Aşakdaky ýaly tire-taýpaly tema gozgalsa, soňunyň hökman tireparazlyga barjagy ikuçsuz! Sebäbi "keçetelpek" türkmen-dä biz! Kyýamat-magşara çenlem düzelmeýär biziň şu hapysa häsiýetimiz! Taryhda-da biz babatda biziň şu tireparazlygymyzy ulanyp, "Agzyny alart-da, höküm sür!" ýörelgesini ulandy beýleki milletler!
A-how, pekge, bir zada düşün:
Kelläň nol bolsa, adamkärçiligiň nol bolsa, sen Hudaýyň agtygy bolaňda-da peýdasy barmy ile?!
Mysal üçin, men maryly teke. Ýöne düşünjesi nol bolan 10 sany maryly tekeden maňa düşünjesi gowy bolan ýekeje ärsary, saryk, ata, nohurly ýa даже buluç has gowy!
Taryhda şu tire-pire gürrüňiň, oýnatgylygyň bilen mynjyradyldyň! Indi şol zatlary sapak edinjek dälmiň, gurrumsak??? "Pylan tireli" bolanyňdan diňeje TÜRKMEN bolmak gowy dälmi?!
TÜRKMEN!!!
-
@durdyyevv05
3 years ago
- Onden ahyra dowam edip gelyaray sho zada
-
Black Wolf
3 years ago
- Hakyky
-
Manikarnika
3 years ago
- Yone diyip goyberipdim welin soňy bu dereje bolar oytmandim :(
-
LadaKalina.
3 years ago
- Türkmen dã, ka wagt türkmencelap goyberilyãda
-
Nazarhann
3 years ago
- ILKI BILENA TURKMEN DUZELMEYAR AGZALALYL GANYNDA BAR TURKMENIŇ
ILINJIDENEM
"Hudaýyň agtygy bolaňda-da"
YALY SOZI DIYMEK BIRHILI
-
Pegas
3 years ago
- Dünýäde nijeme milletler döwlet bolup bilmän ýör! Gül ýaly TÜRKMENISTAN diýen döwletimiz bar! Biziň birnäçämiz bolsa, ony kiçijek tekistana, ýomudystana, ärsarystana... bölýäris! Aýyp! Gaty aýyp!..
-
Paris
3 years ago
- Ärsarylar Halajda barmy
-
Wrestling
3 years ago
- Dogry aýdýaňyz mugallym! Edil mekdepdäki ýaly öwredýäňiz bu ýerde-de.
-
#dali
3 years ago
- Pegas nacinji yyl sen
-
Bibish
3 years ago
- ilki bilenà hemmàñize salam. hemme teswiri okadym yeke tirede yzarlayalar welin yône ig-gul diyibemà yzarlanya kôplenç.
-
yekejam.
3 years ago
- Tire taypa yzarlamak gowy dalmika diyyan.Hemmamizem bir turkmen.Bir turkmenistanda yasayas,su yeriñ duzuny iyyas.Nama gerek seyle agzalalyk doretyan temalar.Añ-dusunjeli adam beyle tema acmazdymyka diyyan.Sapa aga gowy dusundiripsiñiz sag boluñ(yone su peydaly mowzukdan gowy many cykarjak yaslar tapylarmyka)
-
Talypcy_2021
3 years ago
- Turkmenler bir yere baglasa bili,
Gurudar Gulzumy, deryayy Nili
Teke, Yomut, Yazyr, Goklen, Alili,
Bir dowlete gulluk etsek basimiz.
Magtymguly Pyragy.
-
Pegas
3 years ago
- #dali, 92.
-
#dali
3 years ago
- Hm gowy dusun diripsin mowzugy
-
Rose.991
3 years ago
- Tire taypa yzarlamak hokman dalmika diyyan sebabi hemmamiz bir turkmen ahli adamlaram Hudayyn yaradan bendesi hemme kisi den
Aýsenem92. 3 years ago- kashge hemme siz yaly gin dushinjeli bolsady...