Men dogulmankam, obamyza bir nätanyş gelipdir. Gelip-gelmänkä ähli kişi bilen dostlaşypdyr, meniň kakam bilen hem tanyşypdyr. Kakam oň bilen şeýle bir dostlaşypdyr welin, ony öýe alypdyr. Öýdäkiler hem ol nätanyş bilen bile ýaşamaga razy bolupdyrlar. Ol biziň iş degişgenimizdi, iň gowy hekaýalary şol aýdyp berýärdi. Başdangeçirmeler, gülkünç, gynançly hekaýar... ol örän owadan gürrüň berýärdi, bizi birnäçe sagatlap hem güýmäp bilýärdi. Aşhanada ejemiň aýagyna çolaşyp ýörmezdik, bulam ejem üçin gowudy. Ol syýasata, ykdysadyýete, taryha gowy düşünýärdi. Taryhda bolan zatlary gaty gowy bolýärdi. Umuman, örän gowudy. Hemmäziň dostumyzdy. birinji gezek meni furtbola äkiden şoldy, kakam ikimizi kino äkidenem. Ýolda meşhur birine duşsa tanyşdyrmagam ýatdan çykarmaýardy. Ýöne ulalamdan soň ol meniň ýüregime düşüp başlady. Onuň soň maşgalamyza giren nätanyşdygyny soň bilipdim. Ýaman köp gepleýärdi. Gerekli, gereksiz gepläp kellämizi iýýärdi. Ejem ol gäpläp başlanda öz otagyna gidip kitap okaýardy. Kakam bilen men bolsa kynam bolsa onuň ýeke özüni goýmajak bolýardyk. Ejemiň onuň bize gelen gelen wagtyndan bäri halamaýandygyny, ýöne kakamyň hatyrasy üçin çydandygyny bolsa soň bilipdim. Bilemok, belki ejem otagyna çekilip Kuran okan wagtlary “Allahym bu ýüzügalyňy biziň başymyzdan sow” diýip dilän bolsa-da bardyr.
Nätanyş
-
hazeleye
12 years ago
- Häzir görüp otursam, meni çilime öwrenişdirenem şondan başga hiç kimem däl. Gymmat zatlara, moda gyzýan bolsam onuň şo zatlary süýjedip gürrüň berişiniň hem täsiri bar. ýene-de, şükür edýärin, beýleki arak, şerap, humar ýaly zatlaryna baş goşmandyryn.
Otuz ýyllyk durmuşuma seredenimde onuň näçe gowy hekaýalar aýdandygyna bize hezil berendigine seretmezden onuň oeýdasyndan zyýanynyň köp bolandygyna düşünýärin. Onuň bilen bir öýde ýaşasamam ýoldan doly azaşmandygym Allahyň bir merhemeti. Ol aramyzda bolmadyk bolsa men has gowy adam bolup biljegim ýaly nolup dur göwnüme.
Şonuň üçin ýigit çykyp öýlenenimden soň ony öýe ýakynlaşdyrmadym. Entegem kakamlarda. Kakam bilen deň olam garrady. Ýöne kakamam ondan ýadapdyr. Garransoň ony öýden çykarmaga dözenok ýöne, onda-da kän bir ýüzem berip baranok. Men bolsa onuň bir gün ýa öli ýa-da diri öýden çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Hä, adyny aýtmandyryn-a nätanyşyň. Aýtsam sizem tanarsyňyz-la. Bizä oňa “telewizor” diýýädik. Tanadyňyzmy?
-
Friendship
12 years ago
- :-) öñem okapdym...
Minnetdar, awtor!
-
Friendship
12 years ago
- :-) öñem okapdym...
Minnetdar, awtor!
-
makgush
12 years ago
- Aý telewizor diýsene, menä okap otyrkam kimkä diýip pikir etdim:-) asyl başga zat eken.
sagbol awtor 1nji gezek eşidýän.
-
tejenjik
12 years ago
- Sagbol awtor
-
Tourist
12 years ago
- Mena okap bashlanymdan son sheyledir diyip pikir etdim sag bol yetirenine
-
Makintos
12 years ago
- bah shey diysene
-
balajyk12
12 years ago
- Paylashyp.dur.jora.:-).
-
sahett
12 years ago
- bir psimistiñ gürrüñine meñzeýär bu.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- hazelye agza, kurall@bk.ru adresine durujba ugradayyn kyn görman
-
hazeleye
12 years ago
- a, niye?
-
jenika
12 years ago
- Haha sagjabol
-
imperator1
12 years ago
- behh sag bol awtor ine bu bolya malades
-
imperator1
12 years ago
- behh sag bol awtor ine bu bolya malades
-
Kuraldyshy
12 years ago
a, niye?
hazeleye | 2012-10-11 03:53:59
pikir alyşmak maksady bilen.
-
turkmeningozeli
12 years ago
- Ta okap bolyncam kellame herhili pikir geldi dogrymy aydsama ol adamyn masgalasy zady yokmukada diydim hahaha.
hazeleye 12 years ago- Dogrusy, ejem dindar aýaldy. Kakamam dindar diýseň boljakdy. Edil oň ýaly bagly bolmasa-da namazyny okap, oaraza tutýardy. Çagalarynyňam arassa, tertipli, dindar adamlar bolup ýetişmegini isleýärdi. Nätanyş bolsa muňa ünsem berenokdy, kakama gulagam asanokdy. Has dogrusy, bize aýyp zatlaram aýdyşdyrýardy. Gowy bir hekaýa gürrüň berip otyrka arasyna arak, humar, aýal ýaly zatlaram goşup göýberýärdi, sögünç sözlerem aýdýardy. Kakam muny görse-de näme üçindir sesini çykaranokdy.