Oglanlaryň terk edip bilmeýän käbir kanunlary bardyr. Gyzlarymyzam durmuşa çykmazdan öň we soňra şular ýaly hereketleri görerler. Täze öýlenen oglanyň käbir kanunlary. (degişme) 1.Wc gapagy temasynda indi bir netijä geleli. Bize açyk dursa gowy, size ýapyk dursa gowy. Açyk duran bolsa ýapyp bilersiňiz. Bize gelip aýtmak hökman däl. Biz ýapyk duran bolsa size baryp aýdamyzoga. 2.Ýekşenbe güni futbol oýnamaga hökman gidiler. Bu eýýäm ybadat ýaly bir zatdyr. Indi şuny kabul ediň. 3.Bazarlamak hiç hili sport görnüşi däldir we bolmazam. 4.Näme isleýän bolsaňyz açyk soraň. Gizlin hereketler ýa-da açyk hereketler biz tarapyndan kabul edilenok. Diňe aýdyň, ana şo wagt düşüneris. 5.Her soragymyza mümkin boldugyça “howa” ýa-da “ýok” diýip jogap beriň. 6.Bir problemaňyzy çözmek isleseňiz bize geliň. Biz şuň üçin bardyrys. Empati görkezmäň, o hanymlar üçindir. 7.17 aýdyr dowam etýän kellagry bir problemadyr. Indi doktora gidiň. 8.6 aý öň eden dawamyzdaky aýdan zadymyz indi geçenokdyr. Has dogrusy aýdan zatlarymyzyň üstünden 7 gün geçse eýýäm täsirini ýitirendir. Bize garşy şo köne sözleri ullanmaň. 9.Semrändirin öýtýän bolsaňyz mümkin semränsiňiz, muny bize soramak gerek däl. 10.Bizden ýa bir zat etmegimizi isläň, ýa-da nähili etmegimizi isläň. Ikisini birden islemäň. Nahili edilişini bilýän bolsaňyz özüňiz ediň. 11.Kristofer kolumb haýsy ýoldan gitjegini bilýädi, bizem bilýäs. 12.Biz size “näme boldy” diýenimizde “hiç zat bolanok” diýip jogaplaýan bolsaňyz hiç zat bolan däldir. Ýalan sözleýäniňizi bilýäs ýöne ýöne dörseň aşagyndan bir zatlar çykýar we bu bize kän peýda edenok. 13.Bir ýere gitýän bolsaň haýsy eşigiňi geýseň geý, çyndanam soramak hökman däl. 14.Eger futbola düşünmeýän bolsaň offside’i sorama. 15.Ýeterlik eşigiň bar. 16.Ýeterlik aýakgabynam bar. 17.Bolýar-da bu gije diwanda ýatmaly boljak, aý bizem aýda birki gezek şeýle ýagdaýa düşýäs :-) p.s. gyzlaryňam kanuny bar bolsa ýazyp biler :D
Kanunlarymyzdan
-
makgush
12 years ago
- 8 bilen 5'em erwet däl eken:-)
-
Ayyuzli
12 years ago
- mashgala gatnashyklary mowzugynda filosof bolyang tiz ))))
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Türkcesi hasam gowydy;-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- 1. Biz özümize nämäniñ gowy gelishjegini, nähili eshik geymelidigini gowy bilyäris. Bize stilist gerek däl! (13, 15 we 16a jogap) :-D
-
idealman92
12 years ago
- Özümden gyzlara ýüzleneýin we goşaýyn:
*bir zat bolanda "näme boldy?" Diýen soraga "hiç zat" diýip jogap bermän,göni aýdyň näme bolanyny!
*öýüň her ýerinden joraplary çöplemek gyzykly dälmi eýsem?
*daşarda bir gyz dostum bilen ýöne gujaklaşyp salamlaşsam gahar atyna atlanmak gerek däl gabanyp!
*1 sagatlap futbolyň 11 kanunyny aýdanymdan soň "a ol jürrüldeýän adam kim?"diýmäň, gaýrat edip!
Bular diňe başy,yzyny ýazmaýyn.ajy hakykaty az-azdan dadyrmakçy:)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- *öýüň her ýerinden joraplary
çöplemek gyzykly dälmi eýsem?
*daşarda bir gyz dostum bilen
ýöne gujaklaşyp salamlaşsam
gahar atyna atlanmak gerek däl
gabanyp!
Arzuwyñ dagy arzuw dalow.
-
virmenaard
12 years ago
- ayyuzli, oz doredijiligim dallay ;-)
bayramsoltan siz mun turkcesini nirede okadynyz?
-
virmenaard
12 years ago
- idealman92 men bulary yazmayyn diydim welin sen eyyam teswirlapsin :D
-
lukmantm
12 years ago
- virmenaard ! , idealman !
Siz b.n doly ulalashyan :-):-):-)
gyz gelinlere bolsa biz b.n ylalashaýmak galya :-):-):-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gowy dostum ugradypdy virmenaard
-
eminemshock
12 years ago
- ye
-
wulkan
12 years ago
- Bahhhhhhh...
Bravo 12 years ago- =D
10njy betow =D yzyndakam