Şu wagtky dünýä futbolynda lakamy "başga planetaly" diýip tanalýan Leonel Messi Braziliýada geçiriljek 2014-njy ýyldaky Dünýä Çempionatynda Argentinanyň ýygyndysynyň çempion bolmaklyk üçin esasy faworitleň biridigini eýýämden köpçülige habar berdi. Futbol diýeňde ýadyňa düşýän rowaýaty oýunçylar bolan Peledir, Maradona bilen deň hatarda ady agzalýan, Barselona klubynyň super ýyldyzy Leonel Messi şeýle diýdi: -Çempionlygy her kim arzuw edýändir. Ýöne nesip bolsa Braziliýada biz muny ýaşarys. Şu wagtky esasy maksadymyz şu. Gazanmak üçin köp türgenleşýäs we gazanjagymyzada hiç hili şübhäm ýok. 25 ýaşyndaky Messi Paragwaýyň garşysynada gaty gowy oýun görkezdi we bir gola hem öz goluny goýdy. Ýygyndyda şu wagta çenli 28 gol salan Messi, iň köp pökgi salanlaň arasynda hem 3-nji ýerde durýar. Gabriel Batistuta (56) we Diego Maradona (34)gol saldylar. Gruppasyndaky indiki oýunlaryny bolsa Peru-yň ýygyndysyna garşy oýnarlar.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir