Razy men bu dünýäden, Ömürboýy pikir edip, Diýjek sözüm diýip gitsem. Watan duzun doly haklap, Beren duzun iýip gitsem. Razy men bu dünýäden, Üşän wagty ojar bolup, Dostum üçin köýüp gitsem. Bir gözeli gowy görüp, Bir gözeli söýüp gitsem. Razy men bu dünýäden, Ýamanlara tiken bolup Ýüreklerne batyp gitsem. Aý-gün bolup ýagşylaryň, Toýlaryn tutup gitsem. Razy men bu dünýäden, Ajal bilen dikleşemde Aglap dälde gülüp gitsem. Bu dünýäde artyk bolman Kem boljagmy bilip gitsem. Bu ajaýyp aýdymy ilkinki gezek Akyş Saparow ýerine ýetiripdir. __________________________________ Mendenem bu aýdymyň üstüne azajyk goşmaça: Razy men bu dünýäden, Il-günüme hyzmat edip, Abraý bilen ötüp gitsem. Ejizlere arka bolup Il deňinde örüp gitsem. Razy men bu dünýäden, Bir gözeliň ýüreginde, Ömür keşbim goýup gitsem. Bu dünýäde bagtly edip, Mährim bilen çoýup gitsem. Razy men bu dünýäden, ALLAJANA şükür edip Imanyma uýup gitsem. Imansyza mekdep bolup, Kalplaryna guýup gitsem. Razy men bu dünýäden, Bu jahanda adalatyň, Parlaýşyny görüp gitsem. Adalatyň binasyndan, Mermer daşyn gurup gitsem. Razy men bu dünýäden, Arzuwdaky gözel gyzyň, Saçlaryny örüp gitsem. Galmaz arman birje gezek, Ýaňagyndan öpüp gitsem..

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir