salam!shu garyplyk barada name bilyan bolsanyz yazsanyzlan haysh ,bilyan zadynyzy gaygyrman yazyn .
Garyplyk hakynda
-
hakykat1
15 years ago
- shu keselden sag aman gutulan barmy ichinizde nadip dyndynyz bizede maslahat berin?
-
hakykat1
15 years ago
- shondada hudaya shukur iyjek ishjek tapylyp dur elbetde geyjeginem yone halk diyip bir zat bar olardan galsan olam dala.
-
hakykat1
15 years ago
- ichinizde garyp bolup goren yokda ,bardyr bolaymaly hokman bolmaly sizin barynyz bay dalsiniz oza name bolsada.
-
muslimah
15 years ago
- bar zadyna kanagatly adam ing bay adam bolyarshol
kabir baylaram urup aglayar pulum az diyip,shonung uchin janyng sag bolsa we bar zada shukur etseng shondan gowy zat yok
-
chopan
15 years ago
ichinizde garyp bolup goren yokda ,bardyr bolaymaly hokman bolmaly sizin barynyz bay dalsiniz oza name bolsada.
hakykat1 | 2009-07-10 11:04:19
dostum gariplik yada baylik esasi zat dalle, esasi zat
bar zadyna kanagatly adam ing bay adam bolyarshol
kabir baylaram urup aglayar pulum az diyip,shonung uchin janyng sag bolsa we bar zada shukur etseng shondan gowy zat yok
muslimah | 2009-07-10 11:23:07
birem halallik!
-
turkmentalyp
15 years ago
- pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Allah tagalanyň haram eden zatlaryndan saklan! Takwalardan bolarsyň. Allanyň özüne beren ülüşine razy bol – baý adamlardan hasaplanarsyň. Goňşyň bilen hoş gatnaş – mu’min bolarsyň. Özüňe söýen zady başgalar üçin hem söý – musulman bolarsyň. Köp gülme, köp gülseň ýüregiň öler.
Dushindirish:
Ahlak ylmynda umumy kadalaryň biri resulullahyň: „özüňe söýeniňi başgalara hem söý“ diýen sözleridir. Ýagny „ody özüňe bas, ötmese kesekä“ diýen nakyldyr.
Ybadatlaryň uluragy sogaby köprägi haram işlerden saklanmakdyr hem-de parzlary ýerine ýetirmekdir. Boýnuňdaky borjuňy, ýagny parz amallary ýerine ýetirmän nepil işlere ähmiýet bermek, meselem: her hili atlar dakyp edilýän toýlar, at-owaza üçin tutlýan zyýafatlar, pylankeslere berilýän halat serpaýlar we ş.m. ýaly şöhratparazlyk etmek akmaklygyň nyşanasydyr.
Allah tagalanyň berenine razy bolmak iň uly baýlykdyr. “Kanagat tükenmez baýlykdyr” diýen hadys hem bardyr. “Bereniňe şükür” diýen sözi çynyň bilen aýtmalydyr. Çünki onuň hakykatlygyny başyňa bela inen pursatda bilip galarsyň.
Goňşular bilen hoş gatnaşykda bolmak yslam dininiň uly ähmiýet berýän zadynyň biridir. Ýagşy bolsun, ýaman bolsun, goňşulyk haky üçin olaryň kemçiliginden göz ýummak musulmançylykdandyr.
Gülmek ynsana has bir tebigat bolup, saglyga peýdasy bar diýen söz hem bar. Emma çenden geçmekde gelşiksizlik hem-de kem akyllylyk nyşanasy bardyr. Bu hadys şerif adam oglunyň öz-özüne pir, ustaz bolup bilýänligini öwredýändir. Şunda aýdylan bäş işi göwünlerine ornaşdyryp her bir işlerini şunuň bilen ölçeseler ynsanlar iň ýagşy müritlerden we iň şöhratly pirlerden hem öňe geçer, zahyry ylym hem batyny ylym hem, sopyçylyk we pyk ylymlary hemmesi şu hadysda jemlenendir. Galany diňe şuny bilip hökümlerine amal etmek bilendir.
-
cicek2
15 years ago
- ozuniz dushunip gorun..
baylyk islarmin garyplyk diylende mena garyplyk diyerdim...
cunki garyp bolsan birzatlar gazanjak bolup yasajak bolarsin birzatlaryn ugrunda ylgarsyn.
eger bay bolsan hemme zadyn am bar bolsa shondan icgysgync durmush yokmuka diyyan.
shon uciin (hakykat)garyplyk erbet zat dal tam tersine yashamaga sebap doredyar cunki birzatlar edinmek isleyan...
adam hic hacan bu dunyaden doyup bilmez!
shon ucin znaminitiy adamlar bay adamlar sonunda dallirap olyaler(koplenc)...
cunki olan hemme zady bar yone esasy zady yok ony bolsa pul bilen satyn alyp bolanok...
onsanam ol baylygyn hasabyny nadip berjek?!
mena birisi iyere corek tapman yorka anrybash yashayishda vyashap bilmen...
slynda men arzuvym namedi bilyanizmi?
uly adam bolmak...
birzatlar oylap tapmak...
yone hic hacan in bay adam bolmazlyk...
znamenitiy bolayin yone bay bolmayin...
-
hakykat1
15 years ago
bar zadyna kanagatly adam ing bay adam bolyarshol
kabir baylaram urup aglayar pulum az diyip,shonung uchin janyng sag bolsa we bar zada shukur etseng shondan gowy zat yok
muslimah | 2009-07-10 11:23:07
ylalashyaryn saglykdan gowy guychli baylyk yok,yone malam gerega bu yagty jahanda.
-
hakykat1
15 years ago
pygamberimiz s.a.w. aydypdyrlar:
Allah tagalanyň haram eden zatlaryndan saklan! Takwalardan bolarsyň. Allanyň özüne beren ülüşine razy bol – baý adamlardan hasaplanarsyň. Goňşyň bilen hoş gatnaş – mu’min bolarsyň. Özüňe söýen zady başgalar üçin hem söý – musulman bolarsyň. Köp gülme, köp gülseň ýüregiň öler.
dogry normalny adam dine odunyasinin gaygysyny edyar,bu dunyade aglap gechmelimish ,o dunya baryp guler yaly,yone bulam manysyz durmudsh bolyar.
-
hakykat1
15 years ago
yone hic hacan in bay adam bolmazlyk...
znamenitiy bolayin yone bay bolmayin...
cicek2 | 2009-07-10 22:20:31
sheyle bolsan bayam bolarsyn.sen meshhur sebabi.
-
hakykat1
15 years ago
- bolyada sagja bolun yazgylarynyz u/n gadyrly agzalar,mana bir yurekden syzdyryp hakyky garybyn yazgysyny okasym gelipdi on garyp bolan bolsada bolyar atasy kolhozchy babasy kolhozchy we sh m ,beyle agzalar internedin yanyna nadip gelsin diy.yurekden yazylan garybyn yazgysyny okajakdym welin yene baylar yazgy goyyar baylyk gowy dal diyip,.ok
-
Adybeg
15 years ago
- hakykat dost!!!
garyplan yazanyny okajak bolyan diyyan mi, sen şu yazanyny özün goldayan my dost, kiminki haty bolanda name, kimin düşinjesi bolanda name....
garyplardan dinlejek diyyan....beydip olary ayry yere goysan elbetde yazjagam yazmaz.
birem, men pikirimçe ha hemmamiz garyp, hany namamiz bar elimizde? bugun bar ertir yok ...
(name dost garyp tapsan komek etjek mi? men mal baylygymy yazayyn eger komek etjek bolsan :P:P:P)
-
Maxat
15 years ago
- ayat bolmaly şeyle "eger şükür etseniz size bolan nygmatymy köpelderin", şon yaly kanagatly/şükürlü bolup birazam gayrat edilse bay bolnubam bilner
-
hakykat1
15 years ago
- Adybeg salam!senin sachyn gaty osupdir bu gun 6- bazr gunler parikmaherska baryp sachyny kicheltmani maslahat beryan ,pulun kop bolsa :)
-
Adybeg
15 years ago
Adybeg salam!senin sachyn gaty osupdir bu gun 6- bazr gunler parikmaherska baryp sachyny kicheltmani maslahat beryan ,pulun kop bolsa
hakykat1 | 2009-07-11 00:26:06
salam!
işde g.t mi gaşara elim degenok dost, natjek garyp bolsan şeydip işlemeli bolyarda ...
şonda da sen garyp men bar diyip hiç kimi kemsidemok dost
-
zaman
15 years ago
- Bu soraga Kemine şahyrdan şeylerak jogap
Sana bir sözüm bar pirim Durduly
Sakgalym burawly,murtum bürjüli
80 köpek bilen 30 gürjüli
yadaman yzymdan kowar garyplyk
Kemine diyr geler bir gün şum ölüm
Kimsage toy bayram kimsage zulum
gyyylma ynjama sabyr eyle könül
gelipdir bir zaman gecer garyplyk
-
tgala
15 years ago
- garyplyk bir dertdir adam öldürmez
öldürmese dirilikde güldürmez
yzy ýadyma düşenok
-
cicek2
15 years ago
- adamlar aslynda nahili garyplyk her hili garyplyk bara...
-
hakykat1
15 years ago
- GAryplyk bir dertdir adam oldurmez
oldurmese dirilikde guldurmez
it hem arryklygyn gurda bildirmez
ebetde dushmana sysat yagshy.
-
MH
15 years ago
- Gowy tema ekene :). Menem öz pikirimi goşaýin...
1.Kada : Bilgi(Bilim) = Güýç'dür
2.Kada : Vagt = Nagtdyr. (Puldyr)
Formula : Güýç = İş/Vagt
Güýç = Bilgi (Bilim), Vagt=Nagt (Pul)
Bilgi(Bilim)= İş/Pul İş'i conostant (türkmençesi ýadyma düşmedi :() kabul etsek,
pul köpelerse Bilgi (bilim azalýar, bilgi (bilim) köpelende pul azalýar.
Belki ýokardaky teoriýa Alla Tagallanyň :
' Bilimi isläna, baýlygy islänime bererin' sözüniň jogabydyr :).
-
hakykat1
15 years ago
- wo chotky jogap :)
-
chopan
15 years ago
Gowy tema ekene . Menem öz pikirimi goşaýin...
1.Kada : Bilgi(Bilim) = Güýç'dür
2.Kada : Vagt = Nagtdyr. (Puldyr)
Formula : Güýç = İş/Vagt
Güýç = Bilgi (Bilim), Vagt=Nagt (Pul)
Bilgi(Bilim)= İş/Pul İş'i conostant (türkmençesi ýadyma düşmedi ) kabul etsek,
pul köpelerse Bilgi (bilim azalýar, bilgi (bilim) köpelende pul azalýar.
Belki ýokardaky teoriýa Alla Tagallanyň :
' Bilimi isläna, baýlygy islänime bererin' sözüniň jogabydyr .
MH | 2009-07-12 07:59:34
dostum! üytgeşik seredipsin tema, bolup bilyar!:)
-
muslimah
15 years ago
- yany bir kino gordum,garaz gyz sheyle bir bay yone saglyk yok,olyar sonunda,ine hich pulam komek edenok sheyle yagdayda,ine saglyk-baylyk diyilyani shol
aydyp bilersiniz saglygyng gapdalyndan baylygam bolsady diyip,yone her islan zadyng bolanok,shonung uchin barynga shukur edip yashabermeli,kabirlerde shol sende bar zadam yok
-
cicek2
15 years ago
- mena hemme dashary yurt kinolarynda gorenlerim pul kan yerde olumem kan bolya
tutush omrune gorannyp gorkup gechyan
garyp bolsam hic kimsen bilen ishi yok :-)
-
chopan
15 years ago
- Türkiyedede bir bay adam bardi yada bar, şolam dine kartoşka iyip bilyar, başga hiç zat iyip bilenok!
-
cicek2
15 years ago
- gordunmi?!
shukur edelin!
-
muslimah
15 years ago
- shukur etmek barada bir hekaya yada dushdi hazir:
bir adam metjide baryp Allaha nalynyarmysh,ishi bitmedigi uchin,kynchylyklary bolany uchin,bir seretse gapdalynda bir mayyp kor adam otyryp Allaha shukur edip bar zadyna doga okayarmysh
ol nalynyan adam mayyba seredip birhili bolan
gelin bizem ol nalynan adama menzemalin
-
cicek2
15 years ago
- dogry jora!
-
hakykat1
15 years ago
- cicek owadan adyn bar eken welin mena bir hili gorkyan senin yazgylaryna komentariya goymana cicek2 ,gowy yazgylar goyyan yone sagja bol,adyn gen galdyrdy gaty gorme welin:)
-
ata
15 years ago
- her bir zat öz tersiniň täsiri bn öz täsirini has gowy görkezýän bolmaly. Şu ýagdaýda öň Baýlyk barada mowzuk açylypdy bond tarapyndan. Şol ýerde şeýle oňat maglumatlar, pikirler ýazylypdy. Olardan käbirlerini şu ýerde hem ulanmagy makul gördüm, ynha:
"Ilki aýatdan bir mysal bereýin bu babatda:
(Resulym, sen olara) "Şeýle diý: Eý, mülkiň(ryzkyň, baýlygyň) eýesi bolan, Allahym! Sen mülküňi isläniňe berersiň. Isläniňdenem mülküňi yzyna alarsyň. Ysläniňi eziz (päk, ygtybarly, hormatly) edersiň, isläniňi hem zelil (pes, biabraý) edersiň. Haýyr (bähbit) seniň eliňdedir. Şübhesiz, Sen hemme zada doly ýagdaýda güýç ýetirýäň!" (Ali Ymran süresi, 3/26)
Indi bolsa birnäçe hadyslara ýüzleneli bu babatda:
1-nji hadys:
"Baýlyk - bu baýlyk-mülküň köplügi däl-de, göz doklugydyr."
Muňa başga bir mysal hem:
"1- Ýol görkeziji isleseň Hz.Muhammed (SAW) ýeter;
2- Dost isleseň Kuran ýeter;
3- Maslahat isleseň ölüm ýeter;
4- Baýlyk isleseň kanagat ýeter;
5- Duşman isleseň nebis ýeter!"
2-nji hadys:
"Üç zat bardyr, (bularyň dogrulygy barada size) ant içýärin. Birem, hadys aýtjak, muny gowy ýatda saklaň:
1-Ynsanyň baýlygy sadaka sebäpli azalmaz.
2-Bir bende nähak ýere zulma duçar bolup sabyr etse, Allah onuň hormatyny, namysyny (dünya we ahirette) hökmany ýagdaýda artdyrar.
3-Bir bende dilegçilige başlasa, Allah oňa garyplyk gapysyny hem açar.
Hadysyň dowamynda: "Bir bende Allah razylygy üçin pespäl bolsa, Allah ony beýgelder. Dünya dört kişi üçindir:
1- Bir bende bardyr - Allah oňa baýlyk we ylym berendir. Ol baýlygy babatda Allahdan gorkar. Bbaýlyk we ylmyny ulanyp, sylaýy rahym eder (ene-atasyny, garyndaşlaryny we mätäçleri gezip, olary goldar). (Baýlyk we ylymda) Allahyň hakynyň barlygyny biler; ynha, bu adam iň beýik makamlardan birindedir;
2- Bir bende bardyr - Allah oňa ylym berendir, baýlyk beren däldir, emma ýagşy niýetlidir we: "Baýlygym bolsady, ony pylan adam ýaly haýyr-sahabatda ulanardym" diýer. Ynha, bu adam niýetindäkini amal eden ýaly sogap gazanar, ikisi hem deň derejede sylaglandyrylar;
3- Bir bende bardyr - Allah ona baýlyk berendir, ýöne ylym beren däldir. Baýlygyny biderek sowar. Baýlygy babatda Rabbinden gorkmaz. (Gysgançlygy, sowatsyzlygy sebäpli) baýlyk taýdan sylaýy rahym etmez; baýlygynda Allahyň hakynyň barlygyny hiç-hili pikir etmez. Ynha, bu adam mertebeleriň iň pesindedir;
4- Bir bende bardyr, Allah oňa ne ylym ne-de baýlyk berendir, ýöne: "Eger baýlygym bolsady, ony pylan adam ýaly haýyr-sahabatda ulanardym" diýer. Bulam niýetine görä netije gazanar. Niýet eden şahsyýetiň sogap gazanjyny bolşy ýaly olam gazanar."
"Baýa baý hem Hudaý hem eçiler, garybam oňa hyzmat eder" ýaly söz bir tarapdan dogry ýaly görünse-de, beýleki tarapdan käbir zatlar örän wajyp bolup durýar bu babatda. Meselem:
1- Allah ähli janly-jandara Rahman ady boýunça ryzyklar berýär bu dünýäde. Mukdar taýdan olaryň ukyplaryna görä üýtgeýär;
2- Şükür taýdan baýlyk: "Her nygmat özi üçin şükür islär" diýilýär. Many taýdan hadysda beýan edilişine görä: "Şükür nygmaty zyýadalaşdyrar, mukdar taýdan artdyrar" diýilýär. Aýatda hem nygmatlar üçin şeýle buýrulýar:"Rabbiň beren nygmatlaryny beýan et (we şükür et)!"(Duha süresi, 93/11) Allahyň razy bolan bendelerinde bar bolan aýratynlyklarynda "olar köp şükür ederler..." beýany hem birnäçe ýerde geçýär (mysal: Toba süresi, 9/112);
3- Kanagat taýdan baýlyk: Kanagat eden ýeterlik mukdarda baýlyga eýe bolan ýalydyr. Meselem, tilki näçe mekirlik we gaýrat etse-de, ýene iň hor we aç haýwanlaryň hatarynda görülýär. Balyklar, goýunlar üýtgeşik gaýrat görkezmeselerem, ýene-de ýeterlik mukdarda özlerini ekleýärler;
4- Hasabat: Baý we garyp adamlaryň hasaby bir bolmaz. Muňa mysal hökmünde şu aýatda many taýdan şeýle diýilýär: "Soňra ol gün hökmany ýagdaýda (size berlen her bir) nygmatlardan hasaba çekilersiňiz!" (Tekasür süresi, 102/8) Şu baýlyk taýdan hasaba çekilme barada örän oňat bir dini hekaýa hem bar, "hammalyň hasaby" atly, islänler göz gezdirip bilerler.
Ýene bir hekaýa bolmaly hem baýlyk, hem-de nesibe barada, onam "Baýyň ömri hiç bir haýra ýetmedi" atly hekaýada okap bilersiňiz!
Garaz, baý bolmak gowy zat. Bu başda Allah tarapyn welin, yz ýany bn Biribaryň dünýä üçin ýaradan kanun we sebäplerine hem eýermek gerekliligi bar, umuman. Ýogsa ene-atadan galan ýadygärligi ulanmasyny hem bilmeýän nebereleriň gysga wagtda mätäç ýagdaýa düşmegi ahmal. Baý bolmak gowy, çünki, şu ýagdaýda has gowy zatlary hem-de mukdar taýdan has köp amal edip bolýar. Elbetde, niýetiň päk bolsa. Bu babatda pygamberimiz hem bir hadysynda many taýdan şeýle diýen ekeni:"Güýçli we ejiz bolan ynsanyň/möminiň/musulmanyň güýçlisini seçerin/arzuw ederin!" Şu ýerde "güýçli" sözi hemme taraplaýyn we peýdaly bolmak babatda beýan edilen bolmaly.
Dileg:
Baýlyk taýdan hemmämiz üçin: "Bir bende bardyr - Allah oňa baýlyk we ylym berendir. Ol baýlygy babatda Allahdan gorkar. Bbaýlyk we ylmyny ulanyp, sylaýy rahym eder (ene-atasyny, garyndaşlaryny we mätäçleri gezip, olary goldar). (Baýlyk we ylymda) Allahyň hakynyň barlygyny biler; ynha, bu adam iň beýik makamlardan birindedir" diýlen mertebäni bizi hem rowa görmegini Beýik Biribardan dileýärin!"
-
ata
15 years ago
Şu baýlyk taýdan hasaba çekilme barada örän oňat bir dini hekaýa hem bar, "hammalyň hasaby" atly, islänler göz gezdirip bilerler.
"Hammalyň hasaby
admin / Magtymguly, 08 - 2008
Obada atly bir baý bardy. Onuň sanalgysy dolup, beýleki äleme göçüp gidýär. Şonda onuň ogullary öz kakalarynyň mazarynda oňa ýoldaşlyk edip biljek mert ynsan bar bolsa, onda şoňa kaka wesýeti bilen ummasyz baýlyk berjekdiklerini wada edýärler.
Obada bu ýagdaýa hiç kim milt edip bilmeýär, sebäbi baýyň eden pyssy-pujurlyklary ähli obala mälimdi we şeýle biriniň ýanynda az salymlyk hem bolsa, bolaslary gelenokdy. Ahyry üsti-başy köne-küşülje eşikli, ýekeje köne we kiçijek külbejigi hem-de bar baýlygy ýekeje ýüpi bolan bir hammal “Barybir, durmuşym boýunça şujagaş ýüpim bar, meni heläk edäýesleri ýok-la mazarda!” diýen pikir bilen ummasyz mukdardaky baýlyga özüniň talyplygyny ölen baýyň ogullaryna bildirdi.
Olar kabul edensoňlar hammal gije baýyň mazaryna baryp ýatypdy. Ilkinji gün ölen ynsany ilkinji gezek mazarda hasaba çekýän melekler gelipdi baýyň mazaryna. Olar bu gezek bir ynsan ýerine iki ynsan görenlerinde:”Nähili hem bolsa, bu baý öli, munyň gitjek ýeri ýok, gel-aý, şu hammaly hasaba çekeli ilki!” diýip, ony hasaba çekmäge başladylar:
-Adyň näme?
-Aşyr ogly Mämmet!
-Rebbiň kim?
-Bir bolan Allah!
-Kitabyň näme?
-Biribaryň kelamy – Gurhany Kerim!
-Ynanjyň/diniň näme?
-Yslam! Men hem, Allaha şükür, musulman bolýaryn!
-Pygamberiň kim?
-Ähli pygamberlere ynanmak bilen, iň soňky pygamber – Hz.Muhammed(SAW)!
-Parzlaryňy eda etdiňmi? Ybadatlaryň piri bolan namazyňy dop-dogry we yhlasly okadyňmy, Remezanlarda agyz beklediňmi, sadakaňy berdiňmi hemişe?
-Hawa, Biribara şükür! Sadakany hem özüme düşenje paýy bilen mätäç garyndaşlaryma az-owlak hem bolsa kömek berdim!
-Haja Käbä gitdiňmi?
-Görşüňiz ýaly, men bir hammal, muňa meniň güýjim ýetenok, gidip bilmedim henize çenli!
-Durmuşyňy näme edip geçirdiň?
-Ryzkymy agtaryp!
-Näme bilen?
-Şujagaş ýüpüm bilen hammallyk edip!
-Ýüpi nireden aldyň?
-Ony bir ýerden tapypdym!
-Tapan ýüpüň başga birine degişli bolup, saňa hak geçýänini bileňokmy?
-Bilýän welin, bu ýüp üçin kän pitiwa etmezler diýip pikir edipdim?!
-Seniň ýaly näçe ynsan hammallykdan ryzyk gazanýany bilseň, beýle diymersiň, şeýle dälmi?!
-Hawa, pikir etmändirin!
-Bende hakyny ödemän hem, Jennete gidilmeýänini, jezaňy çekip, ondan soň girilýänini hem bilýänsiňdir onda?!
-Hawa, bilýän men biçäre!
-Onda, galan zatlaryň hasabyny soňa, ýagny, hakyky ýagdaýda öli halyň bilen mazara geleriňe goýup, häzirlikçe kitabyň çep tarapyňdan berlip, jähennemlikdigiňi aýdyp, baýy hasaba çekmäge başlaýarys! – diýip, hammaly goýup, baýy hasaba çekip başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýa-da şaýat bolan hammal neressäniň gara-jany galmaýar. Ertesi ony baýyň ogullary mazardan çykaryp, wada edilen ummasyz mukdardaky baýlygy berjek bolsalar:
- Men pahyr bar baýlygym bolan ýekeje şujagaz ýüpümiň hasabyny berip bilmän jähennemlik boldum, munça baýlygy alyp, şol ýerde has köp mukdarda galasym gelenok, baýlygyňyzam, günäleriňizem, sogaplaryňyzam özüňize nesip etsin, hoş galyň! – diýip, derrew ol ýerden uzaklaşyp gidýär.
Biribardan hemmämiziň ruhumyzy iman baýlygy bilen almagyny, hasabymyzyň aňsat bolmagyny, Baky Jenneti we Biribaryň Öz Jemalyna muşdak etmegini dilemek bilen!"
çeşme: www.yslam.info
-
ata
15 years ago
Ýene bir hekaýa bolmaly hem baýlyk, hem-de nesibe barada, onam "Baýyň ömri hiç bir haýra ýetmedi" atly hekaýada okap bilersiňiz!
"Baýyň ömri hiç bir haýra ýetmedi
admin / Gorkut, 09 - 2008
Şäherde bir baý adam bardy. Bir üýşmeleňde giden märekäniň içinde:”Meniň şäherde 50 sany öýüm, çölde 500 iri şahly malym, bankda 5 milýon dollarym, öýde 5 sany maşynym,..., başga-da birnäçe baýlykdyr mümkinçilik bar!” diýip magtanýardy. Märekäniň içinden bir ynsan örboýuna galyp:
- Eý, pylany! Bize öz şahsy baýlygyňdan söz etme! Şu wagta deňiç halka eden kömegiňden, beren zekatlaryňdan(sadaka) we haýyrlaryňdan söz et! – diýdi. Şonda şol baý adam az salym dymyp durdy-da
- Olary etmäge-de wagt geler! – diýip, gysgajyk jogap berdi.
Kän wagt däl, bary-ýogy bir gün geçensoň, şol baýyň jynazasyna soragy soran adam hem gatnaşypdy. Şonda ynsanlar öz içlerinden:”Diýmek, baý hem bolsa haýra ömri ýetmedi, Biribar oňa bu ýagdaýy rowa görmedi, beýle ýagdaýdan Allahyň Özi bizi uzak tutsyn!” diýip oýa batypdylar.
Hawa, kim bilýär, “Ýagşylyk et, derýa at. Balyk biler, balyk bilmese Halyk !”, ýogsam bolmasa “az salymdan giç bolar!” , şeýlelik bilen “yzyna gaýtaryp bolmajak bir pursat” emele geler.
Ählimizi mükinçiliklerimize görä haýyr eden bendeleriniň hataryna goşmagyny Biribardan dilemek bilen!"
çeşme: www.yslam.info
-
usher
15 years ago
- ata aga sagbolayt okap vagtymyn nahili gideninem bilmandirin...
onem suny biri aydyp beripdy gaty manyly..
-
gulci
15 years ago
- garyplyk...dil bilen,el bilen yazylyp aydyp bolmazmyka diyyan.ony diňe yaşan biler...
-
Studentka
15 years ago
ichinizde garyp bolup goren yokda ,bardyr bolaymaly hokman bolmaly sizin barynyz bay dalsiniz oza name bolsada.
hakykat1 | 2009-07-10 11:04:19
Bu nahili sorag we dushunje??
A name ichimizde garyp bolan shol garyplygyna "buysanyp" gurrun bersinmi hakykat?? dushunmedim..?
P.S. garyplygy dine bashyndan gechirip tejribe edenson dushunaymesen..plyus Bizde beyle "achlyk" yok yagny Afrikan kop yurtlary yada Hindistan..etc yaly yurtlar... shol zatlary gorup "barja zadyna" shukur edip yashamaly diydiryar...
-
mejnun_i
15 years ago
- garyplyk adamyn belki dünyadaki synagydyr.!Kabir adamlar şol synaga duçar bolyandyrlar,yada kabir yurtlaryn adamlary(exp:hindistan,bangaladeş).Onu köp adam islemez yöne durmuş da bu islegine garamaya,göz yaşyna seretmeya..Kimin boynuna düşse şolam şol synagy çekmage mejbur galya.Garyplyga sebap elbetde yaltaçylyk,işlemezlik we şuna menzeş görünyan sebapler bolsa da eger manlayda bar bolsa sen işszilige nagile bildirmeğin biderek bolya.Garyplyk görünaymage gaty yaman zat yaly görünyar weli mana göra garyp yaşamagynam bir hezili bardyrow..Sebabi bay bolsan otweçat etjek yükün kan bolyar,Garyplarda senin hakyn bolyar,Birem dünyada yaşanson özüni pula aldyrman,parahor,dünyadan gaytmaz yaly erbet ahlakdan uzak durman kyn bolyar.Şonun üçin üstünde hiç kimin haky bolman,tamiz ,hudaya şükür edip yaşap yörmek bir başgaça myka diyyan.Elbetde hemme baylar beyle bolar diymek yalnyşlyk bolar meselem Hz.ebu bekirem(r.a) öz döwürünün gaty bay tajirlerinden biri bolmagyna garamazdan yaşan durmuşy hemmelere nusga bolup duryar,şona menzeş hz.Musab bin umeyri(r.a) hem bir geyenini ikinji gezek geymejek yaly gaty bay bolan yöne baylygyn guly bolmady yada Hz.hatyja ejemizin yslam dini üçin harjan baylyklaryny mysal berip bileris.
Herkim beyle yaşap bilmejekligi üçinem mena obada hudaya şükür edip garyp yaşamany özüme has makul göryan.
-
mejnun_i
15 years ago
watany ösdürmek üçin, bilimli nesil ýetşdirmek üçin,...
maksadyňa bagly ýagdaýda eden işleriňem sowabyny alarsyň.
halka kömek etmanin yoly dine baylyk dala:)
onsonam bular dile ansat başyna gelse nahili hereket etjegini dile alla bilyar.Şonun üçinem kan özüne bil baglamalydal.
-
gulnaz
15 years ago
- salam hakykat1!!!
garyplyk baylyk her kiminem bashyna duship biler, yone men ozuma kynchylyk gorsem kynchylykdan ozumi gowy yola alyp chyksam son shol gowy yola alyp chykanymy gorup Allaha shukur etyan...baylyk kop pullyk adamy zayalayar men gaytam bay bolup yashamakdan gorkyan...baylaryn chagalary ozlerinin alypbarshlary bashga garyplaryn chagalary terbiyesi bashga...son ol bayyn chagalry ulalanda ozlerine kynchylyk dushende kanagat etmek olara kyn dushyar...garyplaryn chagalary ulalanda ozlerinin kichi vagty garyp yashandygyny bilip kynchylyklary kanagat edip bilyar...men diyjek bolanyma dushunesiniz diyip umyt etyan...bagyshlan...
yokarda ata agzamyz doly we dogry yazypdyr...
hakykat1 15 years ago- garyplyk bu nesil yzarlayan bolup biler yone ondan nadip gachyp gutulmaly,eger senin kakan kakasy kolhozchy bolan bolsa garaz arkalaryn barsy kolhozchy bolsa ondan nadip chyksa bolar?