şugün bolşy ýaly ertirem, soňkusy günem gözlerimdäki seniň ýeriň üýtgemejegine... seni bir ömür boýy söýjegime... Kebelekleriň reňkleriniň adamy jadylaýyşy ýaly, ertiri hem seniň söýgiň bilen ýaşajagyma... her bakyşyňda jadylaýan o gözleriňi hemme wagt ýanymda görjegime... iň ýakyn dostuň, iň ýakyn syrdaşyň boljagyma... Gaýgyň meniň gaýgym, aladaň meniň aladam boljagyna... her gaharly wagtyň seni güle öwürjegime... her gamgyn wagtyň ýylgyrşyň gaýdyp gelmesi üçin elimden gelen hemme zady etjegime... hiç haçan ýalňyzlykdan we sowukdan üşemetmejegime... ýanyňda däl wagtym we her gezek meni isleýän wagtyň bir şemal bolup seni dolajagyma... gözümiň gözüňe degen her bakyşlaryndan seni täzeden söýjegime... seni bir peri halyna getirjegime... durmuşym boýunça her gün irden saňa aşyk bolup oýanjagyma... sen ýatan wagtyň sen we men üçin dilegler etjegime... hassa bolan wagtyňda saňa gyzgynjak çorba bişirjegime... seni hiç haçan gynandyrmajagyma... seniň gaharyňy getirenimde, muny ýalňyşlyk bilen edendigim üçin derrew senden ötünç sorajagyma... meni tanan günüň, meni nähili ýagdaýda gören bolsaň ömrüň boýunça şol meni görüp ýaşajagyňa... söýgümiň hiç haçan azalmajagyna... seni hiç haçan ýatdan çykarmajagyma... seniň diňe 14nji fewralda däl, 365 sany söýgüliler günüňde 365 sany adyň boljagyna... saňa ýalan sözlemejegime... başgalaryň ýanynda wagtym seni asla unutmajagyma... eliňi ýuwaşlyk bilen gorkup tutan ilkinji gündäki ýaly tolgunjagyma... durmuşym boýunça hemme wagt seniň eliňden tutjagyma... durmuşym boýunça janym boljagyňa... hemme şarlary seniň üçin asmana uçurjagyma... hemme gülleriň içinde seni görjegime... okeanlarda seni tolkun etjegime... ýyldyzlarda parlatjagyma... älemgoşarda sallançak ýasap seni 7 seňkiň içinde garyşdyrjagyma... her setirde seni ýazjagyma... seni çyzjagyma we saňa seslenjegime... hiç bir zadyn hiç wagt seniň öňüňe geçmejegine... her günüň düýnkiden gowy boljagyna... seni soňsuzlyk ýaly söýjegime... seni "sen" bolanyň üçin söýjegime... seni söýýän diyjegime, söz berýän!!!

Köneler, virmenaard tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir