Ýaponiýadaky ýer yranmasyndan soň halas ediş topary ýaş gelniň ýaşan jaýynyň üstünden bararlar. Harabalaň arasyndan bu gelniň jesedine gabat gelerler.Ýöne bu gelniň ýykylan jaýyň arasynda duran ýagdaýy üýtgeşikdi. Ýagny, elleri bilen birzady tutup, iş edip otyrka dyzlaryna çöken ýaly ýagdaýdady.Jaý hem şol wagt üstüne ýykylan ýalydy. Halas ediş toparynyň ýolbaşçysy diridir diýen umyt bilen bu gelni halas etmäge çalyşar. Gynansagam bu gelniň ýurduny täzelänine köp wagt bolupdy. Onsoň ol başga bir sebäp bilen beýleki ýykylan jaýlara tarap hereket etjek bolanda bir jaýrykdan ol gelniň elindäki zada gözi düşer we ýoldaşlaryna seslener: - Geliň, geliň, bu ýerde bäbek bar! Halas ediş toparynyň uzak wagt zähmetlerinden soň ölen gelniň aşagyndan, owadan gülli düşekjede 3 aýlyjak bir bäbegi halas ederler. Gelin ýeriň yranan wagty öz bedenini bäbejigine zyýan gelmez ýaly edip taýýarlapdyr. Bäbejik bolsa henizem ýatan eken. Medisina işgärleri gelip bäbegiň saglygyna seretmek üçin düşekçesini açanlarynda içinde bir el telefonyna gözleri düşer. Telefonyň ekranynda bolsa hat duran eken. Hatda bolsa şeýle ýazgy bardy: - Eger seni halas etseler, meniň seni söýýändigimi ýatlagyn guzym!
Pidakär ene
-
Makestm
12 years ago
- Gowy teme mirasymyz sagbolyn
-
Bahbit
12 years ago
- enelen soygisini mahrini terbiyesini odap bolmaz
-
ttmli
12 years ago
- minnetdar yetirenine! Onew okapdym
-
menbet
12 years ago
- mirasymyz sag bol yetirenine! Gaty tasirli eken.
-
virmenaard
12 years ago
- mmm bah. gowy eken
-
hakykygyz
12 years ago
- Sag bol mirasymyz agza okanda inin tikenleýar ýene-de gowy mowzuklanyzy ýetirip durun.
-
Yegen
12 years ago
- Onem eshdipdim, gynançly bolan waka Mirasymyz. Son shol telefondaky sms yazgyny kopler el telefonyna yadygarlik geçiripdirler. Ene soygusi yaly soygi dunyede yokdur..
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagboluň sizem, gowja hekaya eken diyip yazaydym. Täsir eden bolsa bolya.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagbol miras aga govuja tema eken.haladym .
-
mirasymyz
12 years ago
sagbol miras aga govuja tema eken.haladym .
Kamilligetarap | 2012-07-01 01:34:54
Payhasa duşupsyň öydýän Kämil dost:) (degişýänlaý)
-
akylym1989
12 years ago
- duygulandyryjy sag bolun mirasymyz gaty gowy ekeni.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ustunden bararlar.
Gabat gelerler.
Etmage calyshar.
Yoldashlaryna seslener.
Halas ederler.
Gozleri dusher.
.
Bular 'namalim geljek zaman'y anladyan sozler.
Eyyam bolup gecen zatlary aytmak un bizin turkmen dilimizin kanunynda
.
ustunden bardylar.
Gabat geldiler.
Etmage calyshdy.
Yolashlaryna seslendi.
Halas etdiler.
Gozleri dushdi.
Yaly sozler 'ulanylyar'. ('ulanylar' dal)
bagyshla !
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol maslahatyňa Kämilligetarap.
Nesip bolsa dilçilere dagy duşsam ýokarky bolmaýar diýýänleňňi soraşdyryp görerind-ä. Seňkä şübhe maksady bilen dälde seniň aýdanlaryňy berklemek maksady bilen.
bagyshla !
Kamilligetarap | 2012-07-01 01:50:06
Kämil dost, ilkä bilmeýänimi öwredýäň, soňam bagyşla diýýäň, natdiňaý sen-ä:)
Grizli 12 years ago- mirasymyz agam salam
gaty gynandyryjy yagday eken okap otyrkam yuregim bir hilì bolup gitdi