Eý sen durmush,gör niçiksi täsin sen, Her hili duzagy gurýañ adama, Bir gûn oña shatlygyñdan paý berýäñ, Ertesi gün atýañ hasrat oduna Seniñ ýoluñ-bu bir üýtgeshik tilsim, Oña düshünerden ejiz men,ejiz Shol sebapden ümsüm ýöräp barýaryn Seniñ ýoluñ bilen kä haýal,kä tiz Arasynda gabat gelýär çukurlar, Ýa büdür-südürler,alaç ýok oña Bir gün bu günleñem soñy ge:r diýip Ynam bilen gidip barýaryn öñe Men ýeterin ýetmelije ýerime, Ýöne onuñ üçin kän takat gerek, Ynamyñ,takadyñ alajy bor-la Ýarpy ýolda durmasa bolýar ýürek Soñky deme çenli dönmerin yza Ähli arzuwlarma ýetjekligim hak Sebäp shol arzuwlar bilen ýashaýan Diñe sholar diýip dem alýar gursak Eý,sen durmush, görkeziber oýnuñy Kaýyl men bu basha nä oýun salsañ Barybir barjagym shu mele toprak Öñ-soñ ahyr girmeli dälmi eýsem?

Köneler, mentalyp tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir