Bagtly bol,näme diýeýin ba$ga, Mawy gözli läläm,geçir günämi. Seni söýýän diýen bolsadym kä$gä, Bo$ geçirmän,ençe-ençe senämi, Bagtly bol,näme diýeýin ba$ga, Erwetligiñ ýüzin görme ylaýym, Sen ýigrimüç,menem ýigrimi ýa$da, Ewedilik ho$la$aly humaýym. Bagtly bol,näme diýeýin ba$ga, Mawy gözleriñden dammasyn hünji. Dilsizligim üçin meni bagy$la, Dilsizligim mydam, bagryma sanjy. Bagtly bol,Näme diýeýin ba$ga, Bilýän,bilýäñ,saña bolan duýgymy, Gizläber,gizlärin tä öleýinçäm, Öljek günim,aýtmak üçin söýgimi. Bagytly bol,näme diýeýin ba$ga, Wepaly bol,gelin bolan oglanña. Ejelermiz günäkär däl ahwetin, Seniñ irräk,meñ gijiräk doglanma. Wento:$ahsy döredijilik.
Bagtly bol!
-
sahett
12 years ago
- bagtly bol...bagtly bol...bagtly bol...kemsidijilik söýgüñ oñmasada bu setirler...
-
Ayyuzli
12 years ago
- gonshymyn gelni ozunden 6 yash uly.. gul yaly gyzlary bar. edil yash ucin-a beytmelem dal eken. hayyrlysy. teswir yazanyma gaty gormersin-da, yurekdesh...
-
vento
12 years ago
- yokla o pahyr razyla, yashda mesele bolmady. guna menin,juda juda gija galmagymda we dilsizligimde. yazyber yurekdes teswirlerni ,yagdaylaryn gowymy.
-
vento
12 years ago
- sahetjan sana kanbir dushinmedim dostum. pikirini aydynrak yazaysan,kyn görmesen.
-
Yegen
12 years ago
-
akylym1989
12 years ago
- her ishde bähbit bardyr
-
wulkan
12 years ago
- Gowja!
-
sahett
12 years ago
- gyzyñ arkasyndan bagtly bol diýmek "kemsidijilik" diýip hasap edýän...bu meniñ şahsy pikirim...
-
chetobaly
12 years ago
- salam agzalar örän oňat setirler yaş tapawudy barada aydanlarňyzy Kerim aga 4setirde jemläpdir
teşne diyme her suw diläp sowulana
çeşme diyip her çeşmeden suwlama
sen dogmankaň seniň üçin doglana
bu dünyede yok diyseler ynanma
-
Jemka91
12 years ago
- Gowy go$gy
-
kasymcom
12 years ago
- Tus gerekli goshgulan biri malades !!!
-
vento
12 years ago
- hmbäh, sähet dostym,señ pikiriñçe onda men bagytsyz bol diýmeli ekenimdä $eýlemi. Bagy$la welin menä gowy görýän adamlarma beýle diýip bilemok. Aslynda hiç adamada beýle diýip bilemok! :-)
garajaoglantm 12 years ago- sagja bol vento agza! Gowy goshy, mana yarady duyn ertir.com'da okapdym.