Müň gözele taý gelmez, Güler ýüzli aýalym. Seniň ýaly aý bolmaz, Güler ýüzli aýalym. Ýadap gelsem işden käte, Demlengidir çäýnek käse, Derrew goýar süýji köke, Güler ýüzli aýalym. Hä diýmäkäň nahar getir, Taýyn durar saçak petir, Uzadypjyk çemçäň ýetir, Güler ýüzli aýalym. Ýortanynda towşan deýin, Çalt bitirer towsan ýerin, Oturma ýok almaz demin, Güler ýüzli aýalym. Mal garadan gep getirmez, Etjek işin hiç ýetirmez, Hojalyk diýp dek otyrmaz, Güler ýüzli aýalym. Sallançakda çagaň aglar, Mähir bilen sesin baglar, Labyzlardan hüwdi huwlar, Güler ýüzli ayalym. Bir seretseň iş tikýändir, Bir görseňem aş bükýändir, Arma berseň gülüp bakýandyr, Güler ýüzli aýalym. Arassadyr mydam öýiň, Tämizjedir jaýyň teýiň, Işläninde iner deýin, Güler ýüzli aýalym. Girer çykar nahar bişir, Kiriň ýuwar işin bitir, Daňdan turup agşam ötir, Güler ýüzli aýalym. Çagalary hor saklamaz, Tapsa geýdir zar saklamaz, Göwni sada syr saklamaz, Güler ýüzli aýalym. Igenäýseň torsaran bor, Sähel zada yrsaran bor, Bir salymdan ýyrşaran bor, Güler ýüzli aýalym. Göwni päkdir çaga ýaly, Mylaýymdyr cäge ýaly, Nowbaharyň çagy ýaly, Güler ýüzli aýalym. Mydam saňa kökenekdir, Perwaz urar kebelekdir, Öýlenenler has beletdir, Güler ýüzli aýalyň. Adam edýän yene şolar, Gadryň bilýän ýeke olar, Göwher, gyzyl, altyn olar, Güler ýüzli aýalyň. Kimse ýazar özi hakda, Kimse söýýän gyzy hakda, Öwen barmy heý siz hakda, Güler ýüzli aýalyn. Öwga ilki siz mynasyp, Ylgaýaňyz her gün aryp, Näçe ýazsaň azdyr taryp, Güler ýüzli aýalyň. Çagalara mährem ene, Deňäp bolmaz altyn zere, Gözellik siz ene ýere, Güler ýüzli aýalym. Tarypyňyz şunça azdyr, Ýanymdakaň mydam ýazdyr, Hyzmatymda ol perwazdyr, Güler ýüzli aýalym. Öýlenenler bilýändir, Ýyrşarypjyk gülýändir, Hyzmatlaryn görýändir, Güler ýüzli aýalnyň. Galyň töläp seçip aldyk, Esli müňun geçip aldyk, Bergi baryn edip aldyk, Güler ýüzli aýalym. Dostlar diňläň arzuw size: Bagt diläp ahliňize, Hormat goýuň periňize, Gadryn biliň aýalyň. Bagyş etdim size bendim, Zenanlarňyz söýiň pendim, Käbesidir her perzendiň, Güler ýüzli aýalyň. Boldy edaýsem näder indi, Müň öwsegem azdyr şindi, Zenanlaryň iň belendi, Güler ýüzli aýalyň. Duýgurdyr ol hyýalyň, Soýip geziň aýalyň, Aýallarmyz aýalyň, Nur perişdä saýalyň, Jandan geçip söýeliň, Durmuş ýolun sökeliň, Bir tabakda çökeliň, Gaýgylaryn çekeliň, Bagtdan agaç ekeliň, Söýgiden tagt dikeliň! Olara saglyk diläliň! Agzybirje bolalyň! Mydam gadryn bileliň Güler ýüzli aýalyň!

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir