Men okuwcylarym bilen, olaryn ene-atalary bilen yakyndan tanyshmak ucin ene-atalar yygnagyny gecirmekligimi yuregime duwdim. Ine-de bu gun ene-atalar yygnagy.Tejribesiz bolanym ucinmi ya-da ilkinji gezek ene-atalar bilen dushushyp, yygnagy ozumin alyp barmalydygym ucinmi namemi birhili ozumde galagoplulyk, aljyrangylyk duydym.Men oz yanymdan yygnakda diyjek sozlerimi gaytalayardym, arasynda bolsa sagadyn aladasyz jykgyldap, ozbolushly saz calyp,awmezeklik bilen hereket edyan diline seredyardim.Yygnagyn bashlanmagyna yene yarym sagat bar.Men otagyn icinde yuwashja gezmelemage bashladym.Sonra otagyn penjiresinden dasharyk syn kyldym. Hol beylerakde 4-5 sany oglanjyk ashyk oynap yor. Oglanjyklardan barrakde bolsa bir gulpaklyja gyzjagaz cageden jayjagaz yasap, ozbashyna oynap otyr. Birden oglanjyklardan biri ylgap geldi-de onun yasan jayjagazyny yykdy. -Name yykdyn, men muny ozum ucin gurdyma . diyip, jayjagazynyn yykylanyna gynanyp, aglamaga bashlady. Oz eden ishine okunyan yaly oglanjyk yuwashlyk bilen gelip, gyzjagazyn goz yashyny supurmage durdy. Sonra bolsa bular bileje jayjagaz gurmaga bashladylar. Bu gozel gornishi synlap durshuma, gecmish atly kerwen meni oz cagalyk dowrume syyahata akitdi. Biz dul degsher gonshydyk. Cagalykda-da, mekdepde-de biz hemishe biledik.Menin hic hili joram yokdy, ona derek menin dostum bardy. Biz hemishe bile tirkeshyardik. Men yatsam- tursam biz hacan hem bolsa bir mahal ayry gezeres diyip pikir etmeyardim. Yone gynansak-da durmushda hemme zat bizin isleyshimizce bolmayar. Mekdebi gutaranymyzdan son men Ashgabada okuwa gaytdym, ol bolsa armeya gitdi. Bu yalnyzlyk netijesinde men ony soyyanligime dushindim. Men onun her hatyna sabyrsyzlyk bilen garashmaga bashladym. Ine-de ondan hat geldi. Men caga yaly shatlanyp, bokjeklap, haty acyp, okamaga bashladym. Birden meni shagga sowuk der basdy, gozumden buyur-buyur yash dokulmage bashlady. "Ayna menin eziz dostym! Men durmushdaky esasy shatlygymy senin bilen paylashmak isleyarin. Men oz durmush hemrama dushdym. Men diysen bagtly..." hatyn yzyny okamaga menin gurbatym catmady... Duydansyz eshidilen janyn sesi meni yatlamalar ummanyndan cekip cykardy. Men ozumi rastlap, yygnak geciriljek synp otagyna girdim. Ene-atalar eyyam yygnanyshypdyrlar.Men "salam" diydim-de, birlay klasda oturanlara goz gezdirdim.Birden gozum garankylap gitdi. Hol beylerakde oturan at yuzli bugday renk,syrdam yigit ol men cagalyk dostym Umytdy. Menin gozlerimin owasyna biygtyyar yash aylandy. Namede bolsa ol menin ilkinji hem-de yeke- tak soygim ahyryn. Dostlar men oz bu soygimi "dostluk" diyip atlandyrdym. Men muna gynanamok cunki ol bagtly. Onun bagtlydygy ucin hem men bagtly.

Köneler, Makestm tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir