Ýenede ýaşlyk Albomyn alyp. Ser salýan klasdaş Oglan gyzlara. Dolanyp gelmezmi Ajaýyp ýaşlyk. Duşurmazmy Ol garaja gözlere. Hemmesem şadyýan Yssy mähriban. Gözleýän hersine Gözlerim doýman. Içinde bir gyz Hasam ýylgyryp. Gaşyny kakýar Erkime goýman. Şol gaşlar dälmi Jigerim daglap. Şol bakyşlar dälmi Toruna baglap. Ýaşlygym ýenede Ýekeje günüm. Gaýdyp bersene Yzyma dolap. Sen gitdiň duýgymdan Baky hoşlaşyp. Ýadymda şol günki Soňky haklaşyk.. Diýdiň: "Meni unut, Gamlanma senbir. Maňa bolan söýgiň Lowlatma söndür.." Bakdyň gözüme Göni seredip. Akdy gözüňden Hünji düzülip. Diýdiň ýenede Gamly gözleýip: "Sorama hiç zady Galsyn gizlenip.." Şeý diýdiňde birden Öwrüldiň gitdiň. Gözüňe ýaş aýlap Gözlemden ýitdiň. Ne beýle takdyr Ne beýle ýazgyt. Ýokmy alajy Bardyra çözgüt. Bilmedim nämeden Asla şu çaka. Düşünmän gezdim Şo bolan waka..? Söýginiň täsin Oýnumyka ol. Ýada biwepa Doýdumyka şol.. Bäş ýylky söýgiň Bäş sözlem bilen. Bäş minut sözläp Gutardyň çözläp. Söýgim terse dönip Ýugurlyp beter. Seni şondan soň Ýigrenip beter. Ýatlasam ýatlama Uzaga gider. Gününe bir kitap Ýazaýsam biter.. Ýaşlyk albomyň Ýene bir gatyn. Açdym geçirdim Bu ýan suratyn. Ine ýylgyryp Ýene bir gözel. Güldürýär gözlerin Towlap syratyn. Bu gözel hakda Dessanam azdyr. Ol meniň bagtymdyr Baharym ýazdyr!

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir