Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Düýn umumy ýashaýysh jaýynda nahar bishirmek gezegim gelipdi. Möhüm ishim çykyp dostuma haýysh etdim. Olam "bagyshla dost, men dushushyga gitmeli" diýdi. Menem möhüm ishimi tashlap oglanlar meniñ nobatymda aç galmasynlar diýip nahar bishirdim. Görüp otursam ýañky dushushyga gitmeli dostum otagynda dushushyk geçýär eken. Internede çatylan trubkasyny gujaklap tanyshlyk saýtynda otyr eken. Gaharyma depe-saçym hüzherdi. "sen ol gyza öýlenjekmi?" diýsem, "öýlenerin" diýýär. Iñ bolmanda ol gyzy görmändirem. Ýazyshy ýaraýamysh, häsiýeti gowymysh. hormatly agzalar! internetdäki ýazyshy bilen adam durmushda deñ bolup bilermi? Siz tanyshlyk saýtlarynda bagtyny tapan adama dushduñyzmy? Menä dogrymy aýtsam biderek wagt geçirmekmikä diýýän. Siziñ pikirleriñiz?

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir