ORAL SEKSI OÑLAÝANLARA..
Sowal: Käbir adamlar "Oral seksi gadagan edýän aýat ýa hadys ýok" diýýär. Muny aýdýanlar hatda "Bakara" süresiniñ "Ekin meýdanyñyz bolan aýallara isleýşiñiz ýaly ýanaşyñ" diýýän ýerini öz sözlerine tutaryk görkezýärler. Şeýle-de, hadysa arkalanyp, spermanyñ (dölüñ) arassa bolýandygyny, şonuñ üçinem erkegiñ dölüni aýalyñ ýuwutmagyna hiç hili päsgelçiligiñ bolup bilmejekdigini aýdýarlar. Bu dogrumy?
Jogap: Haýsydyr bir zadyñ haram bolmagy üçin onuñ anyk delili görkezilmeli. Emma öñdenem hemmelere mälim zatlar üçin beýle ýagdaý gaýtalanmaýar. Meselem, Kurany-Kerim "hajathanadaky nejasat iýilýän däldir, siýdigi içmek bolanok" diýip ýöriteläp ýazmandyr. Diñe "arassa, tämiz, halal zady iýip-içmegi" buýurýar. ("Bakara", 168).
"Ene-atañyzy urmañ" diýenok, olara "igenmäñ" diýýär. ("Isra", 123)
Eger ene-atamyzyñ ýüzüne igenmek bolmaýan bolsa, elbetde, olary urmagyñ geçirimsiz günä boljakdygy öz-özünden belli. (Şonuñ üçin "Kuranda ene-atany urmañ diýen aýat ýok, olara igenmän urmagyñ zyýany ýok" diýmek gödek ýalñyşlyklyga elter.)
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
"Jynsy ýanaşyk pursatynda garşyñyzdakynyñ owrat ýerine bakmañ, körlüge sebäp bolar". Deýlemi, I.Adiý).
Seretmek gadagan edilen ýerde, elbetde, oral seks ýa-da garşyñdakynyñ jynsy agzasyny ýalamagyñ haram boljakdygy köre hasa.
Aýal-gyz bilen isleýşiñ ýaly ýanaşmak nädogrudyr. Ýokarda agzalan aýatyñ manysy şeýle: "Aýallaryñyz (çaga ýetişdirýän) ekin meýdanyñyzdyr. Ekin meýdanyñyza nähili barasyñyz gelse, şeýle baryñ." ("Bakara", 223).
Geñ galaýmaly, bcu aýatdan liwatanyñ (artbujakdan ýanaşmagyñ) hem bolýandygy barada netije çykaryp bilýän näletkerdeler bar. Emma bu aýatyñ öñündäki aýatda şeýle diýilýär: "Aýallar aýbaşydan saplanandan soñ, Allanyñ size emreden (rugsat beren) ýerinden olara ýanaşyñ". ("Bakara", 222).
Rugsat edilmedik ýerden, ýagny, artbujakdan ýanaşmak beçebazlykdyr, geçirimsiz uly günädir. Çünki yslam alymlary şeýle diýýär: "Liwata - zynadan has beter haramdyr."
(Bahr-ür raık, Redd-ül Muhtar)
Beçebazlygy näletleýän üç hadys bar:
"Aýaly bilen liwata eden melgundyr". (Şira)
"Aýalyna artbujagyndan ýanaşan Allanyñ rahmetinden kowular." (Sünen sahyplary).
"Aýalyna artbujakdan ýanaşana Alla rahmet nazaryny salmaz". (Tirmizi)
Yslam alymlary haýsydyr bir musulmanyñ "agzyna pylan edeýin" we ş.m hapa sögüneniñ imanynyñ gitjegini aýdypdyrlar. Çünki, agyz Kuran okama ýoludyr. Bir hadysda şeýle diýilýär: "Agzyñyzy arassalañ, çünki agzyñyz Kuran ýoludyr". (Ebu Nuaym)
Adamyñ agzyna sögmek günä bolýan bolsa, ýagny, "seniñ agzyñy ýyrtaryn", "agzyña depeýin" diýmek imanyñy giderýän bolsa, adamy dinden çykarýan bolsa, agza sperma akdyrmak, peşew çykýan ýeri bir musulmanyñ agzyna sokmak wyždanyñyza dogry gelermi? Erkegiñ peşew we gan çykýan ýeri ýalamagy barada-ha asla gürrüñ edip oturmagyñ geregi ýok. Musulman dälleriñ hapa edim-gylymlary bolan oral sekse meýil etmekden daşda durmalydyr.
Sperma Ymam Agzam mezhebinde hapa hasaplanýar. Ol peşew çykýan ýerden gelýär. Şafygy mezhebinde bolsa arassa hasaplanýar. Safygy doganlarymyzda arassa saýylmagy ony ýuwutmagyñ bolýandygyna yşarat etmeýär. Bu eşige degende namazy bozmaz manysynda aýdylan zatdyr. Özgäniñ sümügi (mañkasy) eşigiñe degende namazymy bozanok diýip, ony alaga-da, ýuwutsak nähili bolar?
Sowal: "Fetawaýy Hindiýýe" kitabynyñ 12-nji jildiniñ 177-nji sahypasynda oral seks idin berilýändigi aýdylýar. Muña garamazdan, nädip oral sekse haram diýilýär?
Jogap: Ne "Hindiýýe" kitabynda, ne-de başga bir kitapda, hiç bir kitapda oral seksi oñlaýan ýeke setir söz ýokdur. Ilkinji nobatda oral seks näme diýen soraga jogap bermäge synanyşalyñ. Birinjiden, erkegiñ spermasyny aýalynyñ agzyna dökmegi, ikinjisi-de erkegiñ gan we peşew çykýan ýeri (zenanyñ jynsy agzasyny) ýalap (daş etsin!) orgazm almagy (jynsy islegini kanagatlandyrmagy) diýmekdir.
Heý-de, Kuran okaýan musulmanam agzyna erkegiñ ujydyny ýa-da onuñ hapa spermasyny degrermi? Musulmanyñ agzyna sögmegiñ özi küpür sözlemek bolup durka, hapa suwuklyk bolan spermany adamyñ agzyna dökmek nädip dogry bolup biler?
"Hindiýýe" kitabynda şeýle diýilýär: "Newazil" kitabynda aýdylşy ýaly, bir erkegiñ jynsy agzasyny aýalynyñ agzyna degirmegi mekrudyr. "Zahire" kitaby hem muny gaýtalaýar."
Bärde oral seks barada kelam agyz söz ýok. Gaýtam "agza jynsy agzany degirmegiñ mekrudygy" aýdylýar. Mekru diýlende tahrimen mekruwa düşünilýär, halanylmaýan we harama golaý işdir. Bu diñe agza degirmek barada aýdýar, netijede oral seks barada gürrüñem bolup bilmez!
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
@Kitapçylar.
http://kitapcy.com/news/2021-01-23-13330
Oral seksi oñlaýanlara...
-
soho
3 years ago
- +++++
wah ertir.com bolan bolsa "Bash Sahypa"dan ayrylmaly dal mowzuklaryn biri bolardy, biderek mowzuklar achylya, sheydibem okalmaly mowzuklar yitip gidyar...
-
wagt
3 years ago
- @soho, oña derek, kitapcy.com-da baş sahypada dur ) sabyr ediñ biziñ saytymyzam yene üç yylyny beylesine agdarsa ertir.com-y kuysetmez yaly ederis, nesip bolsa.
-
wagt
3 years ago
- Bärde bir nebsagyryjylykly ýagdaý bar: soñky döwür ýaşlarymyz bu zatlaryñ parhyny bilmez derejä geldiler. Bagyşlañ welin, "bok bilen börekleri garym-gatym boldy". Binika jynsy gatnaşyklarda oral we anal gatnaşyk etmeli däldigi beýle-de dursun, är-aýalyñ arasynda-da beýle gatnaşyklaryñ bolmaly däldigini bilmez derejede sowatsyz, düşünjesiz yaşlar köp. Adatça türklerde şu zatlaryñ yayrandygy aydylsa geñ göryärdik, türkleri geñlär yaly bolmadyk. Türkmen halkymyz beyle yagdaya düşmeli halk däldi. Öñler bu zatlara yigrenç bilen garalardy, hatda agzalmagam islenmeyärdi. Indi adaty zada öwrülip gitdi. Dogrymyzy aytsak, eşidyan zatlarymyza seredende, indi tanamayan yaş oglanlaryñ bilen kopçükikde elleşesiñem gelenok... Gynanyañ...
Belki, yokardaky yazgylar käbir şeyle yaşlarymyzyñ ondan biriniñ gözüne ilip, bu biderek gylygyndan el çekäýedi-dä...
Internetiñ hem bu oñlanylmajak azgynlygyñ yayramagynda roly uly. Yaş nesliñ ahlak arassalagyny gazanmak ü.n bu yaramazlyklara garşy göreşmek we zyyanlaryny hemmetaraplaýyn düşundirip durmak döwrüñ zerurlygyna öwrüldi...
-
FanB...
3 years ago
- Name ucin azgynlyk bizdede seyle ac acan dereja yetdika
-
Real.123.
3 years ago
- Gaty gowy yazylypdyr mlds +++
-
Mecnun
3 years ago
- sonky wagtlarda yas yigitlerin eytdim beytdim pylan hili etdim diyenlerini az goremok
-
@Resul
3 years ago
- ++++
-
Zulfikarow
3 years ago
- Bagyň köki çüräp duran wagty birje almaň çüreýänini alada edeniň ne peýda....
-
Black Wolf
3 years ago
- @Zulfikarow dogry aydyan dos
Mlds gowy yazlypdyr+++
-
yashalym
3 years ago
- Zülfikarof +++++
-
Tiko
3 years ago
- ➕ gaty gowy tema minnetdar.
Gynansakda gaty kän. Belki düzelerler düzelmek üçinem akyl düşünje gerek. Köpkişde ol ýok.
Söýdim köýdüm diýişip biderek nerwiçit bolan bolup ýörler. Soňundanam şolarýalak hereketler etýäler.
-
Zalymm
3 years ago
- Biriniz maña ertir.comy aydyp beriñsen plyus minus basylyamy yenil ishleyami? Adam kanmi?pikirler bamy??Shahsy hat yazyshyp bolyamy???
yashalym 3 years ago- +++++ dogry aýdýaň. Toba