Bir adam taýak iýipdir, ýöne doýmandyr Bir adam çaý içipdir, derýa içip bilmändir bir adamyň bili tutulypdyr, eli gaçyp ýetişipdir Bir adam kanuny bozupdyr, sazanda kanunsyz galypdyr Bir adamyň synçgylawuk tutupdyr, zordan sypypdyr Bir adam taýak iýipdir, başga ýokmy diýipdir Bir adamyň pul görüp jany çykypdyr, yzyna girizip bilmändirler. Bir adam adamlaryň diline düşüpdir, çykaryp bilmändirler Bir adam ýas tutýan eken, elinden gaçyrypdyr. Bir adam gaharyny saklap bilmedi, gaçyp gitdi Bir adam dostuna maslahat berdi, yzyna alyp bilmedi Bir adam agzyny hapalapdyr, arassalap bilmändirler. Bir adam karara gelipdir, yzyna gitmändir. bir adam ýolda elli dollar tapypdyr, aýakly dollar tapyp bilmändir

Köneler, hazeleye tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir