Fransiýanyň «BioSerenity» kompaniýasy koronowirus ýokanç keselini ýok edip bilýän gorag agyz-burun örtügini döretdi. Bu barada ýurduň «BFMTV» teleýaýlymy habar berdi.

Dört gatlakdan durup, her bir gaty ammiak bilen örtülen täze agyz-burun örtüginde bakterisid we ýokanç kesele garşy himiki maddalary bolan siklodektrin bar.

Fransiýanyň «BioSerenity» kompaniýasynyň direktory Mark Frueniň bellemegine görä, täze döredilen gorag agyz-burun örtügi bir gezek ulanylmaga niýetlenilen we ony dört sagatdan köp geýmeklik maslahat berilmeýär.

Mark Fruen Ýewropa standartyndaky FFP görnüşli agyz-burun örtüginiň şu hepde 1,49 ýewro nyrhyndan sargyt edilip bilinjekdigini aýtdy.

Fransiýanyň «BioSerenity» kompaniýasynyň öndüren hirurgik görnüşli gorag agyz-burun örtügi saglygy goraýyş işgärleri üçin şu günden - 22-nji fewraldan başlap, 0,44 ýewro nyrhyndan elýeterli bolar.

Täzelikler, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir