Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Söhbetdeşlik dowam edýär. Kowalap-kowalap, ahyry CeriumOxide-y (Serdary) tutup, ondan bu babatda rugsat aldyg-aý kynam bolsa, uff (maňlaýdaky derimi sylýan/süpürýän-laý:) ) Serdar barada aktiw agzalardan bilmeýäniňiz ýokdur-la:) Şeýlemik diýýän, sebäbi, olam örän aktiw bolansoň, her gün her sagat jikgerilip oturandyr sahypada online bolup :) Diňe online hem bolanok, örän peýdaly we köpsanly mowzukdyr ýazgylary hem açyp, ýazyp dur, 1000 berekellah! Ony bu babatda görelde alalyň-a, agzalar :) Serdar barada ilki özüm gysgajyk ýazaýyn: Serdar Owmadow Baýramalyda doglan bolmaly 1983-de. Ony Baýramaly TTM gelenden soň tanadym. Bizden 2 klas (3 ýaş) kiçi bolansoň, kän bir gowy tanamokdym,. ýöne kiçijek bir zatdy, indi ullakan bolup gidipdir :) Uniwersiteti Türkiýäniň Izmir şäherinde okan bolmaly. Häzir hem ol Türkiýede we bärigem şol taýdan ýazýar. Onuň aýdym-saz bn arasy örän saz öýdýän, açýan mowzukdyr ýazgylary munyň aýdyň şaýady. Ugry himiýamyka diýýän, ulanyjy ady hem munyň şaýady :)) Indi galan zatlary onuň özünden soraýalyň, hä?! Hawa, aşakda başlaýas onda, ýagny, mikrofon sizde, hormatly agzalar:)

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir