Eger asakdakylary okap menden gaty gorseniz, Sizden onunden otunc sorayan: -Onki prezidentimizin eden halka peydaly yekeje zadyny mana mysal berin. Men obada yetisdim, Halkyn %60-y oba ilatydyr bilyansiniz,oz etrabymdan baslayyn: G... etraby: etraba birje kilometr asfalt cekilen bolsady, basyma tac ederdim. Halk, budur sudur yollardan yana ona gargys baryny okayardy. Ol yerde, doly isleyan, yekeje zawod, yekeje fabrik yok, Gaytam halkyn oylerini yykyp yerine mellek yer berilip, ol yykylan yerlerede ici bosap yatan, gymmat kasan jaylary salyndy. Siz ol oyleri yykylanlar bilen sohbetdes bolup gordunizmi? Yagmyr Owez hakim mahalynda men Dasoguzda okayadym , onun yaly guycli hakim hic gelmandi, indem gelmez oytdan. Derrew pagtanny dolmadyn bahanasy bilen yerinden ayyrdy patysha. Suw bolmasa nadip doljak. Ilki bir suw problemasyny cozup bilmedi. Turkmenkol diyip bir zat baslatdy welin ona dunyanin puluny berdi, hany indi name, nirde Turkmenkol, unudaydylarmy ya? Yada gereksiz peydasyz diyip, goybolsun edildimi. Onun yerine sonky tehnologiyany ulanyp yerasty suwlary hem ulanyp bolardy meselem. Pensiyasy kesilen yasulylar,Oba halky issizlikden gan aglayar. Obamyzyn butin yaslary asgabada gelip turklere gul bolup isleyarler, propiskalary bolmany ucin olaryn hak hukuklary hem yok, neresseleri polisiya tutup poyezde mundirip goyberyar, olar bolsa yene yzyna , GULBAZARA. Obada name etmeli, pagtamy , onun girdejisi nahili , bir masgalany ekleyarmi ? Yerine pagtanyn cigdinin yagyny alyas gunumizi goryas, Haa.. siz pagtanyn cigdinin yagyny iyip gordunizmi, a men iyip gordum, zyyanlymy zyyansyzmy parhyma dal , sebabi basga zat elyeterli dal. Pagta ekyanlerin girdejileri bilen Gyzyklanyp gorun, telewizorda aydylanlar mana diyseniz ol oz pikiriniz. Ahaa.. siz obada her iki oyde bir geroincinin bardygyny bilyanizmi. O nirden gelyaka., kim onun garsyna sowesya. Her uc oyden bir kisi turmede yatyp cykdy. Turmeler hyryndykyn bolup amnistiya cykaryalar, yene her yyl dolya, yene sol bir hekaya. Ol welayatlar arasy postlar nameday, Bir gezek dostumyn toyuna Lebaba gidende, isimi gorduler, cakylykmy namemi,belki meni gara listede alandyrlar sonda, gaydyp gitmez yaly boldum, ondan dasary yurda gitmek has ansatrakdy. Bir yolbascy belleya hakim edip,yene ayryp turma dykya, yene ozi belleya , yene ayryp turma, oz bellan adamyny ozun ayyrmak: oz yalnysyny boyun almak diymekdir. Sonun yaly bellenenlerin 100-200-i turmede yatandyr belki suwagt. Aytsanyzlan Onun nace sany Kosgi bardy, Elinde nace sany bahasy duysunize hem girmejek yuzuk bardy. Bolya dakyn, yone utanman ol yuzukler bilen, altyn monjuklar bilen telewizora, surata dusmek , menin pikirimce akmaklykdan basga hic zat dal. Haa namemis ministrler sowgat berenmis, ministrler puly nirden aldyka, olara kim rugsat berdika.? ya-da araplar sowgat berenmis, name ucinka? bardyr bir sebabi. yadynyzda bolsa telewizorda cykys edipdi aylygym 2000 dolar diyip , 2000 dolara yuzugin gasham dusenok. Elbetde, tire taypa dawasyny aradan ayranmys, Garaszyklykdan owal tire taypanyn , teke yomudyn namedigini hem bilmeyadik , agzybirdik. Ilki teke, yomud, tire taypa sozlerini ozi cykaryp, bizi ayyryp sonam birlesdiren bolya. Ya-da basgaca dusunyanlerem bardyr aranyzda elbetde, men ozumin yada oba halkynyn pikirlerini aydyan. Birje; gaz arzandy (mugt dal) suw-a yokdam (bolya o-da mugt diyeli) benzinli mesele yany duzelip ugrapdy. Oba halky halky ashgabatdan oba gitmek ucin dandan 5-de turup awiakassa ocura duryandygyny bilyadinizmi. Satylyp baslayaram welin 5 minutda gutarya. Hic duser yaly dal. Taze prezident bir gunde duzetdi meselani, 17 yylda dal. Yone hazir yene baslapdyr diyip esitdim. Turkmenistanda ,Nasrulla sylanyan yekeje adamdy. Onam 22 yyla turma goyberdi, 1-yyl yagsy, 3 ya 5 yyl yagsy, yone 22 yyl ,gozonunize getirip gorun.Dile ansat.(Moskwada 18 yasyndaky bir milletci rus, 22 sany migranty olduripdir , we bary yogy 10 yyl alypdyr) Nasrulla Name ucin basyldy? Ruhnamany metjide yazylmagyna garsy cykany ucinmi? ya-da basga sebap bilyanler bar bolsa aydayyn. Altyn cayylan heykelleri gorsen aglajagynam bilenok guljeginem. "Ruhnamany uc gezek okan jennede gidyandir" Bu sozler kimin sozlerika, bu sozlerin eyesini tapmak ucin youtube-e girip gorayin. Aranyzda -yook, eyle diymek islemandi, beyle diymek islapdi diyjeklerem tapylar. Ruhnamada elbetde gowy zatlar yazylan, yone halka zorluk bilen Ruhnama okatmak gowulyga dal, Kekirdege cenli gelipdi ahyryn. Aylaryn adyna oz ejesinin we kakasynyn we oz adyny bermega bir eden etdilikden we samsyklykdan basga zat dalmika diyyan. Bu pikir bilen razylasmayan barmy, -saklanan -garsy -yok Biz bir sada turkmen, bular yaly zatlar normal gorunya, gozumiz gulagymyz owrenisipdir. Yone dasary yurtlylar nahili gulkunc gelyandigini bir bilsediniz. Garassyzlygy cykgynsyz yagdaya duseni ucin aldy, menem ozbeklerden kem galmayyn-da - diyip. Yogsam sonuna cenli SSSR-de galjak diyip yer depip durdy. Bitaraplygy bolsa, Dasary yurtlylar menin eden etdiligime gosulmasyn diyip aldy, ozunden basga kimin peydasyna boldy, aydyn. Owganlardan ya eyranlylardan goradymy ya? (Arkanda gazyna goz dikip duran Orsyet bilen Amerika yaly guycli dowletler durka, kim sana name diysin) Haa.. Gonsylar bilen aramyzy gowylandyranmys, Kim bilen aramyz gowudy aydyn : -Entagem aracagimiz yapyk, suwumyz dawaly bolan Ozbekler bilenmi? -Ya-da Kaspiyde usti dawaly nebit yatagy bolan Azeriler bilenmi, - Ya monopolist Orslar bilenmi, -Ya-da "ynsan haklary" diyip bas bas gygyryan we gaz sebapli seslerini cykaryp bilmeyan yewropalylar bilenmi? Su wagta cenli nira gaz turba cekildi, orslaryn gurup berip giden kone gaz turbasy bilen gunumizi goryas, entagem. 17 yyllap, oyana cekjek buyana cekjek diyip, oynatgy bolduk butin dunya. Hazir birneme sozumizi gecirip ugradyk. Onun gurup giden yoluny hazirki hem yzarlayar, bahana bolaydy. Tayyarjak. -Yasulylar barmy bir meselaniz, aydyn? -Yok Yok, hemme zat gulala gulluk,yekeje arzymyz bar, olam sizin omurlik prezident bolmagynyzy isleyas. -Ay bor-da, dym isleyan bolsanyz... Hany adalat, hany demokrat saylawlar. Ahyry kesellap ugranson, Yelsin yaly bir mirasduser goymak islandir-da. Al sana mirasduser. 2009-da saylaw gecirelin adamlar diyende, Yok, Biz garsy-diyip yer depyan o ministrleri gorende halk aglajagynam bilenok guljeginem. Nametjek. Onsuzam yasasa boljak eken-a. Iki tom Ruhnama, 7-8 sany gosgy kitabyny yazypdyr. Onun yzyndan gijesini gundiz edip ishleyan belli belli sahyrlar,yazyjylar hem yetip bilenok. Shonca kitaby ozunin yazandygyna ynanyan bolsanyz, onda menem sizin sadalygyzy nabileyin-da.. Yok yok,prezident hic hacan aldayan daldir.. 2005 -de bas gunakarin nadip ele salynanyny aydyp bereyinmi size. Yok, o kop bolar. Politikadan yana nace nace akylly adamlaryn basylanlygy, we kowulanlygy ayratyn bir tema. Ony shol hala getiren bizin ozumiz. Gunali biz.Owup owup arsa galdyrdyk.Yogsam onun eden islerini yonekey adamam edip bilerdi. Bir gowy eden isi: -Turkmen-turk mekdeplerini gurdurdy, ya-da goldady diysek has dogry bolar. Sonunda olara-da hokmurowlyk edip baslady. mudirleri calysdy, ay garaz, biliminem isini gordi. Turkiyani gutaryp gelip is gozleyanlere soran yagdaylaryny, Solar gaty beletdirler. Oglanlar, Bular dine oz aramyzdadyr...(bez obid) Sagbolun...

Köneler, juneythan tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir