bellik: ýüregi ýukalar, gorksa agşam ýatyp bilmeýänler okamasyn. başyndan başlalyň: şu gün google ulanjak bolup açanymda ýokarsynda Drakulanyň suraty we Brem Stokeriň 165-nji doglan güni diýlip ýazylan eken, ol "Drakulanyň" awtory, bilýänsiňiz. şonda bu temany açmagy niýet edindim, şu wampirler hakynda meňem anyk zatlar bilesim gelýädi ozalam. bardygyna ynanamok,ýöne nirden gelip çykýa şu gürrüňler? köki nirede? "ot ýanmasa tüsse çykmaz" diýýä türkmenimiz. Germaniýanyň Bonn uniwersitetiniň taryhçylaryndan Piter Kreuter etnologlar tarapyndan hasaba alnan we bu güne çenli üns berilmedik köp hasabatlary gözden geçirdi. İň öňki wampirler 1382, iň täzesi bolsa 1968-nji ýylda orta çykdy. Bir obada bolan şowsuzlyga ýa-da tebigy betbagtçylyga hemişe bir ölümsiz sebäpdi. ölüniň direlmegi, hökman şowsuzlyk getirýärdi. Näletlenenler mazaryndan çyksa gurbaga, towuk, at ýa-da syçana öwrülýärler we olaryň gündelik durmuşyna garyşýardylar. Hat-da käbirleri enjama ýa-da gap-gaja öwrülip zyýan bermek üçin olaryň ýanynda bolup bilýärdi. Durmuşynda geň wakalar bolan ýakynlarynyň ölümi adamlarda şübhe we gorky döredýärdi. Gury ot üýşmeginden ýykylan, serhoş wagty gapysy döwen, bedeninde tegmil bilen dünýä gelen, beter ýaş ýa-da garry ýogalan adamlar bu şübhelilere degişlidi. Bu şübheliler ölensoňam uly işdi. Gömenlerinde ökjesindäki we dyzlaryndaky damarlar kesilýärdi, üstüne daş goýýardylar ýa-da gönüden-göni tabyta çüýlenýärdiler. Rimliler birnäçe on ýyl mundan öň hem, ölülerine sarymsak baglap we aýaklaryny ýüp bilen daňyp gömýärdiler. Dalmasiýada (häzirki Horwatiýa) bolsa käbir barlag toparlary, birnäçe ýyl mazarlyga gidip şübheli ölüleriň hakuykatdanam çüýräp-çüýremedigini barlaýardylar. Eger entägem çüýremedik bolsa ýüregine gazyk kakylýardy we beýlei dünýäde rahatlyk dilenýärdi. Alymlar wampır ynançlaryny käbir keseller bilen baglanyşdyrýarlar. Dälilikde birdenkä topulmalar we porfiria kesele muňa mysal bolup biler. Yşyga garşy duýgur porfiria hassalarynda az mukdarda gemoglobin öndürilýändigi üçin ýüzleri solýar we diş etleri ganaýar. porfiria keseliniň beýleki ady wampir keselidir. Wikipediýada bardyr, gözläp görseňiz. Google-de suratlaram bar, gaty erbet kesel, görer ýaly däl, görmezligi maslahat berýän. aslynda seretseň wampir düşünjesi bir manysyz zatdyr, ölen adamlaryň direlip gelmegi, haýwanlara gap-gaçlara öwrülmegi mümkin däldir. çeşme : harbiforum
Wampirler hakynda
-
makgush
12 years ago
- Wampirli kinolaryñ arasynda gowy görýänim сумерки
ýene dowamyny düşürýäler öýdýän ýalñyşmasa, çyksa hökman göreris.
Tema hakdada, gowja tema bolupdyr awtor. Sagbol ýetireniñe. Eger realda wampira duşsañ hökman özüñden gitgin:-) kömek eder.
-
wulkan
12 years ago
- Bahhh!
-
Agent007
12 years ago
- dnevnik vampir kinony gorunnnn
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- hudaysaklasyn
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
-
phenomen2
12 years ago
- bah bah
-
Karat
12 years ago
- Brem Stokeri gutlayalyng onda:)
-
Kuraldyshy
11 years ago
- bu temany görmandirin
-
Kuraldyshy
11 years ago
- yöne bir issledowaniye geçirilse, wampirin barlygyna % ynanyarka ?
-
phenomen2
11 years ago
- 30% kop daldir
-
Makintos
11 years ago
- ahmal
Jemka91 12 years ago- $u wampirli, ujasny filmleri gowy gòrýändim, ýöne düý$e girse has gorkunc bolya