SALAM hormatly den dushlar!men shu tada goryan welin kop turk durmushundan soz achylyar. yalnyshmasam shu sayty hem achanlar turkmen turk mekdeplerinden mika oydyan. yalnyshmasam sol medebi gutaranlar nurjylardan mika??? eysem de nurjylar kim nahili bir gurama!!! nurjylar maksady name etmek?
Nurjylar kimler ?
-
arassaTürkmen
16 years ago
- Gadyrdan Yewropa, soragyna jogap beryan, oka! Nurjylar - Nur Jemagaty ady bilen, daşyndan yslam dinini dünyä yayradyan topar bolup görünyän, yöne syýasy magsatlar bilen hereket edyän bir topar. Käbir döwletlerde okuwlary bolsada şol döwletleriň hökümetleri, içeri işleri we milli howupsyzlyk guramalary tarapyndan yzarlanyp gaty bir erkin hereket etmegine rugsat berilmeyän topardyr. Bu hereketçileriň magsadynyň syýasy bolandygyna düşünen (mysal üçin Rossiya Federasiyasy, Özbegistan Respublikasy) döwletler wagtyynda olaryň okuwlarynyň yapylmagyna karar berdiler. Bu topar Amerikan CIA we Think - Tank adyndaky Amerikanyň dünyäniň syýasy, ykdysady, medeni, dini we sosial meseleleri bilen gyzyklanan konseyi tarapyndan finansal goldaw alyar. Şeylelik bilen dünyäniň käbir döwletlerinde okuw açmak bilen diňe finansal goldaw däl yogsam şol döwletlere giden mugallymlar üçin yaşyl geçiş yeňilliklerinden hem peydalanyarlar. Şu wagt Nur Jemagatynyň Lideri bolup görünyän yöne diňe Gurjak (kukla) hökmünde ulanylyan we yürekden hyzmat edyän aşakdaky Nurjylaryň ynamyna girmek üçin ulanylýan adam (Pethullah Gülen) Syýasy Gaçy hökmünde Amerikada ýaşaýar.
Netije bilen aytjak bolyan zadym Nurjylar men şulary siziň hiçbirinizin göwnünize degmek üçin yazmadym, yslam dini üçin hereket edyärmikam diyip yürekden hyzmat edyänleriň bu zatlardan habary yok we köpüsi hem adamçylykly Türkmen oglanlarymyz, yöne şu herekete goşulyp geljekde sizi Watan Satan edip yetişdirjekdiklerinden we öz Watanyňyza sizde yigrenç döretjeklerinden hem habarynyz bolsun. Sagbolun.
-
btp
16 years ago
- arassatürkmen, ähtimal üstüne bir topara töhmet atmak arassa türkmene gelişyarmika, men ol toparyň içinde dal welin yigidi öldür yöne hakyny ber; men sana şuny diyeyin bratişka, eger ol toparyn ideologiýasy orta aziyada okuwlar açdyrmasady onda fizika we matematika dünýä olimpiadalarynda türkmenistanyň ady çykmardy, sebäbi munyň üçin döwlet pul aýyrsa da o pul "bilim ministirliginiň(?)" içinden çykmaýar. Netijede diňe ttm'Niň okuwçylary gidip bilýär. Seret meniň aýtýanym faktdyr, orta mekdepden çykan bir olimpiýaçy hökmünde muny aýdyp bilerin, senem şol töhmetlerini subut etjek delilleriň bar bolsa oklap goybersene; netijede ol toparyň içinde bolan bizin dostlarymyz bar; hem bir türkmenistanyň rayady hökmünde bu çözülaýmeli esas problema(eger şeyle seretyän bolsaň) däldirle
-
arassaTürkmen
16 years ago
- btp dünya garayşyň nemäniň deşigi yaljak darajyk ekeni, başga aytjak zadym yok. Derejämden pes bolanyň üçin saňa sözümi zayalyp biljek däl.
-
btp
16 years ago
btp dünya garayşyň nemäniň deşigi yaljak darajyk ekeni, başga aytjak zadym yok. Derejämden pes bolanyň üçin saňa sözümi zayalyp biljek däl.
ýagdaýa seredişiňe bagly bu, men bu platformany pikir alyşyp berişilýän bit ýer diýip tanadym, urşup-sögüşilýän däl; men saňa bar bolsa elinde, fakt we delil getir diýdim; aýdara zadyň bolmany üçin kemsidip ugraýaň; türkmen milleti bu garaýyşdan ýadady arassatürkmen,yagny kemsitmek tm'da köpimizde bar, yöne sen daşarda okabam düzelip bilmedik bolsaň gynandym, delil getir diýemde barybir hiç zat getirip bilmejegiňem bilýädim aslynda...biz belli bir çyzgynyň üstündaki türkmenler bolsak, ylymly we medeni bolsak onda birbirimize hormat goýmagy bilmelimikak diyyan, neyse....
-
btp
16 years ago
- arassatürkmen, seniň bu niki saýlamagyna näme sebäp bolduka, men geçende bir hekaýa okapdym, Aziz Nesin atly bir türk ýazyjy barada,saňa hödürleýän:
Hüzünlü bir soyadı hikayesi
>
> "1934 yılında soyadı kanunu çıktı, her türk kendine bir soyadı alacaktı.
> Herkes kendi soyadını kendisi seçtiği için insanların bütün gizli aşağılık
> duyguları ortaya çıktı.Dünyanın en cimrileri 'eli açık', dünyanın en
> korkakları
> 'yürekli', dünyanın en tembelleri 'çalışkan' gibi soyadları aldılar.Bir
> mektup
> yazabilecek zamanda ancak imzasını atabilen bir öğretmenimiz kendisine
> 'çevikel' soyadının almıştı.Irkçılığın yayıldığı günler olduğundan,
> özellikle
> Türklüğü karışık olanlar ırkçılığı anlatan soyadlarını kapışıyorlardı. Her
> türlü
> yağmada hep sona kaldığım için güzel soyadı yağmasında da sona kaldım.
> Bana, ortada böbürlenebileceğim bir soyadı kalmadığından, kendime 'nesin'
> soyadını aldım.Herkes 'nesin' diye çağırdıkça ne olduğumu düşünüp kendime
> geleyim istedim."
>
> Aziz Nesin
-
ata
16 years ago
btp dünya garayşyň nemäniň deşigi yaljak darajyk ekeni, başga aytjak zadym yok.
Btp-niň-ä dünýägaraýşy beýle däl ekeni.
Ýöne, ynha, seňki welin şeýle, hatda, ondanam dar ekeni, "arassaTürkmen"!
Derejämden pes bolanyň üçin saňa sözümi zayalyp biljek däl.
arassaTürkmen
Seň ýalylar birgiden agzalyk adyna bukulyp, içindäki zäherlerini gelip şu ýerde pürkýärler. Ynha, şu tetelli agzalaň ýekeje ýazgysyna-da üns bermeli däl!
Şyltagyň, töhmediň baryp ýatanyny edýärler!
Mümkin, ahyrete-de ynanýan däldirler. Aslynda, ýüregim bn ynanmaklaryny isleýän. Ynansalar, ynanmasalaram, ahyretde atan şyltaklary sebäpli, milýonlarça ynsanyň elleri ýakalaryna ýapyşanlarynda, ýagdaýa doly göz ýetirerler, ýöne "suw seňrikden agdy" diýleni bolar!
Gynanýan!
-
btp
16 years ago
- men öňki nikimde kän sögünýädim, şonuň üçinem hemme mowzuklarymy öçürdip bu niki ulanmaga başladym weli käbirleri hakykatdanam her hapa sözi hak etýän ýaly, men ýene de ýakynlarda özüme çyzan hetdimi aşmaýyn.
Eger ugraşylmaly bir problema bar bolsa bu bizin öz milli problemalarymyz bolmaly;öylerde galýan türkmen dostlara ýüzlenýän:"Eger siziň başga alternatiwalaryňyz bolsady, onda yene de jemagat öýlerinde galarmydyňyz?", bu soraga "yok" ýa da "howwa" diýyenem çykar; bilim mnstrlgnň dikmesi Hemra Haýyrow eger gorkuzyp däl de (menä ondan hakykatdanam gorkýan kan görmedim dogrusy) şeyle alternatiwalar döredip berse,meselem, eger kwartira tutjak bolsanyz size burs çykartjak ya da goş almaga kömek etjek diysedi, ki islese muny edibem biljek yagdayda ol,in azyndan yokardaky soraga "yok" diyenleri ol topardan gutarardy, ay bolyala iş ehline berilmese, ne bu milletiň ne de döwletiň düzeljegi ýoklaý...
-
jigit
16 years ago
- arassaturkmen elbette herkimin oz pikiri bar ona sarpa goymak gerek yone her pikir dogri daldir. goryan velin senin bu pikirin bilen ilalashyan gati az oydyan diymek sen yene bir pikirlen belki yalnishlik sendedir.
-
arassaTürkmen
16 years ago
- gardaşlar agzalalyk isleyänleriň içini güldirmäliň, men bäri jedel etmek üçin gelmedim.
ata nätdiňay, biz hem ynanyarys hudaya, diňe sen däl. menem bilyän adamzada 60 - 70 ýyllyk durmuş öz bahbidi üçin yaşamaga berilmändigini. Yöne bu giň dünyämizde bir tarapdan siziň ýalylara allow ekber diydirip beyleki tarapdan hem eliňden barja baylygyňy hem aljak bolyan käbir ösen toplumlar bar. Ol toplumlar sen bir zada akyl yetirdimmikäm diyeniňde olar on müň zada akyl yetirip goyanlar düşündiňmi. Köp bilyärmikäm öytmäň.
-
mekkash
16 years ago
- menin pikirimce bu temanyn yeri bari dalmika?
-
jigit
16 years ago
- diymek bir kop bilyan senda arassa bulari nireden bilyan?
-
btp
16 years ago
- bu soraga obyektiw jogap berip bilmek üçin hem şy gürrüňi gidýän "nurjylary" hemem olara garşy çykýanlaryň daýanaklaryna üns bermeli we gowy bilmeli, a_türkmen senin yazanlaryňy men aydin doganyň gazetlerinde kan okadym,yagny senin goşmaça pikiriň yok ol yerde,olar wagtynda gulagymyza küpe boldy,yöne şu magta çenli subut edilen bir fakt bolmadygyna göra ol toparyn içinde galyanlaram (elbet-de hemmesi bolman biler, yöne şu magt munyn gürrüni gidenok) köpdügüne göra, birgünden birgüne birileri çykp diymeda, "hakykatdanam men şol jemagatyň içinde galdym we muny subut etjek we bizi şüphelendirjek kabir zatlara göz yetirdim",tamam, adam faktorunyn bar yerinde kabir hatalar we egsiklikler bolup biler, yöne bu nirede yok, men samimi bir şekilde aydayin, ilki gelenimizde gaty kyn günler çekdik biz türkiyede, yat yurtda ansat dal elbet, ne iymage ne de geymage pulumyzy yetirip bilyadik, bize seretdiler, alada etdiler, bayramlarda sowgadam berdiler, yöne mantygymyzy elimizden almadylar(zaten saçma bir zat welin neyse), yöne eger hemra ya da ilçihanamyz bize bulary etsedi, reddetjek yagdayimiz yokdy "herhalda"...ay mena gaytdymlay
-
mazmun
16 years ago
- ýokarda ýazylanlary okap men şuňa göz ýetirdim.haýsy hem bolsa bir dini topar ekstramistik häsiýetlidir. munuň şeýledigi şu ýerde ýazylanlardan aýdyň duýulýar.
beýle ýagdaý yurtda raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi hem de domokratik dolanyşyga geçmäge uly böwetdir.
diniň diýdimzor häkimiýeti indi taryhyň gatyna ymykly garyldy. mundan buýana diňe demokratik ýol bilen jemgyýetimizi ösdürmelidiris.
-
btp
16 years ago
- mazmun, haysiyazgilar seni bu pikire itdi, men açyk aydayin kursdaşlarym bilen galyan, yöne elimizi yüregimize goyup aydali, olaryn öylerine girip yekeje gezek nahr iymedik ya da bir kase çayini içmedik bit türkmen talyp barmyka; men şunam aydayin, yazgilarymda obyektiw boljak boldum, jemagatda ters gityan zatlaram bardyr bolubam biler, hat-da baram, meselem, gyzyl kitaplarynda "şeytandan we siyasatdan alla sygynyan diyya" pikir liderleri yöne hazirki yagdayda siyasadyn içinde yokdugyny aytmak mümkin dal, birä gazedin "yorum sahypasyny" okalyn diyyaler, birem siyasada goşulmalyn diyyaler, mümkinmi, yöne bu hata hemmesini kesdirip zynmagymyzy dogrulanok, koroçe bratwa meni şuňa ynandyryň haýyşt: türkmenistan döwletine bilimde we halkymyzyn dünyade adynyň eşidilmegine şu 18 yil boýunça olardan has uly iş eden bir gurama barmy, bizin haramzada bilim ministri olimpiada üçin ayrilan puly öz çagasyna iydiryarka, olar yene de öz hasabina bizinkileri olimpiada akidip adimizi eşitdirdiler...
-
mazmun
16 years ago
- nurjularyň kimlerdigi,olaryň näme maksatlarynyň bardygy barada takyk zatlar aýdyp bilmesemde,şol toparyň türkmenistanyň içine kök salyşyny başardygymdan yzarlamaga çalyşaýyn.
meniň pikirimçe söwet bilim sistemasy böwrüni ýere berensoň, bilim sowat wakumy meýdana gelen döwürlerinde türkmenistana aralaşan bu mekdepler zehinli ýaşlary saýlap alyp olara dünýewi bilim bilen bir hatarda dini ideologiýa ýugurulan bilimi hem berdiler we berip gelýär. dini bilimi käte açykdan etseler käte ýaşryn berýärler. entek kämillik ýaşyna hem doly suratda ýetmedik ýetginjekleriň aňyna täsir edýärler.şol täsiriň netijesinde ilki şahsy kimligini, wagtyň geçmegi bilen milli kimligini ýitirýär.sözüň doly manysynda düýbinden taze jemgyýet tarapyndan ýadyrganylýan biri hökmünde kemala gelýär.gynansagam ýaşlarymyzyň köpüsüne mekdebi tamamlanlaryndan soň hem özlerini bendi eden düşünjelerden saplanmak başartmaýar.
-
mazmun
16 years ago
- btp, dogry aýdýaň, biziň türkiýä gelip okaýan ýaşlarymyzyň köp bolegi ykdysady ýetmezçilik zerarly şol we şoňa meňzeş toparlaryň lepbeý gullaryna öwrülýär.mekdeplerde bolsa seniň aýdyşyň ýaly berilýan bilimimiň yşgyna düşülýar.berilýän bilimiň hili barada aýratyn ýazmak isleýän.
saýlantgy ýaşlarymyz aýny ýaşda salgyma kowalaşyp, watana peýdaly bolup biljek wagtlary, türkmene ýad patentli ideologiýa hyzmat etseler, seniňem ýokarda tassyklaýşyň ýaly diňe şahsy bähbidinden ugur alýan adamlaryň oljasyna öwrülmezmi bu giň sahra.ozal ruslaryň dinsizlige ýugrulan ideologiýasy bilen beýnler ýuwulan bolsa indi türkleriň dine ýugurylan ideologiýasy bilen gidilse petige direlmezmi bu jemgyýet.
türkmen dinsiz, kapyr ýa münapyk millet däl. türkmen üçin sada din ýeterlik. sada din diýýanim gurhanda we pygamberiň hadyslarynda ündelenler.
biziň däp dessurlarymyz hem sap diniň ýörelgesine çapraz däl. galybersede magtymguly,azady ýaly ulamalarymyzyň dini garaýyşlaryny hem pugta öwrenmek bu ugurda gaty peýda berer.elbetde biz özümizde bar bolan jöwheri doly bahaly bilmämizsoň, ýaşlarymyz hem özlerini daşardan gelýan dini(goý ol yslam bolsun, gý, hristiýan bolsun)ideologiýalara garşy durup bilenoklar.bu kemter ýanlaryny ýüzleý bahanalar bilen aklajak bolýarlar.(olar bilim berdi,pul berdi,nan berdi we ş.m bahanalar bilen) aslynda şol ujypsyz zatlaryň öwezine erkini berýär,bir halkyň geljegini berýär, bu düýli zatlar olaryň gözüne ilenok.
-
btp
16 years ago
- mazmun, sen haysi mekdepde okadyn bilemok yöne aýtýan zatlarynda dogrularam ýok däl; goşulmadyk taraplarym köp diýip bilerin ýöne,günümiziň türkiýesini gowy tanaýan bolsaň, Osmanly döwletini ýykan zahiniň hem yewropa döwletleriniň açan "Robert", "Saint Michael", "Notre Dame De Sione" ýaly we muňa meňzeş katolik, yagny musulmançylyga we ol medeniýete düýbünden ters düşýän mekdepleriň açylyp bütin anadoluda ýaýbaňlaşmagy dälmidine,indi gel pikirlen; türkmenistanyň bilimde ösmegi üçin başgalarynyň goldawyna mätäçligimiz barmydy, elbet-de bardy, yöne bu goldawy iň gowy kim berip bilerdi, türkiyede medeni gurluşy boyunça türkmenlere iň ýakyn milletlerden biri dälmi, dinimiz bir dälmi, olaram bizem ehli-sünnet dälmi,eee.. onda näme, türkmenistanda häzirler wahhabileriň köpelip barýan döwründe çekeleşýän temamyza seretsene...
-
mazmun
16 years ago
- din döwlet gatnaşygy barada ozal başga bir blokda ýazan garaýymy bärik hem nusgalaýaryn:
ähli demokratik döwletleriň baş kanunynda beýan edilşi ýaly din döwlet işlerinden gürrüňsiz aýra bolmaly. her bir adamyň ýüreginde orun almaly, hem de metjitlerde, ybadathanalarda bolmaly.eger metjitden,ybadathanadan daşary çyksa agzalalyga, dini toparlanşyga alyp barar. edil şonuň ýaly her bir adamyň hem ýüreginiň töründe bolman elinde ýa da dilinde bolsa ol hem ýalňyş propogandalaryň üstünden elter.diýjek bolýanym türkmen halky hiç bir döwürde de radikal dindar bolmandyr.ol dini garaýyşda erkin bolupdyr.emma onuň ahlak kadalarynda, däp dessurlarynda hiç bir diniň aslyna çapraz düşýan ýeri ýokdur. şonuň üçin aşa dindarlyga ýykgyn etmändirler.däp dessuryna ýykgyn edipdirler.
-
btp
16 years ago
dini bilimi käte açykdan etseler käte ýaşryn berýärler. entek kämillik ýaşyna hem doly suratda ýetmedik ýetginjekleriň aňyna täsir edýärler.
mazmun, bu mantyga görä ene-atalaryňam etýäni ýalňyş bolmaýarmy, entek 3.5kg bäbegi öz ideologiýalaryna görä ýetişdirýäler, musulman bolyalar
şol täsiriň netijesinde ilki şahsy kimligini, wagtyň geçmegi bilen milli kimligini ýitirýär.
bu diyyan kimlikleriň häzir, türkmenistany dolandyrýan we türkleriň täsirinde galmadyk kesiminde barmy; pardon, ýalňyş soradym:eger bolsady türkmenistan bu ýagdaýda bolarmydy
sözüň doly manysynda düýbinden taze jemgyýet tarapyndan ýadyrganylýan biri hökmünde kemala gelýär.
täze jemagat diyende haysy jemagat kastedilýär, türkleriň ideologiki täsirinde galmadyk,yöne sowet döwründe sowet ideologiyasyna göra yetişen we türkmensitany gan agladyan nesilmi
gynansagam ýaşlarymyzyň köpüsüne mekdebi tamamlanlaryndan soň hem özlerini bendi eden düşünjelerden saplanmak başartmaýar.
1.men şahsen ttm'lerde okamadym we ol yerde okabam tmm'lere gan gusyanlary gördüm
2. men ol topary gowy tanaýan we hiç haçanam biziň milli degerlerimize ters düşýän bir zat ündändiklerini görmedim; bir hereketiň iç mehanizmasyna doly göz ýetirilip bilinmeyan bolsa, onda ol dawanyň netijelerine seretmeli, maňa bir adam görkeziň şol hereketiň içinde yetişip amerikanyň bahbidine iş etýän we ýa da hyristiyan bolan; iň azyndan men watanymy söýmeýän diýen, telpegimi goýaýyn onda...
-
mazmun
16 years ago
- btp,ikimiziň aýdýan zatlarymyzyň düýp teýkary bir.elbetde türkiýä kowumdaşymyz, galybersede kä babatda bize model bolup biljek döwlet.ýöne her nämede bolsa türkmeniň öz ýolyny tutmaly. türkiýede bilim aldym diýip bu gapdala çeksek,ukraina, rusýada,abş da bilim alanlar ol gapdala çekse milli bilim düşnjesi kemala gelmez we ösmez. bu babatda bize ýaponýanyň 80-nji ýyllardaky ýaşlarynyň düşünjesi gerek.
pribaltika döwletleri hem edil biziň ýaly soýuzdan çykan döwletler.emma olar türkiýäden bilim babatda goldaw almadylar, ýeten derejelerine biz şu wagt hyýalymyzda hem baryp bilemizok. iň barkisi özbek mekdepleri hiç kimden goldaw almady emma olaryň bu ugurda ýeten sepgidi,dünýä derejesindaki ýeri diňe gözüňi giderip oturmaly.
onsaňam ttm gazanýan üstünlikleri özleriniň gurnaýan halkara derejesindaki bäsleşikleri öýdýän.bu barada bir tanyşym gürrüň beripdi.ol hem maksadly berilýän dereje, egerde şol edilmese türkmenistanda uzak iş alyp baryp bilmejeklerini senden menden oňat bilýärler. bihabar,biperwaý ikimiz ýalylar bolsa aýagaldygyna olary alkyşlap perişdä berisiz saýyp otyrberýäs.
-
btp
16 years ago
ähli demokratik döwletleriň baş kanunynda beýan edilşi ýaly din döwlet işlerinden gürrüňsiz aýra bolmaly. her bir adamyň ýüreginde orun almaly, hem de metjitlerde, ybadathanalarda bolmaly.eger metjitden,ybadathanadan daşary çyksa agzalalyga, dini toparlanşyga alyp barar.
bu görüşe men kan goşulamok, dini guramalar asyl döwletiň kontrolyndan çyksa eden-etdilige yol açar,din diyilyan bir ynançdyr we adama kimlik bilen harakter gazandyryar, bir adamyň metjitde ynanyan zady bilen daşarda ynanyan zady tapawutly bolup bilermi, eger heryerde dürli alyp barsa özüni, bu riyakarlyk dalmidir
onsonam yslamdaky mezhepleşme menin bilşime görä, köpgarayişlilikdan gelyar we erbet zat daldir; Muhammet pygamberiň(s.a.s.) bir hadysy bardy, sözme söz bilemok yöne "menden soň siz 72 fyrka ayrylarsyňyz we olaryň diňe biri gutular" diýýä, soňam töweregindäki sahabiler haysidigini soranynda "meniň ýolumda", yagny ehli-sünnet yolunda bolanlardygyny aytyar, yazgy wagza dönmaka bese edeyin :)
edil şonuň ýaly her bir adamyň hem ýüreginiň töründe bolman elinde ýa da dilinde bolsa ol hem ýalňyş propogandalaryň üstünden elter.diýjek bolýanym türkmen halky hiç bir döwürde de radikal dindar bolmandyr.ol dini garaýyşda erkin bolupdyr.emma onuň ahlak kadalarynda, däp dessurlarynda hiç bir diniň aslyna çapraz düşýan ýeri ýokdur. şonuň üçin aşa dindarlyga ýykgyn etmändirler.däp dessuryna ýykgyn edipdirler.
däp-dessur we milli kada kanunlarymyz diýýänleriň yslam gelensoň hazirki şeklini aldy, yslamdan öň merkezi aziyada "zaroostrizm" diyilýän otparazlyk ynanjy bardy...
-
btp
16 years ago
bihabar,biperwaý ikimiz ýalylar bolsa aýagaldygyna olary alkyşlap perişdä berisiz saýyp otyrberýäs.
yooo...hijem beyle bir ýykgynlygym yokdy meniň,diňeje türkmenistanda bu işleri olardan gowy edip bilýän ýok şu wagt, yigidi öldür yöne hakyny ber, biz egrä egri, dogra da dogry diýip bilmedikçe ösmek biziň üçin ýat bolar...
-
Maxat
16 years ago
biz özümizde bar bolan jöwheri doly bahaly bilmämizsoň, ýaşlarymyz hem özlerini daşardan gelýan dini(goý ol yslam bolsun, gý, hristiýan bolsun)ideologiýalara garşy durup bilenoklar.bu kemter ýanlaryny ýüzleý bahanalar bilen aklajak bolýarlar.(olar bilim berdi,pul berdi,nan berdi we ş.m bahanalar bilen) aslynda şol ujypsyz zatlaryň öwezine erkini berýär,bir halkyň geljegini berýär, bu düýli zatlar olaryň gözüne ilenok.
gynansagam ýaşlarymyzyň köpüsüne mekdebi tamamlanlaryndan soň hem özlerini bendi eden düşünjelerden saplanmak başartmaýar.
menem şol ttm-lerde okadym we türkiyede-de okayan, şolan beren bilimlerinam aldym, çöreklerinam iydim, yöne bu zatlar olara minnet duyjagym manysyna gelenok, sebabi önde birinin aydyşy yaly olar bu zatlary Allaň haky üçin etyaler(öz dillerinde tr: "Allah rızası için"), olaryn bizden kan talaplary yok, Alladan garaşyalar, ya-da in barkisi özleri şey diyyaler, şonun üçin bu yagday olara lepbey diyilmegine, olaryn her aydanlary kanun bolmagyna, ya-da olara minnet duyulmagyna getirenok, şonun üçin olan mekdebinde oka, ya işinde işle öz wyjdanyna we logikana göra hereket edibermeli, hiç hili bir şertnama yok, olan şertnamasy bar bolsa olam Alla bilendir
-
mazmun
16 years ago
- btp, dap dessurly gürrüň giň ýeriň gürrüňi, hazir onuň gürrüňini etsek temadan daşlaşarys.türkmenler yslam dinini öz edim-gylymlaryna,ozaldan gelýän ynançlaryna gabat gelýändigi üçin kabul edipdirler. ilki zor bilen aralaşan hem bolsa soňabaka aňsatlyk bilen uýgunlaşypdyr.
meshepleri hem türkmen halky inkär edýän däldir. emma belli bir maksada gönükdirilen dini ideologiýalaryň bize getirip biljek peýdasy ýokdyr. goý ol arap musulmanlaryň jemagatlary bolsun,goý türk bolsun,göý ajem-eýran bolsun tapawudy ýok, gaýry dinler barada gürrüňem ýok.
din döwlet gatnaşygy baradaky pikirlerime ýalňyş düşünipsiň.din döwlet işlerine goşulmaly däl. diniň döwlede aralaşmagy döwlediň kontrollygynda boldygy dal.döwledi ýykgynçylyga alyp barar diýildigi. hiç bir din metjit we ybadathanadan daşary çykmaly däl.meniň şu sözüme giňişleýin düşünensiň diýip umyd edýan.
döwlet mehanizmi dini garaýyşdan ugur almaly dälde, paýhaslylyk,adalatlylyk,erkinlik we howandarlyk düşünjelerinden ugur alyp hemmä deň bolan kanunlar esasynda dolandyrylmaly.eger şeýle edilmese döwlediň ykbaly owganystan we yrak ýaly bolar.
indi tema dolanyp geleýin.men ol topary ýokardada belläp geçişim ýaly doly tanamok.şonuň üçin seniň ýa bolmasa şol toparyň ideýalaryna gulluk edýänleriň pikirini çüretmek niýetim ýok.
(men umumyrak garaýyşlarymy ýazýan. sen hem graýyşyňy ýaz, derrew goraga geçme.ýene-de nygtap aýdýan goraga geçeriň ýaly men hüjüm edemok.)
men şuňa berk ynanýan halkymyzyň maýasy tämiz.hazir her hili usullar bilen türkmeniň esasanam ýaşlaryň ynam we duýgy dünýäsinde dörän boşluga çar ýandan hüjüm edilýär. netije de gaýry dinlere geçýärler, özge ýurtlaryň legal ýa-da illegal dini toparlaryna goşulýarlar. ýone hemmesi hem geldi geçer zatlar.
matymguly aýtmyşlaýyn: "owal akan ýerden akarmyş aryk"
btp dost, yokarda maňa käbir soraglary sorapsyň, şol soraglaryň hemmesiniň jogaby meniň ýazanlarymyň içinde bar.
-
mazmun
16 years ago
- Maxat, sen mamla bolup bilersiň.
hudaý üçin hem işleýändikleri dogrydyr. belki hudaý üçin harby we hukuk edaralaryna aralaşjak bolýandyrlar.ony içgin bilýän birine soramak gerek.
ýöne meniň bilýän zadym, ykdysady ýetmezçilikler zerarly biziň türkiýedäki ýaşlarymyz şeýle toparlaryň eline düşýär.
meniň özümiň hem bilýän käbir faktlarym bar, ony ýazyp wagtyňyzy alyp oturmaýyn.
-
arassaTürkmen
16 years ago
- Gardaşlar süyji söz yylany hininden çykarar diyipdirler. Bolmandada murtly nurjylar gowy işler eden bolarlar, erbet zat bilen toparyna adam çekip bolmaz. Bir iki gezek yaşlarymyzy olimpiada gatnaşdyrdy, gowy bilim beryarler, şolaryn öyünden duzuny iydik diyip dar pikir etmeginiz duybunden yalnysh. Olaryn hem bir bahbidi bar. Keseki milletlerin hiçbirinin hem Türkmen milletine peydasy degmez. Mazmun gardashymyzyn türkmen yaşlarymyzyn kimligi yitirilyar diyen pikirine düybünden goşulyan, beyleki yazan zatlarynyn hemmesi hem manyly. Men size özünin türkmençiligini yitiren onlarça türkmen oglanlarymyzy mysal getirip bereyin: nurjylara hyzmat etjek diyip öyündakilere men öldüm diyip habar goyberyani haysy, watanyna obasyna baryp ejesine taret almany bişiren çöreginin haram bolandygy üçin iyjek daldigini aytyan haysy. Garaz nurjylar bize komek etdi, çörek berdi, it hem çörek berilyan yerinde üyryarmiş indi bizem olara ikilik etsek bolmaz diyip, hakyny bermeli bizem diyanler kop. It hem çörek berilyan yerinde üyryarmiş!!! Yöne biz adam ahyry, adam yaly hereket etmeli, it ya goyun bolmalyn! It syyasat gerek dal. Türkmenin ruhy dünyasini beygeltjek bolsan türkmençilik kadalary hem bize yeterlik.
-
chopan
16 years ago
Türkmenin ruhy dünyasini beygeltjek bolsan türkmençilik kadalary hem bize yeterlik.
türkmençiligiň haysi kadalary, yada haçandan bari bar bolan kadalarini diyyaniz?
türkmen däp-dessurlarina görä yaşayan barmi türkmenistanda?
-
btp
16 years ago
- a_turkmen, yagdaýy dramatizirlemek nämä gerek, seniň maksadyňdan şüphelenmage başladym men, türkçe bir nakyl bardy: "senin amacın üzüm yemek değil bağcıyı dövmek galiba", ol diyyanlerin eger şeytyan bolsa, baryp yatan samsyk eken,senem eger beydip umumylaşdyrsan seniň şol sinan garayüzden name tapawudyn galyar, uniwerde okabam yagdaya obyektiw seredip bilmeyan bolsan özünden gör, süyde sine seretsen gan görüner diyyaler, olary gowy tanaman özünçe akyl satan bolma...
-
ata
16 years ago
- mazmun we a_türkmen - ikiňem dünýä öz penjiräňizden seredýäňiz! Bu adaty ýagdaý!
Başga-da köp ýalan-ýaşryk zatlary diýjekler çykar bir zady esasy çeşmesinden öwrenmän, türk ýa din we ş.m. zatlara duşmanlygy bolanlar. Olar "Allahyň razylygy" diýen mertebä-de şübhe bn gararlar.
Hatda, kä zatlar babatda özlerini has beýik görerler, aslynda, hiç-hili amallary ýokdur owadan sözleriniň ýanynda. Ynha, şuňa-da syýasat diýilýär, umuman!
Türkler aýtmyşlaýyn:"Düşünýäne çybyn, siňek saz. Düşünmeýäne dowul, surnaý hem az!"
Magtymguly atamyz hem:
"Magtymguly sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr"
diýen ekeni!
-
ata
16 years ago
- Başga biri dost sahypada şeýle ýazan ekeni:
...men nurjylary tanayan. Gaty gowy adamlar. Aralarynda kate kate erbet patcanlaram chyksa, esasy filosofiyalary howply dal.
Nurjylyk barada öwrenjek bolsan, olaryn ussady Bediüzzaman Said Nursi diyen biri, shol alymyn Risale-i Nur adyndaky kitaplary bar, sholary okaymaly.
...
Turkiye'de kan jemagat bar. Jemagatlaryn her biri, dogry dini öz yoly bilen öwredyar. Umuman Nurjylar dini bir jemagat, olar yslam dininin gözelliklerini öwredyarler. Yagny sen atalaryn dininin gözelliklerini...
Onuň daşyndan, men hem TÇ-de bolamsoň, azda-kände bilýän.
Gözbaşyny şol Nur Risalelerinden alýar we eseriň eýesi Bediüzzaman Said Nursi-niň her bir şägirdi diýen ýaly öz ýaşaýan ýerlerinde(şäher, welaýat) bir jemagat gurýar.
Ýöne ýokardaky ýazgylara görä, ol jemagatlardan aýry, başga bir guramaň gürrüňi gidýän ýaly. Olam "Höwesjeňler guramasy we agzalary" bolmaly öýdýän.
Bu babatda aýry mowzukda pikir alyşyp bileris. Häzir men täze mowzuk açjak dost sahypadan Agajan agaň goýan ýazgylaryny ulanyp. Eseriň eýesi bolsa, Ylýas Amangeldi aga. Eseriň Türkçe görnüşiniň ady "Kalir dudaklarda şarkimiz bizim" bolmaly. Türkmençe görnüşini bilemok, ýöne türkçesi elimde bar şu wagt.
-
arassaTürkmen
16 years ago
- gardashlar meniň hem jemagatdan tanayan oglanlarym bar. içinde bir iki sany yalňyş pikirli oglanlar bolsada umuman köpüsiniň göwnünde erbet pikir yok. jemagat öyleriniň agalary, ttm'daky türk mugallymlar hem şonuň ýaly, erbet pikirsiz hudaya hyzmat edyäs diýýän oglanlar. yöne piramidanyň iň üstündäkileriniň yöretyän gizli syýasy magsatlary welin türkmen milletine, döwletimize, watanymyza, umuman nurjylaryň hereket görkezýän beyleki döwletleri üçin hem örän howly. aşakdakylaryň erbet pikiri bolmany biler yöne şu ylymly yslam ideyologiyasy proyekdini başladan we şony yöretyänleriň magsatlary düybünden başga.
-
ata
16 years ago
yöne piramidanyň iň üstündäkileriniň yöretyän gizli syýasy magsatlary welin türkmen milletine, döwletimize, watanymyza, umuman nurjylaryň hereket görkezýän beyleki döwletleri üçin hem örän howly. aşakdakylaryň erbet pikiri bolmany biler yöne şu ylymly yslam ideyologiyasy proyekdini başladan we şony yöretyänleriň magsatlary düybünden başga.
şuňa ýekeje delil getirsene?!
-
Farabi
16 years ago
- men türkmen-türk mekdebinde okadym. türkmen-türk mekdebinde okap bilenime şükür edyan. yogsam şu wagt dünyaden habarsyz melleginde işleyan dayhandan başga zat bolup bilerdim öydemok. durmuşyn men önümde türkmenistandaky şertlere seretsen goyyan başga alternatiwasy yokdy.
indi men şu wagt çenden aşa dindarmy? yok! hemme zada diňe bir taraply, dine jemagadyn peydasyna seredyanmi? yok, tersine jemagatda hak görmeyan taraplarymy aytmakdan hem çekinip duramok.
bir tarapdan döwlete degişli dal guramalary (NGO) garalamazdan ön şuna düşünin. jemgiyetçilik işleri hazirki zamanada NGO-laryn üstünde duryar we NGO-larda yalnyşlyk bolsa bize düşyan ony dile getirip düzeltdirmek ya-da garşysyna alternatiw NGO goymak.
Diyeli türkmen-türk mekdepleri yapyldy. Türkmenistanda şol mekdeplerin beryan bilimini berip biljek başa organizasiya barmy?
-
mazmun
16 years ago
- ata!
"mazmun we a_türkmen - ikiňem dünýä öz penjiräňizden seredýäňiz! Bu adaty ýagdaý!"
bu söz saňa da degişli. senem öz penjeräňden seredýäň. bir tapawudy seretmeli diýilip görkezilen pehjereden.
"Başga-da köp ýalan-ýaşryk zatlary diýjekler çykar bir zady esasy çeşmesinden öwrenmän, türk ýa din we ş.m. zatlara duşmanlygy bolanlar."
"Hatda, kä zatlar babatda özlerini has beýik görerler, aslynda, hiç-hili amallary ýokdur owadan sözleriniň ýanynda. Ynha, şuňa-da syýasat diýilýär, umuman!"
şu sözleriňi dolululygyna seniň özüňe ýollaýan. okap pikirlen kime diýilmeli sözler.
"Höwesjeňler guramasy we agzalary"
bular kim, ine şunuň özi aňrybaş syýasat dälmi.
"Magtymguly atamyz hem:
"Magtymguly sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr""
hernämede bolsa şuny gaty jaýdar ulanypsyň.
menem munuň üstüni magtymgulynyň şu sözleri bilen ýetireýin:
"magtymguly köňle gaýgy getirme
bu bir iş wagtydyr özüň ýitirme
sözüm diňlän ýok diýip ümsüm oturma
jahan giňdir çendan bilen de bardyr."
hem de ýeri gelende magtymgulynyň "türkmen binasy" goşgusyny geçireýin. belki türkmeniň ýol ýörelgesini bilesigelijilik bilen soran agzalara kömegi deger.
ata dost, senem okap gör.
türkmen binasy
gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr
erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy
terki-dünýä eýleýir, gelse rakyplar gaşyna
bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.
süleýman hem rüstem zal, jemşit oňa bolmuş geda,
günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.
daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar
her salanda zülpükary,artar ýigidiň höwesi
teke,ýomut,ýazyr,gökleň,ahal ili bir bolup,
kylsa bir jaýga ýörüşni açylar gül lälesi.
külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyga
gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.
her ýana ursa gadam saýat, bolmaz hiç düşwar
hiç kim bendi kylyp bilmez, düşmez türkmen balasy
aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman
merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül gilesi.
aýdadyr magtymguly,ýokdur köňülde hilesi
hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
-
mazmun
16 years ago
- farabynyň diýenlerini goldaýan. şonuň üçin alternatiwalar döretmeli, düýpli işler geçirmeli. muny kim etmeli, elbetde türkmençilik, watançylyk hemde howandarlyk duýgysy bolan türkmenler.
türk,ors we başga mekdeplerem bolmaly, emma olar diňe bilim bermeli, öz işlerini belli bir maksatlara gönükdirmeklerine mümkinçilik bermeli däl.
bir söz bilen aýdylanda hemme işler kanunyň çygryndan çykmaly däl.
"hukukun üstün olmadygy ýerde,üstünün hukuku wardyr" diýilýär.
hiç kim hiç kimden üstün däldir. hemme allanyň we kanunyň öňünde deňdir.
-
ata
16 years ago
türk,ors we başga mekdeplerem bolmaly, emma olar diňe bilim bermeli, öz işlerini belli bir maksatlara gönükdirmeklerine mümkinçilik bermeli däl.
umuman, goşulýan.
a "ideologiýa" diýýäniň näme?! Şol şübhelenýän syýasatyňmy?!
"hukukun üstün olmadygy ýerde,üstünün hukuku wardyr" diýilýär."
Türkmençelesek: "gün güýçliňki, gowurma dişliňki" bolýar-da?! Bu dünýäde bolan, bolýan we boljak wakalar. Muň bn näme diýmek islediň mowzuk bn baglanşykda?!
bir söz bilen aýdylanda hemme işler kanunyň çygryndan çykmaly däl.
hiç kim hiç kimden üstün däldir. hemme allanyň we kanunyň öňünde deňdir.
şuny özüňem oka! Goşulýan!
-
mazmun
16 years ago
- magtymgulynyň " gaça başlady" goşgusyndan hem kabir bentleri geçirýän:
ryýa boldy köpüň okan namazy,
taňry hiç birinden bolmady razy,
pygamber ornunda oturan kazy
para üçin elin aça başlady.
bir para sopylar" sopy men" diýer,
soramaz, zalymlar tagamyn iýer,
"bizi ýagşy kişi diýsinler" diýer
her işikde söhbet aça başlady.
magtymguly aýdar barha ýol tany
bäş gün synamaga iberdi seni,
senden owal öten jananlar hany?
her kim nobatynda öte başlady.
-
Achilles
16 years ago
- kabir adamlar "hacker" bolyar bir gornush. Olar bir sistemadaky achyk galan yerleri gorkezip sistemany durshuna pylchap uryarlar.
-
ata
16 years ago
bu söz saňa da degişli. senem öz penjeräňden seredýäň. bir tapawudy seretmeli diýilip görkezilen pehjereden.
hawa, şeýle. Ýöne ýalňyş dälmikä diýýän seredýän penjiräm. Umuman, watanymyza edip bilsem peýda etmekçi, enşallah! Tersini pikirem edemok.
Mümkin, sen hem şeýlesiňdir, ýöne doganlyk elini uzadýan, bilimde bizi has beýik mertebelere beýgeltjek, talyplarynyň ýerine öz şirin janyny pida eden onlarça mugallymlara we olaryň guramasy bolan bilim şereketlerine ynanmazlyk we olary sygdyrmazlyk etjek bolmak dogry däl maňa görä-hä!
Meselem, men näme etdimkäm şolaň edişi ýaly?! Şu ýerde owadana çalym edip duran sözlerem ýazýan. Täsiri ýok diýiljek ýagdaýda azlygyny bilsemem. Meň-ä ýadyma düşenok göze görner ýaly haýyr amal edenligim bu babatda henize çenli. Diňeje ýazýan şu ýerlerde.
Ynha, senem ýazýaň şeýle manyly, täsirli söz we sözlemleri köplenç. Berekellah!
Ýöne senem aýt-da: Sen näme etdiň watanymyz, milletimiz, ynanjymyz, taryhymyz üçin?!
Görkez! Hormat goýaýyn! Öweýin we goldaýyn!
şu sözleriňi dolululygyna seniň özüňe ýollaýan. okap pikirlen kime diýilmeli sözler.
kabul edýän muny! Ýöne edil şu mowzukda senden köp bilmesem az bilemok, şoň üçinem gürleýän/ýazýan!
"Höwesjeňler guramasy we agzalary"
bular kim, ine şunuň özi aňrybaş syýasat dälmi.
"Höwesjeňler guramasy we agzalary"
diýenim ýalňyşrak bolup biler, ýadyma düşenine görä türkçede "gönüllüler hareketi" diýip geçýädi, diýmek, göni terjime etseň "höwesjeňler hereketi" bolaýýar öýdýän.
Bulaň näme aňrybaş syýasaty barka, mazmun?!
Maňa görä-hä syýasat däl, bilim maksatnamalary..
"Magtymguly atamyz hem:
"Magtymguly sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr""
hernämede bolsa şuny gaty jaýdar ulanypsyň.
menem munuň üstüni magtymgulynyň şu sözleri bilen ýetireýin:
"magtymguly köňle gaýgy getirme
bu bir iş wagtydyr özüň ýitirme
sözüm diňlän ýok diýip ümsüm oturma
jahan giňdir çendan bilen de bardyr."
hem de ýeri gelende magtymgulynyň "türkmen binasy" goşgusyny geçireýin. belki türkmeniň ýol ýörelgesini bilesigelijilik bilen soran agzalara kömegi deger.
ata dost, senem okap gör.
şuňa ýene bir gezek goşulýan we seni hem tassyk edýän! Söz ýok-la buu bölege. Öz ýazan zatlarym özüme degişli, elbetde! Degişli agzalara-da!
-
ata
16 years ago
kabir adamlar "hacker" bolyar bir gornush. Olar bir sistemadaky achyk galan yerleri gorkezip sistemany durshuna pylchap uryarlar.
hawa, şul-a şeýle bolýar kämahal ýa köplenç.
Belki, 10 aýratynlygy bar we 9 sanysy örän peýdalydyr. Ýekeje aýratynlygy bardyr, olam peýdalydyr, ýöne ony amal edýän kä agzalarynda/synalarynda az-kem säwlik bardyr. Ynha, şol ýagdaýy ulaldyp, çişirip görkezmek bn, ýer bn ýegsan etjeklerdir käbirleri.
Bu ýagdaýlar bolup gelýän zatlar we mundan soňam bolar.
Ýöne her kimiň bir(näçe) plany bar bolsa-da, gutarnykly we iň haýyrly plan Allaha degişlidir. Ol haýsyny islese şol hem bolar!
"Ynsanlar zulum eder, ýöne kysmat adalat eder!" diýýär şu mowzugyň açylmagynyň sebäpkäri!
Garaz, şeýle-dä!
-
mazmun
16 years ago
- ata, umuman ikimiziň aýdýan pikirlerimiz kybapdaş. ýöne sen şol türk,ýa bolmasa "höwesjeňler" diýip otyrsyňda. türkmençilikde birleşeli.biz biz bolup ýaşap bilmerismi?
magtymguly gör nähili biz ýaşlara ynamly garaýar.
"her ýana ursa gadam saýat, bolmaz hiç düşwar
hiç kim bendi kylyp bilmez, düşmez türkmen balasy"
-
Achilles
16 years ago
- syyasata garsyhmaly dal. gaty dogry. yone sholardan biri diyeli shol "topary" yigrenyan partiya/adama (tr-dakiler ucin aydyan) oz sesini berermi ya-da sholara komek edyan birine berermi sesini???
-
ata
16 years ago
- Mazmun, bir hörpiräkden gopýas diýseňem boljak, ýöne sen haýyrly bir guramany zyýanly edip goýýaň-a, özem mukdar taýdan hem ulaldyp.
Garaz, men hem türkmençiligiň tarapdary seň ýaly, ýöne watanymyza, milletimize peýdaly zady näme üçin alyp ulanmaly?!
Galyberse-de, olar biziň neberelerimiz dälmi?!
Öz doganlarymyzyň, onda-da şeýle päk niýetli doganlarymyzy eden şonça kömeklerine garamazdan, elimiziň tersi bn itberip goýbersek dogry bolmaz-a?!
-
mazmun
16 years ago
- ata, umuman ikimiziň aýdýan pikirlerimiz kybapdaş. ýöne sen şol türk,ýa bolmasa "höwesjeňler" diýip otyrsyňda. türkmençilikde birleşeli.biz biz bolup ýaşap bilmerismi?
magtymguly gör nähili biz ýaşlara ynamly garaýar.
"her ýana ursa gadam saýat, bolmaz hiç düşwar
hiç kim bendi kylyp bilmez, düşmez türkmen balasy"
-
ata
16 years ago
- mazmun, ikinji gezek ýazypsyň-a şol bir ýazgyňy, men hem oň ýokarsyndakyny ikinji gezek goýup oturmaýyn jgap hökmünde - jyklaý şol ýere :)
-
arassaTürkmen
16 years ago
- subutnama getir diyipdirler maňa. soraglar bilen subutnama getiryän ata hemmesine jogap berjek bol:
- näme üçin nur jemagaty esasan orta aziyada köp okuw açyar, yslamy dünýäniň 4 tarapyna yaymaly dalmi?
- näme üçin içeri işler we howupsyzlyk guramalary şol okuwlary we agzalaryny berk kontrolda tutmak isleyär
- näme üçin käbir döwletler şol okuwlary yapylmak kararyny aldy
- näme üçin pethullah gülen syýasy gaçy hökmünde amerika gaçdy (bir adam döwlete howup saljak bolany üçin ony yzarlarlar, günasi yok bolsa näme üçin ony tutjak bolyarlar)
- näme üçin halkara dinler arasy diyalog yygnaklaryna turkiya adyna pethullah gidyär, türkiya müftisiniň işi näme
- näme üçin rimskiy papa bilen yene-de turkiya adyna pethullah duşuşyar, ol kim?
- näme üçin pethullah kesel bolan bolup Philadelfia, Pennsylvania gaçyar (CIA ve Think-tank guramalarynyň döreden dini toparlarynyň başlyklary hemmesi şol şäherde ýaşayar, mysal üçin Moon Sektasy, Jehovah's Witnesses Sektasy, Mormons Sektasy we beylekiler).
- näme üçin okuwlar üçin finansal kömek daşary yurtlardan turkiyadaky banklaryň üsti bilen geçirilip okuw açyljak döwlete goyberilyär, esnaf agalaryň puly köp ahyryn, yetenokmy şolaryň puly?
Maňa subutnama getirdip oturma ata, içiň bilyändir nurjularyň nämeler etyändigini.
Zehinli türkmen yaşlarymyzyň kellesini aylap olar döwletimizde yokary işlere gireninde öz bähbitleri üçin ulanmak şol yaşlarymyzy, ine bularyň magsady. Oylan, nur jemagatynyň tayarlan talyp türkmenistandaky iş guramasynda öz başlygyna gulak asmaz yöne türkiyadaky abisine gulak asar, şol name diyse şony eder, abisi bolsa pethullahyň diyenini eder, pethullah hem amerikan adamy, özüň netije çykaryber indi. başga soraglaryň üçin: http://fetos.wordpress.com/2007/06/27/fethullah-okullarinin-ic-yuzu/
-
arassaTürkmen
16 years ago
- Fethullahçılar Azerbaycan bürokrasisine oldukça hakimler.Tıpkı Türkistan ‘da olduğu gibi iki bakan yardımcısının Fethullahçı olduğu ifade ediliyor.Ticaret, endüstri, eğitim ve gümrükle ilgili birimlerde tüm yetkililerin Fethullahçılar tarafından “maaşa bağlandığı” iddialar arsında.
Fethullahçıların aylık maaşa bağladıkları arasında Haydar Aliyev’in ve de hükümet yetkililerinin yanı sıra , iktidar partisinin ve muhalefetteki tüm partilerinde yer alması, ister istemez gerçek patron ABD’nin geleneksel politikasını çağrıştırıyor:”İktidar kadar,yarın iktidara gelebilecek potansiyele sahip muhalefete de yakın ve organik ilişki kurmak…”
http://fetos.wordpress.com/2007/06/27/fethullah-okullarinin-ic-yuzu/
-
arassaTürkmen
16 years ago
- pethullaha aydylan gowja bir söz bar: "takke düştü kel göründü" :)
-
Achilles
16 years ago
- arassaturkmen, sen bilen bi zatlaryn gurleshmegin hich hili manysy yok. sebabi name uchin bilyanmi? sebabi sen uje bir tarap saylapsyn. tr-daki edil deniz baykal'yn bolshuna menzeyar bolup yorshun. ha, yone stakanyn doly tarapyny gorjek diysen, onda men meselem yuzbe-yuz oturyp sana dushundirip biljek, aydyp biljek sistemanyn haysy tarapy gowy haysy tarapy yalnysh. ozum ichinde bolmasamam goldayan sholary. sholar bolmadyk bolsa belki sygyr bakardym shu wagt. belkem bugday ekerdim.
-
arassaTürkmen
16 years ago
- pethullahyň b-nai b-rith guramasynyň agzalary bilen duşuşygy. Nähili howply gurulyş bolyandygyny bilýäňizmi şonuň, olara näme işi düşdikä pethullahyň???
sygyr bakardym başga bir zat ederdim diyip dar pikir etmäň yene bir gezek yatlatyan
http://fetos.wordpress.com/fetos-albumu-2/
-
Farabi
16 years ago
sygyr bakardym başga bir zat ederdim diyip dar pikir etmäň yene bir gezek yatlatyan
sygyr bakardym, dayham bolardym diymek bilen dar pikir edemizok, yagdayy suratlandyryarys. hazirki wagtda musulman yurtlaryn haysynda adam şekilli bilim alyp bolyar?
-
arassaTürkmen
16 years ago
- farabi orslarada sagbolsun diy onda, başda bilim sowat beren şolar dälmi saňa. bilim berip biler, bähbidi üçin edyär şol zatlary diýilyär size. men näme diýýän dutarym näme diýýär.
-
ata
16 years ago
- Ilki Farabi we Achillese goşulýanymy nygtaýyn.
Onsoň açillesiň bir ýazgysyny goýaýyn saňa, "arassatürkmen(?!)" :
arassaturkmen, sen bilen bi zatlaryn gurleshmegin hich hili manysy yok. sebabi name uchin bilyanmi? sebabi sen uje bir tarap saylapsyn. tr-daki edil deniz baykal'yn bolshuna menzeyar bolup yorshun...
Onsoňam asil türk mowzugynda Atatürk we egindeşlerine gülüp, olary peseldip ýörsüň ilk-ä, soňundanam olaryň bet pygylly sahypalaryndan delil getirýäň linkler arkaly - bu ikiýüzlilik dälmi, eýsem?!
Ynha-da, hem söwýär, hem öwýär özlerine peýdasy bolmadyk 1 topary-ha, beýleki tarapdanam, gowy işleri amal edýän topary diňeje garalap ýatyr şyltak doly ýazgydyr çeşmeler arkaly.
Şuny aýdaýyn, agzalyk adyň "arassatürkmen" hem bolsa, niýetiň "garagäz" ekeni!
Şu ýagdaýda seň mundan soňky şyltakly ýazgydyr soraglaryňa jogap bermek bimany diýip kabul edýän we jogaplamakçy däl. Diňeje ýokardaky soraglaryňy bilýänje maglumatlarym arkaly jogapmakçy.
-
mazmun
16 years ago
- hudaýym saklasyn şerden,gahardan,
minnetli aş ajy bolar zäherden,
her bir ýerde bir bazarsyz şäherden,
andan ki bir gurap ýatan çöl ýagşy
-
arassaTürkmen
16 years ago
- iti hem özüňe öwrenşdirjek bolsaň başda çörek berersiň, yzyndanam ýanyna baryp sypalan bolarsyň! bilim beryäler, maklube beryärler diyip herkimi gowumyka diyip yörseň, ertir birgün balaksyz galarsyň...
-
ata
16 years ago
- Ilki bn men ne şol degişli guramanyň, ne-de ady geçen şahsyň adwokaty däl we maňa galmandyr olara atylýan şyltaklara jogap bermek. Ýöne şu gezeklikçe jogaplaýyn söz beremsoň:
1- näme üçin nur jemagaty esasan orta aziyada köp okuw açyar, yslamy dünýäniň 4 tarapyna yaymaly dalmi?
näme, diňe Orta Aziýada bardyr öýdýärmiň mekdepler?! Dünýäň her ýerinde diýen ýaly bar, hatda, käbir adalarda hem, meselem, Madagaskar.
Olaň maksady Yslamy ýaýmakmy ýa bilim?!
Maňa görä bilim we isleýäne-de resmi kanunlaryň berýän ölçegi/rugsadyna laýyklykda ynanç hem.
2- näme üçin içeri işler we howupsyzlyk guramalary şol okuwlary we agzalaryny berk kontrolda tutmak isleyär
Olardan zyýan gelmejegini bilselerem, watanymyza daşarydan gelen ynsanlaryň hemişe barlanyp durmagy gerekli. Muňa türkçeläp aýtsak:"Yzarlamak/barlamak ynama ters däldir!"
3- näme üçin käbir döwletler şol okuwlary yapylmak kararyny aldy
Ol şol döwletleriň öz işi. Ynha, seň ýaly şyltakçylar boş duranok öz şeýtanlary bn. Onsoň kä ülkeler hem şol ýalan, töhmetli habarlar hem-de öz başga bähbitleri üçin hakykata arka öwürýärler. Ýitiren özleri bolar-da. Gözüňi ýummak bn diňeje öz dünýäňi garaldarsyň, gün(düz)i däl!
4- näme üçin pethullah gülen syýasy gaçy hökmünde amerika gaçdy (bir adam döwlete howup saljak bolany üçin ony yzarlarlar, günasi yok bolsa näme üçin ony tutjak bolyarlar)
Onuň saglyk ýagdaýy üçin şol ýerdeligi mese-mälim bolsa gerek. Şu wagt TÇ gelmegi üçin haýsydyr bir garaw ýa säwlik hem ýok. Ýene-de saglyk taýdan yzyna gaýtmazlygy islenýär doktorlary tarapyndan. Isle ynan, isle ynanma!
5- näme üçin halkara dinler arasy diyalog yygnaklaryna turkiya adyna pethullah gidyär, türkiya müftisiniň işi näme
Pygamberimiz görelde alýany belli bolanokmy näme?! Olam(SAW) Medinä gelen badyna hem ýewreýler hem-de hristiýanlar bn şertnama baglanyşýar bir-birlerine çozmazlyk we birek-birege gerek wagty goldaw bermek barada.
Ynha, bulam şeýle. Şu ýagdaýy başladan Fethullah Güleniň özi bolansoň, döwletem şony rowa görýändir-dä. Oň daşyndan döwlet gurnanok-da, onuň ýolbaşçylygynda gurnalýany üçin bolaýmasa uly ähtimallyk bn.
6- näme üçin rimskiy papa bilen yene-de turkiya adyna pethullah duşuşyar, ol kim?
Ýokardaka jogap muň üçin hem jogap bolýar!
7- näme üçin pethullah kesel bolan bolup Philadelfia, Pennsylvania gaçyar (CIA ve Think-tank guramalarynyň döreden dini toparlarynyň başlyklary hemmesi şol şäherde ýaşayar, mysal üçin Moon Sektasy, Jehovah's Witnesses Sektasy, Mormons Sektasy we beylekiler).
Köne heň. Görüp bilmeýänleň çykarýan şyltaklary.
US-da nirede saglyk taýdan barlanýan we seredilýän bolsa, şol ýere gider-dä.
Onsoňam, USA-ň özi(ştatlary) ýalbaryp ýatyr-a "bizde-de açyň şol mekdepleriňizi!" diýip.Häzir Amerikada şol mekdepleň sanyny kim bilýärkä?!
Onsoň ol-a haýsydyr bir ştatyň şäheri ekeni, islendik ştätynda-da arkaýyn galyp biljek ýagdaýy bar bolmaly.
8- näme üçin okuwlar üçin finansal kömek daşary yurtlardan turkiyadaky banklaryň üsti bilen geçirilip okuw açyljak döwlete goyberilyär, esnaf agalaryň puly köp ahyryn, yetenokmy şolaryň puly?
Şu ýagdaýy bilemok, ýöne muň arkasyny syýasy ideologiýa bardyr öýdemok. Mekdep açylýar, haýyr iş edilýär. Nireden pul gidende näme?!
-
mazmun
16 years ago
- tutmaz
ilim-günim,ýakyn,gözel gardaşym,
nije zar eýlesem gulagyn tutmaz.
ummana dönüpdir akdyran ýaşym,
umman içre sallar erkana ýatmaz.
doga kylsam,jebri-jepa ekserdir,
ylym öwreden ussat kyblam pederdir,
adam bardyr bir söz diýseň äşgärdir,
bardyr adam hamyn soýanda aýtmaz.
gider boldum ýigitlikde ýör bilen
her ýana çapyp men ýuwka ser bilen
nalyş eýläp, sorar bolsaň zer bilen,
tyllany neýlesin,pelek jan satmaz.
magtymguly diýer,ýandy bu janlar,
gojalypdyr gözüm gören jenanlar,
ýola girmez loly bolan zenanlar,
il-güni ýygnalsa, oňa başartmaz.
-
ata
16 years ago
Maňa subutnama getirdip oturma ata,
şeýle şyltakly, içi güjükli subutnamalaryňy başyňa ýap, a_t! Getirseňem saňa jogap ýok menden-ä indi.
içiň bilyändir nurjularyň nämeler etyändigini.
sen öwredýäň öz-ä :)
Zehinli türkmen yaşlarymyzyň kellesini aylap olar döwletimizde yokary işlere gireninde öz bähbitleri üçin ulanmak şol yaşlarymyzy, ine bularyň magsady.
hawa, onsoň başarnykly bolýalarmy munda?!
Oylan, nur jemagatynyň tayarlan talyp türkmenistandaky iş guramasynda öz başlygyna gulak asmaz yöne türkiyadaky abisine gulak asar, şol name diyse şony eder, abisi bolsa pethullahyň diyenini eder,
öňki 1 ýazgymy ulanaýyn:
5 barmak den dal,
-hemmelere shol islegler bildirilmez, bildirilse yalnysh bolar.
-kim name diyse diysin ya hayish, tapawudy yok, bashda Allanyn sozi(Gurhan) we Pygamberinin sozi(Hadys) boyunca dogrumy, shona seredersin, elbetde, bar bolsa we TM-a we TM milletine peydaly bolsa, name ucin edilmesin!
-Bir wagtlar Istanbul zonasynyn(bolek=shol wagt sheyle gecyardi) temsiljisi Kerim aga bardy, ony onkiler bilerler, shol sheyle diyipdi :"Zombi bolupdyr kop talyp, name diyseler bash yaykak ylgashyp yorler, edil gul yaly,..." diyip, elbetde, munda dogrulyk payi hem bar, yagday welin, umuman, yalnysh. Bolmalysy, aydylan zat hayishmy ya buyruk, islenen zat dogrumy ya yalnysh, peydalymy ya ziyanly, we yokardaky 2 ceshmede barmy!?
Bularyn hemmesine "Hawa" jogap berilyan bolsa, name ucin etmeli dal, bash ustune!
-atdshyn aydyanlarynda jan bar, yone bize bilim we terbiye beren mugallymlar siyasata goshulyp jogapkar bolan oz onki talyplaryny bende=gul yaly edip oynarlarmyka!? Ya shol talyp ozuni shol yagdayda oynadarmyka!?
Men-a, doly goshulamok.
pethullah hem amerikan adamy, özüň netije çykaryber indi.
ha-ha, örän gülkünç! Töhmetem bolsa.
başga soraglaryň üçin: "link"
kemalizmi ýamanlap durdyň ýokarda , indem şol ýerden link berýäňmi?!
Linkiňem, töhmetleňem, ýalanlaňam, niýetiňem özüňe galsyn!
adyňy gizläp, ýazgy ýazmak aňsat! Adam ýalyjak iş etmek welin kyn!
Dil bn orak orsaň bil agyrmaz!
-
ata
16 years ago
- mazmun, Magtymguly gelen bolsady, şu i'e näme diýerkä?!
Gelip bolgusyz linkdir çeşmelerden ýazgylar goýulýar, ýöne dünýä medýasy näme diýýär bu hereket barada?! Netijesi näme?!
Eý, bir geň adamlar-eý bar-a, Hudaý bar!
Bolýar-da, kakyň heşelläňizi!
Gutarnykly heşelle kakyljak wagt geler ahyry, şonda halyňyz nähili bolarka?!
-
ata
16 years ago
- Aslynda, şol şahys many taýdan şeýle maksatnamasy bar:
"Aç köňlüňi hemmelere, deňizler ýaly giňiş bolsun! Galmasyn hakykat babatda duýgy beslenmedik bir göwün!..." hem-de "Söwene dilsiz, urana elsiz, gygyrýana köňül goýmasyz!"
Ol şunça şyltaklaryňyza garamazdan, şyltak atýanlara-da hakyny halal eden bolmaly umumy beýanlarynda.
Ýöne degişli ynsanlara bu babatda bir hekaýajygy sowgat etmekçi, ynha, şahys bagyşlasa-da şu ýerdäki ýagdaýlar emele gelip bilýär!
Okaň, lezzet alyň! Wiý, öwreniň we amal ediň :)
-
mazmun
16 years ago
- ata, umumylaşdyrma. men heşelle kakamok,şyltagam. sebabi başdan bäri binäçe gezek seniň tarapdary bolup oturan toparyňy gutarnykly tanamaýandygymy nygtap gelýän. meniň derdim ählitürkmen derdi. haýsy toparam bolsa geldi geçer. eger ol topar howp babatda bolşewiklerden beter däldir. şolar amana getirip bilmedi bu türkmeni. galanynam wagt we taryh görkezer.
meni bynjalyk edýän zat, ýaşlarymyzyň milli meselelere biperwaýlygy.hemişede erbet adamlaryň sany köp däldir. emma erbetligiň, ýalňyşyň ýol almagynda äwmezek,biperwaý adamlaryň agdyklyk edýänligi görünip duran zat.
onsoňam hakyky jany teni bilen radikal dini ideologiýalara berilen türkmen halkynyň içinde 100-150 adamy geçmez. galan olara ýaran bolup oturanlar diňe bahbitden ugur alýar.haçanda bahbitlerine böwet goýulsa şol wagtyň özünde ýüz öwürerler.
-
mazmun
16 years ago
- bazarym sowuldy,harydym galdy
dükanym eýesiz galdy neýläýin.
binasyn dargatdy,garakçy doldy
parçasyn düýrleýip aldy neýläýin.
magtymguly
-
ata
16 years ago
- mazmun, düşnükli!
Umuman, dogry zatlary diýipsiň soňky ýazgyňda mukdar taýdan käbir ýagdaýy takyk bilmezlik bn.
Men hem eňekleşip oturasym gelenok şu a_t bn welin, edýän/ulanýan şyltaklary zeňläp gidenem bolsa, birhili-dä.
Bolýar-la, meňki gury söze meňzeýär, barybir. Özümi laýyg-a göremok hiç zada-da welin, ýöne maňa-da wezipe ynanylaýan wagty, elimden geleni etjek bolaryn öz watanymyz we milletimiziň nepi üçin, enşallah!
-
gena
16 years ago
- kto to pro ivana , kto to pro balvana
lan oglum name yazyanynyzy bilenizon
-
btp
16 years ago
- angena, bu saýda girýänler 3 topara aýrylýar:
1.aktiw we hemişe ýorum ýazyp görüş bildiryanler;
2.passiw we diňe synlaýanlar;
3. arada galanlar, ki
senem şolardan biri bolmaly, 2 ay'dan bari agza ekeniň, yekeje mowzuk açmansyn 7-8 yorumyn bar, sonam gel akyl sat, ha mi...
-
NuryHan
16 years ago
- salam!nurjylary oz gunlerne goysanyzlan , nahilay siz?o diyyan adamlarynyzyn yekeje maksady bar olam ALLATAGALLAN yrzalygyny gazanmak..dunyani dolduryp duran jahyl adamlara yslam dinini ogretmek,buny etmek uchinem dunyan her tarapyna turk mekdepler achypdyrlar munda name erbetlik bar?onsanam olaryn liderleri yok dine sho sowaply ishi bashladan adam bar olam pethullah dal FEthullah Gulen..adyny uytgeden bolup ussunden gulyandirn oytyansiniz,beyle dal.oz ussunnden gulduryan!onsanam name uchin ateyistler yada satanistler dal de ayratyn nurjylar hakynda bilesiniz gelyakan olam bir sorag...borlay..gunini bir zat edip gechirmelida..
-
arassaTürkmen
16 years ago
-
TURKMENCHILIK
Turkmenchilik. Turkmen dilindaki in syrly sozlerin Turkmenchilik diyen dushunjedir. Ony Turkmenler gundelik diyen yaly ulanyarlar. Turkmenchilik dushunjesinin koneden gelyan duzgunlerin yorelgelerin toplumydgy ikiuchsyz. Yone ony kagyz yuzunden okap goren ya da jikmejik bilyan yok. Shol sebapten ony halk arasyndaky dap dessurlaryn esasynda gechmish edebiyatymyzdan ve sungatymyzdan ogrenmeli bolyar. Gornushine gora oran irki dowurlerden bari Turkmenler ozara gatnashyklarynda Turkmenchilik diyilip at berilen umumy duzgunlere yorelgelere boyun egip shona gora yashap gelipdirler. Entek hazirki zaman kanunlarynyn yok dowrunde Turkmenchilik dushunjesi halkymyzyn yashayyshyny, adamlaryn arasyndaky ozara gatnashyklary duzgunleshtiripdir. Turkmenchilik duzgunleri yorelgeleri gin hem kop taraply durmushyn islendik owruminde olardan ozune yaramlysyny tapsa bolyar. Onson ol duzgunlerden herkes ozuche peydalanyar, ozune geregini alyar. Turkmenchilik dushunje oran seyrek hadysa – beyleki halklarda edil shunun yaly dushunje gabat gelenok. Azerbeyjanchylyk, gruzinchylyk, gazakchylyk, gyrgyzchylyk diyen yaly dushunje yok. Shol bir wagtyn ozunde de Turkmenchilik diyilen dushunje dine bir Turkmenistanda dal eysem Eyran, Owgan, Stawropol Turkmenlerinin arasyndada yorgunli. Hatta Yrak Turkmenleride Turkmenchilik dushunjesini ulanyarlar. Yone olarda bu has umumyrak duhsunje. Turkmanchylyk diyip Yrak Turkmenleri Milli Medeni Baylyklara we oz hak hukuklary urundaky goreshe aydyarlar. Yrak Turkmenlerinin ata babalary taryhchylaryn tassyklamagyna gora hazirki Turkmenistanyn chaklerinden 12-13 nji asyrlarda gochup giden. Muna garamazdan agzalan dushunjeden olaryn habarly bolmagy Turkmenchilik dushunjesinin irki orta asyrlarda dorandigini chaklamaga esas beryar. Bu dushunjanin in barkisi sonky mun yylyn dowamynda Turkmenlerin arasynda yorgunli bolup gelenligine ikirjinlenmese bolar. Eyse Turkmenchilik dushunjesi adamzat durmushynyn haysy ugurlaryny kadalashtyryar. Muna ser salmak oran gyzykly. Ilki bilen Turkmenchilik dushunjesinin shahsyyet, mashgala, shahsyyet bilen jemgyyetin arasyndaky gatnashyklary duzgunleshtiryandigini bellemeli. Egerde shasyyet derejesinde alsan onda bu yorelgeler saylantgy adam gylyklarynyn terbiyesine syrygyar. Turkmenchilikde erkek adam batyr, mert, edenli, gonumel hem birsozlu yagny lebzi halal bolmaly diylyar. Ejize ganymlyk, zalymlyk, rehimsizlik berk yazgarylyar. Gorkaklyk, namartlyk, kumsukluk, goriplik, gybatkeshlik, yaranjanlyk, donuklik Turkmenchilik dushunjesine ters we sygyshanok. Mashgala derejesinde Turkmenchilik esasanam ahlak we edep terbiyesine syrygyar. Turkmenchilik dushunjesinde erkek oz yerinde ayal hem oz yerinde hormatly. Erkek uhin gowne degiji sozlemek we payysh sozleri ulanmak Turkmenchilige tersdir we Turkmenler shonun yaly edenleri hem oz arasynda kichi gorupdirler. Erkek oz ayalyny agyr ishden, yaman dilden goramaly. Ayal hem arinin abrayyny saklamaly. Ata ene chagalaryna yagshy gorelde bolmaly. Chagalarda ata enesini sylamaly.
Turkmenchilikde oglanjyklara we gyzlara degishli berk jynsy terbiye berilyar. Gyzlara oy ishleri owredilse, oglanlara erkek adamynyn etmeli agyr ishleri owredilyar we dogduk topraklary gorap bilmekleri uchin yashlykdan harby talim berilyar. Turkmenchilik dushunjesini emele getiryan yorelgeler shahsyyet bilen jemgyyet arasyndaky gatnashyklaryda duzgunleshdiryar. Bu yorelgelere degishli nakyllary we atalat sozlerini Dade Gorkydyn kitabyndan, Gorogly eposyndan, Magtymgulynyn we beyleki shahyrlarymyzyn eserlerinden tapsa bolyar. Shahsyyet bilen jemgyyetin arasyndaky gatnashykda Turkmenchilik kopchulik bilen bir adamynyn, ayal bilen erkegin, yashuly bilen yashykichinin arasyndaky ganashyklary duzgunleshdiryar.
Gardaşlar nurjylar syýasady bilen däl türkmençilik kadalary bilen yaşasak dogry bolarmyka öýtýän!!! gadymy türkmenler yslamy kabul etmänkä hem beyik millet bolup yeke hudaya ynanyp türkmençilik kadalaryna görä yaşayardyk!!! indi hem yaşap bolar...
-
arassaTürkmen
16 years ago
- ata seniň hem yagdaýyňa düşünyän, sen nurjylara hyzmat edyän bolmaly, indi hem ajy hakykatlara göz yumjak bolýaň. dogry! aklawçynyň işi ýalňyş zady dogry edip görkezip, jenayatyň üstüni yapmak. yöne indi aklawçy işini goysaň gowy bolarmyka öytýän, sebäbi gowy aklawçylyk hem edip bileňok, bulaşdyryaň, masgara bolýaň.
-
btp
16 years ago
- a_turkmen, seniň diýýäniň türkmençilik eger biziň aristokratlarda bolsady, onda häzirki türkmenistan bu ýagdaýda bolarmydy;olarda bolmayan zat halkdan nahili talap edilip biliner;ol diýýäniň häzirlikçe diňe kagyzyň üstünde galaýmasa;sebabi yaranjanlyk diysen dyz boýy, bazarlarda agyr işlerde işleyanler ayal-gyzlarymyz(bu daşary yurtlylaryn tespidi),pagta yigmakdan, bürokratiya bilen ugraşmakdan yana kitabam okalanok, son gel nurjylara at dak, nurjylar diyyanlerin yali milliyetçi türkmenler görmedim men açykçasy...içinden çmolar, çurbanlar çykyp biler bu olaryn hemmesini kesdirip atmagymyzy dogrulanok...
-
arassaTürkmen
16 years ago
- btp o zatalry hemme bilýär gaytalap oturmagyň manysy yok. meseleleri biz çözmesek, ýalňyşlary biz düzeltmesek, kim düzeltsin. keseki milletden peyda degmez bize. ýalňyşlary nurjylyk bilen däl, türkmençilik bilen düzeltmeli diyjek bolýan zadym. eliňi gowşuryp otursaň amerika, rossiya ya turkiya gelip kömek eder saňa, o wagtam giç bolar.
-
btp
16 years ago
- a_turkmen, bu başda mesele kimlik meselesidi, sonam millilik boldy, indi döwletimizi ösdürmek diyyan; umuman alanynda sana düşündim, watanyny söyyan birine menzeyan, yöne bir işi etmegin dürli yoly bar, her kimin öz garayşi bar, mençe watany gowşadyan asyl meseleler barka, bu nurjylar denizde damja yali galya;ha watanymyzyn ösmegini paltalayan hususlar mana göra:
1.Jehalet we sowatsyzlyk;
2.Türkmençe bilim almagyn kynlygy,ylmy eserlerin gaty azlygy;
3.Habar beriş serişdesinin hökümedin hyzmadynda bolmagy;
4. Hususy eyeçiligin yok diyen yali azlygy, öz iş yerini açanlarynam, nalogdyr sanstansiyadan gelenlerin azar bermegi;
5. Parahorlyk sebapli bürokratiyanyn yayban bolmagy( munyn dermany hususy eyeçilik bolaymasa) we ş.m.
-
btp
16 years ago
- aslynda seniň diýýänleriňem bärde bilmeyan azdyr welin bolya da...
-
arassaTürkmen
16 years ago
- döwletimizde köp agzasy bolan we syýasy magsatlar bilen hereket edýän başga bir din guramasy: Yehowanyň Güwäleri. bu pikirnama hem nurjy toparyna goldaw berýän gurama tarapyndan goldalyar.
http://watchtower.org/tm/index.html
-
jankaka
16 years ago
- ata aga tuweleme mena size hayran sular yali samsyk copduybuler bn hem maslahatlasyanyz aslynda dogry edyanz bizem su wagt sol isler bn basagay yagny adamlara hak name hakykat name dogry name yalnys name olary hem owrenmek hem owretmek aslynda bu hemmelerin borjy yone sunam unutmanda agam jan esek semrese eyesini deper diyipdirler bular hem bir sebap bn dasryk cykypdyrlar ulkeden bilemok haysy church in ustu bn ya amerkan ilcihanasyny ustu bilenmi ya irex diydi flex diydi muski diydi sular yali gor lahetlen ustu bn cykypdyrlarmy biljek dal indem haybatlaryny gorkezjek bolyarlar yone indi halkynwe dowletin gozleri acyldy kime ynanyp kime ynanmajaklaryny olar gowy bilyarler yone bular hem kawagt gabat gelyan yurek bulayjy sineklerdir olaram adam kopliberse gacyp gidyarler bulankam solarynky yali az wagt galdy bular yali samsyklaryn hotdesinden gelmage nesip bolsa mena diyjek zadym her kim eder ozune eder elin bn edenini egnin bn cekersin diyipdirler galanam it uyrer kerwen gecer diyenleri saglygynz
-
arassaTürkmen
16 years ago
- haram çagasy jankaka sen kime söwen bolýaň, sen türkleri beyle gowy görýäň welin kakaň türk bolmaly seniň dogrymy? şonuň üçin çöpdüybi bärde sen, kakaň türk bolanyna biz günäkär däl ejeň günäkär düşündiňmi. erkek bolsaň adresiňi ayt tymşygyňy çöwüreyin!
-
jankaka
16 years ago
- arassaturkmen tuweleme sogjegini bilip men seyle yazdym men su saydyn takmynan 1 yildan bari agzasy su yerdakilerin kopusune sorasan aydarlar men kimdigimi we niredendigimi we name edyandigimi dusnuklumu dost onsanam yokardan jankaka diyip gozletsen taparsyn men barada maglumat sowmana gowy basaryan ekenin yone tohmet atmanam basaryan ekenin berekella arassaturkmen men haram cagadygmy nireden bilyan bilip bolmazmyka we ozun halal cagadygyny nireden bilyan kakamyn turkdugunu nireden bilyan kakama myratgeldi annayew diyyarler dusnuklumi arassaturkmen ene atama sek yetirenin ucin bolsa sana dine diyjek zadym Alla gorkezer nesip bolsa yol uzakdyr gorkezenini gorersin diyipdirler beyleki tarapdada iki elim yakanda bolar munam untma bolyamy arassaturkmen sonda kimin gunakardigni gorersin nesip bolsa her kimeder ozune eder diyipdirler bah tumsugumam cowurjek ekenin on nace adamyn tumsuguny cowurdunkan bilesim gelyar eger yene soragyn kop bolsa kakajan.anna@gmail.com garasyan bolyamy arassaturkmen aparassa turkmen ya has arassa turkmen aslynda biz yalnyslyk goyberipdirs ata aga aydypdy bular bn enkelesmalin diyip welin etmedikda her isde bir hayir bardyr diyipdirler seytanyn serinden Allan ozu gorar mydama nesip bolsa saglygyn
kakajan
-
Zamahşary
16 years ago
- men duşunemok name hemmaniz Arassaturkmenin ustune avanyaniz herkimin oz pikri bar Erbet zatmi aytddi öz pikirini aydypdyr size gatimi basdi nurjularda dogurdanim birzat bar oydan
yazanlaryn hemmesini okamadym
yone menin duşunuşum şunlarda ybarat yokarda byr topar nakyl yazan bolupsynyz
Nurjular kim, Neme onun ustunde sovuşen bolyanyz
İslam dinine uyyan bolsanyz Turkmenistanda adam gytmy, Nurjular başka yerik akidyami yogsa. Name Turkmenlerin Öz mollasy yetik dalmi.
Arassaturkmen egerde sen hakykaty ayydyan bolsan men sen tarabynda
biz hakykatyn tarapynda.
-
Maxat
16 years ago
- şu tayyk bir-ki gezek yazjak bolup yene pozdum,
peydasy ya geregi bolmazmyka öytyan,
hemme zat könlünizdaki yaly bolsyn
-
magic
16 years ago
- kabir oglan wapse boldy oydyan.
inda-a yaman gaty gydyp baslapsynyz
gaty gorman yone kabir onunden kararyny berip pikir yoredyanler yaman gaharymy getidi. su bloga girip gorup nastrenyam bozulup gitdi.
indi soraglar::
haysyn fethullah gulenin yekeje kitabyny ahyryna den okap gutardy.
haysyn herkul.org dan alyp yekeje sohbetini dinlap gordi.
.dogrymy aytsam okasanyzam onunden berilen kararynyz bilen hic zada dusunmersiniz.
birinji bilen hic zady anygyna yetman gulakdan dolma habarlar bilen one surman.
sunca zat yazdym ensalla kabirleri su hatdan bir zatlar alar myka diyyan.
-
mazmun
16 years ago
- oglanlar, şu ýerde ünsüňizi türkmençiligiň bir kadasyna çekmek isleýän.
türkmençilikde bir adamyň üstüne sürünmek, onuň mertebasine dil ýetirmek ýazgarylýan gylyk. bu barada maşgala terbiýesini alan her bir türkmen bilýändir.
şu ýerde ýokarda bellenişi ýaly her kim öz pikirini beýan edýar.şonuň üçin ýazgarmak adam gatnaşyklaryna sygyşmaýar.beýle diýdigim tankyt edilmesin diýdigim däl. sebabi tankyt kemsitmek däl.dürli pikirleri ösdürmek üçin tankyt edilýär. munda ýeketäk kada salyhatlylyk.
men şu blog açylany bäri şu tema boýunça gyzyklanyp, kän adamyň pikirini bilmek isledim we ýüz tutdum.mesele barada ozal nurjylar bilen ýakyn gatnaşykda bolan,tanymal ýazyjy,jurnalist bir tanyşymyň pikiri şeýleräk boldy:
"olar şeýle seredeniňde erbet adamlaram däl.emma olaryň alyp barýan işleriniň türkmen halky üçin kän bir zerurçylygam ýok. sebäbi bu türkmeniň asly namazlyk ýaly tämizdir. şonuň üçin biz özümizi täzeden dikeldip,ösdürip bilsek nurjularyň bizden öwrenere zatlary kän.biz türkmenleri näçe dargatjak bolsalarda hiç bir güýç başaryp bilmedi. muňa aýdyň subutnama türkmenistanyň häzirki eýe bolup oturan topraklarydyr.
nurjular dünýäniň köp sanly akymlary ýaly ikiýüli ýol yzarlaýarlar.hatda ondanam kän. muny olaryň diýişi ýaly " şahsy manewi" diýip düşünsek ýagny şu topary bir ynsan hökümünde ele alsak, baý bilen garyba seredişi tapawutly,nurjularyň ideologoýalaryna köňül beren adamlar bilen olara tankydy nazar bilen garaýanlara seredişi tapawutly mundan başgada birnäçe ýüzleri bar.garaz "gowy adam" postunyna bürenip diňe jemagatyň bähbidine kowalaşýarlar,toparlaryny bolsa gazanç çeşmesine öwrüpdirler.bu belki adaty ýagdaýam bolsa muny tassyklamaýarlar.dili başga zat diýýär,eli başga bir zat edýär. bu hasiýet halkymyzyň ýaş neslini ikiýüzli,ýalançy, lebizsiz kemala getirýär.ýöne ýaşalymyzyň erbet ýola düşüp,zaýa bolup gitmeginden ýene-de ikiýülem bolsa hapalanmadygy ýagşydyr. wagt geler dogry ýalňyşy özleri saýlarlar-da"
ýaşuly ýazyjy başgada kän zat gürrüň berdi, ýadyma düşdüginden menem siziň bilen paýlaşaryn hormatly ýaşlar.
-
mazmun
16 years ago
- aralarynda gaty tämiz ynsanlar bilen bir hatarda, gaty ýaramaz adamlaram bar. erbet adam, oňat adam düşünjesi adamyna görä üýtgäp bilýän düşünje. illeriň erbet diýýän adamynyň belki saňa erbetligi ýokdyr, hatta bahbidi hem bardyr. meniň pikirimçe umumymilli meselelerde şahsyýeti bir gyra süýşürip, köpçülik nukdaýnazaryndan seretmeli. meselem biziň raýatlarymyzy çet ýerden gelip ala tutmaklyk erbetlikdir, olaryň köpüsüniň ynsanlyk mertebesini depgiläp gul hökmünde işletmek,hatda aşa sütem edip berýänje ujypsyz puluny ödemek üçin heleýleriniň iç geýimlerine çenli ýuwdyrmak,ütükletmek (başga zatlar barada gürrüňem ýok)kemsitmegiň agrybaşy hasaplanýar,bu hem erbetlikdir, döwlediň kanunyny asgermezlik erbetlikdir başgada mysallary kän diýip, ýaşuly gürrüňini dowam etdi.şu ýagadaýda hem käbirleriniň özlerini dindar,howandar,ynsanperwer görkezjek bolup ýörüşleri keseden garaýana gaty ýasama görünýär.
elbetde beýle häsiýetli adamlar bizde ýokmy,hökman bar.ýone biz şolardan saplanyp bilmän otyrkak çet ýerlerden gelip halkymyza şeýle daramaklary durnanyň üstüne urna bolýar.
ýene de ýararyn...
-
mazmun
16 years ago
- ýokarky gürrüňiň dowamy:
1863-nji ýylda orta aziýa syýahat eden wamberi bir gul satyp duran türkmen bilen söhbetdeş bolýar "öz dinibir doganyňy satmaga neneň gaýratyň çatýar, pygamber her musulman erkindir,azatdyr diýmänmi näme?" diýip soraýar. türkmen barypýatan biperwaýlyk bilen şeýle jogap berýär: " gurhan kelamulla,elbetde onuň gymmaty adamdan uly,eýsemde bolsa şonam alyp-satyp ýörler-ä.ýusup pygamberem satylypdyra-diýip jogap beripdir.
ine, şu gysgajyk gürrüňdenem mälim boluşy ýaly halkymyz aýdylana däl de edilýän işlere adyl baha bermekden çekinmeýär.
nurjularyň bolsa aýdýany edýän işlerine çapraz düşýän ýerleri gaty kän. olar adamy satmakdanam,gurhanyň aýatlaryny satmakdanam has uly hudaýy satuwa çykarýarlar.ýagny hudaý üçin diýip köp sanly haýyr-sahawatly adamlaryň pullaryny ýygnap käbir maksatlary üçin ulanýarlar.aslyýetinde sahawatly ynsanlar ýetim,mätäç adamlara sahawat etseler hem hakyň öňünde hem de halkyň öňünde sogaply iş ederdiler.
bu işem türkmeniň "baýam baýa berer,hudaýam baýa berer" diýilen nakylyny ýadyňa düşürýar.
dowamy bar...
-
mazmun
16 years ago
- "gaty gorman yone kabir onunden kararyny berip pikir yoredyanler yaman gaharymy getidi."
majik dost, seniň gaharyň gelýäniniň sebäbi, yokardaky sözleriňde nygtaýşyň ýaly bir zatlara kararyňy berip pikir ýöredýänligiňden bolsa gerek. sebabi bärde gahar ederlik zat ýok.
elbetde, herkim özüniň oňat biýan zatlaryna rüstemlik edýär.nurjular nurjulygyna, garşy garaýyşda bolanlaram öz garaýyşlaryna. üçinji bir topar bolsa garaşsyz pikir ýüwürdýär. ilki şuny kabul edip bilseň gaharyň gelmez.pikirleriň dogrulygyna,ýalňyşlygyna agzalar we myhmanlar öz ýanlaryndan baha we karar berer.
men seniň diýýän şahsyň barada kän maglumatym ýok. kitaplarynam okamadym.ýone bir tanyşymyň aýtmagyna göra, üýtgeşik bir ideýa ýok.din bellibir galyba salynyp hödürlenýär.başgaçarak aýdylsa birtaraplaýyn ýoýulýar.dini pikirleri bolsa türkmen başga bir milletiň nukdaýnazaryndan dälde, öz penjerämizden,galybersede asyl nusgasyndan öwrenmelimikä diýýän.
onsoňam "döwrüň depesidaki adam" ideýäsy, ýada bolmasa kimdir birilerine çokunmak adamy erksizleşdirýär.şahsyýeti diri wagty öldürýär, oňa pikirlenmek ukybyny ýitirdýärýär.ana, onsaň türkçeläp aýtsak "tek tip insan modeli" diýileni bolýar. bu ideýä preletar,bolşiwistik ideýä. ol ýörelgäniňem baryp ýeten derejesi hemmä malim. şonuň üçin gaýrat etde pikiriň bilen gel, bolmasada ýazylanlary okamak bilen çäklen-äý.
iň soňky jümläňde meniň ýazanlarymdan enşalla bir zat alarlar diýipsiň,näme almagymyza garaşýaň. 2-3 ýola okadym alarlyk zat tapmadym, bolsa iki ellap aljakdym.
türkmen aga şeý diýýär: " öz arrygyny har eden, kişi arrygyna zar bolar." arryk diýmegem ötyrýer bolýar. başganyň otyrýeri bilenem oňňut edip bolmaz.muňa düşünip, alyp bilseň şu sözden birzatlar aljak bol! (elbetde düşünje)
-
Maxat
16 years ago
- mazmun, ttm-de okan ya şolara-da hak beryan hiç-hili tanyşyn yokmy, eger yok bolsa men pikirimçe sen beyle adamlar bn-em tanyş, olaryn pikirinam öwren, son barik onam yazsana, mena sabyrsyzlyk bn okardym
birem barde beyleki oglanlara gören-yaşan zatlaryny yazyalar siz bolsa eşiden zatlarynyzy yazyanyz, onson çala eşidip çatma yykmak yaly bolmajagyna nadip güwa geçyaniz, her gulakdan duyma zady gybat yaly yayradyp yörmegem türkmençilige sygyan daldir
-
Maxat
16 years ago
- birem men olary doly tanamok diyyan, doly tanamasan kimin adyndan yazanda-da kemsdiji/kiçeldiji zatlar yazsan şol adam hakykatda-da şeytanam bolsa "gybat" bolyandyr, anygyna yetman yazanyn peydasy yok
-
mazmun
16 years ago
- Maxat, sen meniň ýazanlarymyň galp ýerini görkez men saňa subut etmäge çalyşaýyn.
seniň diýýän adamlaryňdanam tanaýanym bar. ýokarda ýazanlarymam şeýle adamyň pikirleri ahyryn.
jany teni bilen özüni aldyranlardanam tanaýanym bar olar siziň diýýänleriňizden tapawutly zat diýmeýärler.onsaňam siz ýene de olara garanda batyrgaý. olara "tedbir" diýişip,"şefkat tokady" diýişip kölegelerinden gorkuşup ýörler.onsaň olaryň diýýänleri ynandyryjy görünmeýär.
men anygyna ýetemok diýimeýän-ä, diňe çuňňur tanamok diýýän. ýazýan zatlarymyň hem arkasynda doly deliller görkezip durup bilýän.onsoň gybat meselesinde hiçbir şahysa gönükdirilen gybat ýazmadym.jemgyýetimizi gyzyklandyrýan meseleler baradada garaýyşymy ýazmak raýatlyk hukugym.
çala eşidip çatma ýykylan ýerini maňa görkezip biljekmi. onsaňam meniň gürrüňdeş adamym ömrüniň tas 10 ýylyny şol hyzmata bagyş eden adam. adyny ýazsam köp kişiniň gözi hanasyndan patrap çykar.meniň özüme we ýazanlaryma ynamym bar.
kiçeltmek, kemsitmek diýip nänä düşünýäň? eger hakykata kemsitmek diýip düşünýän bolsaň, onda gaty ýalňyşýaň.
-
Erkin666
16 years ago
onsaňam meniň gürrüňdeş adamym ömrüniň tas 10 ýylyny şol hyzmata bagyş eden adam. adyny ýazsam köp kişiniň gözi hanasyndan patrap çykar.
şeyle diydin welin, kimdigini gaty bilesim gelyar-da. :)
-
Maxat
16 years ago
- bor mazmun bagyşla, ön yokarda sen kabir kiçeldiji zatlar yazanyny okan yalydym, arasyna göz gezdiremde bölek okap bütünley okamamson şeyle pikir edipdirin, umuman sen üstünde duryan türkmençilik düşünjane düşünyan, gowy zat, yöne bu mekdepler zatlar türkmençilige garşy hereket dal, hat-da ol türkmençiligin esasy sütünlerinden biri bolan mulmançylygyn,bilimin berkidijisi, olar ayra zatlar dal,
birem ol sisteman içinde öz bahbidine hereket etyanler kan diyipsin, bolup biler, ol her sistemada-da bolayjak we bolaymaly zat, türkmençiligin arkasyna gizlenip yörenlerem kandir, onson bu düşünajanam garalap yörelimi, bor-da
-
mazmun
16 years ago
- Maxat,düşünşdik.
aslyýetinde sen çala okap çatma ýykypsyň.
mekdep mekdepligini etmeli,bilim bermeli.halkyň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna ekistremistik meýilli düşünjeleri bermeli däl.onuňam adyna terbiýe diýmeli dal.
şol mekdepleri tamamlan özüň ýaly bir oglandan eşidişime görä ekstremistik çäreler ýaňy mekdebe gelen çagalary toparlara bölüp,eýýäm klasyň içinde başlaýan eken.gylyksyz,ýaranjaň häsiýetli çagalary ýaran tutunyp,dogumly,gönümel,töwra çagalary bolsa ala tutup agzalalyga,men-menlige meýil edýän terbiýe berilýär.olam çagalaryň arasyndaky görüpligi,görebilmezçiligi ösdürýär.şuňa seniň pikiriňçe terbiýe diýip bolarmy,şeýle ýagdaýda seniň diýýän esasy sütüniň berkärmi?
berip bilseň abzybirlik,watançylyk we milli ruhy bermeli.ony çetýerden gelip berip bilmezler,oňa düşünýän. şonuň üçin hakyky milli kadrlara berdirmeli. tüýsi bozulan bolsa ýene de netijeli bolmaz. sebäbi ol duýgy tüýsi bozuguň özünde ýok zat ahryn.ýok zady nirden bersin ol görgüli.
türkmençiligiň esasy sütünini türkmenler berkitmeli.arap,pars ýa türk berkidip bilmez, diňe dargadyp biler. esasy sütünler hem gözboýagçylyk bilen,ikiýüzlilik bilen,berkidilmeýär.ony berkitjegem,gorajagam,ösdürjegem halalhon,watançy,paýhasly,howandarlyk duýguly türkmenlerimiz.
şu ýazgylary okanyňdan soň,"şeýle türkmen barmy diýip" sorag döremegi tebigy ýagdaý.
ol soragyň jogabyny özüň tapmaga çalyş...
"owal akan ýerden akarmyş aryk"
-
SerJon
16 years ago
Onundena gowy (akylly) zatlary gurlap sonundan
ay bolyala iş ehline berilmese, ne bu milletiň ne de döwletiň düzeljegi ýoklaý...
btp | 2008-12-15 04:03:30
sheyle diyman bolonokda dost!
-
SerJon
16 years ago
(Pethullah Gülen) Syýasy Gaçy hökmünde Amerikada ýaşaýar.
Ilki bilena Pethullah dalde Fethullah Gulen ikinjidenem bir rowayaty belki okansyn belki dinlansin belki-de hich bilyan dalsin!
Ol rowayatda bir musulman bir adamy "kapyr" diyip oldurende Pygamberimiz Muhammet (s.a.v)ona "sen onun yuregini achyp gordunmi?kapyrlygyny nirden bilyan" diyen yaly manyda (doly yadyma dushenok) jogap beryar!
Shonun uchin hem oz-ozune sorag berde oylan
Sen yuregini achyp gordunmi tohmet atyan adamyn?
Tohmet gybatdan hem beterdir bilmeyan bolsan!!!
-
btp
16 years ago
sheyle diyman bolonokda dost!
Bolanokmy, name üçin bolanok, seni dolandyrmak üçin başa geçenler iş oňaryp bilenoklar, world monitor'a görä kişi başy milli girdeji 6000 dollar, eger bok garyn aristokratlar özleri iş etman in azyndan halka goldaw berse, bu in aZYNDAN şu magt 10000$ bolmalydy diyip pikirlenyan, senin rayatdaş gelin gyzlarynam stambula gelip namysyny satmardy, yöne sen başgaça düşündin öytyan mana, menin ol topar we manewi lideri bilen bagly negatiw pikirim barybir yok, ony aydipdimam yokarda
-
Zamahşary
16 years ago
(Pethullah Gülen) Syýasy Gaçy hökmünde Amerikada ýaşaýar.
a turkmen birinjilik bilen sana sorug bu maglumatlary nirden aldyn
ve yazylara name jogap berenok nira gitdin
-
vePAŞkA
16 years ago
- aslyna seretsen şu mowzuk hem de şahsyyet barada köp köp kitap yazyldy.. kabiri bolşy yaly yazdy.. kabiri google den tapanjalaryny yazdy..kabiri bolsa dogry yazylan zatlardanam üytgeşik üytgeşik manylar çykaryp ya da çiyşirip yazdy.. şahsyyetin özi bolsa hiç haçanam özi barada kitap ya da makala (we ş.m) yazylmagyny islemeyar.munun wagty biderek ulanmak diyip pikir edyar.. gören hem de eşdenlerini jikme jik analiz edip yazan zatlaryny okanynda çiyşirilen zatlar yalydygy ikuçsyzdyr. emma şol adamy(ya da marekani) garalap şyltak (töhmet..) atyp yazjak bolyanlarynam eline dine şonun yaly materiallar öndürip bilendigi meni diysen begendiryar.. sebabi her bir adamyn durmuşynda islese islemese(bilip ya da bilman) zik zak çyzmagy mümkin.. emma 60-70 yyllyk bir ömürden ya da münlerçe adamdan munun yalyjak garalamak üçin material çykyan bolsa onda, ya çyndanam Yaradan olara kömek edyar , ya da töhmet atjak bolyanlaryn çyndanam kabir zatlary görmeyar. ya da görse de men menlik yaly faktorlar göreçlerini köreltyar.
-
vePAŞkA
16 years ago
- sahypada önler bir zatlar yazan bolyadym .. kabir agzalar tmolympiaddanam tanayan bolmagy mümkin.. özüm şol mekdeplerden uçurym boldum we okuwy hem türkiyede okadym.. şu wagtam şol mekdeplerde işleyan mugallym hökmünde kabir zatlary nygtap geçesim gelyar..
çagalara edep bermek hem de olary durmuşa tayyn kadr edip yetişdirmek oturan yerinden yazgy yazmaga menzemeyar. şonun üçinem şu wagtdan sabyr bilen okamagynyzy hayyş edyarin..
1. Şu çaka çenli ne okan döwrümde ne de studentlik döwrümde şu marekanin içindeligim sebapli yekeje gezegem yüzüm utanmady. mydama gayşaryp gezdim.. muny hem aytmakdan çekinemok.. başga da yüzi gyzaran ya da utanan ya da kemsidilen adama gabat (duş) gelmedim.. eger azajyk bolsa da senin mugallymlaryn ya da terbiyeçilerin şeyle ya da beyle diyip gep eşiden bolsadym onda kabir zatlar başgaça bolup bilerdi.. emma yekeje gezegem şolar barada erbet gürrün eştmedim. ak matanyn üstündaki nokat naçe kiçi bolsa bolsun derrew göze ilyar.. edil şonun yaly da kabir uçurymlaryn terbiyeçi ya da mollumlaryndan garaşyan zatlary çykman bolup biler.. emma şu wagt ene atalaryn köpüsinden sorasan türkmen kadrlar köpeldikçe başarnygyn azaljakdygyny aytyalar. paranynam boljagy ya da başga da biabrayçylygyn boljagy mümkin yaly seretyaler. indi muna name diyjekbulam ayry gürrün.. men yene de yzyny dowam edeyin..
-
vePAŞkA
16 years ago
- ttm ler barada arkayyn gürleyanler barada bolsa kan aydyp oturasy zat yok.. sebabi olaryn sonuny seljerman yazyan zatlary mundan 45- 50 yyldan bari olardan has gepe çeper spesialistdir jurnalistler tarapyndan yzygiderli yazylyan ya da agzalyan zatlar.. entagem kabir adamlar şu zatlara düşünmeyan bolsa çyndanam bize düşyan ullakan wezipe bar.. men öz adyma aydayyn.. menin entagem köpçülikde ya da haysam bolsa bir yerde özümi alyp barşymda düzetmeli zatlarym bar.. ya da kabir zatlara dogry düşünip hem de dogry düşündirer yaly gerekli materialdyr dokumentleri okap gutarmaly.. bolmasa görşüniz yaly hakykady hem şunun yaly barden gaytyan sözlemler bilen düşündirjek bolyan bolsam(k) onda bizde de onça munça kemçilik bar diymek bolyar. biz diyip jemagat diyjek bolamok.. dine Türkmenistanyn hem de adamçylygyn ösmegine hiç zat gaygyrman hyzmat etmage söz beren bir mugallymyn adyndan gepleyan..o how yekeje de dogry fakt getirmanem pert pert gürleyanlerin yanynda çaresiz yaly görünmek ya da aydara zat yok yaly oturmak dilsiz şeytan bolmak howpyny hem yanynda getiryar.. sebabi adalatsyzlygyn yanynda dyman dilsiz şeytana denelyar.. yzy...
-
vePAŞkA
16 years ago
- + yene bir zat..
türkmenistanyn howpsuzlyk guramalary bu şahsyyeti hem de egindeşlerini bizden sizden onat tanayandyr. olar durka kabir dostlaryn yene de şo bir gürründe yürege düşmegi şo guramalary pese düşüryan yaly gözümde.. türkmenistany hukuk gorayjy hem de dernew edaralary durka bu dostlara name bolyar.. ya olara işlerini doly berjay etmeyandiklerini aytjak bolyanyzmy.. olar hamana howpy göz görtele üstüni basyryan yaly edip görkezyarsiniz.. meselan bir tarapy bu.. beyleki tarapy.. türkmenistan dal ahli yurtlardaky türk mekdeplerde ilçilerin, hukuk gorayjy edaralarynyn işgarlerinin , harby işgarlerin (garaz senden menden watany söyyan\söymeli adamlaryn) çagalarynyn okayandygy hemme kişa ayan bolsa gerek.. hem de bir maşgaladan birlan ikilan üçlan dörtlan ... okuwçydan.. olarama janyndan ey göryan çagalaryny kime amanat edyandiklerini ölçerip , elekden geçirip onson beryandirler. bar diyeli türkmenistanda kan e-netden maglumat ediner yaly mümkinçilik yok diyeli.. beyleki yurtlara name diyjek..hatda nigeriyanyn prezidentinin hem şu mekdeplerde okayanyny aydasym gelyar..yzy
-
vePAŞkA
16 years ago
- bir gün ependiler gonsysy eşeklerini sorap gelyar.. ependi hem beresi gelman eşegim yok diyyar.. ona çenli ahyrlarynda duran eşek annyrmaga başlayar.. gonsysy hem
- hana, öyde eken e eşegin -diyyar. Ependi hem..
- mana ynanyanmy ya da eşege diyipdir..
-
Maxat
16 years ago
şol mekdepleri tamamlan özüň ýaly bir oglandan eşidişime görä ekstremistik çäreler ýaňy mekdebe gelen çagalary toparlara bölüp,eýýäm klasyň içinde başlaýan eken.gylyksyz,ýaranjaň häsiýetli çagalary ýaran tutunyp,dogumly,gönümel,töwra çagalary bolsa ala tutup agzalalyga,men-menlige meýil edýän terbiýe berilýär.olam çagalaryň arasyndaky görüpligi,görebilmezçiligi ösdürýär.şuňa seniň pikiriňçe terbiýe diýip bolarmy,şeýle ýagdaýda seniň diýýän esasy sütüniň berkärmi?
bu zatlar yaman kiçi zatlar, promlema eder yalak zatlara-ma dal, beyle zatlar bolyady bilyan, yöne bile okan oglanlarymyzyn hemmesinin minnet duyman şolara sagbolsun aytjagyny bilyan, birem meselem hemmesi den tutulanok diyyan, men mugallymçylyk etmanligim üçin bir zat diysem dogry bolmaz welin, yöne özümçe aydayyn meselem olimpiyada tayynlanlarynda bizin içimizden saylayadylar ukybymyza göra, hemme kişi den dal, şon yaly terbiye temasynda-da hemme kişini den tutmagam belki bolyan daldir
mazmun
berip bilseň abzybirlik,watançylyk we milli ruhy bermeli.ony çetýerden gelip berip bilmezler,oňa düşünýän. şonuň üçin hakyky milli kadrlara berdirmeli. tüýsi bozulan bolsa ýene de netijeli bolmaz. sebäbi ol duýgy tüýsi bozuguň özünde ýok zat ahryn.ýok zady nirden bersin ol görgüli.
şu yerde sen "tüysi bozuk" diyip öz kemçilikli türkmenlerimizi aydan bolmaly, hawa yokarda vepaşkanam agzap geçişi yaly:
emma şu wagt ene atalaryn köpüsinden sorasan türkmen kadrlar köpeldikçe başarnygyn azaljakdygyny aytyalar. paranynam boljagy ya da başga da biabrayçylygyn boljagy mümkin yaly seretyaler
meselem men eger para bermesem, ya-da her hili haram iş etmesem şolardan öwrenen hakykatlarym sebapli edemok, şu zatlary şolara borçly, bu zatlary türkmençilikden öwrenmedim, sebabi türkmençiligi "yerine yetiryanler"(temsil etyanler) türkmenler özleri bilenoklar, bilselerem şona göra hereket edenoklar, onson orta mekdepde okan bolsam belki diyeli pul berip okuwa giren bolsam, pul beribem işe giren bolsam onson men kellame türkmençilik pikiri nirden gelmelika, "halallyk" pikirini, düşünjesi yokardan kellame gaçmajaga belli, menem gelen yolum bilen giderdim, şon üçin olan şeyle yaşlary yetişdirenine şükür etmegimiz yerine namartlyk etyas gynansagam, kemçilikler bolsa ol yerden gaça durm-da düzeltjek bol, birem indi ol mekdepler-de sonky wagtlar türkmen mugallymlar köpelip başlady, türkler azalya, we eger önki bilim derejesi ya "halallyk" düşünjesi önkiden bir gram peselse sen şol "türkmençilik" düşünjanden utan!!
-
Maxat
16 years ago
- Bir tarapdan menem islardim meselem şu zatlary "türkmençilikden" öwrenen bolsadym, meselem dünyade derejesinde türk dili olimpiyadalary geçirilya, name üçin türkmençe olimpiyadalar yok(bu başga mesele), geçen türkçe olimpiyada-da 2.nji yer alan jigimizin yenişine menem kan bir begenip baramok sebabi ol türkmençe aytmady, bolmanam adyndan belli bolşy yaly ol türkçe olimpiyadasy, yöne şol yerdaki gyz meselem türkmençe keteni-şaysepler geyinip-dakynyp çykyş edipdi, ana şol "türkmençilik" duygusy şol, "türkmençilik" duygusy elinden alynmandyr, we şol sanda beyleki yurtlaram öz milli eşikerlinde çykyş etdi, yöne men şol yerde şol gyzyn belli bir bayrak almagyny islap barmandym, sebabi ol olimpiyada dal, ol dilleri olan milli ya-da öz watanyna değişli zat, bizin ol yerde dereje almagymyzyn ahmiyeti yok, eger olar bir derejani layyk görselerem olan öz pikiri, yöne bu(olimpiyada gatnaşmak) olan hyzmatlary üçin kiçirak sowgat/sagbolsun diyaymesen, şol olimpiyada-da sms bilen ses berilyadi, özümçe, türkmen bolup şol ses berilmeginam dogry hasaplamok, sebabi dil olanky, aydym olanky, goy ses berseler türkiyadaki türkler ses bersin, şonun yaly kabir zatlara üns bermeli, milli düşünjedenem uzak galmaly dal, yöne bu zatlary edeninde başga düşünjani peseldip ya-da peseltjek bolup milli düşünjani beygeltmegem dogry dal
-
arassaTürkmen
16 years ago
- a turkmen birinjilik bilen sana sorug bu maglumatlary nirden aldyn
ve yazylara name jogap berenok nira gitdin
Zamahşary | 2008-12-19 11:48:51
zamahşary gardaş yazgylara jogap berip bizar boldum, name diysen subutnama getirip bilmani tohmet diyyarler, sebabi subutnamalary yok. Pethullahyn syyasy gaçydygyny türkiye'de kimden sorasan soray, dine nurjylar onun tarapyny çaljak bolup kesel bolup amerika gidipdir diyyarler, yone turkiya dowletinin bütin resmi belliklerine gora şol adam dowler harby güyçleri tarapyndan tussag ediljek boldy, yöne ol wagtynda gaçdy. Bir adamyn döwlete garşy etmedik bir günasi yok bolsa name üçin ony yzarlasynlar.
-
gunjagaz
16 years ago
- Salam Millet! ker kim oz pikirini oz aydan yerinde gogertjek bolyar emme ka birleriniz dogry ka bileriniz yalynysh ka bilerinizem ne dogry ne yalnysh zatlar yazyarsynyuz. Yone name ucindir siz edilyan yagshylyga dogry dushunmeyarsizin.
Belkem on sebabi indi adamlar dine ozlerini bilya oz bahbidine capyarlar, birine yagshylyk edyan diyip oz bahbidine uyan zady edyarler.
Adamlaryn barynyzn pikiri sheyle bolup baryar. Emma oz bahbidini bir yana goyup Allan Bahbidine gidyanlarem bar Emma name ucindir ka birlerimiz muna dushunesleri gelmeyar? Belkem olaryn pikiri oz bahbidine yagshylyuk edip gezip yorenleri sebapli bize edilyan bu yagshylygyn anyrsynsdan bir zatlar gorjek bolup helak bolyarlar. Men sholara yuzlenip aydyan siz helak bolup oturman munuonundede arkasyndada Turkmeni adam etmeli ony hasam beter osdurmeli, adamlary biri biri bilen dostlashdyrmaly we.shm yaly pikirlar bar.
Siz bir seredip gorun Musulman dininde edilyan zatlaryn hic birisem yaman ishler dal. O yerde dine 1. bilen ozun arassalygyn janyn saglygy, 2. bilen dostluk doganlyk 3.4.5..... we hemmesem adamlar ucin bahbitli zatlar barada gurrunler. Bu yerde erbet bolan zat name men hic dushunip bilemmok.
-
Erkin666
16 years ago
Bu yerde erbet bolan zat name men hic dushunip bilemmok.
gunjagaz | 2008-12-20 00:58:31
erbet bolan zat, şolara "göwün beren" türkmen yaşlarynyn, olaryn islendik emrini etmage tayyn bolmaklary.
Elbetde "olar nahili emir berip bilerler?" diyip sorarsynyz.
Meselem: sonky döwür, türkmen mugallymlaryny, (yagny yokarda vepaşka yaly ttm mugallymy) "hamana türkmenistana mugallym gerek dal yaly" (bir topar döwlet mekdepleri musor yaly bolup yatyr) daşary yurtlara mugallym edip iberyaler. Name üçin, şol edilyan "hyzmaty" beyleki halklara hem yayradmak üçin. Afrika, Amerika, Gündogar Aziya we ş.m. yurtlara iberilyar.
Hemde bularyn düşünjesinde 1nji orunda, Huday we yslam dini bolyar.
Yagny watan, ene-ata, garyndaş, hatda söygi- maşgala we ş.m. Hudaydan, dinden sonra gelyar bular üçin. Islendik wagtda, Huday, din yoly, beylekileri satmaga tayyar adamlar edilip yetişdirilyar.
(Bu uzyn tema aslynda, taze blog açyp bilerin.)
-
btp
16 years ago
- erkin666, gowuja bir yere tokunypsyň, dogry aýtýan senä, şolaryn amerika ya da bilmedim dünyanin nirelerine gitmekleri meninem hoşuma gidenok;menin tanayan kabir tanyşlarym bar açykçasy,yöne sen yagdayin birem şu tarapyna seret:
1.Olar müdimlik gidenok, 5-6yil son dolanyp geler, optimist pikir;
2.Olar şol yerlerde hem biraz pul gazanar(?) we tejribesini artdyrar
3.Jemagatda itaat bar zorlama ýok, ol gidenler isleseler türkmenistana da dolanyp biler, yöne yewropa ya da amerika gitmek bar bolanson, şol yerleri saylaýýalar;ýagny diyjek bolyanym terjih yene de olarda,meselem, menin bir tanyş bogaziçinin bir fen-edebiyat bölüminden uçurym boldy, ona da teklip edipdirler, yöne ol şu magt tm'da işlap yör, bu temada problema bolsa bolsa bizin oglanlarda maňa göra...
-
btp
16 years ago
- birem, milliyetçilik gowy zat welin, döwletin ösmegi adamlaryň ynsabyna goyulmaly ya da berilmeli dal,hökümet bilimli rayatlaryny pul,lüks şertler bilen milliyetçilik arasynda terjih synagyna sokmaly dal, hakam yok, bizin watanymyz hem name yitiryan bolsa bu yalňyşlyk yüzünden yitirýär, osmanly ýykylyp türkiye döwleti gurulan son bularam yewropa talyp göyberipdir,yöne yzyna dolanan az bolupdyr, bir döwletin başyndaky hökümet nadip hökümet bolyar, döwleti ösdürme sözi bilen dalmine, onda olar bizi türkmenistana çekmek bilen yükümli,hökümet köpürak aylik berjek diysin, onson gör nadip okuwyny gutarman yörenlerinem uçurym boluberişlerini, bizin beyinlerimizin amerika dal yewropa gidiberişlerini...
-
Erkin666
16 years ago
Jemagatda itaat bar zorlama ýok
itaat diymek, "buyruk dinlemek" bolyar dalmi name?
Yagny "zorlama" bilen bir manysy bar.
Menin düşünmeyan yerim:
Şol "jemagatçylar" dineje özleri üçin ("Aslynda Huday üçin"!) iş edyaler, yagny dine öz mekdeplerini gowy etjekden, öz adamlaryny yokarlara, ministrliklere sokjakdan.
"türkmenistanyn döwlet mekdepleri gurap yatan halynda" daşary yurtlara "hyzmat" diylip gidilmegi, ol watany, türkmenistan rayatlarynyn bilimini, gowylygyny 1nji orunda goymayandyklarynyn nyşany.
menin bilşim boyunça, olar dine ösen yurtlara dal-de, "Hudayyn razyçylygy üçin" nirde tananmadyk, hatda musulman bolmayan afrika, aziya yurtlaryna hem "iberilyar(!)"
Yagny pul gazanmak, tejribe gazanmak olar gapdaldan gelmegi ahmal zatlara (iberilen yurduna bagly), gepin gysgasy; olar pul, tejribe üçin gidenoklar. Hudayyn razylyçylygy, Beterem, "itaat" üçin.
Name üçin "itaat"?
Sebabi olar şeyle üytgeşik wyjdan (türkler bize kömek etdi, bizem olara hyzmat etmeli)bilen ulaldylan adamlar. Yagny "wyjdanyny dinlap" itaat (söz dinlemek) edyaler.
türkler tarapyndan talap bolany üçin gidyaler, yogsam, öz islegleri bilen "meni bir yera iberin" diylenok, olar diyaler. "Türkmen yigit, hyzmat üçin, itaat üçin daşary yurda mugallym bolmaga tayyarmyn?" olam "hawa, elmydama, höwes bilen." ine işler şeylerak dowam edyar.
Gowymy, yamanmy özüniz karar berin.
men pozisiyamy bilendirsiniz, şona garamazdan dogryçyl yazjak bolup elimde baryny etdim.
-
btp
16 years ago
- soň kommendimde, yalnyşlyk goyberipdirin," amerika ya da yewropa dal tm gidiberişlerini..." bolmalydy
-
Zamahşary
16 years ago
- A_turkmen jogabyn üçin sagbol
serjon yazan hekayan dogry benem eşitdim
Sen yuregini achyp gordunmi tohmet atyan adamyn?
Tohmet gybatdan hem beterdir bilmeyan bolsan!!!
gaty görmesen sana bir sorag bereyin sen ol adamın yureginde name bardygyny bilyanmi
bir turkmene, tohmet atyan diyip yazypsyn tohmeti midir yogsa dogrumudur Onu dine Allahu talla biler
ve ol oglan onu aytmandir bütun turkler ve beylekiler bilyan bolsa sen birinin gunasini nadip alyan?
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA,sen meniň ýazanlarymy mazaly oka.egerde ylalaşmaýan ýeriň bolsa anyk faktlar bilen seni oýandyrmaga synanyşaýyn.
seniň we ol märekäniň ikiýüzlilik pirimi ýene 3-4 ýyl ýol alar, onsoň ol petige dirärmikä diýýän.
seniň howpsuzlyk ýa da harby guramalar barada pikir ýüwürdişiň düýbünden ýöntem.olar seniň ýaly bir taraplaýyn pikir etmeýärler.hem de çagalaryny ol mekdeplere seniň ýaly agressiw,göýdük pikirli bolsun diýýip bermeýärler.diňe bilim we terbiýe üçin berýärler we çagalarynada berk tabşyrýarlar.emma siziň edýaniňiz näme,şujagaz päk niýetdenem öz haýyryňyza bähbit araýaňyz.
gynansagam biziň bilim pudagymyz çagşan söýuzyň mirasdary bolup geldi.indi ýaňy ýagyrnysyna ýel çalyp ugrady.şonuň üçin herkimem çagasyny bilimli etmek üçin şol ýere berýär.sen pikiriň tasirini güýçlendirmek üçin beýle pirimlere ýüz urma.onsoňam döwlet seniň pikir edişiň ýaly hasapsyz işlemeýär. herbir hereket bellige alynyp otyrylýar.şuny bek belle, dost.tapgyr tapgyr kabir çäreleri geçirýär,ýagny zyýansyzlaşdyrýar.del düşünje hemme wagtam howpludyr.size " tedbirsiz" işlemäge şert dörese siziň yurdy nämäniň üstünden alyp barjagyňyzy bäş barmagy ýaly bilýärler.onsoňam illegal bir gurama bolany üçin tutaryk ýok. Aslyýetinde ýok däl, bar. Emma gözboýagçylyk edip üsti örtülýär. Biziň milletimiziň geçirimli we oňuşukly hasiýetini rehimsizlik bilen öz tarapyňyza ulanýaňyz.
dogry meselä dar graýyş bilen seredeniňde,ýakyn gözýetimde howp görünmeýär. emma jemgyýeti ysgyndan gaçyrýar,göýdükleşdirýär,uzagyndan milli düşünjelere palta urulýar.
aýgytly ädim kinofilimini sereden bolsaň,şol ýerdäki artamonow ýaly obrazlar gör nähili polajitel obrazlar. derrew öz tarapyna çekip bilýär. emma türkmen jemgyýeti şeýle ýagşy ynsan obrazyna bürenen adamlaryň aldawyna gidip ysgyndan gaçmadymy.hatda türkmeniň watançy,howandarlyk duýguly, edermen,paýhasly gerçekleri şeýle sistemanyň pidasy bolmadymy.
türkmenistanyň ösmegine söz berip, başga ýere-de göwün berip netijä alyp bolmaýar.sözüňem, göwnüňem, aklyň pikiriňem bir maksada gönükdirseň, diňe şonda netije alyp bolýar.
saňa bir soragym bar, nämeden atýaç edilýär. näme üçin "tedbir".onuň tärede barabar, näme aňmiýedi bar.
howp salýan kim? hukuk we harby edaralarmy? ýa da bolmasa ýonekeý halkmy ýa başga bir zatmy?
-
arassaTürkmen
16 years ago
- Mazmun gardash on telpegi goşup dikip saňa ullakan telpek goýýan dost. Tüweleme!!! Hemme teswirleriňi okayan, yüregimden geçen zatlary ýazýaň, iň wajyp bolany hem arassa türkmençe!!! Biziň ýaly watansöýerleri, hakykady adamlaryň ýüzüne aydyp duşman gazanýanlary wagtynda hemmesiniň ganatyndan atdylar. Hakykat göz oýýandyr, adamlar ony görmejek bolup gaçýarlar, şonuň hakykatçy seýrek, sebäbi dünyä yalan. ýene bir gezek telpek...
-
vePAŞkA
16 years ago
- " ...saňa bir soragym bar, nämeden atýaç edilýär. näme üçin "tedbir".onuň tärede barabar, näme aňmiýedi bar.
howp salýan kim? hukuk we harby edaralarmy? ýa da bolmasa ýonekeý halkmy ýa başga bir zatmy?..." diyipsin... öran yerlikli sorag.. garaşyadym aslynda.. emma sana şeyle diyeyin.. şo gürrün şu wagt türkiye de de günde günaşa üznüksiz köpçilikleyin habar beriş serişdeleri tarapyndan material edilip ulanylyar.. emma ses getiryarmi yok... eger edilyan işde yekeje ownuk erbet zat bolan bolsay.. ilki bilen diyyan adamyny şo mareke taşlardy.. goybolsun ederdii.. syn eden bolsan bu işi alyp göteryan adamlar daşyndan sada görünyandirler emma aslynda önünden gandan irinden deryalar çyksa hem synman hyzmat etjek kadrlardyr.. sen köp zada daşyndan seredip baha beryan.. adam bu dünya yeke gezek gelyar.. yeke gezek gelende de şu işler bilen ömrüni ötüryan bolsa diymek meselanin anyrsynda başga zatlar yatyr.. bir çaga üçin ömür bermek oturan yerinden Watan millet halas etmage menzeyan daldir.. ilki bilen bir zatlar orta goyup onson gepleseniz has onat bolar.. hany köça çyk hany naçe adama derdini düşündirip bilyan.. şu hadysy yatlatmak isleyan.. " bir adamyn hakyky imana (hidayete) gelmegi üstüne gün düşyan hemme zatdan hayyrlydyr." (Hatda Mukaddes Kabeden hem hayyrlydygyny aytyar) diymek munun yaly ansat bolmaly dal adamlaryn gül güzeranlykda yaşamaklary.. ya da hakyky imana gelmegi.. senin soragyna bolsa ginislikde jogap yazaryn..özem göwnejay edip.. sen yene de oka men yazanlarymy.. men dine Türkmenistanyn diyemok.. dünyadaki ahli howpsuzlyk guramalary hem bu adamlar bilen içgin gyzyklanyandyklaryny o mareke bilyan daldir öytdünmi.. çekiner yaly zat bolsady bu işe baş goşmazlardy.. in bolmanda birden biri synardy.. emmma seredip gör.. men sana tazelikleri arkayynçylykda yetirmekçi.. sebabi türkmenler hem bu akymda diysen ullakan yere eye bolup duryar.. men onam tayynlap size yetirmekçi.. sagbolun..
-
mazmun
16 years ago
- Maxat, ýokarda ýazan pikirleriňi hormatlaýan. ýöne gel gel türkmen "halallyk" ýaly düşünjäni kimdir birinden öwrenmelimi.diniň asly barka,galybersede däp-dessurlarymyz barka bize öwrenere çeşme kän. men kän ýola gaýtalan nakylymy ýene-de bir gezek gaýtalamaly bolýan:"öz arrygyn har eden,kişi arrygyna zar bolar". diňe bir zar bolmaz, minnetli bolar,elgarama bolar, ýapja bolar.
men hem köpsanly ýaşdaşlarym ýaly ol mekdepde okamadym. emma biziň barymyz bihal adam bolmadyk.hiç bir kem zadym ýok.diýjek bolýanym,alla bizi hem ala tutup baranok.
siz alla üçin iş edýäs diýip,allanyň ýazgydynyň garşysyna pikir edýäňiz.ýazgytda halal,dürs,lebizli şol bir wagtyň özünde de bilimli,sowatly özem daşary ýurda bilim almak ýazylan bolsa ony hiç kim üýtgedip bilýän däldir-ä. eger şol topar seni şol zatlardan mahrum etmäge güýji ýetýän bolsa, onda...
meniň bu garaýyşymy derrew "sebap bolanlar" diýip delillendirjek bolarsyňyz.emma hudaý bilen deňeşdirilende sebabkäriň tasiri näçeräk bolmagy mümkin.meniňçe gaty gitse sebapkär 10 prosent bolar. diýmek hudaý seniň ýazgydyňy 90 prosent şeýle ýazan bolsa,10 prosent sebap bolan üçin milliligiňi,mertebäňi aýak asty edip ýaýaplap ýöreniňe degýärmi?
ynha men we köpsanly meniň ýaly oglanlara şolar sebäp bolmady.bizem-ä siziň bilen bir hatarda ýaşap ýörüs.halal haram näme, mert namart kim, dogry ýalňyş nedir siziňçeräk bilýäs.mertebamizem belent,adamkärçiligimizem pes däl,gaýratymyzam özümize ýeterlik.
seniň içiňe atylan minnet duýgusy,gulçulyk ,kiçelmeklik düşünjesi meniň düşünşim boýunça diňe sübsegälik rolyny ýerine ýetirýär.
-
btp
16 years ago
- mazmun, sen biz yaly orta mekdepden uçurym bolanlary ttm'liler bilen garşylaşdyrypsyn welin, umuman alanynda ttm'lerin derejesinin belli bir çyzgynyn üstündedigini inkar etmek dogry bolmar, bu subut eder yali bilinmeyan zadam dal aslynda, saudiler wahhabiligin yayramagy üçin sermaye goyyar we miwelerinem alyar açykçasy, wahhabilik zyyanly bir fyrka, bulam bilinmeyan zat dal, beyle zyyany göz görtele işler, akymlar barka senin probleman name mena düşünip bilmedim, senin türkmençilik hakynda diyyanlerin yalnyş diyemok ha, yöne hyyal dünyasinde yaşamyzok, türkmenistanyn bir hakykaty bar dostum, bizin halk hökmünde körelen degerlerimizi biz daşardakylardan talap etmek haksyzlyk bolya emma; bizde dine garayiş nahili, muny özünem bilyansinle, bizdaki mollalaryn dini bilgisi gowy öytyanmi, halkyn manewi yagdayam aç-açan, erkeklerin trek, geroine geçip hut bolubilenini boldular, senem gel barde hiç kime ziyany bolmayan bir akym bilen ugraş,mana hiç mantykly gelmedi munyňa
-
btp
16 years ago
- türkmençilik hakynda köp gowy zat diyipsin welin bul diyyanlerin indi kitaplarda we men muňa "edebiyat türkmençiligi" diymegi dogry göryan; hazirki tm'daky milletdeşlerimize sereden bir ejnebi tm'çiligi nahili tanar muny oylandynmy sen hiç, men şol ejnebi bolsam ha şeyle pikirlenerdim: türkmenler agzala millet, bir-birinin ayagyndan çülüp yörler; haramzada halk, para almak dap bolup gidipdir; keypi sapa halk, arak içip, trek çekip çüyreşip yörler; sussy pes halk, feodallarynyn etyan her haksyzlygyny garşy goyman kabul etmek mejburunda galyar; senin pikirinçe nur jemagaty bulara goşant goşjak bir iş etyarmi ya da etdimi
-
btp
16 years ago
- nur jemagatyndaky agalar menin eşidişime göra daşardaky nazi geçip bilayjek okuwçylaryna uçurym bolar bolmaz tm'a dolanmaklaryny ündeyarler, senin probleman bolsa bolsa ol topar bilen dal öz watandaşlaryn bilen bolmalymyka diyyan mena; birem türkiyede menin yali orta mekdeplerden gelip okap yörenlerem bar, umuman alnanda olaryn başarysy düşügrak ttm'lilere göra, hat-da okap bilman sayimda işlap sona baka nelegal bolup gidenlerem bar,türkmençilik barada bu diyyanlerin geplemek bilen boluberenok, sen okuwyny gutaranson,sen daşarda has gowy şertlerde we gowy aylik bilen işlemek barka türkmenistana aşk we yhlas bilen dolanjak diyip biljekmi meselem, bu işlere özünden sonam öz töwereginden başlamak gerek,respect...
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
jankaka
16 years ago
- hany boldy indi su blok yapilsa gowy bolar
-
Zamahşary
16 years ago
bizde dine garayiş nahili, muny özünem bilyansinle, bizdaki mollalaryn dini bilgisi gowy öytyanmi, halkyn manewi yagdayam aç-açan,
btp aydyan zatlan dogrudur volun şu setirleri aytmadik bolsan hasam gowy bolardy sen intak turkmenistanda molla gormansin öydan biz indi dinimizi Nurjulardan owrenmeli dijek bolyanmi?
Hudaya şukur dinimi Başka kişilerden övrenmedim Bir yetmez zadi Nurjularyn hazinasy yaly hazynasy yok yogsa olaram boş yatmazdy Senin goren mollalarynam molla sumakdyr sen bir Turkmenistanyn muftulugune barip bir sorag sorap gordinmi ?
senin olara görmedigin olaryn gunasi
dalmika diyyan. Yogsa özuni olardan üstünmi sayyan?
gaty gorme yone olara dil yetirman.....?
-
vePAŞkA
16 years ago
- aslynda köpden bari okayadym welin şu blogy welin kan zat yazasym gelenokdy.. emma mowzugyn adyna sonundanam içindaki yazylanlary okap otursan "nurjylar" gaty erbet howply adamlar yaly hatda.. goy adamy başga bir dünyaden gelen mahluk ya da terkidünya molla yaly.. o how.. edil me na nurjy bolup bilsek ölsek armanymyz yok.. o how .. 21-nji asyrda yaşap yörüs.. narkoman , ogry, terrorçy ya da aldawçy ya da şona menzeş zatlar diyenlerinde na gowydyr.. birem şuna düşünip bilmedim.. bu watany söyyanler name üçin obada boş entap yören oglanlaryn gelejegi barada , artyan ogrylyklar barada , ya da umumy manydaky biabrayçylyklar barada alada edenoklar da derrew şu mekdeplere yapyşayyalar.. göribilmezçilik eder yaly name kastlary barka? yazylan zatlardan şol netija geldim me na.. birem oturan yerinden gürleyan erkeklere yüzlenesim gelyar.. şol türkmençiligin bilen naçe adamy arkana alarsyn öytyan.. emma welin dine öz mekdebimizden gutaran münlerçe türk mekdepli bar.. bular belki islenilen derejede kadr bolman bilerler .. emma bir maşgala eye çykyp biljek potansiyelleri bardyr.. men entek şol mekdepleri gutarybam sümügini sallap yören görmedim.. in bolmanda ne narkoman ne de özüni asan eştmedim.. çilim ya da arak barada bolsa aydyp biljek dal.. baram bolsa hökman arkasynda başga bir dertjagazy bardyr.. men pikirimçe bu ullakan bir başarnyk.. Bu başarnygam dine Yaradana borçlydyrys.. Sebabi dine Yslamyyet bilen adamlar ayşy eşretde yaşar edep terbiye öwrener we garyndaşlyk borçlaryny berjay eder.. Olaram şeyle yetişdirilendikleri üçin şeyle kadr yetişdiryarler..men pikirimçe birek birege onat düşünişmek üçin biri birimizin nahili maşagala medeniyetini alanyny bilmemimiz derkarmyka diyyan .. sebabi men köp zady şo maşgaladan öwrendim.. esasan hem arassaçylygy.. arassaçylyk teriminin içine köp zat giryar.. el ayak dil göz .. hatda ahli agzalaryn arassaçylygy.. senem arassa yaşayan bolup bilersin.. şo yagdaylarda da.. emma olam Yaradanyn gudraty diyaymesem.. sebabi 6 milliard gowrak adamyn içinde bir adam.. emma ol adamlaryn derdi bir adam dal.. ahli ynsanlyk .. bütin adamlar.. olam basgançak basgançak.. künfeyekün--
-
vePAŞkA
16 years ago
- eger sen şo mekdeplere birje gezek aylanyp gören bolsadyn has onat düşünerdin.. ilki şaher mekdeplerine sonundanam şo mekdeplere aylanmagy maslahat beryan.. bir mekdebi mekdep edyan daşlar ya da diwarlar dal.. ya da gurnalan enjamlar dal.. mugallymlar.. her mekdepde nesle eye çykmagyn ahmiyetine düşünen anry gitse 5 adam taparsyn.. olarynam yaşy 40 dan agandyr.. emma bir gün gel bizin myhmanymyz bol.. ondan sonam yürekler yumşamasa Allajana tabşyrmak(havale etmek) galyar..
-
mazmun
16 years ago
- btp, käbir ýerde seniň pikirleriňe göşulýan.ýöne bizi biz düzetmeli,biribirimize howandar bolmaly. magtymguly:
"agzalalyk aýrar ili dirlikden" -diýýär.
milletimiziň häzirki ýagdaýy barada aýdanlaryň bilenem ylalaşýan. ýöne umytsyz ýagdaýda bir gyrada eliňi gowşuryp durmak, ya-da birlerinden haraýa garaşyp bukup oturmak dogry bolmasa gerek. milletimiziň ýaş nesilleriniň iň saýlantgylary,sagdyn pikirli wekilleri iň agryly meselämize biperwaý bolup del ideologiýalara hyzmat edip ýörse, bu milleti saýlanyp galan düzüw bilim we terbiýe almadyk bolegi tirsege galdyrmalymy. seniň pikiriň bilen ylalaşmaýan ýerim, eger-de çagalaryň saýlanyp galan" wasyfsyz" bölegini alyp şolar bilen işleşip seniň aýdýan derejäňe çykarsalar, onda seniň aýdýanlaryňy doly goldardym.hatda döwlet tarapyndan häzirkisindenem kän mukdarda kömek edilmeginiň tarapdary bolardym. hazirki edilýän pirim düýädäki dürli maksatly ideologiýalaryň ulanýan metody. sowet döwründäki gimnazýalar, türkiýedäki fransuz we amerikan mekdepleri. ýagny diýjek bolýanym misýoner hereketler.
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA, görebilmezçilik ýok. ýekeje derdimiz bar, watanyzyň garaşsyzlygyny goramak we berkitmek. keseden gelip seniň geljegiňiň iň sagdyn bölegini eliňden alyp,öz meýillerine garaşyk terbiýe berip ýurduň strategik ýerlerini ele geçirmek planlaryny gözgörtele edýärkäler nähili bynjalyk bolmajak.
onsaňam türkmenistanyň kanunlary aýakasty edilýär,senem gelip şu ýagdaýy arşa göterýäň,gahrymançylyga berimsiz edip goýýaň.hany seniň watançylygyň,döwletçiligiň.şumy ýurdumyzyň deňli derejeli döwlet bolmagyna edýän hyzmatyň. türkmenistanyň kanuny boýunça mekdepler dünýewi bilim bermäge hukukly.ol mekdepler dini ideologiýädan gözbaş alýan dini akym propoganda edilsin,ýaşlaryň aňyna täsir edilsin diýilip açylan däldir-ä.bugün baş kanunyň şu maddasy äsgerilmese,ertirki gün başga maddalary depgilener.bu bolsa biziň kanuçylygymyzy gowşatmazmy?
dogrusy, men şu zatlary ýazyp ýadadym.bir zat diýýäň derrew dini tutaryk edinýäňiz. bizem dinsiz adamlar däl.din barada ýokarda da kän ýazdym.
allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyga ak ýol açylar.öňi bilen adamyň ýüreginde rehim şepagat,lebiz,dogrulyk,watana ile söýgi bolsun.omar haýýam:"bir göwne taý gelmez bir palçyk käbe" diýen bolsa azady:
käbe weýran etmekden müň mertebe,
bir köňül ýykmak ýamandyr eý dede!-diýýär.
ine şu zatlar biziň milletimizde ozalam bar ahyryn. nurjularam şu zeýýili düşünjeleri öňe tutmaýarlarmy.men şonuň üçin diýýän biz özümizi tanamyzok,olaryň edişi ýaly öz gymmatlykarymyzy satuwa çykaryp, arkasyna bukulyp bilemizok.men olar ýaly nurjy bolup ölenimden hakyky türkmen bolup ölenimi gowy görjek. seniň ýaly nurjy bolup ölsem armanyp ýok diýip zowladyp biljek däl.
men arada biri bilen gürrüňdeş bolup,pikirlerini hem barik ýazypdym.şonuň bir sözi bar: "olar gaty tasin terbiýe berýärler,şolara jany teni bilen berilen oglanlarymyza zat düşündirip bolýan däldir,haçan da özleri kabir zatlara düşünäýmese" diýipdi. men şoňa doly hak berýän. sizede alla güýç kuwwat bersin.
"türkmeni dürtmeseň duýmaz" diýilýär. indi bu nakylam öz möwrütini geçiren şekilli ýa -da dürtüleni duýgur duýgular galmandyr.bar duýgular eňterme bolana çalym edýär.
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA, görebilmezçilik ýok. ýekeje derdimiz bar, watanyzyň garaşsyzlygyny goramak we berkitmek. keseden gelip seniň geljegiňiň iň sagdyn bölegini eliňden alyp,öz meýillerine garaşyk terbiýe berip ýurduň strategik ýerlerini ele geçirmek planlaryny gözgörtele edýärkäler nähili bynjalyk bolmajak.
onsaňam türkmenistanyň kanunlary aýakasty edilýär,senem gelip şu ýagdaýy arşa göterýäň,gahrymançylyga berimsiz edip goýýaň.hany seniň watançylygyň,döwletçiligiň.şumy ýurdumyzyň deňli derejeli döwlet bolmagyna edýän hyzmatyň. türkmenistanyň kanuny boýunça mekdepler dünýewi bilim bermäge hukukly.ol mekdepler dini ideologiýädan gözbaş alýan dini akym propoganda edilsin,ýaşlaryň aňyna täsir edilsin diýilip açylan däldir-ä.bugün baş kanunyň şu maddasy äsgerilmese,ertirki gün başga maddalary depgilener.bu bolsa biziň kanuçylygymyzy gowşatmazmy?
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA, görebilmezçilik ýok. ýekeje derdimiz bar, watanyzyň garaşsyzlygyny goramak we berkitmek. keseden gelip seniň geljegiňiň iň sagdyn bölegini eliňden alyp,öz meýillerine garaşyk terbiýe berip ýurduň strategik ýerlerini ele geçirmek planlaryny gözgörtele edýärkäler nähili bynjalyk bolmajak.
onsaňam türkmenistanyň kanunlary aýakasty edilýär,senem gelip şu ýagdaýy arşa göterýäň,gahrymançylyga berimsiz edip goýýaň.hany seniň watançylygyň,döwletçiligiň.şumy ýurdumyzyň deňli derejeli döwlet bolmagyna edýän hyzmatyň. türkmenistanyň kanuny boýunça mekdepler dünýewi bilim bermäge hukukly.ol mekdepler dini ideologiýädan gözbaş alýan dini akym propoganda edilsin,ýaşlaryň aňyna täsir edilsin diýilip açylan däldir-ä.bugün baş kanunyň şu maddasy äsgerilmese,ertirki gün başga maddalary depgilener.bu bolsa biziň kanuçylygymyzy gowşatmazmy?
dogrusy, men şu zatlary ýazyp ýadadym.bir zat diýýäň derrew dini tutaryk edinýäňiz. bizem dinsiz adamlar däl.din barada ýokarda da kän ýazdym.
allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyga ak ýol açylar.öňi bilen adamyň ýüreginde rehim şepagat,lebiz,dogrulyk,watana ile söýgi bolsun.omar haýýam:"bir göwne taý gelmez bir palçyk käbe" diýen bolsa azady:
käbe weýran etmekden müň mertebe,
bir köňül ýykmak ýamandyr eý dede!-diýýär.
ine şu zatlar biziň milletimizde ozalam bar ahyryn. nurjularam şu zeýýili düşünjeleri öňe tutmaýarlarmy.men şonuň üçin diýýän biz özümizi tanamyzok,olaryň edişi ýaly öz gymmatlykarymyzy satuwa çykaryp, arkasyna bukulyp bilemizok.men olar ýaly nurjy bolup ölenimden hakyky türkmen bolup ölenimi gowy görjek. seniň ýaly nurjy bolup ölsem armanyp ýok diýip zowladyp biljek däl.
men arada biri bilen gürrüňdeş bolup,pikirlerini hem barik ýazypdym.şonuň bir sözi bar: "olar gaty tasin terbiýe berýärler,şolara jany teni bilen berilen oglanlarymyza zat düşündirip bolýan däldir,haçan da özleri kabir zatlara düşünäýmese" diýipdi. men şoňa doly hak berýän. sizede alla güýç kuwwat bersin.
"türkmeni dürtmeseň duýmaz" diýilýär. indi bu nakylam öz möwrütini geçiren şekilli ýa -da dürtüleni duýgur duýgular galmandyr.bar duýgular eňterme bolana çalym edýär.
-
mazmun
16 years ago
- bagyşlaň, şol bir ýazgyny 2 gezek gaýtalap iberipdirin. tehniki ýalňyşlyk boldy.
-
vePAŞkA
16 years ago
- ay garaz nuh diy yöne pygamber diyme.. senin bu diyyan zatlaryn 40-50 yyldyr türkiye de
gohlasylyp gelyar.. laiklik diydi eyleki diydi.. seninkem şona yakyn...we bu gürrüninem sony yok.. Ebu Cehilin öyüne Muhammet Pygamber günde in azyndan iki gezek gidyan ekeni.. emma ol şonda da jahyllygyna gidipdir.. menden biri şu wagt muhammet pygamberin adyndan bir zat sorasa elimden geleni etjegimi aydasym gelyar.. adamlara adam bolmagy ündemek bolsa pygamberlerin endigi bolupdyr.. bu mekdeplerde din propaganda edilenok.. dine watana millete ene atasynda wepaly adam bolsa bes.. bolmasa şu mekdeplerde orsam bar bulujam bar (TM) osetinem bar hristianam beylekisem.. hiç kimin it diyip adyny tutyan yok.. senem gin yerin gürrünini edyan.. eger munun yaly dertleri bolsady yewropada ya da abş de açylmazdy.. o tayda da in uly maksatlaryn biri musulmanlaryn çyndanam terkidünya fanatik terrorist daldigini görkezmek.. eger menin dinim hakynda biri bir zady yalnyş bilyan bolsa ony düzetmek menin borjum diyip hasaplayan .. a eger haysam bolsa bir köpçülik şeyle yalnyş pikire eye bolsa onda meninem köpçülik bolup hereket etmegim tebigy yagday bolup duryar.. her goyun öz ayagyndan asylar emma ysy bütin obany bimaza edip biler.. o dine düşen yeri dal bir gün meni hem yakyp biler.. ay bor la.. saglykda tapyşalyn:D
-
Maxat
16 years ago
seniň içiňe atylan minnet duýgusy,gulçulyk ,kiçelmeklik düşünjesi meniň düşünşim boýunça diňe sübsegälik rolyny ýerine ýetirýär.
mazmun
ilkinji yazan kommendimde minnet duymayanlygymy ya-da duyulmajagyny bellap geçipdim, ya düşünnikli bolmandymy, umuman şu temada menina bar aytjagym şulardan ybarat, göwne degişlik bolsa-da gaty görmeşek yok
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA,
"senin bu diyyan zatlaryn 40-50 yyldyr türkiye de
gohlasylyp gelyar.. laiklik diydi eyleki diydi.. seninkem şona yakyn...we bu gürrüninem sony yok"
diýipsiň, seniň bu at oýnatmalaryňa men düşünýän,emma bu ýazylanlary okaýanlaryň arasynda düşünmeýäni hem bardyr. açyk gürrüň edeli!haýyş senden!
türkýäniň "laikligi" bilen meniň işim ýok.islese boýdan başa "laik" bolsun islese dikbaşaşak. ol olaryň öz işi.
türkmen her asyryň başynda uly synaglary başdan geçirip gelýär. geçen asyryň başynda " jan bolşewik senden medet" diýip näme gazandy,indi bugünki gün "nurjulara hyzmat we onuň düzüminde türkmenleriňem roly ýokary " diýen ýaly salgyma kowalaşyp näme gazanar öýdýäňiz.edil şol döwürde de komunistik ideýa kerep ýaly dünýäni saraýardy. senem gelip maňa bugünki gün dünýä ýaýylýan dini akymy propoganda edýäň.ikisiniň arasynda ýeketäk tapawut bar. biri ataesit, beýlekisi dini fanatizm.
"adamlara adam bolmagy ündemek bolsa pygamberlerin endigi bolupdyr"
şu diýenleriňi kim inkär edýär.gynansagam,siz din diýilende şol akymyňyzdan başga zat göz öňüne getireňizok öýdýän.yslamyň we dinleriň asly bilen,pygamberimiziň hadyslary bilen biziň däp dessurlarymyzyň arasynda gyl ýalagam gapma garşylyk ýok.dini galkan edinmäňizi bes ediň.din oýunjak däl ahyryn hudaýyň adyndan gürläp, iş ýüzünde başga zat edip ýörsüňiz.muňa mysaly hut şu ýerdenem görkezip biljek.
ynha: " bu mekdeplerde din propaganda edilenok" diýýäň. ýokarda şol mekdepleriň,şol märekäniň dini ündeýändigini,biziň ýäşlarymyz şolaryň netijesinde hudaýhon bolup otrandygyny ýerli ýerden zowladýaňyz.
eýýäm çaşynyň gözüne sereden ýaly etdiňiz.
"tedbiri" düşündirmansiň,ol barada ýazanlaryň meni kanagatlandyrmady.
bu hususda meniň pikirim: siz iikiýüzli pirimiňizden gorkýäňyz,şonuň üçin "tedbir" diýýäňiz. ýogsam bolmasa halkymyzam,kanunymyzam,kanun goraýjylarymyzam äsgereňizok.
vePAŞkA, şahsyňy ynjydan bolsam bagyşla dost.
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA,
"senin bu diyyan zatlaryn 40-50 yyldyr türkiye de
gohlasylyp gelyar.. laiklik diydi eyleki diydi.. seninkem şona yakyn...we bu gürrüninem sony yok"
diýipsiň, seniň bu at oýnatmalaryňa men düşünýän,emma bu ýazylanlary okaýanlaryň arasynda düşünmeýäni hem bardyr. açyk gürrüň edeli!haýyş senden!
türkýäniň "laikligi" bilen meniň işim ýok.islese boýdan başa "laik" bolsun islese dikbaşaşak. ol olaryň öz işi.
türkmen her asyryň başynda uly synaglary başdan geçirip gelýär. geçen asyryň başynda " jan bolşewik senden medet" diýip näme gazandy,indi bugünki gün "nurjulara hyzmat we onuň düzüminde türkmenleriňem roly ýokary " diýen ýaly salgyma kowalaşyp näme gazanar öýdýäňiz.edil şol döwürde de komunistik ideýa kerep ýaly dünýäni saraýardy. senem gelip maňa bugünki gün dünýä ýaýylýan dini akymy propoganda edýäň.ikisiniň arasynda ýeketäk tapawut bar. biri ataesit, beýlekisi dini fanatizm.
"adamlara adam bolmagy ündemek bolsa pygamberlerin endigi bolupdyr"
şu diýenleriňi kim inkär edýär.gynansagam,siz din diýilende şol akymyňyzdan başga zat göz öňüne getireňizok öýdýän.yslamyň we dinleriň asly bilen,pygamberimiziň hadyslary bilen biziň däp dessurlarymyzyň arasynda gyl ýalagam gapma garşylyk ýok.dini galkan edinmäňizi bes ediň.din oýunjak däl ahyryn hudaýyň adyndan gürläp, iş ýüzünde başga zat edip ýörsüňiz.muňa mysaly hut şu ýerdenem görkezip biljek.
ynha: " bu mekdeplerde din propaganda edilenok" diýýäň. ýokarda şol mekdepleriň,şol märekäniň dini ündeýändigini,biziň ýäşlarymyz şolaryň netijesinde hudaýhon bolup otrandygyny ýerli ýerden zowladýaňyz.
eýýäm çaşynyň gözüne sereden ýaly etdiňiz.
"tedbiri" düşündirmansiň,ol barada ýazanlaryň meni kanagatlandyrmady.
bu hususda meniň pikirim: siz iikiýüzli pirimiňizden gorkýäňyz,şonuň üçin "tedbir" diýýäňiz. ýogsam bolmasa halkymyzam,kanunymyzam,kanun goraýjylarymyzam äsgereňizok.
vePAŞkA, şahsyňy ynjydan bolsam bagyşla dost.
-
ayan
16 years ago
- Salam ildeshler gaty gyzykly platforma tema edipsiniz. Men oz soragymy sheyle bashlayyn. Bu Nur jemagaty kim we onun maksady we onun bu maksadynyn dogrulygy nameden ybarat?
-
mazmun
16 years ago
- aradaky gürrüňdeş bolan ýaşulymyň aýdanlaryndan:
"men bir talyp ildeşimiziň, türkmeniň magtymgulysyny,azadysyny,andalybyny inkär edip, olaryň kämil ynsan bolmandygyny hat-da olaryň intellektual derejesiniň,dünýä garaýşynyň bir şäheriň "abisiniň" derejesinden hem pes bolandygyny buýsanç bilen gürrüň berişini eşedip,ýaşlarymyzyň bigäne ýetişýändigine gaty kemsindim. olaryň kitaplaryny okamagyny maslahat berenimde " meniň elimde brilýant kitaplar bar,olary okamagyň deregine şol brilýant kitaplary okanym ýagşy" diýip beren jogabyndan çen tutup jemgyýetimiziň arasynda nalaçedeýin bir gatlagyň emele gelýändigine göz ýetirdim.bu bolsa ýurdumyzyň deňli derejeli ösmegine, demokratikleşmegine uzagyndan böwet we päsgel boljagyndan habar berýär.elbetde bu oglan heniz doly özüni aldyrmadyk oglan,sebäbi özüni doly aldyran nurjular beýle ýalňyşlyga ýol bermeýärler.şu ýagdaýda hem "tedbir" edip ýetişýärler."-diýdi.
-
mazmun
16 years ago
- ayan, soragyň ýokarda belli bir derejede aýan beýan edildi. şolary okap gördüňmi?
-
ayan
16 years ago
- mazmun, yokardakylary okadym yone her bir gurrun her kim ozune gora baha beryar.Edil senin yaly garshydashyn hem bir gurrun aydyp ozuninkini dogry edip bilyar.Shol sebapden bu bir anyk jogap dal-da. Mazmun men senin yazan zatlaryna dushdum. Yone bir duypli delil getirsen hemme kishi dushjek. Yagny garshydashyn garshylyklarynam oz ichine aljak bir duypli delil getirsen.
-
mazmun
16 years ago
- halkymyzyň arasynda " kireýsiz kilim kakylmaýar" diýilen bir söz bar.bu märekäniň içinde türkmenleriň aýratyn bir ornunyň bolmagynyň esasy sebäbi oglanlarymyzyň barysynyň uçdantutma lepbeý nurjulygy däl. olar özlerine kybap,oňat aýlyk günlükli iş tapmandyklary üçin şol ýola baş goşýarlar. ýokarda da kän ýerde nygtap geçdim,şu herekediň biziň jemgyýetimizde ýaýbaňlanmagynyň düýp sebäbi ykdysady ýetmezçilik.eger de oglanlarymyzyň malýe kynçylygy bolmadyk bolanda özerkine milliligini ýoýduryp,mertebesini aýakasty edip ýörmezdiler.
-
mazmun
16 years ago
- aýan,
nurjularyň meşhur sözi bar " her dogry her ýerde aýdylmaz" diýilen, şonuň üçin seniň düşünişiň ýaly herkimem düşünýändir diýip umyt edýän.
bu sözi menem haladym.ilkinji gezek bir nurjy dostumdan eşitdim.şol wagt " näme üçin beýlekä? diýip iňkise gitdim. ýöne syr saklamaga kömegi degýän ekeni.
gutarnykly netijäni herkimiň özi bermeli.hiç bir delil ynandyryjy bolman biler.ýa-da inkär edilip biliner.
-
ayan
16 years ago
- sen in sonky anyk we sonky jogabyn sheyle bolyarda. Turkmenlerin ykdysady yagdayy kyn bolanson o topara goshulyp gitmeli boldylar diyjek boldynda?! Sheyle dami?
Men aslynda turkmenler name uchin ona goshuldylar diyip soramok. Men nurjylar gowymy? Gowy bolsa sebap name? Yone anyk sebap umumy gurrunleri dinlesen gaty kop hem-de yuzley baha berilyar. Beyle etsen hakykady bilmek kyn ya-da asly bilip bolmaz. Shonun uchin duypli bir sebabe matachlik bolyar. Ine menin sorayan zadymam shol.
-
mazmun
16 years ago
- ayan,aslyýetinde men nurjularyň tarapdary hem däl,garşydaşy hem däl. men ilki-ilkiler garşsyz pikir ýüwürdýärdim we pikirlerimi şu ýerik ýazdym. onsoň mende-de edil seniň ýaly deliller arkaly bilesigelijilik döredi, indi bir hepde bari ondan-mundan anyk faktlary eşidýarin we şu ýere faktlary pikirlerim bilen baýlaşdyryp ýazýaryn. meniň ýazanlarymy goldamak ýa da goldamazlyk her kimiň öz işi.
men bir zatdan ugur alýan, watanymyzyň,halkymyzyň deňli derejeli ösmegi,kämilleşmegi üçin biz ýaşlar bigäne,biperwaý,bialaç bolmaly däl,kesekiniň aldawyna gitmeli däl.türkmenden,türkmenistandan başgalara hyzmat etmeli däl. sebäbi biz az sanly ilat,watanymyzam ýeketäk,töwerek daşymyzam bizi diriligine ýuwutmaga taýýar güýçlerden doly.birileri narkotik bilen,birileri korrupsýa bilen ysgyndan gaçyrjak bolýan bolsa,kimisi dini ýa bolmasa başga bir ideologiýalar bilen bendi etmegiň yşgynda.şonuň üçim mydama hüşgär bolmagymyz edil howa ýaly zerur.
-
ayan
16 years ago
- Sen onda nurjylar barada indi-indi owrenyan kishi diysen boljakda.Agam diyip bilenok gara-da, delilem yokda. Eger men diyyenim yaly bolsan onda hemme zat dushnukli. Onda men oz soraglarymy sana bermeli dal. Menin soraglaryma bilyan kishi yazarda.Bor dost sagbol.
-
mazmun
16 years ago
- aýan, men şu wagt seniň soraglaryňa jogap ýazamok.dürli pikirlerimi ýazýan. sen soragyňa jogaplary ýazylanlaryň içinden agtar.sebäbi seniň soragyň şu blogda goýulan sorag bilen birmeňzeş. şonuň üçin oglanlar dürli dürli jogap ýazdylar. haýsysy seni kanagatlandyrsa, şolam saňa jogap bolar.
-
vePAŞkA
16 years ago
- mazmun dostum ... öran onat pikirlerin bar ekeni .. yöne yazyan zatlaryn gözbaş alyp gaytyan çeşmesini uly il bilenson şo bir gürrün bolup baryar.. me na sana yene önki aydymymy başga saz bilen aydyp bererin.. senem yene tazeden gidip google de gözleg ideg edip goşgyjyklar öwrenip gelip ony aydarsyn.. emma şuny aytdan çykarma.. ol goşgylaryn her hilegi mundan onlarça yyl mundan ön aydylyp görüldi.. kitaplaram yazyldy.. üytgan zat name.. bu işe düşünenlerin sany barha artyar.. ullakan mejlislerde de ala galmagal boldy .. " nur serter" tbmm diyip gözleday.. :D garaz sen entek tazerak.. öwrenere köp zadyn bar.. yöne ulanyan çeşmelerini yene bir gezek gözden geçirmegini hayyş edyarin.. hepdelik programmamyn hem de yygnaklarymyn daşyndan sen bilen diskussiya etmek mana azajyk artykmaçrak.. garaz.. sen elinden gelenini et.. dilinden gelenini diy.. yöne türkmençilik içinde.. türkmen e gelişjek şekilde.. abraylyja.. ulanyan çeşmelerin abrayyna seret... "tedbir " diyen zada bolsa.. entek yaş bolyan.. men sana yene jogap yazaryn.. şu günler synag döwri.. baha jemlemeli elimi boşadayyn.. sag bol..:D
-
vePAŞkA
16 years ago
- ...siz iikiýüzli pirimiňizden gorkýäňyz,şonuň üçin "tedbir" diýýäňiz. ýogsam bolmasa halkymyzam,kanunymyzam,kanun goraýjylarymyzam äsgereňizok. ..." diyipsin... men pikirimçe yene bir gezek oylan... seni adam yerine goyup jogap yazyanda kelle yok aslynda.. o how.. erkek milleti gohçul azajygam gödegrak millet bolyar.. dine ikimiz sahypada onuşyp bilemzok.. emma münlerçe adamyn bir beden agzalary yaly agzybir zahmet çekmekleri seni bimaza etdi öydyan.. yokardaky diyyanin ullakan töhmetdigini her akyl eyesi bilyar.. men pikirimçe öz özüni kiçeldipsin.. azajyk gözüni aç ynsaply bol.. başga zat diyjek dal.. içindenem name diysen şony diy.. ba walla.. hristianam dymmaly yerinde dymyarow welin sen yüz berdikçe zöwledip yatyrsynla how.. akyllyja bol.. yazyan zatlaryny okap pikirlenip onson yazmagyny maslahat beryan..
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA, jogaplaryňa garaşýan.
ýone, sen meniň pikirimçe ýalňyşýaň,dost. men hiç bir çeşmänem bilemok,googledenem siziň garşyňyza zat agtaramok. meniňem işim özüme ýetik.siziň ol "tedbir" diýýäniňize aňryýany bilen göz ýetirdim.eger ýene-de at oýnatmak niýetinde bolsaň ýazaý, okamaga ýaltanmaryn.
meniň çeşmäme meniň ýazýanlarymy ünsli okaýan bolsaň, eýýäm göz ýetiren bolmaly.eger ünsiz okap,başga birleri bilen çalyşýan bolsaňam ünslirak gaýtadan göz gezdirmegiňi maslahat berýan.eger işiň aladaň köplügi zerarly okap bilmejek bolsaň,men bir jümlede saňa aýdaýaýyn.
meniň çaşmäm: ata-baba akabamyz.magtymguly,azady,andalyp,kerbaba,kerim aga,gaýgysyz atabaý,nedirbaý aýtak,şaja batyr ýaly başga da kän läheňleriň goýup giden gyzylyň gyryndysyna barabar eserleri,nusgalyk durmuşlary,göreldeleri. ine,dost.gynansagam googlede ýa başga ýerde bular barada maglumat ýok.olary diňe brilýanta, altyn-kümüşe barabar gatbar gatbar kitaplaryň içinden öwrenýäs.
-
mazmun
16 years ago
- vePAŞkA,
"seni adam yerine goyup jogap yazyanda kelle yok aslynda.."
seniň şu sözleriňi boluşy ýaly özüňe ýollaýan.
"ody özüňe bas ötmese kesekä"
-
mazmun
16 years ago
- hak sözüme diýer mollalar galat
ýalan söze ýapar boldular halat-
magtymguly
-
milliyetçi
15 years ago
- nurjy!! :)
-
kombat
15 years ago
- gürji. B:)
-
milliyetçi
15 years ago
gürji. B
kombat | 2008-12-26 06:31:38
dost, edil beý diýäýmel-ä däldiň!!! ötünç sorasaň gowy bordy!!!
-
mazmun
15 years ago
- ***
Görer gözleriñ görmese,
«Göreýin» diýip, görüp bolmaz,
Içiñde janyñ bolmasa,
«Jan bereýin» diýip bolmaz.
Aýaksyz alys menzile
Arzuw bilen ýetip bolmaz.
Sen nagt bagt gözleme,
Bagt guş däl, tutup bolmaz.
Ýürekde uçgun bolmasa,
«Ýanaýyn» diýip, ýanyp bolmaz.
Jana il derdi ýoluksa,
Bu dertden dynyp bolmaz.
-
mazmun
15 years ago
- ***
Görer gözleriñ görmese,
«Göreýin» diýip, görüp bolmaz,
Içiñde janyñ bolmasa,
«Jan bereýin» diýip bolmaz.
Aýaksyz alys menzile
Arzuw bilen ýetip bolmaz.
Sen nagt bagt gözleme,
Bagt guş däl, tutup bolmaz.
Ýürekde uçgun bolmasa,
«Ýanaýyn» diýip, ýanyp bolmaz.
Jana il derdi ýoluksa,
Bu dertden dynyp bolmaz.
-
d_oguz
15 years ago
- mazmun nahili yagdaylar yerinde dalmi özi?yaman başagaysynla? Na suwa girip çykan yaly öz iyen çöregine hyyanat edyan.Name zat etdiler sana,ayagyndan tutup 11 etajkan üstünden sallap gorkuzdylarmy?name boldy? Beyle öz özümüz bilen agzalalyk döredip biz nira bararys.Düşünjelerine hormat goyyan sebabi sen ol gurupbany doly tananok şonun uçinem duşman.Yagny ynsan tanamadyna duşman diylen söz bara şon yaly.Eger doly tanan bolsadyn beyle diyip bilmezdin.Muny hiçbir türkmenem(adamam)diyip bilmez.Onsonam herbir sözün arkasynda türkmençiligi ulanypsyn.Tema degişli bolsun bolmasy yöne türkmençilik diyip şo söze sygynypsyn.Türkmençiligi özün bir doly bilyanmi?Türkmençilik birek biregi goldamany,geçirimli bolmagy,ejizin tarabyny goldayan,namysly bolmagy,garadan gaytmaz,gayduwsyz,sözünün eyesi,mert diyilip sypatlandyrylmayarmy eysem?Yada senin düşünyan türkmençiligin üyşmelende(toy-mareke)50 gr 50 gr arak göterip son maşgalasynyn kelle agyrdysy bolan yada adamkarçilikden ön pula sarpa goyyan iki yüzlü adamlarmy yada ey kör 3lük bilenem geçsek borla diyip yaltaçylyk edip atasynyn pulyna ynanyan kişilermi.Mençe sen elbetde beyle düşünyan dalsin.Yöne şeyle bir zat bar gowy adam bolmanyn,ahlakly adam bolmanyn,milliligimizi goramak saklamak pikrimiz öz gözbaşyny yslama ynamdan alyp gaydya myka diyyan.Ondan son sen name diysen otur.nurjy diy başga zat diy şyltaklykdan başga zat dalmyka diyyan..göwnüne degayjak bir zat eden bolsak bagyşla.saglygyn
-
muallim
15 years ago
- name indi, dunyade bashga dinler gurady-da, hemmesi musulman boldu-da, gezek musulmanlara geldimi??? "nurjy"mysh, yene namemish... dogry, bilesiniz gelyan bolup biler kim olar aslynda? name edyaler?... bilmek ucin we bu tayda birzatlar yazmak ucin, onunden gowuja edip gozleshdirmeli, nurjy' nyn kimdigini, nirden gelip nira baryandygyny. bir iki sany yslam dushmanlarnyn geplerine ynanyp bu tayda tankytlan bolyanyz. aslynda "nurjy" dal, "nur jemagaty". birileri hakynda pitne oyarmazdan ozal, ony gowuja tanamagynyzy maslahat beryan... we nur jemagatyna sogen adamyn hem musulmandygyndan şübhelenýän!!!
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Doly okap çykmana yaltandym, yône mazmun agzanyñ birinji jogabyny haladym
mazmun 16 years ago- içgin tanamaýan adamyň ýa da guramaň barada bir zat aýtmak kyn, şonuň üçin soragyňa seni kanagatlandyrjak jogap berip başarmazmykam diýýan.
ýöne, türkmende bir söz bar: "mollanyň edenini etme, aýdanyny et" diýilýär. elbetde bu söz hemme molla degişli däl. käbir mollalary tanaýan, olar gybat etmäň, gybat etmek birbiriňizin etini iýen ýalydyr diýýar, emma özleriniň edýän gürrüňleri diňe gybat. ýa bolmasa dost-doganlyk,agzybirlik barada gürrüň edýärler, ýöne şolaryň özleri baryp ýatan agzala,görip,tarapgöý adamlar. onsaňam käbir mollalar beter sypaýy bolýar.hatda olar gödegräk, gönimel adamlara (hudaý saklasyn)hudaýgargan gözi bilen garaýarlar, göýä olaryň kalplary hudaý tarapyndan möhürlenenmiş.özlerinki bolsa hudaý tarapyndan şaýola salynanmyş.onsoň olar edenini edibermelimiş. aslyny yzarlasaň beýle artykmaçlyga olaryň sypaýyçylyk gylygynyň üsti bilen ýetendigini görýärsiň.
Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly
Sypaýylygymyň duluguna çaldylar.
Sypaýyçylyk bilen hormat etdiler
Sypaýyçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýyçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýyçylyk bilen baryn etdiler.
Eý, siz sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik.