Sagboluň, sag oturyň! Nemelaý, men-dä bu, geň görmäweriň! Haçan şu zährimar çilimden dynarkamaý?! Maňa ondan dynma ýok öýdýän. Ýene-de 8-lik Kent, ýene-de ajy tüsse, ýene-de geçmiş ýatlamasy. Bir aýdym setirleri bardy. Ýene ýatlamalar horlaýar meni, Sypdyranok urunsamda iki ýan. Ine şol ýatlamalar 8-lik Kent bilen utgaşyp gitdi. 2756-njy ýylyň güýz aýlarydy ýalňyşmasam. Hemişekiler ýaly daň bilen sagat on töwereginde oýanypdyryn. Hasur-husur telewizory açdym garbanmak üçin, hawa, hawa. 1-nji kanalda diktor gepläp otyr. 2-nji kanalda gawun baýramçylygyndan pursatlar görkezilýär eken, daň bilen gawuny işdäm almady. Geçirdim 3-e, oho, telekeçilik barada gepleşik, häzir hokman mesge ýa gaýmak görkezer. Diýşim ýaly kän garaşdyrman stanogyň lentasyndan gaýmaklar setire düzülip geçip başlady. Elimi uzadyp aldym bir gaýmagy. Düýnki ntw kanalyndaky nowostiden galan buhanka çöregem aldymda hezil edinip ertirligimi edindim. Ynanaýyň, çynym. Çünki, ol wagtlar siwilizasiýa has ösensoň nahary telewizordan iýýärdik. Gaýmakdan keýpimi kökläp çykdym daşaryk işe ugraýyn diýip. Köçä çykyşymam şoldy, bir wertolýot taksi gondy gapdalyma “agam nirä äkitmeli” diýip. Germaniýa Berlin diýdim. 4500 dollar diýdi nyrhy, gymmadyrak gördüm. 4000 bereýin diýsem “aý borlaý münäýsenaý” diýdi. Men ol wagtlar Berlindäki Birleşen Alkaşlar Guramasynda işleýärdim. Ugradyk Berline tarap wertolýotly. Lýotçikden nireli inim sen diýip soradym welin Maryň Murgabyndan diýdi. Oho. Kim diýýärler adyňa seň? “Meň adyma Multyk diýýäler” beeeeee.... kimkä ol multyk, häääää ýadyma düşdi, talyplardaky multykmi? “Hawa, edddddil özi”. Onda sen ýegenem tanaýan bolmaly şeýlemi. “hawa, beletlaý oňa” Dowamy ýok... Essalowmaleýkim agzalar, oňatmy ýagdaýlaryňyz?

Köneler, Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir