....Meniň öňümde ençeme bigünä bendeleriň täleýini tersine öwüren tomlaryň on üç sanysy dur. Ýöne nomerleri boýunça olaryň sany on bäş bolmalydy. Olaryň galyňlaram, orta galyňlykdakysam, ýukalaram bar. Emma galyňlary ýukalaryndan köp. Göwnüme bolmasa, olaryň sahypalaryny agdaryp ugranymdan soň bir-iki sagat geçip geçmänkä biri gelip "bagyşlaň" diýip, olary alyp ötägidäýjek ýalydy. Gelip alyp giden bolmady. Wagt geçenligi sebäpli solup giden sahypalary, göýä diýersiň, iriň kültan köne ýara elimi degiren ýaly örän seresaplylyk bilen agtarýaryn. Göwnüme bolmasa, syýa bilen, galam bilen, maşynka bilen ýazylan her bir setririň aňyrsyndan iňňildi, gaýgy-hesret, söz bilen beýan edip bolmajak ahy nala eşdilýän ýalydy......
"türkmen azatlygy" atly gurama hakynda!!!!!!!
-
1merdan
12 years ago
- "Dokuzlar" guramasyna tejenli söwdagärler Berdi molla Kerbabaýew, Garaja burunow, Allanazar Muhammetnazarow, ispalkomyň başlygy Oraz Arykow, yezd ispalkomynyň başlygy Akmyrat Orazow, olardan başgada, Eziz hanyň türkmen otyrýadlaryndan akgwardýaçylaryň hataryna goşulyp sowetleriň garşysyna alnyp barylan ýaragly urşa aktiw gatnaşanlar hem bardy.
Guramanyň alyp barýan işine ýolbaşçylar toparynyň jemlenen ýeri bolan Merkezi Komitet jogap bermelidi. Ol ýerde bolsa geçmişde syýasatda orun tutan adamlar saýlanyp alnypdy.Komitetiň ýolbaşçylary aýry-aýry ugurdan iş alyp barýardylar. Patyşa hökümet döwründe pars şasynyň ýanyndaky wekili bolan öňki ştabsrotmister S. Öwezbaýew bilen ozalky türk ofisseri O. Wafaýew harby işlerini alyp barýardy. Akgwardýaçylaryň zakaspi hökümetiniň öňki çleni Bekki Berdiýew daşary ýurt razwetga gullugy bilen arabaglanşyk saklap, gurama üçin serişde toplaýardy, Kokant awtonomiýasynyň hem-de onuň ýolbaşçysy Mustafa Çokaýewiň tarapyny tutyp Daşkent metbugatynda çykyş eden, 1919-njy ýylda aklaryň hereketi şowsuzluga uçranynda Nikolaý Nikolaýewiç han Ýomutskiý bilen akgwardýaçylaryň Zakaspi hökümetine kömek bermegini sorap Denkiniň üstüne giden Kümüşaly Börüýew bolsa gizlin gurama üçin idýalogýa taýdan kämil kadrlary taýýarlamak işine jogapkärdi. Umuman, ýolbaşçy merkeziň agzalarynyň hemmesi öz ugurlary boýunça iş alyp barýardylar.
-
1merdan
12 years ago
- Rewelýusýa garşy baýlardan, mollalardan, kulakçylyk çekenlerden, patyşa hökümetine gullyk eden teke polkunyň ofisserlerinden, esgerlerinden, Zakaspi hökümetiniň milli akgwardýaçylar bölümlerinden toplanan adamlaryň hasabyna "Türkmen azatlygy" guramanyň hataryna goşulýanlaryň sany artýardy.Olaryň hemmesi birleşdirlenden soň "bäşler" diýen at bilen söweşjeň toparlara bölünýärdi. Şol toparlaryň her haýsyna sowet häkimetini ýykmak üçin takyk görkezmeler berilýärdi. "Bäşler" diýen söweşjeň toparyň adamlary öz ýolbaşçylaryndan başga adamy bilmeýärdiler. Merkezi ýolbaşçynyň atlary gizlin saklanýardy. Alnyp barylýan iş şowsuzlyga uçran mahalynda hemmeleriň äşgär bolmagyndan heder edilýärdi.
Guramanyň programmasy hem-de ustawy bardy, "Türkmen azatlygyna" Täze girýänlere çaphana usulunda taýýarlanan bilet bilen demirden ýasalan nyşan berilýärdi. Sowetlere garşy gizlin gurama girenleriň sany gün saýyn däl-de sagat saýyn artýardy. Şol sebäpli hem resbulikanyň şäherlerinde we etraplarynda guramanyň filýallaryny döretmek gerekdi. Onsoň guramanyň wekilleri milli harby bölümlerde, daýhanlaryň hem-de çarwalaryň aralarynda, okuw-jaýlarynda, ylmy-barlag edaralarynda filýallaryny döretmek işine ünüs berilip başlady." türkmen azatlygy" guramanyň at-abraýy göterilip, onuň hataryna oba adamlary hem-de intelligensýa girip başlapdy. Merkezi ýolbaşçylary alnyp barylýan işleri gizlinlikde saklamak üçin ýerlerdäki filýallary ýolbaşçylar bilen şertli bellikler arkaly habarlaşýardylar.
-
1merdan
12 years ago
- "Türkmen azatlygy" alyp barýan gizlin işleriniň aýry-aýry taraplaryny aç-açanlyga öwürmek maksady bilen türkmen ylmy-edebi jemgyýetini açdy. Ol jemgyýet türkmeniň gadymy medeniýetini öwrenmekde perde edinip, milli ideýany hem-de türkmenleriň rewelýusýadan öň geçen şahyrlarynyň we filosoflarynyň dini häsiýetli eserlerini ýaýradyp başlady.
Gurama Azerbaýjanyň, Krym tatarlarynyň rewelýusýa garşy güýçleri bilen arabaglanşyk saklap, syýasy garaýyşlary sebäpli Eýran, Fransýa, Germanýa gaçyp giden adamlar bilen gatnaşyk açdy. Olardan sowetlere garşy hereketi güýçlendirmek, Orta aziýadaky sowet resbulikalaryny agdarmak baradaky görkezmelerini hem-de gündogar Hlaklarynyň dilinde neşir eilýän milletçilik äheňli gazet žurnallaryny alýardylar. Ýolbaşçylar merkeziniň agzasy Şewi Bektöre Azerbeýjan, Krym hemde türk milletçileriniň hemaýat bermegi netijesinde Stambulda ýerleşen musulmanlar merkezindäki Zaky Walidow bilen ysnyşykly arabaglanşyk saklap Türkmenistan SSR-niň syýasy-hojalyk işleriniň ýagdaýy barada oňa habar berýärdi.
"Türkmen azatlygy" guramasy gizlin gurama diýip hasaba alnandan soň türkmenkrendelsoýuzynda başlygyň orunbasary wezipesinde işläp ýören K. Berdiýew merkeziň ýolbaşçylarynyň görkezmesi boýunça iňlisleriň Maşatdaky razwetgasy bilen aragatnaşyk açyp, sowetleriň garşysyna alnyp barylýan işde derwaýys gerek bolan tehnika hem-de harajat barada kömek bermegini sorap hat ýollapdyr.
-
1merdan
12 years ago
- Beýik Britanýanyň razwetga gullugynyň halypasy jogaby uzak garaşdyrmaýar. Sowetleriň garşysyna gizlin iş alyp barýanlar bilen baglanşyk saklamak üçin iňlis razwetkasynyň wekili serhede ýakyn bolan "Manyş" obasynda ýaşaýan "Türkmen azatlygy" guramasynyň agzasy Seýitjemal Gapurowa 700 manat pul gowşurýar.Ol pullar tire-taýpa serdarlaryny öz tarapyna çekmek., ýarag satyn almak, wezipeli adamlara para bermek, hem-de garagumyň jümmüşinde guýular gazdyryp bazalar döretmek üçin niýetlenendir. Sebäbi ol bazalar gozgalaň turuzýanlar üçin diýseň zerurdy.Ýöne ol bazalaryň nirdedigini gozgalaňa ýolbaşçylyk edýänlerden başgalar bilmeli däldi.Şol döwürden başlap iňlisleriň maşatdaky razwetgasy bilen arabaglanşyk pugtalanýar.Ol baglanşyk maşatdaky ýük alyp gitýän kerwenleriň üsti bilenem,başga ýollar bilenem amala aşyrylýar.Türkmen milletçilik guramasy Maşady, hem-de Pariži Sowet Saýuzynyň syýasy-hojalyk durmuşy, sowet häkimetiniň resbulikalarda geçirýän çäreleri, ýerli halkyň ýagdaýy, we olaryň bolşawikleriň alyp barýan syýasatyna garaýşy baradaky maglumatlar bilen üpjün etmäge uly ünüs berýärdi.Daşary ýurtlar hem öz gezeklerinde berýän pul kömeklerinden daşgary rewelýusýa garşy edebiýatlary Türkmenistanda opurlyşyk işlerini nähili geçireniňde onyň ähmiýetiniň uly boljaklygy barda razwetga gullugynyň taýýarlan goldanmalaryny we görkezmelerini iberýärdiler.......
-
akylym1989
12 years ago
- dowamy barmy 1merdan
-
1merdan
12 years ago
- ........
-
1merdan
12 years ago
dowamy barmy 1merdan
akylym1989 | 2012-07-09 04:49:55
howwa ýöne ara wagt salyp agzalaryň ýokarkylar baradaky pikirine garaşjak, eger mowzuk gaty halanybam barmasa bu barada ertir.com-da ikir alyşarys, talyplaryň wagtyny almasyzdan!!!!!!!
-
1merdan
12 years ago
- 1. Şu ýagdaýa, ýagny guramaň döremegine näme sebäp boldy?
2. soňy näme üçin netijesiz boldy?
3.Aslynda bolanlygy çynmyka?
4. we umuman şu zatlar hakda pikriňiz?
-
idealman92
12 years ago
- 1.ozbashdaklygy kuyseyan adamlar sebap boldy ya-da pul uchin yurduny satjak donukler
2.shu yerini takyk jogaplap biljek dal.birnache wariantlar bar.(pul gutardy,adamlaryn howesi gachdy,agzalalyk,gorky...sanasan sanabermeli)
3.80% hawa
4.dogrymy aytsam,begenyan sheyle guramanyn bolandygyna(eger chyn bolsa).shol wagt yashan bolsam men hem goshulardym!pikir edip gorun,yurdumyz shol wagt garashsyz bolan bolsady,biz bu wagta in bir osen dowletlerin hatarynda bolardyk.
-
Yegen
12 years ago
- Onema bir eshdipdim çalarak shular yaly habary. Bolup biler, netijesiz bolanlygy ol dowur pul-harajat yagdayy, bolshewiklerinem agdyklyk etmegi sebap bolandyrla. Yone mert, batyr yolbashçy kellesini etegne salyp aygytly hereket eden bolsa onda bolardy. Inlislerdenem ol wagt peyda bolup bilmez, sebabi inlis komek etse orslaryn bary ayaga galjagy belli. Inlisinem etjegi içindele o wagt, komek edyan kishi bolup yurduna goz dikyardi olaram. Yeri garashsyzlyk aldyk, orslary kowduk diyende hem inlis gelerdi ustune. Ysgyndan gaçan halky gabap tayyn ashyn eyesi bolardylar.
-
URGENCLI
12 years ago
- $eyle gurama bolmandyr. Yöne turkmenin abraýly, bilimli adamlaryny yok etmek ucin toslanyp tapylan syýasy oyun bu.
-
URGENCLI
12 years ago
- $eyle gurama bolmandyr. Yöne turkmenin abraýly, bilimli adamlaryny yok etmek ucin toslanyp tapylan syýasy oyun bu.
-
Burkaz
12 years ago
- Şu wagt name bu gurama mena şol gurama ynanamok gybatçy aýallar ýaly bolar bolmaz gürrünleri etýärler.
-
1merdan
12 years ago
Şu wagt name bu gurama mena şol gurama ynanamok gybatçy aýallar ýaly bolar bolmaz gürrünleri etýärler.
Burkaz | 2012-07-09 10:36:52
düşünmedimleý bolmanam şumat bolasy ýoga jan agam, ünüsliräk okamgyňyzy haýyşt etýän
.....1932-nji ýylyň fewral, mart aýlarynda Türkmenistan SSR-niň DSU-nyň çekistleri uly güýç bilen " Türkmen azatlygy" Milli guramanyň ýolbaşçylarynyň hem-de işjeň agzalarynyň "rewolýusýa garşy" eden hereketleriniň öňüni aldy.
dilipdi ýokarda siz bolsa "şumat nirede" diýýäňiz
-
idealman92
12 years ago
- burkaz dost,oz aybyny achmasana
-
1merdan
12 years ago
- şeýleräk gurama, şeýleräk adamlar bolypdyr (ýa-da bomagy çak edilipdir) taryhda.... başgarak adamlaram bolypdyr, bar, we ýenede bolar...
-
Friendship
12 years ago
- 1. Guramang bolandygyna ynanyan. Beyle guramang Doremegining sebabem, hakimiyete eye bolmak islegimika diyyan. /mumkin, yalngyshyandyryn! Mumkin, hakykatdanam, yurt garashsyzlygyny islan adamlar bolandyr!/
2. Sheyle wakalang netijesiz gutarmagyna, koplench, agzalalyk sebap bolyar.
Dowamynam, kyn gorman, yazsana, agam?! Uytgeshik, delje maglumatlar. Yogsa, lenji chykan, her hili owushgin berlip yazylyan birmengzesh maglumatlar yadatdy...
-
1merdan
12 years ago
dowamynam, kyn gorman, yazsana, agam?! uytgeshik, delje maglumatlar. yogsa, lenji chykan, her hili owushgin berlip yazylyan birmengzesh maglumatlar yadatdy...
friendship | 2012-08-23 06:00:36
bor sapajan
-
1merdan
12 years ago
- Gepiň tümmek ýeri gurama daşary ýurtly agalarynyň ähli diýenini ýerine ýetirýärdi.1931-nji ýylyň tomusynda “Türkmen azatlygy” tarapyndan turuzulan gozgalaň Türkmenistanyň bütin teretorýasyny gaplap aldy. Oňa müňlerçe daýhanlar, müňlerçe çarwadarlar gatnaşypdy.Emma näme üçindir BEÝIK BRITANÝA SSSR-iň ÜSTÜNE ÇOZARYN diýen wadasynda durmandy.Ýöne “Türkmen azatlygy” guramanyň taýýarlan ýolbaşçy kadyrlary gozgalaňda uly işler bitiripdiler.
Şunlykda daşary ýurtly agalaryndan goldaw tapan türkmenler rewolýusiýanyňgarşysyna baş göterenligi üçin hakyny almaly bolypdy.
........................................
-
1merdan
12 years ago
- Şu ýerde bir zady aýtmak gerek.Geň bolyp görünse-de, şu wagta çenli “sowetlere garşy gizlin gurama” diýlip agyz doldyrlyp aýdylýan gurama bilen gozgalaň turuzanlaryň arasynda hiç hili baglanşygyň bolmanlygyny aýtmak gerek.”Türkmen azatlygy” guramasynyň filýallaryndan, ne söweşjeň toparlaryndan ne-de onuň merkeziniň ýolbaşçy agzalaryndan ýekeje adamam basmaçylaň gozgalaňyna ganaşmandy. Sebäbi onuň ýaly gurama düýbünden bolmasa nätjek. Iňlis razwetka gullygy hem-de emissary bilen gizlin duşuşygam, ol işlere ýolbaşçylyk etmegem, serhet bozup geçmegem hakykatda bolan zatlar däldi-de, Türkmenistan SSR-niň Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniň kalby bozuk hilegärleriniň oýlap tapan toslamalarydy.
-
1merdan
12 years ago
- “Türkmen azatlygy” diýen guramany ýik etmek üçin alnyp barylan iş diýmegiň özü ýalan, toslama. Ol toslamalar bir tarpdan bir näçe bigünä adamyň tussag edilip, ençeme naçarlaryň dul galmagyna, birnäçe ýetim galan çaga-çugalarypň, ogulsyz galan ata-eneleriň ahy nalalaryna sebäp bolan bolsa, başga bir tarapdan Döwlet Syýasy operatiw işgärlerine, sülçilerne döwlet tarapyndan gaýgyrylman jomartlyk bilen sylaglar paýlamagyna sebäp bolypdy..................
-
1merdan
12 years ago
- *ýok
-
Makintos
12 years ago
- päheý
1merdan 12 years ago- .....1932-nji ýylyň fewral, mart aýlarynda Türkmenistan SSR-niň DSU-nyň çekistleri uly güýç bilen " Türkmen azatlygy" Milli guramanyň ýolbaşçylarynyň hem-de işjeň agzalarynyň "rewolýusýa garşy" eden hereketleriniň öňüni aldy. Ol işleriň geriminiň hemde hakyky ähmiýetiniň nämedigi barada henize çenli aýdylanok.....
....1926-njy ýylda milli musulman hereketiniň baştutanlary Mustafa Çokaýew hem-de Zaky Walidowa arkalanyp Seýitmyrat Öwezbaýew, doganlar Kakajan bilen Bekki Berdiýewler, Muhammet Geldiýew, Kümüşaly Börüýew, Bäşim Pereňliýew we başga birnäçeleri "Türkmen azatlygy" diýen rewelýusýa garşy gizlin guramany döretmäge girişdiler.Sowetlere garşy täze döredilen bu gurama Türkmenistanyň çäklerinde aktiw hereket etýän "Milli ittihod" atly rewelýusýa garşy guramanyň şol wagta çenli filýaly bolan "Dokuzlar" atly söwda kompaniýasynyň esasynda döredilipdi. Onuň esasy maksady bütün Orta aziýada ýaragly güýç bilen Sowet häkimýetini agdaryp, burjuaz döwletini dikeltmekdi. Daşkentdäki söwda jemgyýetiniň nusgasynda döredilen bu guramany pul serişdeleri bilen üpjün etmägi hem-de onuň öňünde perde bolmagy Berdiýewleriň üçünji dogany Bapby boýnuna alypdy.