adam belli bir ýaş aralygy, esasan hem ýetginjeklik çagynda söýüşesi gelýär :). edil şol döwür şeýle ýagdaýy başdan geçirýän adam öňüne çykan her dürli ýagdaýy şunuň ugrunda ulanmak bilen bolýar. häzirki zamananyň ýetginjekleri üçin bolsa internet iň birinji ýüz tutulýan ýer. internetde tanyşlyk saýtlary ýörite şu konsept bilen gurulan hem bolsa, ýetginjek çaltyrak söýüşmäge partnýor tapmagyň ugrunda bolany üçin, şu maksat bilen gurulmadyk saýtlary hem şonuň üçin ulanmakdan çekinip duranok. muny köp türkmen ýaşlaryndan görýän. tmchat, o saýt, bu saýt şol tanyşyp söýüşmegiň :) ugrunda bolany üçin köp wagty şeýle \"netijesiz bidereklik\" öndürmek bilen geçirýärler. hatta chat saýtyndan (tmchat) çykmany okuwyny taşlanlar hem bar. bu blog bolsa şu ýagdaýy analiz etmek üçin. kelläňize gelenleri ýazybermeli.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir