Bagtyýarlyk döwründe ajy habar bolmaly däl!Şu ýylyň 2-nji oktýabryndan 3-nji oktýabryna geçilýän gijede meşhur türkmen diktory Ogulbagt Çaryýewa insult bolup, aradan çykdy. Ömrüni diktor bolup geçiren bu zenan türkmenistanlylaryň arasynda heniz dirikä meşhurlygy gazanmagy başardy. 2009-njy ýylda bolsa oňa Türkmenistanyň halk artisti diýlen hormatly at dakylypdy. Döwlet tarapyndan şeýle derejä mynasyp bolsa-da, tutuş türkmen halkynyň arasynda dirikä uly meşhurlyga eýe bolan-da bolsa, Ogulbagt Çaryýewanyň aradan çykanlygy barada resmi hiç hili maglumat berilmedi. Hatda ol hakda gazetleriň iň soňky sahypasynda kiçijik nekrolog hem çap edilmedi. Meşhur diktoryň ýogalanyny adamlar diňe biri-birinden esli gün geçensoň bilip galdylar. Türkmenistanlylaryň arasynda ol zenanyň dünýeden gaýdanyny entek bilmeýänler gaty kändir. Bu meşhur zenanyň ýogalanyny ýa ýogalmandygyny asla bilmejekleriň juda köp boljakdygy hem anyk. Sebäbi türkmen resmileri özleriniň yglan eden Bagtyýarlyk döwründe diňe şatlyk-şagalaňyň bolmalydygyny öňe sürýärler. Ajy habar bagtyýar Türkmenistanda bolmaly däl diýen ideologiýany öňe sürýärler. Şu sebäpden hem ýurduň metbugatynda nekrolog çap etmek asla gadagan edildi. Tanymal, meşhur adamlar dünýeden gaýdyp, diňe birki ýyl geçensoň, olar hakda ýatlama çap etmäge rugsat edilýär. Türkmen resmileriniň tanymal şahsyýetleriň aradan çykanlygy barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gynanç berilmegine gadagan girizmegi sebäpli, adamlar özleriniň hotmat-sylag bildirýän şahsyýetleriniň dünýeden gaýdandygyny ep-esli wagt geçenden soň bilip galýarlar. Türkmen resmileriniň bu hereketi käbir ýagdaýlarda meşhur şahsyýetleriň ölümi bilen bagly habarlaryň ne ýalandygyna, ne-de çyndygyna takyk ynanmak meselesine hem güman döretdirýär. Häzirki wagtda meşhur komiki artist Hoja Ýegendurdyýew bilen bagly ilat arasyndaky dürli myş-myşlaryň ýüze çykmagy-da resmileriň hut şu hereketleri sebäplidir. Soňky üç-dört ýyllykda aradan çykan meşhur şahsyýetler bolan Atabaý Çarygulyýew, Nurmuhammet Meredow, Ödenyýaz Nobatow, Sapargeldi Annasähedow, Hudaýberdi Durdyýew, Annaberdi Agabaýew, Näzik Annatyýewa, Ata Alowow, Ýagşymyrat Akyýew we başga-da birnäçe görnükli adamlar barada türkmen habar beriş serişdeleri dymdy. Özi hem bu dymyşlyk aradan çykan şahsyýetleriň syýasy ýa başga bir bolgusyz zada bahalanmagy bilen däl-de, hut ýurduň ýöredýän şatlyk-şagalaňly ideologiýasy sebäplidir. Türkmen resmileriniň öňe sürýän ideologiýasyna laýyklykda, elmydama toý-baýrama beslenýän şatlyk-şagalaňly Türkmenistan döwletinde hemişe gülki bolmaly, toý bolmaly, ýöne ajy habar welin hiç wagt bolmaly däl!
Tanymal diktor aradan chykypdyr
-
Agent007
12 years ago
- Yatan yeri yagty bolsun
-
Makintos
12 years ago
- wah ola bolmandyr
-
Simpotyaga
12 years ago
- iman baylygny bersin
-
burguttm
12 years ago
- Hoja hakda náme myš myš barkalaý?
-
URGENCLI
12 years ago
- Imany hemra bolsun!
-
yalancy
12 years ago
- ALLAJAN JAÝY JENNETDEN BOLSUN ÝATAN ÝERI ÝAGTY BOLSUN.Hoja barlaý gul ýaly gezip ýør bir aýal dogany tutyldy nese bilen Hojanam ishinden cykardylar.Biderek dalirapdir dp cykardyla ýalan zat hemmesem.Hojan ýene ishine teatra gaýdyp geljegini ýa gelmejegini bir Medenýet ministriniñ jogabyna gara$ýala
-
Milashka92
12 years ago
- nur icinde yatsyn
-
lukmantm
12 years ago
- Yagshymyrat akyyew aýryldymy ????
Aý beyle daldirlaý!!!!!
Wahey bolmandyr men in gowy goryan artistlerimin biridida
her bir olen yitenlerimizin jaylary jennetden bolsunlar ......
-
betyigit
12 years ago
Yagshymyrat akyyew aýryldymy ????
ongurak chykdy aradan.pahyrlang yatan yetir yagty bolsun.Yagshymyrat Akyyewi menem yaman gowu goryadim,oz ornuny gowu oynayady pahyr.seret bizde kop zatlara uns berenoklar,galkynysh zamanamyza doneyin...
Aý beyle daldirlaý!!!!!
Wahey bolmandyr men in gowy goryan artistlerimin biridida
her bir olen yitenlerimizin jaylary jennetden bolsunlar ...... lukmantm | 2012-10-06 05:00:44
Hayranmen 12 years ago- Cheshme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/297