Gyz öldürdimikä (hakyky bolan waka)
Hawa bu waka hakykatdan hem bolup geçdi. 1997-nji ýyl gyz 11-nji synpdaka (2015-nji ýgaladyylda) kakasyny we oglan doganyny öldürýär we ejesini agyr ýaralaýar (şu wagt ejesi ýaşap ýör). Hawa bu maşgala obaň içinde sylanylýan maşlady, bu henizem şeýle ýöne şol maşgaladan diňe bir ejeleri galdy. Bularyň bir ogly we bir gyzy bardy. Gyzlary ýeke gyz diýilip lälik saklanan gyzdy. Görk görmegi ýerinde göräýmäge gowy gyzdy, ýöne näme bolanam bolsa soň boldy....
Ine bir gün ol gyzyň söýgülisi bardygyny maşgalasy bilipdir, onsaň muny kakasy we dogany bile urýalar sökýärler. Soň bu gyzam 8-nji mart puluna gidip aptekden uky dermanyny alýar. Soňra näme bolan bolsa 9-njy mart gijesi bolýar. Ol gyz ejesine kakasyna, doanyna derman içirýär. Soňra diňe öz etdimi bilinenok welin, doganyny we kakasyny paltalap öldürýar. ejesini hem paltalaýar, ýöne ejesini öldürmegi başaranok. Soňra ertesi hiç zat bolmadyk ýaly ilki palça barýar. Palçy ony ýanyndan kowýar: gyz seniň üstüňden ganyň ysy gelýär. Çyk çalt buýerden" diýip ony kowýar. Soň ýene öýe gelip zatlaryny alyşdyrp. Gitýar ýöne nirä gidendigi belli däl. Soň bularyň goňşulary bular näme görünenokla diýip öýlerine barýar. Ond-da gygyrýa hiç ses-seda ýok. Öýe girip görýär welin, goňşy aýal çaşyp galýar. Soň 20 minutdan soň özüne gelip, goňşy golama habar berýär... Olaram ylgaşyp gelýärler. Öýe girer ýaly däldi. Hemme ýer gara gan bolup ýatyrdy. Bu wakany eşiden oba adamlarynyň ýüregi, kellesi doňup galdy nädip beýle gyz bu zatlary ýeke özi etdimi... Nädip beýle doň ýürek. Olar onuň öz maşgalasy ahyryn... Ine şeýdip öýlenmedik ýaş ýigidiň we gül ýaly erkek adam kakalary şeýip bir gyzyň gurbany boldular. Bu gaty aýlygan waka boldy. Gyzyň özüni soň başga ýerde tapypdyrlar. Häzir ol gyz Daşaguz welaýatynyň tussaghanasynda ýatyr 15 ýyllyk tussag edildi. Bu waka hakykatdan hem bolup geçdi bilen bilýän aslynda...

Sorag-jogap, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir