Gyzlara we Oglanlara ar-namys sowaly...

Toý sowulsada märeke köplükdi. Entek gaty garaňky düşmändi. Bir-birini jan tenden söýen ýaşlaryň bagt toýlaryny edip, maksat-myratlaryna ýetmegi gör nähili gowylyk. Öýlenen oglan Mergen, toýdan soňa galan myhmanlaryň arasynda begenip şatlanyp aýlanypýördi. Gelni Güljan hem joradyr, gyz-gelinler bilen otyryp jykyr-jykyr gülüşýärdiler. Goňşy otagda otyran Mergeniň dostlary:
-Mergen. How Mergen. Nirde senhooo!? Gelä bärik. Öýlenip ýitäýýäňlaý!? - diýip öýlenen oglany çagyrdylar. Mergen:
-Aýdyberiň dostlar näme hyzmat, ýetmeýän zadyňyz barmy!?- diýip myhmanlaryn söz atdy. Dost oglanlary, toý naharlaryndan, näz-nygmatlaryndan gowy garynlaryny doýurup innem gülki-oýuna mätäçdiler. Mergen dostlary bilen gowy görüşip ysnyşykly gatnaşýardy. Emma dostlarynyň oýununa entek taýyndäldi. Ýiti paýhasly dostlarynyň biri Gurban gapdalyndaky dostlaryna garap:
-Şu oýundana sypan ýok, hak aşyk bolsalar, bular oýundan aňsat gutularlar, serediň edişime!!! - diýip Mergene garap:
-Dostum Mergen ilki bilenä bagt toýuň gutly bolsun, goç-goç ogul bersin. Soňundanam, eşitmişime görä gelniň bilen sen gaty halaşypsyňyz. Barlap göreli diýdik. Gelniň seni är hasaplaýarmyka, seň diýenleriňi edýärmikä? Çagyryp iş buýrup görhooo! Göreli! Ýa-da eýýämden jylawy beräýdiňmi oňa!? Barlaly seni!!! - diýip hahaýlap güldi. Mergen iki odyň arasynda galdy. Içinden "bäää gelnimi çagyryp iş buýrsam olam etmese, dostlarym ömrüme üsdümden gülüp geçerler. Çagyrmasam bu hem çykalga däl. Güljan saňa ynanýan" diýip pikirlenip daşary çykjak bolanynda dostlary "gidip ýolda gelniňe duýdurmazyň ýaly ýanymyzda durup çagyraý" diýip sakladylar. Mergen gapynyň işiginden gelnini çagyrdy. Güljan şyňňyr şyňňyr edip gyzyl kürteli otaga girdi. Şol pursat dostlarynyň biri süýjili gutydaky kemputdyr kökeleriň barysyny halynyň üsdüne serpip göýberdi. Mergen ýuwaşlyk bilen "Çöple" diýdi. Geliň bolsa... (SORAG ŞEÝLE:-gyzlar siz nähili hereket ederdiňiz? Oglanlar siz näme hereket edenini islärdiňiz?)

Awtory: IDEALLIDER.

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir