Hantureniň ýazýan zatlaryny aňymyzda aýlajak bolup göreliň.Ýer tekiz disk şekilli(dvd-ä salynýan disk ýaly),gümmez şekilli(parhy ýok).Esasy zat ýer hiç ýere gozganman dur.Aý-gün,ýyldyzlar,älem-jahan ýeriň daşyndan aýlanýar.Ýerden birtopar emeli hemralar kosmosa uçuruldy."Ýalan"-diýip bolmajak hakykat.Gaty köp ýewropa,türk,rus kannallary emeli hemralaň üstünden alýar.Şonuň üsti bilen internedem işledip durlar we ş.m.Ýer duran bolsa,kosmos aýlanýan bolsa onda emeli hemralaram ýeriň daşyndan aýlanma hereket etmeli bolýar.Bu diýleni türk kanalyndan ýaňy bir Çukur serialy gyzyp başlan wagty,emeli hemra uçup gidip signal ýitdi diýleni.Çäre ýok,serial görjek bolsaň emeli hemra aý-gün bilen goşulup aýlanyp gelýänçä sabr etmeli bolýaň.Dogry gelen wagty görseň görüp ýetişeniň bolmasa ýeriň daşyndan aýlanyp gidip galsa etjek alajyň ýok.Ýöne gije-gündüz 24 sagat kanallar bökdençsiz işleýär.Türki haçan açsaň görkezip dur.Ýer duran ýagdaýynda emeli hemrany kosmosda bir ýere çüýläp goýaýmasaň,24 sagat signal tutdurmak kyn bolarýmasa.
Aslynda ýer togalak (top şekilli) bolup,grawitatsiýa sebäpli emeli hemralary hem özi bilen bile aýlaýar.Şol sebäpli emeli hemralar bizi gije-gündiz bökdençsiz signallar bilen üpjün edip bilýär.
Tekiz ýerçilere meniň pikirim.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Her kimde her dürli pikir! Biz indi kime ynanmaly? Nasamy, Hanture-my..... Aý bilmedimd-ä:(((
-
Real.123.
3 years ago
- Hanture you tube de birnace widio gorup barde yerin tekizdigini subut etjek bolya, bilim son un gerek her bir kisin diyenine ynanjak bolsak bize 12 mekdep gerekdal
-
Gray_wolf
3 years ago
- Wah sho çaga youtube azyrak gor diydim men :D
-
Реалист01
3 years ago
- Berekella
-
Paris
3 years ago
- Yok yer tekizz 😂😂😂
-
Khanture
3 years ago
- Wahey siz dine aydylana ynanyanyza. Onsongam nadip bilyangiz mening yutub goryanimi? Yutubdakylar hakyky tekizciler dal. Bar arasynda birkuc sany Stergious bar dusunen insan bar yone galanlary aslynda togalak yercilering trollary. Olar tekiz yering hakyky subutlaryny aydanok. Onsongam bizing Flat Earth atly futbol klubymyzam bar. Nyshany BMG baydagyndaky karta yagny tekiz yer kartasy bar. Name ucin BMG tekiz yer kartasyny baydak edindika?
-
Khanture
3 years ago
- Mowzuga gelsek gowy yazylypdyr. Emeli hemralara gelsek name ucin, yering kosmosdan alynan suratlarnyng yekejesinde hem shol emeli hemralary gormedik. Müňlerce sputnik bar hotýa birinihem kosmos suratlarynda wideolarynda görmedik? Internede gelsek. Hemra internedi ol bashga zat. Sening talyplara girip oturan interneding ol bashga zat. Signal tapawudy boyunca bashga zat. Onsongam GPS sputniklerini bilyansingiz. Eshidishimce olar esasy sputniklerdenem uzakda. Ozem kicijek telefon shonung signalyny tutup ozuning koordinatalarny bilya. Tasin. Emma tv gorjek bolsak hemra antennasyny oturdyp bir sputnige bakan diremeli. Gaty tasin.
-
ODINOKIY
3 years ago
- Ahow,siz Ôzunuz Teleskop Bn Asmana Seredip Gôrdùñùzmi,ya Internetdaky HyŸaly Zatlardan Alyp ŸazaŸŸanyzmy?
-
Zulfikarow
3 years ago
- @Hantöre, sputnik kanallary görmek üçin ullakan anteniň goýulmagynyň başga bir sebäbi bar. Telewizýon singallar asmandan müňlerçesi ýere ugradylýar. Näçe kanal bar bolsa, şonçada signal bar. Şol signallary seň týuneryň aýyl saýyl eder ýaly belli bir sputnigiň signalyny güýçlendirmeli bolýar. Başgaça aýdaňda týunery parabula antensyz birikdirseň ol asmandaky sputnikleriň barsynyň signallaryny bir bada tutýar we ol signallary aýyl saýyl etmek üçin ýene täze shemalary goýmaly bolýar. Oň ýerine týunera parabula ateniň üsti bilen birje soutnikden signal ugradanyň amatly bolýar. Seň GPS diýýäniň bary ýogy 4 sany soutnikdan gelýän signal boýunça işleýär, ol signallary tutmak üçin beýle köp zat gerek däl. Men özim swýazda işlämsoň näme gürläp duranymy bilýän.
Ýeriň görnüşi barada aýdamda men hem ýeriň tekizdigine ynanýan. Meň pikirimçe asmanda sputniklar bar. Eger ýalňyşmaýan bolsam ýerden plança kilometr beýiklige galsaň grawitasyýaň täsir etmeýän gatlagy başlaýan bolmaly, ana şol gatlakda sputniklar gaýýan bolmaly? Tekuz ýer modelinde gün bilen aýyň aýlanýan beýikliginde grawitasyýa ýok bolmaly. Adamlar hem şol beýiklige ýakyn ýere öz raketalaryny zyňýan bolmaly. Bularyň barsy meň çaklamalarym. Ýöne ýeriň tekizdigine mende eýýäm şübhe ýok.
Pegas 3 years ago- Äp-berekella!😊