Nämä beýdip tukat otyrsyn şahyr
Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr
Ola zöhre bolsa sen bolup tahyr
Barda onuň edil maňlaýyndan öp
Maňlaýda öpeňde seretse aşak
Saçyndan öp, boýnun bukaw dek
guşap
Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap
Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp
Gabakdan öpeňde çytmasa gaşyn
Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk
Onson burun diýilýän galadan aşyp,
Nepese maý bermän dodagyndan öp
Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar
Demler deme degip pyşyrdaşarlar
Eliňde titrände balyk goşarlar
Maňlaýyňy degirip dyrnagyndandan
öp
Gysyp, gysyp,gysyp ýenede gysyp
Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup
Onsoň gapak döşüň ak mämä basyp
Yürek bagryň bilen ýüreginden öp
Körpäniň içine çümdürip sagryn
Kürük towuk kimin owkala bagryn
Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun
Goşa ternäň bally sapagyndan öp
Bagytlysyň,bagytlysyň,bagytlysyň
onsoň
Niresinden öpseň öpüwer sen soň
Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň
Jorabyn çykarda aýagyndan öp...
Kerim Gurbannepesow MAÑLAÝYNDAN ÖP
-
Pegas
4 years ago
- Ýürekbulanjy, ahlaksyz goşgy şu.
-
yyldyz.
4 years ago
- beyaz golge sen acan mowzuklaryna uns beryan.kopsi18+a degisli senkiler.. ozem bir mowzuk acyan bir yada iki degisme.basga bir manylyrak zat acaysan bolanokmay
-
*Hemedany
4 years ago
- Kerim Gurbannepesowa dil ýetiren maňa gerek däldir
-
hickim77
4 years ago
- Kerimem erbet gezipdiray yas wagty 🤭
-
LadaKalina.
4 years ago
- he he natdinay
-
A93
4 years ago
- Aslynda bu Kerim agaňky däl diýen bir gürrüň bar.
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Onna siz acyn men okayyn ozuniza bir acanzok acsagam 18 +mys ya basga zat flan filan gownize yaramasa okaman
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Onna siz acyn men okayyn ozuniza bir acanzok acsagam 18 +mys ya basga zat flan filan gownize yaramasa okaman
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Hakyky ahlaksyz yone ona dogry beldeniz
-
yyldyz.
4 years ago
- beyaz golge.men acyan.yone manyly zat acyan.acanda ikiuc agyz soz yazyp goyamok.
-
wagt
4 years ago
- @Hemedanly, öwlüýä däl ýa pygamber däl. Galyberse-de, @Pegas Kerim şahyryñ şahsyýetine dil uzadanok, goşgy baradaky pikirini aýdýar.
@A93 dogry aýdýar, şu goşgyñ Kerim şahyryñky däldigine menem ynanýan, tersini subut edip biljek deliliñ bolsa getir: haýsy gazetde, haýsy kitabynda haçan çykan? Ýa özi nirede sesli okapdyr, şahsy arhiwindenmi? Eger şahsy arhiwinden bolsa kim ony halka ýetiripdir?
-
wagt
4 years ago
- * Kerim aga öwlüýä däl ýa pygamber däl - bolmaly
-
yyldyz.
4 years ago
- urs doretjek bolup otyramok.nitorak soz aydan bolsam bagyslan.bagysla soramagy ozume kicilik bilemok..yone barik gyzlar hem giryar.gyzlardan dasgary hem.myhman bolup okayanlar bar.azajyk acyan mowzuklanyza uns berseniz...
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Bolya bagyslarsynyz onna gyzlar hem oglanlar agzar hemmanizden otinc sorayan goyun inni dawwa jenjelinizi
-
wagt
4 years ago
- Şulara jogap tapyp bilmeseñ, Köşiñ gonamçylygyna - Kerim agañ guburyna bar-da, özüñ ötünç sora onuñ nusgalyk ömrüniñ, halkyñ söýgüsini gazanan kämil döredijiliginiñ at-abraýyna şikes ýetirýän awtory näbelli ahlaksyz goşgulary ýaýradyandygyñ ü.n
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Yazsa yazandyr gizlije goyandyr hokman halka okap yetirmek dal sahyrlan liboysunda bolup biler ya kitapda cap etmek men ony dernarin eger yalan bolsa su mowzugy pozaryn
-
wagt
4 years ago
- @ýyldyz, gyzlary utandyrjak, uýada goýjak derejede bihaýa goşgy däl...
Az-owlak intim duýgulary oýarýar diýmeseñ... Ol intim duýgularam uçguryna gowşak, iki söze aç gözi uçganaklaýan suw meýillilerde oýanýan bolaýmasa...
-
Beyaz gölge
4 years ago
- Wagt sana name men name edip etmelidigni senden soraman islesen oka islemesen gec git ustinde
-
wagt
4 years ago
- @hickim77, güman imandan aýrar... kim nähili gezenem bolsa hasaby öz hasaby, ikinji bir adamyñky däl...
-
yyldyz.
4 years ago
- @wagt bolya.dusundm
-
wagt
4 years ago
- Kerim aganyñ şahsy durmuşy barada pylan zat diyip biljek dal, sebabi onuñ ogul-gyzlaryny daşyrakdan tanayanam bolsam, yaşulyny görmedik, gatnaşmadyk, ol yogalan wagty biz arlygynyñ bokuna däbşenekläp yatan çagadyk...
Emma Kerim şahyr ömri ötyänçä belent adamkärçiligiñ, gumanizmiñ... waspçysy boldy. Bu goşgyny diñe onuñ doredijiliginden bihabar okyjylar şoñkudyr öýtmegi ahmal...
-
wagt
4 years ago
- @Beyaz-gara kölege, men islendik zady okamaga bolan hukugymdan döreyän we okan zadyma halandygym ya halamandygym baradaky pozitiw belligimi senden sorap goymaly däldirin-dä, hernä?!.
-
wagt
4 years ago
- Sen oz hereketiñi hiç kimdenem sorama. Emma okyjylaram paylaşylan her bir zady okar we isleseñem, islemeseñem bu barada pikirini galdyrar... Muña döz gelip bilmeyän bolsañ, mesele sizde...
*Hemedany 4 years ago- Sagbola ine gosgy diyip shuna diyayseň+++++