Hepdäniñ agyr iş günlerinden soñ, bir az dynç alaýyn, hem-de obadaky jaýymy görüp gaýdaýyn diýip, şäherden daşyrakda ýerleşýän bir köneje öýimize gitmekçi boldum. Men iýip-içer ýaly azyklary taýarladymda, ulagyma goýup, ýüwaşlyk bilenem ýola düşdim. Barmaly ýerim şäherden uzagyrakda bolansoñ, men ol ýere gün ýaşyp, daşary garañkylanda diýen ýaly bardym. Ine-de men öýde, bilmedim ýoluñ uzaklygyndanmy ýa-da ýadawlykdanmy, gözlerim ýumulup gelýär diýip, ulagymdaky zatlary düşürdimde, ýatmakçy boldum. Garaz gowy uklapdyryn, ine birdenem ulagymyñ signal sesine oýandym, dessinede ýerimden turup, penjireden ulagyma seretdim, emma ulagymyñ töwereginde hiç kim ýokdy. Menem öz ýanymdan: " bir haýwanlaryñ biri ulagyñ gapdalyndan geçendirdä " diýip, kän bir ünsem bermedim. Signal sesini öçürdimde, ýene ýatmakçy boldum. Ýañy bir uka gidenimem şoldy welin, ýene signal sesi, bu gezek ýatan ýerimden düwmäni basdymda we ulagdan çykýan sesi kesdim. Ýöne 5 minut geçip geçmänkä ýene täzeden gyýgyrdy, bu ýagdaýy görüp, geñ galdym. Näme sebapden beýle bolýarka diýip, öz-özüme sorag berdim. Ýogsa " ulagyñ ýanynda adam bolmagada haky ýok, jaýymyz obanyñ çetinde bolansoñ töweregimizde-de kän bir ýäşaýyş ýok diýen ýalydy " Ýerimden galyp signaly öçürdim, ýöne bu gezek ýatmadymda " kimkä ýary gije oýun etjek bolýan" diýip, ýuwaşlyk bilen penjireden synlamaga başladym. Ine-de meñ garaşýan zadym. Çyranyñ çala yşygyna doly görünmesede, bir kölegäniñ çöp-çalamyñ, güri ýylgynlyklaryñ içinden çykyp gelýänini gördüm. Bu ýagdaýy görüp meni görky gurşap aldy. Ine birdenem gara geýimli boýy 2 metre ýetýän, hordan uzyn bir zat, ulagyma tarap ýuwaşlyk bilen ýöredi. dogrusy bu elhenç zadyñ nämedigini kän bir saýgaryp bilmedim. Ýañky näbelli zat, ulagyma golaýlady we onuñ tekerlerine kakdyda ýene yzynda ýylgynlyga girdi. Gorkudan ellerim doñup galdy, zor bilen signal sesini öçürdimde, ýene penjireden synlamaga durdym, ýañky elhenç näbelli zat ýene yzyna, ýylgynlañ arasyndan çykdyda howla tarap ýöredi, howludaky gapynam uzyn taýak ýaly elleri bilen açdyda jaýyñ gapysyna golaýlady. Menem içimi ýaryp gelýän bu elhenç gorkudan ýaña, aýaklarym diýenimi etmän ugrady. Dogrusy erkek oglanda bolsam bu ýagdaýda, mende edere hiç zat ýokdy, ýöne näme etjek, bu meniñ öýüm, öýi goramalam mendim. Eýtdim-beýtdim göwrämde bar bolan güç-gaýratymy topladyma, basamak bilen jaýyñ aşaky gatyna düşdim. Goranar ýaly bir zat alaýyn diýsem, ine birdenem bu ahwaly görüp doñup galdym, penjirämiziñ aýnasyndan ýañky zat özüniñ gorkunç gözleri bilen öýüñ içlerine seredip dur.. Onuñ garadan ýygyrt, hamana çüýräp barýan ölen adamyñ hamyna çalymdaş, elhenç ýüzi bardy, dodaklary ýok, oña derek saralyp giden uçly dişleri, burnunyñ ýerinede iki sany oýulan tegelek deşikler bardy, garaz wagşy bir zada meñzeş. Deminden ýaña penjiräniñ aýnasy bugaryp dur. şol pursat kellämde düşnüksiz soraglar: " kim ol, näme üçin geldikä? Menden oña näme gerek bolduka? " diýen ýaly pikirler gelýärdi. Garaz ýañky zadyñ niýeti, öýe girmek bolmaly. Iñ bir begendirýän zadam, men oña görünemokdym, sebäbi duran ýerim öýüñ gyrasy bolansoñ kän bir ýagtylyk ýokdy. Birdenem ýañky penjireden aýryldyda, ýuwaşlyk bilen gapa tarap geldi, gapyny kakdy, emma hiç hili ses bolmansoñ bir az wagtdan ýene kakdy. Onuñ her bir gapyny kakýan sesleri bolsa, meni hasam gorkuzýar, hamana ruhym bedenimden çykaýjak ýalydy. Ol barmanada ýañky zat uzyn çöp ýaly barmaklaryny gapynyñ gyrasyndaky jaýrykdan sokup, gapyny açmakçy boldy. Ondan çykýan ses, adamyñ sesi däldi. Eger eşiden bolsañyz: - süñk gemirip duran itiñ, elinden süñkini almakçy bolanyñda çykarýan gaharly hyrryldaýan sesi ýalydy. Bu bolup duran ýagdaýy görüp mende hiç hili halas bolaryn diýen umyt galmady. Iñ bir edip biläýjek zadymam sesiz oturup, onuñ näme edişini synlap garaşmakdy. Dogry: - eger bir ses çykaraýdygym, ýa-da bir hereket edäýdigim. Ol meniñ öýdeligimi añarda, eýder-beýder öýe girmegiñ bir alajyny taparmyka diýýän. Garaz mende gorkuly garaşmakdan başga alajymyñ ýoklugyny bilip, basamaga ýaplanyp oturuberdim. Gorkudanmy nämemi bilmedim, gözlerim ýumuldy, şeýdip özümden gidipdirin. göwräm bolsa tutuşlygyna diýen ýaly jansyz öçüp galdy. Ine birdenem oýandym, turup gapa seretdim, gapymyz abat, gulply dur. Ylgap daşary çyksam, asman eýýäm gowy ýagtylan eken. Ýere seretdim, asyl düýnki bolup geçen waka çyn eken, ýerde şol elhenç zadyñ aýak yzlaryny gördüm. Menem ylgap öýe girdimde, ulagymyñ açaryny alyp, ulagymy otladym. Ine-de ýolda, şähere tarap barýan, düýnki wakadan soñ kellämi bir az dürsäýin diýip ulagymdaky radiony açdym. Görsem şu wagtky gaýdan obamyñ töwereginde iki sany jesediñ ýagny ýaş gyzlaryñ oldürilip, suwa taşlanandygyny babar berdiler. Menem öz ýanymdan şol elhenç zadyñ eden işidigini bilip galdym. Dogrusy şol bolup geçen gorkuly wakadan soñ, gaýdyp şol oba tarap barmadym we ýatlamazlyga çylyşdym:-)

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir