Bu waka güz paslynyñ soñky günlerinde bolupdy, menem bir az daşaryny synlaýyn, hem-de arassa howadan dem alaýyn diýip, giç ara öýden çykdym. Ýaşaýan ýerimiz oba ýeri bolansoñ, bir neme iç gysgynç hasam güz günlerinde. Ine menem jaýymyzyñ arka tarapyna geçdimde, şol ýerdäki ýabyñ gyrasynda oturdym. Görsem goñşy oglanym Myrat gelýär. Menem: - eý Myrry nirä how, diýip soradym. Olam ýylgyrdyda halaşýan gyzy Gültäjiñ ýanyna barýandygyny aýtdy we menden gitjekmi diýip sorady. Menem: - aý näme işim bar, barybam yzyma boş gaýtjak bolsam, diýip güldim. Myradam güldide: - ýör how, gapdalynda jorasam bar, düzedip bilseñ gideli diýdi. Menem Myradyñ bu teklibini goldamasamda, ýañky jorasy diýen sözüni eşitdimde pikirlerim üýtgedi. Garaz gitmegi ýüregime düwdüm:), çaltlyk bilen öýe girdimde eşiklerimi çalyşdym, gönem ýola düşdük. barmaly ýerimiz obañ çeti bolansoñ, bir az daşyrakdy, barýançagam daşary gowy garañkylady. Ine-de geldik, Gültäçleñ howlularynyñ aýak üç tarapyna geçdikde garaşmana başladyk. Bu garaşyp oturşumyza sagadam bir çene barypdyr, menem içimden öz-özime: (nä gara görgiñ diýsene, biderek ukydan galyp düşüp ýören günümi) diýip Myrada söwünýärdim. Garaşmakdan halys bolup Myrada: - eý Myrry menä gaýtjagaý, garaşyp sabyrym dolup gitdi, gelmejek bolsalar biderek garaşyp oturmalylaý diýdim. Myradam: - aý how, ýene bir az garaşyp göreli, belki öýündäkiler ýatan däldir, onsoñam görmeli gyzyñ, ýagny Gültäjiñ jorasy owadanja, garaşanyña degýän gyz diýdide, göwnümi aldajak bolýardy. Menem Myradyñ aýdan sözlerine aldanyp, ýene garaşmana oturdym. Garaz oturdyk, sagadam gije 1 töweregi boldy. Ine-de garaşýan adamymyz öýünden çykyp bize tarap gaýtdy, ýöne Gültäjiñ ýeke özidi. Menem Myrada: - ohow, hany jorasy, şunça garaşybam maña gyz ýokmy? diýip Myrada gyýgyrdym. Olam: häzir garaş Gültäçden sorap göreýin diýdide Gültäjiñ ýanyna bardy, iki bolubam bir garañkylyga girip gitdiler. Indi ýañky Gültäçden soraýyn diýip giden Myradam yzyna gelenok. Menem öñem gaharym gelip duran halyna hasam gyzdym. şeýdip ne Myratdan ne-de jorada habar boldy. Menem näme, " bazardan gaýdan öküz " ýaly, yzyma, öýe tarap gaýtdym. Ýol boýam Myrada söwünip geldim. şodyr-şodyr, bolan wakadan soñ gyzyñ ýanyna duşuşyga baran oglan däl. Hatda gelinimi almazdan öñem, duşuşmak üçin öýüne barmadym:).
Ilkinji we soñky duşuşyk
-
dominic
12 years ago
- ba aldandym diysene makkush aga..............
-
Maksim91
12 years ago
- Görgülijik aldanypsynda :)
-
Friendship
12 years ago
- täsinje dushushuk eken, agam! :-D
-
Agent007
12 years ago
- hatda
gelinimi almazdan öñem, duşuşmak
üçin öýüne barmadym .
mbaaahhhhh
-
akylym1989
12 years ago
- makgush bula bolmandyr:)
-
Gulyalakjan
12 years ago
- ola bolmandyr:->
-
Makintos
12 years ago
- shola bolmandyr
-
phenomen2
12 years ago
- makgush gyz gerek bolsa bizin obamyza gelaý gow gyz kan :D
lukmantm 12 years ago- Bah men gultac diyip gyz b.nem soyushdimmaý :-):-):-)