HEMMANIZE GIJAN BIR YARYMYNDAN SALAM KABUL BOLSUN ORAZALAR ALLAJAN... EBU HUREYRE (R.A) 'DAN ROVAYAT EDILMEGNE GORA SERWERIMIZ HZ MUHAMMED SHEYLE BUYURDY... "bir kishi men adyma 1 salavat aytsa ALLAH ona 10 rahmet eder, 10 salavat aytsa ALLAH ona 100 rahmet eder, eger 100 salavat aytsa ALLAH ona 1000 rahmet eder, eger 1000 salavat aytsa MEN VE O KISHININ OMUZY JENNETIN GAPYSYNDAN BIRBIRINE DEGER" allajan hemme kisha 1000 salavat aydmak nesip etsin ve allajan kabul etsin AMIN.
PYGAMBERMIZE SALAVAT GETIRMEK.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Amin
-
dayy
12 years ago
- amin
-
dushbije
12 years ago
- Bagyshlañ welin, salawat haýsy töwir bolýar. Lä ilähä ilallo diýip bashlanýanmy?
-
Jemka91
12 years ago
- Dü$büje, salawatyn görnü$leri kän. Bilenlermi ýazaýyn:
*Allahûmme salli alä seýýidinä Muhammedin ve ala ali seyyidinä Muhammet.
*Allahumme salli ala Muhammedin ve ala äli Muhammet ve barik ve sellem aleýhim ejmagyn(ýazly$y ýaly göcürdim yalnyshlyk bolsa düzede wering)
-
Jemka91
12 years ago
- Arhiwde salawatlar barada bir agzanyng acan temasy hem bolmalydy, eger tapsam chykararyn=)
-
makgush
12 years ago
- $u ýere bas köp salavatlar ýazylan öýdýän
-
Jemka91
12 years ago
- Lä ilähe illalla*
arap elipbiýinde "o" harpy ýok dp e$dipdim, aýatlarda hem gabat gelmedim,bilyan barmyka?
-
Ayyuzli
12 years ago
- jemka, arapcada "waw" harpy bar, shol sozdaki beyleki seslerin galyn ya inceligine gora uytgap, o, ö, u, ü seslerini beryar.
salawat, barada aytsak, salawat pygamberimize s.a.w. salam bermekdir. omrunde yekeje gezek salawat ceken adama, pygamberimiz s.a.w. kyyamatda shepagatcy boljakdyr.
her gezek salawat cekeninde, yagny salam bereninde, pygamberimiz s.a.w. hut ozi "wealeykumessalam" diyip alyar we gutaryancan ayakda garashyar. meselem, 500 salawat cekjek diyip niyet edip, unutsan, gutaryancan ayakda garashyar. gunun dowamynda cekilen salawat, shol gun eden ahli gunalerinden saplandyryp bilyar.
-
Ayyuzli
12 years ago
- s.a.w. - diylip yazylya we aydylyar, kopimiz bilyandirisem welin, yeri gelende dushundirip gecayelin.
s- sallallahu
a-aleyhi
w-wessellem.
her gezek pygamberimizin s.a.w. adynyn tutanlarynda ya-da tutanynda hokman yzyndan salalwat getirmeli. hadys bar: " menin adym tutulanda, mana salawat getirmedigin burny yerde surunsun!"
-
hakykygyz
12 years ago
- Sizden alla razy bolsyn hemmanizde gowy yazypsynyz
-
maslahatchy
12 years ago
- men bilshima gora,salavat allahumme salli ve allahumme barik galamyka diyyan, yalnyshyan bolsam bagyshlan .
-
Ayyuzli
12 years ago
men bilshima gora,salavat allahumme salli ve allahumme barik galamyka diyyan, yalnyshyan bolsam bagyshlan .
maslahatchy
salawat kan. siz hem birini bilyan ekeniniz. yalnyshanzok.
-
Bravo
12 years ago
- günde aýdp dursaňz gow boolýa. kabul bolsun
-
ata
12 years ago
- pygamberimize salawat we salam ibermek barada on hem talyplarda mowzuk bar ekeni. Menhem ka yerlerden gocurip, bu barada azyrakgoshant goshmak isleyan. Enshallah, pygamberimizin saw shepagatyna gowshanlaryn hataryna girmek bize-de miyesser eder.
bir kitapdan bölek....------Günbataryň meşhur akyldary Bernard Şou şeýle diýýär: "Hezreti Muhammet üýtgeşik taraplary bilen aklyňy haýran edýän ynsandyr. Bu syrly ynsana doly düşünmek mümkin däldir. Onuň akyl ýetirip bolmajak artykmaçlyklarynyň biri-de Allaha bolan ynamy we Oňa ýürekden bil baglamagydyr." Şou dogry aýdýardy.Onuň Alla bolan ynanjyny we özüni Oňa bagla¬ýşyny biz öz ölçeglerimiz bilen ne ölçäp, ne-de baha berip bileris. Onuň Allanyň ýanyndaky orny we mertebesi ýüregindäki ynamy we baglylygy derejesin¬dedir. Ýeri gelende, Serwerimiziň islegi, dilegi we haýyşy bilen gijeler gündize öwrüler, zulmatlar nur bolar, kömür almaza döner we gedaýa soltanlyk mülki bagyş¬lanar. Bu mesele bilen baglanyşykly Hasan Basry hezretlerine degişli bir wakany gürrüň bermek isleýärin. Serwerimize bolan baglylygyň ähmiýetini görkezýän bu halat, meniň pikirimçe, möhüm bir wakadyr. Bu waka hadys ölçegleri tarapdan tankyt edilip bilner. Hakykatda şuňa meňzeş wakalar şeýle bir köpdür, şonuň üçin muny hem bolup biljek zat diýip kabul edip gürrüň bermegiň zyýany ýokdur. Waka şeýle bolup geçýär: Basraly bir ýaş oglan garry kakasy bilen haja gitmegi niýet edinýär. Mekgä gidip barýarkalar ýolda kakasy ýogalýar. Emma ol ölenden soň sypaty üýtgäp betnyşan bir haýwana öwrülipdir. Bu ýagdaý biçäre oglany şeýle bir gynandyrypdyr, emma çäresini bilmändir. Bu halda ol kime ýüz tutsun, kimden kömek islesin?! Oglan başyna düşen dertden basylyp, süňňüne agyrlyk inýär. Ol oýaly-ukuly haldaka çadyrynyň gapy¬synyň açylandygyny we nurana ýüzli biriniň içerik girendigini görýär. Bu nurana ynsan kakasynyň jynazasyna durýar. Eli bilen onuň tutuş bedenini sypalaýar. Onuň eliniň degen ýeri öňki ýagdaýyna gelýär, öliniň jesedi lowurdap duran bir bedene öwrülýär. Ýaş oglan haýran galyp doňup galýar. Gelen ynsan çadyrdan çykjak wagtynda ýaş oglan ony saklaýar-da: "Allanyň hakyna aýt, sen kimsiň?" diýýär. Ol gelen adam: "Sen meni tanamadyňmy? Men Muhammetdirin" diýip jogap berýär. Muny eşiden ýaş oglan begenjinden uçaýjak bolýar. Ol: "Eý, Resulalla, bu bolan işler nämäniň alamaty? Näme üçin kakamyň şekili üýtgedi?" diýip soraýar. Allanyň Resuly: "Ol hemişe içgi içýärdi. Sypatynyň üýtgemesiniň sebäbi şodan" diýýär. Ýaş oglan: "Siziň gelmegiňiziň sebäbi näme?" diýip soranda, Allanyň Resuly şeýle jogap berýär:"Çünki seniň kakaň haçan meniň adymy eşitse, maňa salawat aýdardy."Ine, bu adamyň şular ýaly sähel baglanyşygy hem gaýtargysyz galmaýar we Allanyň Resuly iň mätäç pursatynda ol adama şepagatyny ýetirýär. Onuň öldi habaryny alandan, Serwerimiziň ruhy Allanyň rugsady bilen ol ýerde häzir bolýar.Allanyň Resuly ynsanlar arasynda iň ynamdar we özüne bil baglamagyna iň mynasyp bir şahsyýetdir. Ymmaty-da edil şonuň ýaly ynamdar bolmalydyr.
-
ata
12 years ago
- Allah we perişdeler şüphesiz Pyhembere salawat edýärler. (Onuň ýaly bolsa) eý îman edenler, siz hem ony mukaddesläň (salawat getiriň) we doly bir boýun bolmak bilen salam beriň. (özüňüzi O’nuň baştutanlygyna beriň. (Ahzab, 33/56)
Ebu Hureýre(r.a.) dan rowaýat edildigine görä Pyhemberimiz Muhammet (s.a.w.) şeýle diýipdir.Bir kişi maňa bir salawat getirse Allah oňa 10 rahmet eder.10 salawat getirse Allah oňa 100 rahmet eder.100 salawat getirse Allah oňa 1000 rahmet eder.1000 salawat getirse Meniň we o kişiniň omzy jennet gapysynda bir-birine deger. (MüSLüM)
Kyýamat günü ynsanlaryň maňa iň ýakyny maňa iň köp salawat okaýanydyr (Tirmizî, “Witir”, 21) iň köp okalýan SALAWAT “allahümme salli ala seýýidina muhammed”
Ceshme ertir.com da diplomat2012 bu yazgyny goyupdyr. Yokardaky tmolympiad.org da aA a a yazypdyr.
Allah we perişdeler şüphesiz Pyhembere salawat edýärler. (Onuň ýaly bolsa) eý îman edenler, siz hem ony mukaddesläň (salawat getiriň) we doly bir boýun bolmak bilen salam beriň. (özüňüzi O’nuň baştutanlygyna beriň. (Ahzab, 33/56)
Ebu Hureýre(r.a.) dan rowaýat edildigine görä Pyhemberimiz Muhammet (s.a.w.) şeýle diýipdir.Bir kişi maňa bir salawat getirse Allah oňa 10 rahmet eder.10 salawat getirse Allah oňa 100 rahmet eder.100 salawat getirse Allah oňa 1000 rahmet eder.1000 salawat getirse Meniň we o kişiniň omzy jennet gapysynda bir-birine deger. (MüSLüM)
Kyýamat günü ynsanlaryň maňa iň ýakyny maňa iň köp salawat okaýanydyr (Tirmizî, “Witir”, 21) iň köp okalýan SALAWAT “allahümme salli ala seýýidina muhammed”
-
lukmantm
12 years ago
- Amin
Jemka91 12 years ago- Amin En$allah.
Öýle namazyndan soñ 100 gzk Muhammet (s.a.w) pygambere salawat aýtsa Allatagala ol adama 3 dürli kemal berer:
1 garyp bolmaz,
2 imany zaýa bolmaz,
3 kyýamatda Allatagala beren nygmatyndan hasap soramaz.