Dinde aýdylýan zatlaryň biri; Allah hemme zady entek bolmanka öňünden bilýär, adamzada erk (irade) beripdir we synag edýär. Synagyň netijesini bilýär, ýöne adamzat öz ýalňyşyny görsün diýip bu dünýädäki ýaşaýşy berýär.
Allah adamy ýaratmanka, hatda şeýtany hem ýaratmanka şeýtanyň adama sejde etmejegini, adamyň şeýtanyň gepine gidip jennetden kowuljagyny we synag hökmünde bu dünýä ýaşaýyşyna iberiljegini öňünden bilýärdi.
Ýeri mundaky logika?
Mysal üçin, bir ussa oturyp pikirlenýär we “häzir bir stol ýasajak, bir aýagyny kelte etjek, üstüne goýän zatlam gaçar we menem muňa gahar edip ony odun edip ýakaryn” diýse?!
Biz indi bu ussa name diýmeli?
Eger stol; “meni şeýdip ýasan sen we meni şeýle bolanym üçin ýakjagyňy bilseňem name üçin ýasadyň?’ diýip baş galdyryjy sorag beräýse?! (jezasy hasam agyrlaşar 😁)
Ussa ol stola erk (irade) hem berdi. Stol öz erkini ulanyp deň agramlygy saklamagy saýlamaly ýä-da öwrenmelidi.
Ýeri indi nähili düşünmeli?!
Diýeli, ussa bir aýagy kelte edip ýasan stolunyň deň agramlygyny saklap bilmejegini bilip ýaratdy, ýöne stol öz erkine deň agramlygyny saklamany başaraýsa (dinde erkin irade bilen karar berip biler diýilşi ýaly)?!
“Indi näme bolar?”
… diýýäris welin dine ynanýandan şol legendarnyý jogap gelýär; “Allah ahli bolup biljek alternatiw netijeleri bilýär”.
Ýöne edil onçasyny bizem bilýäsä 😏 …

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir