muslimah
15 years ago
- ongem okapdym bu hekayany,ongem agladypdy,hazirem gozume yash aylandy :(
-
cicek2
15 years ago
- oconizde 'adim-adim evlilik' kitaby okp goren barmy?
ana shol kitap mashalanyn her bir agzalarynyn oz yerini etmeli ishlerini govy dushundiryar,oran onat kitap ekeni sizede maslahat okap gorun.menem ilki utandym evlilik diyen son yone hic hili uytgeshik zat yok oran onat ekeni okap gorun ok!:-)
-
hoshowaz
15 years ago
- aslynda menem bu hekayany on okapdym, yone ikinji gezek hem bolsa tasiri guychli boldy.
-
chsho
14 years ago
- chaga ilkinji terbiyani nameden bashlamaly oz pikirnizi yazaysanyz
-
Bravo
14 years ago
- Cho dost caga ilkinji terbiyani yash basyndan baslamaly.
-
Tupan
14 years ago
- Chsho! Ene garnynda ka bashlamaly. Sonra hem oz goreldan bilen. In esasy zat hem etjek diyen zadyñy hokman etmel. (meselem: oyunjak alyp bererin diydin, hokman alyp beraymeli). Ononam illerin cagasy beyle, bizinki beyle dal yaly deneshdirmeler etmeli dal.... Ay garaz chaga terbiyesine degishli aydara zat kop. Gowsy sen kitapdan okay. Maglumat gaty kop.
-
missmaysa
12 years ago
- gowja eken
-
1merdan
12 years ago
- Gaty gowy hekaýa eken, "biparh atanyñ, paryhly gyzy" hakynda. Ýöne gynansakda gyzlarna bolan sowyk terbýän,(pul diýip, $öhrat, abraý diýip ylgap) köp atalar, $ol sowyklygyñ "hiç dünýä" bn düzedip bolmajak namys bolyp injegini oýlanok
-
kerkili
12 years ago
- govuja hekaya dogrusy men aglayan adam dal yone shu hekayany okap aglamadym sebabi futdol goryadik yanymda oglanlar kandi shondada gozumden yash ... :( :( :( ....
-
turkmenntug
12 years ago
- gowy hekaýa.
-
turkmenntug
12 years ago
-
Abadan
12 years ago
- Gynandym....
-
ata
12 years ago
- bah, men mowzuklarymam aktiw edyanizmay :)
mowzuga degishli yene bir terjimani sizin bn paylashayyn onda men hem.
www.tmolympiadda.org sahypasynda reschik atly bir agzanyn terjimesi.
Men bir kitapda mysal alynjak gowy waka okadym, şony siziň bilen paylaşmak isledim, siziňem göwnüňize yarar diyip umyt edyän. Bu wakany bir dini kitap ýazyjysy gürrüň berýär.Men bu ýazgyny Türkçe bir kitapdan terjime etdim, egerde ýalňyşan ýerlerim bolsa bagyşlarsyňyzda.
ZALYM HEM BOLSA ÄRIMIN JÄHENNEME GITMEGINI ISLÄMOK
Okuýjylarym bilen esasanam kitap sergilerinde görüşýän we dertlerini dinläp maslahat bermäne synanşýan. Olaryn gürrüň berýän zatlaryndan sapak alynjak kop zat bar.
Ynha yene bir waka, görüň nähili zalym ärler we wepaly aýallar ýaşaýar bu dünýäde:
- Hocam , derdim agyrdyr mana bir yol görkez !. diýip başlady söze 3 çagaň enesi aýal. We şeýle dowam etdi:
- Ärim köp içýär, gijaň ýaryna çenli meýhanada içýär. Gijän ýary gelip gapyny ýumruklamana başlaýar, menem çagalar tuaýmasyn diýip açýan. Bir islegin barmy diýip soraýan, kämahal nahar isleýär, agşamdan galan nahary gyzdyryp öňüne goýýan, bu saparam bu naharlary aýyr täzeden bişir diýýär.
Çagalar gykylygyna turaýmasyn diyip täzeden nahar bishirýän. Arkamdan gelip bişiren naharyma seredip men bulary iýmen , başga nahar ýokmy diýip gykylyk turuzmana başlaýar. Menem gazanan pulum bilen dine şu nahary bişirip bilýän, egerde senem kömek etsen islänini ederdim diýenimden apy-tupan turýar. Gazananyňy başyňa kakýaň diýip gap-çanak howada uçmana başlaýar. Men ýene sesimi çykarmaýan, çagalar turýar aglaşyp başlaýalar.
Gen galyp soradym:
-Äriňiz nirede işleýär?
- Nämäň işlemesi , gijesini meýhanada geçiren adam gündiz iş edip bilermi, agşama çenli ýatýar, agşam täzeden gidýar şol ýere.
-Onda öýi kim ekleýär, diýip soradym.
- Ärimden umyt kesilenson , men goňşularymyň öýlerini arassalap birazajyk pul gazanýan. Ärimiň ýagdaýyny bilenler sag bolsunlar öý işlerini mana etdirýäler. Hatda ärimiň çykdaýjylaram menden gidýär.
- Ýene geň galyp soradym, meýhana çykdaýjylarynam sen berýäňmi?
- Gynansamam men berýän. Çykyp barýarka pul soraýar bermesem öý başyma ýykylýar.
Name diýjegimi bilmedim, bokurdagym doldy, özümi zordan sakladym. Ynha şol bada meni şok eden ýene bir söz aýtdy. Şeýle diýdi:
- Bu zatlaryň hiç biri möhüm däl meniň üçin. Men goňşularyň arassaçylygyny etmänede taýýar, Hudaýa şükür elim aýagym işleýär.
-Ýene soradym, seni urmasyny hem gaty göreňňokmy?
- Gaty göremok diýdi. Urulsamam 1-2 sagat son ajysyny ýatdan çykarýan.
- Onda menden name soramak isleýäň diyip soradym.
Serediň beren jogabyna. Şeýle diýýär:
- Ärimiň bu haly ony Jähenneme alyp gider, ynha men muňa razy bolup bilemok, ony Jähennemden alyp galmanyň bir ýoly ýokmy? Işläp gazanan pulumdan ärimiň adyna sadaka bersem peýdasy degermi? Name diýsenem ol meniň çagalarymyň atasy. Ýykylana hemmeler depýär, birem men depmäýin diýýän.
Mundan artyk daýanyp bilmedim.
Öňümdaki stolda ýazan kitabymdan 30 sanysy dur. Gol çekdirip ýagşy dileglerimi almak, elimi öpmek üçin garaşyp duran okuýjylarymam garşymda. Aýaga turup olara seslendim:
-30 kitaba gol çekjek elimi öpüp, ýagşy dileglerimi almak üçin garaşyp duran okuýjylarym! Ýalnyş adresde dursyyz.
Ynha size eli öpüljek ynsan we ýagşy dilegleri alynjak ýylyň maşgalasy. Dogry adres ynha oldyr. Geliň görüň sabyr name, wepalylyk name, ýaman gün dosty kim, wepaly maşgala nahili bolunýar?..
* * *
Näme diýýäňiz hanymlar! Siziň sabryňyz, wepaňyz hem şeýlemi? Siz hem sabyr gahramanlgyny gorkezip bilýäňizmi? Ýada size halyňyza şükretmek düşýärmi?
Maşgala ylmyhaly,Ahmet Şahin,S:11-13
ata 15 years ago
sizem aglarmykaňyz diýýärin! Ynha:
bir sagatjyk
gapyny açyp öýe girdi. eýýäm sagat, gör, näçe bolup gidipdi. bu täze başlygam ýaman kelle agyry bolup başlapdy. şerekediň köp işleriniöň oňa ynanylmagy, aslynda, gowam bolsa öýe giç gelmek ýokuş degýärdi birneme.. ýadawlyk başga bir tarapy, ýadawlyk bilen bir hatarda dreyän gaharam beýleki erbet tarapydy meseläniň. köwşüniň bagjyklaryny çözüp başlanynda, alkymyna gelip duran gyzyny gördi. yüzi ýadaw we ukuly görünyärdi gyzjagazyň. “henizem ýataňokmy?” diýip, gygyryp jogap berdi onuň “hoşgeldiň, kakajan!” sözlerine.. gyzjagaz tisginip gitse-de, azajyk gorky bilen garysyk mylaýym sesi bilen: “kakajan sen bir sagatda näçe pul gazanýaň? diýip sorady.
“hany boldy et.. ýumruk ýalyjak bolup soraýan soraglaryň dagyn nähili? 20 müň manat.. boldumy? bäh, bu gyzy.. bar, derrew ýeriňe geçip ýat.. seniň samsyk soraglaryňa jogap berer ýaly wagtym ýok.. ýadaw men..” diýip, gahar bilen aşhana ugrady.. bir gyrada suw içip oturşyna gyzynyň “maňa 10 müň manat karz beräý?” diýmegine gaharlanyp başlady. naäme etjekkä onça puly, indiki çagalar näteňet bolup başlady.. hudaý saklawersin.. günde näçe manat sowalga berýärin, näme edýärkä onça pullary.. ejesi hem çaltrak geläýbilsedir.. ýas bolanda näme üç günlük gitme-de diýdim welin, şumjaryp başlansoň rugsat beräýdim-dä.. ol bolan bolsady gowy bolardy.. ol eýden bolýar, beýden bolýar, “ballym” diýen bolýar, gusum diýen bolyar, garaz, ugruny tapýar bu bihepbe gyzyň.. men basaramok beýle zatlary, men kaka, men işleýän, işdäki wakalar meni täsir astyna alýar, ahyryn..
ol yene birneme ozuçe gaharlanyp oturşyna yarym sagat çemesi wagt geçdi. yadawlyk azaldy, kosesdi.. sowady birneme gahary.. indi bolsa eyjejik gyzjagazyna nebsi agyryp başlady.. ozunin sowuk jogaplaryna garamazdan nahili mahirli gurleşyardi kakasy bilen.. ol entek gor nahili kicijekdi. nahili mahir we soygi bilen doludy eyjejik yuregi.. birhili yylgyryp gitdi yatlamalarynyn arasyna gireninden.. gyzjagaz kakasyny at edip, arkasyna munup heziller edyardi onun keypi kok wagty.. sadyyan gulkusi nahili yakimlidi onun. yone sonky wagtlar isinden gic gelenson beyle wakalar azalypdy gyzjagazyn durmusynda..
eden herekedinin yalnişdigina dusundi, ahmyr edip başlady.. bat bilen yerinden turdy-da gyzynyn otagyna girdi. otag garankydy. eyjejik gyz bolsa yassygy kellesinin ustune basyp aglap yatirdy. sojap-sojap aglayan sesi nahili nayinjar çykyardy. usullyk bilen onun yanina oturdy. yassygy ayirdi, gul çyrany yakdy. gyzynyn aglamakdan yana cym-gyzyl bolup giden gozlerini gorup ozunin agysy tutup gidipdi. gozlerinden gayta-gayta ogsap bagryna basdy mahribanyny.. ine indi onun ozi hem aglayardy, gyzyndan otunc sorayan jumleleri gaytalayan dodaklary bilen bir hatarda gozleri hem dek durmayardy.. bir tarapdan bagyşla gyzym, samsyk kakany bagyşla mahribanym!! diyyar beyleki tarapdan bolsa ka onun yumsajyk yanaklaryndaky gozyaslaryny supurse, kate bolsa ony berk bagryna basyardy.. gyzjagaz bolsa kicijek eljagazy bilen kakasynyn agzyny tutmaga calişyar we şol bolşuna-da men kakama samsyk diyme diyip mahirli yilgiryardy..
on minut çemesi dowam etdi bu taryhy pursat. sonunda gyzjagazam onun samsyk kakasy hem koşeşdi.. sonra name uçindir jubusinden 10 mun manat cykardy ol we gyzynyn ayasyna gysdyrdy.. gyzjagaz seyle bir begendi welin begenjinden yana incecik sesi bilen gygyryp goyberdi. kakasynyn apet gollary arasyndan sypyp yassygynyn aşaklaryny dorjelemage başlady kakasynyn gen galyjy seredişlerine uns berman.. bir yerlerden akja yaglyk cikardy gyzjagaz, emay bilen eplenip goylan akja elyaglyk.. seresaplyk bilen yagligin arasyny açyp başlan gyzjagazyn begenjini gormage goz gerekdi şol wagt. kakasy bilesigelijilik bilen yaglygyn arasyndan çykan bir topar mayda pullary gorup birhili gen galdy. içinden oylanmaga başlady: munca puly bar bolsa name uçin menden pul soradyka diyyardi..
gyzjagaz sowalgalaryndan tygşytlandygy derrew bildirip duran mayda pullarynyn arasyna sonky on mun manady hem goşdy-da, yeniş gazanan bir serkerdan hereketlerini yatladyan gadamlar bilen kakasynyn yanina gelip ona uzatdy:
- al kakajan! goni 10 mun manat yetenokdy, ony hem senden karz aldym. indi bu pul 20 mun manat boldy. sen 1 sagatda 20 mun manat gazanyan diyipdin-a.. bir sagatjygyny men yanimda geciray-da..
Çeşme: www.yslam.info (admin / gurbansoltan, 07 - 2008)